Geçenki ýazgymda Yslam dininiň taryh bilen gapma-garşy bolmagyndan soňra Yslam dininden çykandygymy gürrüň berdim. Taryh ylmy Isa Mesihiň haçda ölendigini jikme-jik görkezýärdi, Yslam dini muny ret edýärdi. Demirgazyk Koreýalylaryň, SSSR-lileriň taryh bilen aldanyşy ýaly, şowagt tutuş ömrümiň bir aldaw bilen geçendigini duýdum,.
Men gözlege dowam etdim. Gözleglerim 3 ýol bilendi: 1) Taryh 2) Teologiýa(dini ylahy taglymatlar) 3) Dinleriň wadalary we olaryň ýerine ýetmegi.
Musulmankak bize “Muhammet pygamber barada Injilde we Töwratda öňünden habar berilen, ony üýtgetdiler, üýtgedilen halynda hem Muhammet pygamber barada 10-larça pygamberlik bar” ýaly zatlar öwredilýärdi. Meselem Täsinlikler Dünýäsi atly kitapda, bir awtoryň şuwagtky Injil we Töwratdan Muhammet pygamber barada 114 (ýüz on dört) pygamberlik tapandygyny okapdym. Ol kitapda awtor şeýle mysal berýärdi: “Bugünki injillerde Isa Mesihiň öz şägirtlerine “Men gidýärin, indi zamananyň ependisi (hökümdary) geler, ol size ähli zady öwreder. Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin” diýendigi bellenip geçilýär, bu aýat Muhammet pygamber baradadyr diyilyar.
Ýokarda sözi edilen aýatlar Ýahýanyň Injilindendir, 14:30 we 1:27 aýatlaryndandyr. Men bu aýatlary kontekstinde okadym, o aýatlaryň 1-njisinde Isa Mesihiň Mukaddes Ruh barada gürleýändigini gördüm, 2-njisinda bolsa Ýahýa atly pygamberiň Isa mesih barada gürleýändigni gördüm. Men özümi ýene aldanan ýaly duýdum, men bu kitabyň awtorlary tarapyndan aldanypdym.
Men Muhammet pygamber barada belki şeýle buşlamalar taparyn diýe Töwraty okamaga dowam etdim. Mende entägem Yslam dinine dolanmak umydym bardy. Men Töwrady okadykça Isa Mesih we Täze Ähtdäki taglymat barada buşlamalaryň (pygamberlikleriñ) üstünden bardym. Gözleglerim meni Yslam dininden uzaklaşdyryp Meshilige (hristianlyk) ýakynlaşdyrýardy. Men buşluklary bu ýere ýazyp makalany uzaldyp oturmakçy däl, diňe bir Matta injiliniň özi Isa Mesih barada birnaçe pygamberligi sitata(salgylanma) edýär we olaryň amala aşandygyny görkezýär. Ýene-de 1 mysal bermek gereks bolsa, Isa Mesihiň dogulmagyndan 600 ýyl öň ýazylan Işaýa pygamberiň kitaby päk gyza çaga dogurtmak arkaly Hudaýyň bize alamat berjekdigini ýazýar, Yslam dininiň hem kabul edişi ýaly Merýem ene Isa mesihi doguranda entek el degmedik päk gyzdy. Ýa-da Isa Mesihden birnäçe asyr öň ýazylan Mika pygamberiň kitaby Ysraýylyň halasgäriniň Beýtullaham şäherinde doguljakdygyny habar berýär şu sözler bilen:
“Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham!
Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen.
Çünki senden bir Hökümdar çykar,
halkym Ysraýylyň çopany bolar”
Isa Mesihiň bu buşluga gabat gelendigi barada aýdyp oturmak gerek däl, bulary anyklamak üçin Matta injilini ýa-da taryhy çeşmeleri okap bilersiňiz. Pygamberleriň buşluklary meni Isa Mesihe ýakynlaşdyrýardy.
Taryh ylmym maňa Yslam dininiň dogry bolup bilmejekdigini görkezdi, çünki Isanyň haçda ölendigi taryhy waka-ka Yslam dini muny ret edýärdi. Eýsem, belkäm Meshiligi (hristianlygy) hem taryh bilen derňemelidim? Şeýle-de etdim.
Taryh ylmym bilen men Mesihiligi hem derňemegi ýüregime düwdüm. Täze Äht kitabynda Isa Mesihiň ölümden direlendigi öwran-öwran gaýtalanýar. Men “kimdir biriniň ölümden direlen bolmagy mümkin däl” diýdim, muňa taryhy nukdaýnazardan ýakynlaşdym. Edil Yslam dini ýaly Mesihilik hem taryh bilen gapma-garşy bolmaly diýýärdim. Taryhy gözleglerim bu sapar Meshiligi goldady. Eger bu barada okamak isleseňiz şu adresden Isa Mesihiň direlmeginiň taryhy derňewini Türkmen dilinde okap bilersiňiz, bu derňew, meşhur filosof, taryhçy we teolog William Leýn Kreýg tarapyndan taýýarlandy:
Men o makalany bu ýere ýazyp ýazgyny uzaltmakçy däl, eger siz hakykatyň gözleginde bolsaňyz šol makalany hökman okamalysyňyz. Men o ýerden gysgaça parçany paýlaşaýyn:
“Isanyň direlişiniň ähmiýeti, munuň kimdir biriniň direldilmegi dälde, Ýehudy baştutanlygy tarapyndan Hudaýa dil ýetiriji Hudaýlyk awtoriteti jar etmesi diýlip höküm edilen Nasyraly Isanyň ölümden direlmegindedir. Eger-de ony, dil ýetirendigi öňe sürlen Hudaý direlden bolsa onda bu o Hudaýyň onuň taglymatlaryny ykrar edendiginiň ykrarydyr. Bu dini göräliligiň we köplügiň eýýamynda, Isanyň direlişi, Mesihiler üçin, Hudaýyň özüni Isa arkaly aýan edendigi baradaky ynanç üçin berk gaýa emele getirýär! ”
“Täze äht alymy, Emori Uniwersitetinden Luke Johnson şeýle pikirlere çümüp gidýär: “Irki Mesihilik ýaly bir hereketi emele getirmek üçin, nähilidir bir güýçli we özgerdiji tejribe gerekdir…” [4] Meşhur Britan Täze äht alymy N. T. Wright şeýle jemleýär: “Bir taryhçy hökmünde, Isa direlmedik bolsa, irki mesihiligiñ (hristýanlygyň) ösmegini düşündirip bilmezligimiň sebäbi budur.”
Taryh ylmym meni “Isa, hakykatdanam ölümden direlipdir” diýmekden başga çykalgasyz ýagdaýda goýdy.
Mundan soňra men teologiki (ylahy taglymat) meseleler bilen gyzyklandym. Meshiligiñ (Hristýanlygyň)taglymatlary maňa göwnejaý geldi, jogaplary meni kanagatlandyrdy. Musulman doganlarym, ikimizem şular bilen ylalaşýandyrys: Biz günäkär, biz günä iş edýäris. Hudaý adyldyr. Hudaý bizi söýýär.
Mesihilikde Hudaý biziň üçin özüni gurban etdi, ol biziň üçin hereket edýär – Yslam dininde bolsa, Hudaý menden bir zatlar etmegime garaşýardy. Men pikir etdim, Hudaý menden güýçli, Hudaý meni söýýär, Hudaý merhemetli, Hudaý menden baý. Beýle ýagdaýda Hudaý menden bir zada garaşmaz, o meniň üçin ädim äderdi. Mesihilikde Hudaýyň şu garaşan ýagdaýymy berjaý edýändigini gördüm: Hudaý menden hiç zat talap edenokdy, tersine Ol meniň üçin bir zatlar edýärdi. Men onuň üçin bir zatlar etmegime zerurlyk ýokdy, Onuň meniň üçin eden zadyny bilmegim we oňa minnetdar bolmagym ýeterlikdi.
Ine, şu we şuňa meňzeş soraglar bilen men öz kellämdäki soraglara Isa Mesihde we Täze Ähtde jogap tapdym. Ine, şu sebäpden men iman Isa Mesihe Halasgarim we Rebbim hökmünde iman etdim!
Rebbim hemmämize ýardam bersin!