Direliš

Bu ýazgymyzda kimdigimizi unudalyň, mesihi ýa-da musulman tapawudy ýok. Diňe taryhy bir soraga ymtylalyň, we bu soragy taryh nukdaýnazarynda derňäliň: Nasyraly Isa hakykatdan hem ölümden direldimi? Bu soragy jogaplaýarkak Täze Äht ýazgylaryny Mukaddes Ruhuň ylhamlandyrmagy bilen ýazylan Mukaddes ýazgy hökmünde görmän, diňe bir gadymy taryhy beýanatlar hökmünde göreris.

Täze Äht ýazgylaryny şeýle ele alýan tankytçylaryň hem hünärmentleriň hem taryhy kabul edýän käbir meselelerini ele alyp ony derňäliň. Hünärmentler diýilende ylahyýet bilimi berýän dindarlar gözöňünde tutulanok, eýsem dünýewi uniwersitetlerde ylym berýän dünýewi hünärmentleriň hem ylalaşýan meselelerini gözöňünde tutýan. Olar bu meseleleri taryhy fakt diýip kabul edýär. O faktlary şeýle sanap bileris:

1-nji fakt: Ölüminden soňra Isa, Arimatiýaly Ýusup tarapyndan bir mazara gömüldi.

Bu fakt diýseň ähmiýetlidir, sebäbi, Jon Dominik ýaly radikal tankytçylaryň tersine, Isanyň gömülen ýeriniň hem Musaýylara hem-de Hristiýanlara äşgärdigini görkezýär. Bu diýmek, eger Isanyň mazary boş tapylmadyk bolsa Isanyň şägirtleri Isanyň direlendigini asla jar edip bilmezdiler. Täze äht gözlegçileri bu fakty şu 3 delile daýandyrýar:

Isanyň gömülmesi, 1 Kor 15:3-5 ýaly diýseň irki ýazgylarda hasaba alnandy.

1 Kor 15:3-5 aýatlarda Pawlos şeýle diýýär: “3Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi. 4 Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi.5 Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi.

Pawlos bu ýerde diňe bir  “almak” we “tabşyrmak” ýaly Ýehudy ruhanylaryň adalgalaryny ulanmaýardy Korintoslylara geçiren maglumatynda, 3-5-nji aýatlar Pawlosyň tärinde gabat gelmeýän dört setirlik formuladan ybarat. Bu formula, alymlara, Pawlosyň öz aýdyşy ýaly, özüniň mesihi bolmagyndan soňra kabul eden dilden maglumatdan sitata edýändigini ornaşdyrdy. Bu maglumat megerem Isanyň B.E. 36-njy ýylyndaky Ierusalimde bolan fakt-tapyjy zyýaratyna çenli gidýän bolsa gerek. Ol bu zyýaratynda Petrus we Ýakyp bilen 2 hepde wagt geçiripdi (Galatýalylara hat 1:18). Bu taryhy ýazgy, bu maglumaty Isanyň ölüminiň ilkinji 5 ýylynda hem bardygyny görkezýär.

2. Gömülme beýanaty Markosyň, hoş habaryny esaslandyran çeşmesiniň bir bölegidini görkezýär

Injiller, Isanyň durmuşyndan gysga bölekleri öz içine alýar, o parçalar arasynda gowşak bag bar we hroniki yzygyiderlilikde däldir. Emma elimizde bir bütin, arakesmesiz dowamly dowam edýän gürrüň berijilikde bolan beýanat bar, Hyjuw beýanaty.Bu beýanat bize, Markos öz injilini ýazýan wagty bu beýanatdan çeşme hökmünde  peýdalanandygyny pikirlendirýär. Köp alymlar Markos injiliniň iň irki injildigini pikir edýär we Markosyň Isanyň hyjuwy üçin ulanan çeşmesi ondan hem ir. Bu gürrüň bermeleriň deňeşdirmesi bize bu hasabatlaryň gömülmeden soňrasyna çenli biri-birinden aýrylmaýandygyny görkezýär. Bu hembize, gömülme hasabatynyň Hyjuw hekaýasynyň bir parçasydygyny görkezýär. Bu irlik hem onuň toslama hekaýadygyna garşy gidýär.

3. Isa barada höküm beren Ýehudy sudunyň agzasydygy sebäpli, Arimatiýaly Ýusubyň Mesihi toslamasy bolmagy diýseň pes ähtimal

Isa baradaky ýazgarmasy üçin, Ýehudy baştutanlaryna ýöňkelen güýçli bir närazylyk bardy (1 Sel 2:15). Şeýlelikde, Mesihiler, Isany ýazgaran suduň bir agzasynyň, Isanyň adaty jenaýatçy ýaly çemeleşme görmegi ýerine oňa düzgün gömülme hyzmaty bermegi ýaly bir zady toslamazdylar.

4. Başga bir gömülme hekaýasy ýok.

Isanyň, Arimatiýaly Ýusup tarapyndan gömülmegi eger toslama bolsa, onda, Isanyň jesedi barada, hakykatda näme bolup geçendigi barada hasabatlar bolardy ýa-da oňa meňzeş hekaýalar bolardy. Emma ähli çeşmeler Isanyň Arimatiýaly Ýusup tarapyndan belent sarpa bilen gömülendigi barada pikirdeş.

Şu we şuňa meňzeş sebäpler zerarly, Täze äht tankytçylarynyň aglabasy Isanyň Arimatiýaly Ýusup tarapyndan gömülendigi barada pikir jemleýär. Kembrij uniwersitetinden A. T. Robinson-a görä, Isanyň mazara gömülmegi, Isa baradaky iň irki we iň berk hasaba alynan faktdyr. [1]

2-nji fakt: Isanyň haçda ölmeginden soňraky Dynç gününde, Isanyň mazary bir grup zenan eýerijisi tarapyndan boş tapyldy.

Alymlaryň aglabasyny bu jemlemä elten sebäpleriň käbirleri şulardyr:

  1. Boş mazar hekaýasy Markos tarapyndan hem ulanylan irki hyjuw çeşmesiniň hem parçasydyr. 

Bu çeşme ölüm we asgynlyk bilen tamamlanmady, bu çeşme boş mazar hekaýasyny hem öz içine alýar.

  1. 1 Kor 15:3-5-de Pawlos tarapyndan sitata edilen maglumat, boş mazaryň hakykatdygyny kast edýär.
  2. Beýanatlar ýönekeý we toslama-rowaýat ýaly elementlere eýe däl. Muňa göz ýetirmek üçin, Markos injilini 2-nji asyrdaky apokrifiki injillere deňeşdirmek ýeterlidir. Ikinji asyr apokrif injillerinde Isanyň mazardan özi çykandygy, kellesiniň bulutlara ýetendigi we gürleýän haçyň oňa eýerýändigi habar berilýär.
  3. Birinji asyr Palestinasynda zenanlaryň şaýatlygynyň ýörgünsiz saýylmagy, zenanlaryň boş mazary ýüze çykarmakdaky roluny güýçlendirýär. Birinji asyr Ýewreý taryhçysy Josefusa görä, zenanlaryň şaýatlygy şeýle bir hümmetsiz görülýärdi welin olaryň şaýatlygyny Ýewreý sudlaryna hödürlemek mümkin däldi. Islendik bir has soňraky toslama hekaýalar boş mazary ýüze çykaran hökmünde erkek şägirtleri görkezerdi.
  4. Isanyň jesediniň, Isanyň şägirtleri tarapyndan ogurlanandygy baradaky irki aýyplamalar (Matta 28:15), mazaryň hakykatdanam boş  tapylandygyny görkezýär. Şägirtleriň, Isanyň direlendigi baradaky jaryna Ýehudylaryň jogaby boş mazary görkezmek bilen olaryň üstünden gülmek bolman, Isanyň mazaryny o şägirtleriň ogurlandygyny aýtmak boldy. Bu-da diýmek, mazaryň b tapylandygy barada Mesihiligiň iň irki garşydaşlary tarapyndan delilimiz bar.

Dowam etmek mümkin emma ýeterlik sebäp görkezilendir diýip pikir edýärin. Isanyň direlişi baradaky Awstriýaly hünärment Jeýkob Kremeriň bu baradaky sözleri şeýledir: “Beýanatlaryň aglabasy, boş mazar baradaky injili hasabatlaryň ygtybarlylygyny mäkämleşdirýär.” [2]

3-nji fakt: Birden köp ýerde we dürli şertlerde, parhly adamlar we gruplar Isanyň ölümden direlişini tejribe etdi.

Bu faktyň faktdygy, Täze Äht alymlarynyň arasynda uniwersal ýagdaýda şu sebäpler üçin ykrar edilýär:

  1. Pawlosyň 1 Kor 15:5-7 aýatlaryndaky, Isanyň direlişi baradaky göz şaýatlary sanawy, beýle duşuşyklaryň bolup geçendigine kepil geçýär. Bu duşuşyklaryň arasynda, Petrus bilen duşuşyk, 500 doga bilen duşuşyk we Ýakyp bilen duşuşyk hem bar.
  2. Bu duşuşyklar barada Injiller, biri-birinden garaşsyz birnäçe aýry beýanat berýär. Bu ýagdaý taryhylygyň iň ähmiýetli belliklerinden biridir. Petrus bilen ölümden soňraky duşuşyk Luka tarapyndan hasaba alnandyr we Onikiler bilen bolan duşuşyk Luka we Ýahýa tarapyndan hasaba alnandyr. Jeliledäki duşuşyk barada hem Markos, Matta we Ýahýa injillerinde beýanat bardyr, şeýle-de zenanlar bilen görüşme barada Matta we Ýahýa injillerinde hasabat bar.
  3. Käbir duşuşyklarda taryhylygyň tagmasy bar. Mysal üçin, Ýakubyň ýa-da Isanyň has ýaş doganlarynyň hiç biriniň Isanyň ömri dowamynda oňa ynanmandygy barada, Injillerde jaýdar deliller bar. Isanyň maşgalasynyň oňa ynanmandygy barada waka toslajakdygyny pikir etmek üçin hiç bir sebäp ýok. Ýakup we onuň doganlarynyň, Isanyň ölüminden soňra işjeň Mesihi ynançlysy bolandygy inkär edilip bilinmejek bir faktdyr. Ýakup, resul hasaplanýardy we dowamynda Ierusalim kilisesiniň baştutanlygyna çenli beýgeldi. Josefusa görä, Ýakyp B.E. 60-njy ýyllarynda, Mesihe bolan imany sebäpli şehit edilendir. Biziň köpimiziň doganymyz bar, eýsem näme bizi doganymyzyň Rebdigine ynandyryp we onuň üçin ölmäge taýyn ýagdaýa getirip biler. Isanyň doganyndaky beýle agzalmaga laýyk üýtgeşmäniň, Pawlosyň aýdyşy ýaly, “Isanyň Ýakyp bilen duşuşandygy” sebäplidgine şüphe bolup bilermi?

Direlişiň iň tanymal tankytçylaryndan Gert Ldeman hem şuny kabul edýär: “Petrusyň we beýleki şägirtleriň, Isanyň ölüminden soňra, Isanyň olara ölümden direlen Mesih hökmünde görnendigi we olaryň beýle tejribäni başdan geçiendigini taryhy taýdan takyk diýip hasap edip bileris.” [3]

4-nji fakt: Asyl şägirtler, tersini pikir etmek üçin her bir sebäbe eýe bolmagyna garamazdan, Isanyň direlendigine ynandylar.

Isanyň haça çüýlenmeginden soňra Isanyň şägirtleriniň ýagdaýy barada pikir ediň:

  1. Baştutanlary ölüpdi. Ýehudylaryň, ölen bir Mesih barada ynanjy ýokdy, direlmek barada aýdybam oturma:ly. Mesihiň, Ysraýyl duşmanlaryny (=Roma imperiýasy) ýok etjekdigi we Dawudy bir şalygy esaslandyrjakdygyna garaşylýardy – masgaraçylykly ölüme sezewar bolmagyna däl.
  2. Ýehudy kadalaryna görä, Isanyň jenaýatçy hökmünde öldürilmegi onuň heretikdigini görkezýärdi, Hudaýyň näletiniň (Kanun tag 21:23) astyndadygyny görkezýärdi. Şägirtleriň başyna gelen peläket, diňe bir olaryň Hojaýynlarynyň gidendigini aňlatmaýardy, eýsem haça çüýlenme Fariseýleriň iň başdan mamla bolandygyny görkezýär. Olaryň 3 ýyl boýunça, Hudaýyň näletindäki heretik adama eýerendigini görkezýärdi.
  3. Ölümden soňrasy baradaky Ýehudy ynançlar, ahyrzamandaky umumy direlişden ozal, kimdir biriniň ölümden soňra direlmegini we şöhrata ýetmegini dolulygyna aradan çykarýardy. Şägirtleriň edip biljek ähli zady, Ussadynyň mazaryny gubur hökmünde saklamakdy.

Bularyň ählisine garamazdan, asyl şägirtler, Isanyň direlendigine ynandylar we munuň üçin ölmäge taýyndylar. Täze äht alymy, Emori Uniwersitetinden Luke Johnson şeýle pikirlere çümüp gidýär: “Irki Mesihilik ýaly bir hereketi emele getirmek üçin, nähilidir bir güýçli we özgerdiji tejribe gerekdir…” [4] Meşhur Britan Täze äht alymy N. T. Wright şeýle jemleýär: “Bir taryhçy hökmünde, Isa direlmedik bolsa, irki hristýanlygyň ösmegini düşündirip bilmezligimiň sebäbi budur.” [5]

Jemlemek üçin, alymlaryň aglabasynyň üstünde pikirdeş bolan 4 fakty ýokardakylardyr.

Indiki sowal şuldur: Bu 4 faktyň iň gowy düşündirişi näme? Bu sorag barada alymlaryň köpüsi agnostik galýan bolsa gerek. Emma Mesihiler bu 4 faktyň iň gowy düşündirişiniň “Hudaýyň Isany ölümden direldigidir” diýen gipotezasydygyny öňe sürüp biler.

Justifying Historical Descriptions atly kitabynda taryhçy C. B. McCullagh, taryhçylaryň taryhy faktlar baradaky iň gowy düşündiriş üçin ulanýan alty testini belläp geçýär. [6] “Hudaý Isany direldendir” gipotezasy bu testleriň ählisinden geçýär: 

  1. Giň düşündiriş teritoriýasy bar: Bu gipoteza, mazaryň boş tapylmagynyň, şägirtleriň, ölüminden soňra Isa bilen duşuşandygynyň we Mesihilik ynanjynyň emele gelmeginiň sebäbini düşündirýär.
  2. Uly düşündirme güýji bar: Isanyň jesediniň näme üçin ýitendiginiň, has irki jemgyýete açyk ölüm jezasyna garamazdan, adamlaryň näme üçin Isany diri görendiginiň sebäbini düşündirýär.
  3. Bu gipoteza mümkindir: Isanyň taýsyz durmuşy we jar etmeleri gözöňünde tutulsa, direliş bu jar etmeleriň ylahy tassyknamasy hökmünde çykyş edýär.
  4. Bu gipoteza “ad hoc” ýagdaýdyr: Bu gipoteza üçin diňe bir gipoteza gerek: Hudaýyň barlygy. Eger diňleýji onsuzam Hudaýyň barlygyna ynanýan bolsa onda muňa hem mätäçlik ýok.
  5. Ýaýbaň ynançlar bilen oňşuklydyr: Hudaýyň Isany ölümden direldendigi gipotezasy, adamlaryň tebigy ýollar bilen ölümen direlmeýändigi baradaky ýörgünli ynanç bilen çaknyşmaýar.
  6. 1-nji we 5-nji nokatlar baradaky Bäsdeş gipotezalardan üstün: Bu faktlar barada taryh boýunça dürli düşündirişler hödürlenildi, dildüwşik teoriýasy diýildi mysal üçin, hallusinasiýa diýildi, äşgär ölüm diýildi we beýlekiler. Beýle alternatiw gipotezalar döwrebap alymlyk tarapyndan uniwersal ýagdaýda ret edildi. Bu naturalistik gipotezalaryň hiç biri direliş gipotezasy ýaly üstünlik görkezmeýär.

Bu ýagdaý, skeptigi (şüphelini) çykgynsyz ýagdaýda goýýar. Birnäçe ýyl ozal Kaliforniýa Uniwersitetinden Professor Irwin bilen direliş barada jedelde çykyş etdim. Ol, doktoral dissertasiýasyny direliş barada ýazdy we deliller bilen diýseň tanyşdy. Isanyň sarpaly gömülişi, boş mazar, ölümden soňraky duşuşyklar we şägirtleriň direlişe bolan ynanjynyň asly ýaly delilleri inkär etmändi. Onuň edip biljek ýeke-täk zady, bu faktlar barada alternatiw düşündiriş öňe sürmekdi. Ol, Nasyraly Isanyň bilinmeýän-tanalmaýan ekiziniň bardygyny, bäbeklikde olaryň aýry düşendigini we Isadan aýry önüp-ösendigi emma haçlanma mahaly Ierusalima gelendigini, Isanyň mazaryndan jesedi ogurlandygyny we özüni şägirtlere Isa hökmünde tanadandygyny we şägirtleriň ony Isa saýmakda ýalňyşandygyny öňe sürdi! Bu gipotezany nähili çüýredendigim barada aýdyp oturmakçy däl emma bu mysal, skeptikligiň, Isanyň direlişi baradaky delilleri çüýretmek üçin nähili bialaç ýerlere ýüz tutmalydygyny görkezmek üçin ýeterlikdir diýip pikir edýärin. Bu deliller şeýle bir güýçlidir welin meşhur Ýehudy ylahyýatçysy Pinchas Lapide özüniň, Ysraýylyň Hudaýynyň Isany ölümden direldendigi kararyna barandygyny jar etdi. [7]

Isanyň direlişiniň ähmiýeti, munuň kimdir biriniň direldilmegi dälde, Ýehudy baştutanlygy tarapyndan Hudaýa dil ýetiriji Hudaýlyk awtoriteti jar etmesi diýlip hökmedilen Nasyraly Isanyň ölümden direlmegindedir. Eger-de ony, dil ýetirendigi öňe sürlen Hudaý direlden bolsa onda bu o Hudaýyň onuň taglymatlaryny ykrar edendiginiň ykrarydyr. Bu dini göräliligiň we köplügiň eýýamynda, Isanyň direlişi, Mesihiler üçin, Hudaýyň özüni Isa arkaly aýan edendigi baradaky ynanç üçin berk gaýa emele getirýär! 

John A. T. Robinson, The Human Face of God (Philadelphia: Westminster, 1973), p. 131.

Jacob Kremer, Die Osterevangelien—Geschichten um Geschichte (Stuttgart: Katholisches Bibelwerk, 1977), pp. 49-50.

Gerd L¸demann, What Really Happened to Jesus?, trans. John Bowden (Louisville, Kent.: Westminster John Knox Press, 1995), p. 80.

Luke Timothy Johnson, The Real Jesus (San Francisco: Harper San Francisco, 1996), p. 136.

N. T. Wright, “The New Unimproved Jesus,” Christianity Today (September 13, 1993), p. 26.

C. Behan McCullagh, Justifying Historical Descriptions (Cambridge: Cambridge University Press, 1984), p. 19.

Pinchas Lapide, The Resurrection of Jesus, trans. Wilhelm C. Linss (London: SPCK, 1983).

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *