Söýgi
“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”
“Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbaldyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.
Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatlsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar…Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir!”
Söýginiň çeşmesi bolan Hudaýy tanamak we Onuň bilen şahsy aragatnaşykda bolup, Onuň söýgüsinden doly durmuşda ýaşamak isleseň – Hudaýyň Isa Mesihdäki gutulyş sowgadyny kabul et! Şonda sen Söýgi Bolan Hudaýyň balasy bolmak hukugyny eýe bolarsyň! Biziň günälerimiz Hudaý bilen aragatnaşygy bozdy, bu sebäpden bizde ol ýitirilen gatnaşyk ýok. Biz näçe synanyşsakda, din arkaly bolsun, ýa-da gowy işler arkaly bolsun bu ýykylan gatnaşygy dikeldip bilmeýäris. Çünki günäniň tölegi gaty uly, bu sebäpden biziň muny hiç haçan öz güýjumiz bilen başarmajagymyzy bilen Hudaý –çykalga açdy we biz günäkärleri şertsiz söýgi bilen söýdi we ol jezany Isa Mesihde töledi, Özi bilen ýaraşmagy Isa Mesihde bize üpjün etdi! Biz bolsa muňa iman etmelidiris, günälidigimizi Hudaýyň öňünde boýun alyp toba edip Hudaýyň Isa Mesihdäki beren merhemetini we söýgüsini kabul etmelidiris!
Injil şeýle diýýär: “Sebäbi günäniň muzdy (jezasy) ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr…Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr…Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.
Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: “Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar? Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme” (ýagny Isa Mesihiň Halasgärdigini –gökden inip, haçda seniň günäň tölegi üçin ölüp, ýene-de direlendiginie şübhe etme)Gör, näme diýýär? “Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir,” ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzy bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy :”Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär.”
Türkmenler musulman halk.Bir Allaha(c.c)ynanyp,ybadat edyar.Pygamberler serweri Muhammet(s.a.v)bize dogry yoly gorkezdi.Rebbimiz bolan Allah birdir,ne oguly-gyzy bardyr, ne-de ene-atasy.Allahyn pygamberi we guly bolan İsa aleyhissalamy reb hökmünde görmek Allaha şirk goşmakdyr, yolyny yalnyşmakdyr.Ey! Musulman doganlar her hili yalnyş yollardan goran.Adamzat dorali bari her dürli dinler yüze çykdy.Şolaryn içinde in dogrysy İslam dinidir.Yahudylyk we Hristiyanlyk yyllaryn geçmegi bilen üytgedilen dinlerdir.Eger şeyle bolmasa olaryn yeke tak Rebbi, yeke tak kitaby bolardy.Allah(c.c) sizi dogry yolunda yöretsin.Amin
Gadyrdan ildeş! Bu taýda ýazan pikirleriň üçin minnetdarlyk bildirýäris!
Tükrmenler musulman halk diýen düşünje bu bir umumy düşünje, eger taryhyň jümmşine gideniňde biziň ata-babalarymyzyň Islama nähili gelendigini, ondan öň haýsy dinlere uýandygyny bilip bolar. Türkmenleriň asyrlar boýy Islama uýup gelmeginiň bir sebäbi hem olara asyrlaryň dowamynda açykdan açyk Injiliň wagyz edilmegine mümkinçilik döredilmändiginden, Isa Mesih barada hakyky taryhy bilmänligindendir. “Çünki iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň Sözi arkaly” bolýandyr. Siziň Isa Mesih barada we Injil barada düşünjäňiz hem Islamyň öwredenlerine esaslanypdyr, bu bolsa nädogry bolýar, çünki Hudaýyň Sözi bolan Injil Isa Mesih barada hakyky maglumaty berýär.
Biz bu taýda Allahyň köpdügi barada gürrüň edemizok, Isa MEsihe uýýanlaryň Biribara ynanýandygyny diňe bir dini alymlar däl-de, dünýewi maglumatlar hem tassyklaýar.
Biz hem birhudaýlyga ynanýas.
Bu ýada ol dine ynanmak, akyl we ýürek arkaly bolmalydyr. Meniň enem-atamyň ol ýada başga dine degişlidigi meniň ol ýada bu dine degişlidigimi aňlatmaýar. HEr bir ynsan hakykata düşünip, kalbyndan iman getirmelidir.
Yahudylyk we Hristianlyk dinleri barada welin birzat diýip biljek däl, ýöne Hudaýyň Sözi bolan Töwrat, Zebur, pygamberleriň ýazgylary we Injiliň bolsa dünýäniň soňuna çenli durjakdygyna Hudaýyň Özi güwä geçýär. Ol kitaplar Hudaýyň Sözi, Hudaý hem Öz Sözüni goramagy başarýandyr! Bu sebäpden islama eýerýänleriň öwran-öwran “olar üýtgedilipdir” diýýän zatlary faktlara esaslanmadyk bir düýpsüz gürrüňlerdir! Eger sizde bular barada delil bolsa, bu delilleri bu taýa ýazmagyňyzy sizden haýş edýän. Eger taryhy we ýüridiki delil bolmasa onda Injili okap ondaky ýazylanlara iman getirmäge çagyrýan! Biz sizi dine çagyramzok, Hudaýyň Hoş Habary bolan Injil barada hakykaty bilmäge çagyrýas!