Şalyk Bile

Şalyk Bile

 

Deň bolar diýp saýmagyl işiň bet ykballyk bile,

Hiç haçan deň bolmagaý eşek-bedew şalyk bile,

Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,

Başyňny gowgaýa salma, maly-dünýälik bile,

Tur säher, ýat et hudany, ýygla tenhalyk bile.

 

Bardy Turuň dagyna, ha bir boldy ol Kelim,

Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdi eýýamyl-kadym,

Ýatsa, ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,

Ne hebesdir, ne hata- bakdy goýun Musa kelim,

Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.

 

Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,

Munda jebr etgen kişi o günde bolgaý ruýsyýa,

Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba (jogap),

O weliler serweri solan Weýis dek öwlüýä-

Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

 

Ýakup ogly Ýusubnyň käkilinden tutdular,

Urdular, aglatdylar, eltip müsürde satdylar,

Niç ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,

El-aýagyn baglaýyp, Ýunusny derýä atdylar,

Ençe wagt tagat çekip, “huw” diýdi bir balyk bile.

 

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň?

Kähi-kähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň?

Kähi-kähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, ber bir iş tutmadyň…

Ne sypahylyk bilen, ne bir mollalyk bile.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *