Iň beýiklerde bolan Gudratygüýçli Hudaýymyza öwgüler we şöhrat bolsun…Hosanna

Hosanna!!!

Seni söýýärin, ýa Reb, eý meniň Güýjüm. Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýam, galkanym, gutuluşymyň kuwwaty we belent diňimdir. Men öwgä mynasyp Rebbi çagyraryn…Rebbe sena ediň. Men dogrularyň mejlisinde, ýygnakda Rebbe bütin ýüregim bilen şükür ederin. Rebbiň işleri uludyr, ähli muşdaklary olary agtarýandyr. Onuň işi dabaraly, şöhratlydyr; Onuň dogrulygy ebedilik dowam eder. Ol ajaýyp işlerinie bir ýadygärlik etdi; Reb mähribän we rehimdardyr. Ol Özünden gorkýanlara rysk berýändir, ähti bolsa ebedilik ýadyndadyr. Milletleriň mirasyny olara bermek bilen Ol halkyna Öz işleriniň gudratyny görkezdi. Onuň elleriniň işleri hakdyr, adyldyr, ähli buýruklary ähtibarlydyr, ebedi we mydam berkdir. Olar hakykat we dogrulykda berkidilendir. Ol Öz halkyna gutulyş iberdi, tabşyryk berip, ähtini ebedilik berkarar etdi. Onuň ady mukaddes we eýmençdir. Rebden gorkmak paýhasyň başlangyjydyr; Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýänleriň bary oňat düşünjelidir. Onuň senasy ebedilik dowam eder!” Zebur



3 thoughts on “Iň beýiklerde bolan Gudratygüýçli Hudaýymyza öwgüler we şöhrat bolsun…Hosanna

  1. bu sozler zeburyn sozleri bolsa han Isa asw injil kitabynda yokmy bularyaly yazgylar! Hany siz injile uyyanyz dalmi!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *