Men musulmandym, jokrama yssyda ekinde işleýärkäm orazamy bozmajak bolup suwsyzlyga çydaşardym. Mümkin boldugyça Yslam dinini bozmajak bolýardym, namaz okamokdym, geýinişimde we ş.m. zatlarda Yslam dinine uýmaga üns beremokdym emma Yslamdaky çürt-kesik, belli, uly günälerden gaça durjak bolardym. Meniň üçin Yslamyň hakykatdygy jedel edip bolmajak aýanlykdady, ewolýusiýa teoriýasyny öwrenmegi iňkär ederdim Yslam dinine ters diýip.
Boş wagtlarymda taryh bilen gyzyklanardym, gadymy Müsürden, Mezopotamiýadan tut täää günümize çenli bolan taryhy uly höwes bilen öwrenerdim. “Giňdir Dünýä Geňdir Dünýä” ýaly gyzykly maglumatlary hem sypdyrmazdan okardym.
Şeýlelikde bir gün hristiýanlyk bilen gyzyklandym, Täze Äht (Injil) kitabyny okamaga başladym. Injili okap tamamladym. Yslam dini bilen Hristýanlygyň gapma-garşy gidýän meselelerinden biri hem Isanyň haçda ölendigi meselesidir, bilşiňiz ýaly Yslam dini Isanyň haçda ölendigini ret edýär. Men şu meselä taryhy nukdaýnazardan seretmegi ýüregime düwdüm.
Aslynda, Isanyň haçda ölendigine göz ýetirmek üçinTäze Äht kitabynyň taryhy bilen gyzyklanmak hem ýeterldi we başlangyç taryhy nukdaýnazarlar üçin ýetikdi. Biz musulmanlara “Isa haçda ölmändi, Hristýanlar Isanyň Injilini ýoýdy, keýpine görä üýtgetdi” we ş.m. diýip öwredilýär. Men Täze Ähti okamda “Hristiýanlar näme üçin beýle zat toslamagy zerur gördülerkä?” diýip pikir edýärdim. Soňra, taryhy ýazgylar bilen meseläni deňeşdirmäkäm Täze Ähtdäki beýanatlar hakynda kelle döwdüm. Derňew soňunda Isanyň haçda ölendigine toslama diýip karar alyp bolarmy diýip oýlandym?
Geliň muny, gaýtadan bile oýlanalyň we menem siz bilen geçmişdäki oýlanmalarymy paýlaşaýyn.
Toslama ýa-da ýoýma hasaplaýan gahrymanlaryňyza serediň, olary Isanyň ölümi bilen deňeşdiriň. Birnäçe mysal sanaýyn:
- Görogly beg eposy – hyýaly döredijilik we taryhy şahsyýeti ýoýma hasaplanýar
- Robin Gud – hyýaly döredijilik.
- Santa Klauz – taryhy şahsyýeti ýoýmak bilen toslanan hekaýa saýylýar.
- Ahilles – toslama, mifologiýa.
- Aburiks we Asteriks – toslama.
- Ýartygulak – toslama.
- Mämmetjan (Türkmen halk ertekilerindäki gahryman) – erteki.
Sanawy uzaltmak mümkin emma muña zerurlyk ýok. Şeýle toslama gahrymanlara serediň, ählisi ýeke başyna goşunlary ýeňen, üstünlik gazanan, dünýä hökmürowan bolan we iş-ýüzünde adalaty üpjün eden we ş.m. gahrymanlardyr.
Täze Äht kitabynda Isa Mesihiñ resullary bolan Pawlus, Ýakup, Petrus ýaly ýazyjylaryň ählisi, dürli jemagatlara ýazan hatlarynda, Isa mesihiň haçda ölendigini we munuň ylahy ähmiýetini gürrüň berýär. Eger bu ölüm wakasy toslama ýa-da ýoýma bolsa näme üçin duşmanlary tarapyndan ele geçirilip öldürilen bir şahsyýet toslap tapsynlar? Jogaby belli: O hatlaryň ýüzlenilen jemagatyndaky adamlar eýýäm Isanyň haçda ölendigini bilýärdi, mundan habardardylar we habardar adamlara toslama hat ýazsaň seniň hatyňy uÿtgedilen hatlardan tapawutly görmezler. Günümizden mysal bersek, günümizdäki adamlar, meşhur terrorist Usama Bin Laden ABŞ-nyň operasiýasynda ölendigini bilýär. Siz Usama Bin Ladeniň bu ölüminden habardar adamlara hat ýazaňyzda bu ölümden gürrüň edersiňiz, ony goşunlary ýeňen, dünýä ýüzüne adalaty üpjün eden gahryman edip görkezip bilmersiňiz.
Täze Äht kitabyndaky hatlaryň islendigini okaň, ählisi ýüzlenýän jemagatyna Isanyň haçdaky ölüminiň ähmiýetini we sebäbini düşündirýär. Bu ýazyjylaryň ählisi bu hatlary biri-birinden uzakda we başga wagtlarda biri-birinden habarsyzka ýazdylar. Isa Mesihiň haçda ölendigini ol haty ýazanlar bilýärdi, Isa Mesihiň haçda ölendiginden o hatyň niýetlenip ýazylan jemgyýetindäki adamlar hem habardardy. Šu sebäpden o hatlar Isa Mesihiň haçda ölmegini düşündirýär, duşmanlary tarapyndan ele geçirlip haça çüýlenendigini iňkär etjek hem bolmaýarlar, muny iňkär etmek mümkin däldi, sebäbi bu wakadan her kimiň habary bardy.
Meniň üçin Isa mesihiň haçda ölendigine göz ýetirmek üçin Täze Äht kitaby ýeterlikdi, emma men o ýerde saklanmadym, taryhy gözleglere dowam etdim. Bu barada I-nji asyrda ýaşap geçen taryhçylar we I-nji asyrdan galan golýazmalar eýsem näme diýýärler? Geliň olara hem göz gezdireliň.
Täze Äht kitabynda, Isa Mesihi kazyýete eltenleriň Musaýy dininiň ruhanylarydygy gürrüň berilýär. Musaýy dininiň wekilleri ruhanylary arasynda bolup geçen ähli hereketleriň ýazgysyny ýöredýär, haýsy rabbi (dini mugallym) nähili taglymaty öňe sürdi, oňa nähili garşylyklar berildi, nähili wakalar bolup geçdi ählisiniň ýyllyk ýazgysy entägem ýöredilýär, bu ýazgylaryň ensiklopediýasyna Talmud diýýärler we müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän bu ýazgylar entägem goranyp saklanylýar. Ine, Injilde Musaýy baştutanlar barada ýazylan we olaryň eden aýyplamalaryny biz Musaýy ýyl ýazgylaryndan tassyklap bilýäris:
- Wawilon Talmudy (Sanhedrin 43a), Isanyň haçda, Pasha baýramy bosagasynda ölendigini we Isa ýöňkelen, jadygöýçülik we Ýehudy mürtetligini (dinden çykmak) höweslendirme amallary bilen meşgullanma aýyplamalaryny tassyklaýar.
Talmud, Musaýylaryň ýylýazgylarydyr. Musaýylaryň ýylýazgylary Injillerde bize ýetirilen aýyplamalary tassyklaýar.
- I-nji asyr Ýewreý taryhçylaryndan Flawius Josefus, Isanyň haçda ölendigini belläp geçýär.
Rim imperiýasynyň eden ýörişleri barada, olaryň döwlet dolandyryşygy we dolandyryjylary barada maglumatlar beren, geografiýa we taryhy barada maglumatlar galdyran Josefus Isanyň haça çüylenip ölüm jezasyna hökm edilendigini belläp geçýär. Bu hökmi bereniň kimdigini hem belläp geçýär. Takmyn ediň:bu permany beren hökmünde kimi görkezýär? Pontiusly Pilatusyň Isany ölüm jezasyna höküm edendigini habar berýär. Eýsem, Täze Äht kitaplary we Injiller hem Isanyň Pilatus tarapyndan kazyýete çekilendigini we ölümi barada perman berlendigini aýdýar. Isanyň haçda ölendigini tassyklaýan ikinji taryhy çeşmämi hem tapdym.
- Rimli Tasitus.
Gadymy dünýäniň iň ygtybarly taryhçylaryndan saýylýan I-nji asyrdan bolan Rimli Tasitus, Kaýsar Tiberiusyň hökmürowanlygy dowamynda Pontius Pilatus golastynda ejir çeken yrymçyl “Mesihileri” belläp geçýär. Imperator Hadrian-yň baş kätibi Suetonius hem Krestus (Mesih) atly bir adamyň I-nji asyrda ýaşap geçendigini ýazga alypdyr. (Annals 15.44).
Üns beriň, taryhçy Tasitus hem Pontius Pilatusyň hökmürowanlygynda Mesih ady bilen tanalan kimdir biriniň eýerijileriniň ejir çekendigini bize açykça gürrüň berýär. Eýsem, Injiller we Täze Äht ýazgylary bize muny gürrüň bermeýärmi? Men taryh bilen gyzyklandykça diňe Täze Äht ýazgylaryna goldaw tapdym, Täze Ähti inkär edýän taryhy ýazgylara duş gelmedim.
- Julius Afrikanus
Julius Africanus, Isanyň haçda ölmeginiň edil yzýany asmana bürän garaňkylyk baradaky çekeleşikde Thallus atly taryhçyny sitata edýär (Extant Writings, 18).
Üns beriň,bu ýerde Isanyň haçda ölendigini ýazgylarynda belläp geçen 2 taryhçyny görýäňiz. Afrikaly Ýulius we Thallus. Thallus barada aýratyn belläp geçmelidiris, sebäbi onuň hasabaty has hem ähmiýetli: ol diňe bir Isanyň haçda ölendigini habar bermek bilen çäklenmeýär, eýsem Matta injilinde gürrüň edilýän mugjyzany hem bize habar berýär: Gündiziň günortanynda yer ÿüzüne garaňkylygyň çökmegi.
Bulardan hem daşary size şu taryhçylary umumylykda belläp geçeýin:
- Pliny the Younger atly taryhçy, Letters 10:96-da, irki Mesihileriň, Isa Hudaý hökmünde sejdelerini hem öz içine almak bilen, sejde etmek amallaryny we diýseň ahlaklydyklaryny belläp geçýär, we ol belliklerinde “söýgi baýramy” we “Soňky Agšamlyk naharyny” hem öz içine alýar.
- Lucian of Samosata, Isanyň, Mesihiler tarapyndan sejde edilendigini täze taglymatlar bilen tanyşdyrandygyny we olar üçin haça çüýlenendigini belläp geçen II-nji asyr Grek ýazyjysydyr. Ol, Isanyň taglymatlarynyň, imanlylaryň doganlygy, iman etmegiň we beýleki hudaýlary ret etmegiň ähmiýetini öz içine alandygyny aýdýar. Mesihiler, Isanyň kanunlaryna görä ýaşaýardylar, özleriniň ölümlidigine ynanýardylar we ölüme tabyn bolmak, meýletin özüňi Hudaýa bagyş etmek we maddy bähbitleri terk etmek bilen suratlandyrylýardylar.
- Mara Bar-Serapion, Isanyň, paýhasly we ahlakly adamdygyny, köpler tarapyndan Ysraýylyň şasy hasaplanandygyny, Ýewreýler tarapyndan ölüme iberilendigini we eýerijileriniň taglymatlarynda ýaşamaga dowam edendigini tassyklaýar.
- Ondan soňra bolsa, Isany agzap geçýän Gnostik ýazgylar (Hakykat injili, Ýahýanyň Apokrifasy, Tomas Injili, Direliş barada dissertasiýa we ş.m.) bardyr.
Men Täze Ähti okamdan soňra, Isa Mesihiň haçda ölendiginiň bir taryhy faktdygyna içgin göz ýetirdim. Edil Adolf Gitler ýaly, Stalin ýaly, Çingiz han ýaly, Iskender Zülkarneýn ýaly, Isa Mesihiň haçda ölendigi hakykatdy.
Emma meniň durmuşymda iň öňden orun beren taglymatym, Yslam dini maňa Isanyň haçda ölmändigini aýdýardy. Men oýa batdym, beýle taryhy hakykaty iňkär edýän bir zat eýsem hakykat bolup bilermidi? Men taryh ylmy bilen içgin gyzyklanýardym, taryhy materiallaryň nähili derňelýändigini bilýärdim. Taryhy iňkär edip biljek däldim, ine şu sebäpden men yslam dinini terk etdim.
Yslam dinini terk etmekden soňra men göni Mesihi bolmadym. Taryh bilen gyzyklanmaga dowam etdim. Mesihilige iman etmegimde 3 mesele aýgytlaýjy boldy: 1) taryh ylmy 2) Pygamberleriň ýyl ýazgylary, irki ýazgylarda berilen habarlaryň gabat gelmegi 3) Yslam dinindäki we Mesihilikdäki teologiýa (ylahy taglymatlar).
Bu 3 mesele üstündäki gözleglerimi men indiki ýazgymda sizler bilen paýlaşmakçy. Gadyrdanlar, Sizden islegim bu ýazgymy okamagyňyz we taryh ylmy üstünde kelle döwmegiňiz.
Hudaý hemmämize ýolbeletlik etsin, aman boluň!
Rebbimiz Isa Mesih seni sohratlasyn bereketlesin! Menem Hristianlyga gecisim senka megzesirak!
SAgbol paylashanyna!