Isa Mesihiň Dogulyş baýramçylygyna arzuwlar!
Isa Mesihe iman eden we Oňa gulak asýan her bir ýürekde Onuň ýyldyzy ýagty saçýandyr! Akyldar adam heniz Ony agtarýandyr!Gadyrly ildeşler! Tizden tiz dunýäniň dürli künjeklerinde adamlar Isa Mesihiň dogulan gunini uly baýramçylyk hökmünde belleýärler! Munuň üçin ilki bilen biz her biriňizi bu uly manydan doly bolan Isanyň dünýä gelişi baradaky baýram bilen gutlayýarys, size Isa Mesih arkaly Hudaýyň beren bereketlerini we uly gutulyşyna hakykatdan ýetmegiňizi arzuw edýäris!
Bilşimiz ýaly Isanyň dogulyşy bilen biziň eramyz başlanypdyr we Onuň dogulmagy gaty uly bir wajyp waka boldy. Isa Mesihiň doguljakdygy we nirede doguljakdygy, kimden doguljakdygy birnäçe ýuz ýyllar öňünden Hudaýyň pygamberleri tarapyndan pygamberlik edilip aýdylypdyr. Hudaýyň perişdesi bibi Merýeme aýan bolýar we onuň gudrat bilen bir ogul dogurjakdygyny buşlaýar. Injil bu hakynda şeýle diýýär: “…Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir äre çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu guyzyň ady Merýemdi. Perişde onuň ýanyna gelip diýdi: “Salam, eý merhemet sezewar bolan! Reb seniň bilendir; sen aýallar arasynda mübäreksiň!” Merýem bu sözlere gaty aljyrap, “Bu nähili salam?” diýip içini gepletdi. Perişde oňa diýdi: “Gorkma Merýem; sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýiler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedilik patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” Merýem perişdä diýdi: “Bu nähili bolar? Mer äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýiler”.
Bu Merýeme öňünden berilen ajaýyp bir buşlyk! Ondan başgada haçanda Merýemiň adaglysy Yusup Merýemiň göwreligini eşidip çagany düşürmegi pikirlenende Hudaý oňa düşünde gepläp şeýle diýýär: “…Eý Dawut ogly Ýusup! Sen Merýemi özüňe aýallyga almakdan gorkma; çünki onuň göwresinden dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň; çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň erine etmegi üçin boldy: “Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuel dakarlar”. Bu-da “Hudaý biziň bilendir” dien manyny berýär. Ysraýyl halky elbetde bir wagt bilen gejek Mesihe ýagny Halasgäre garaşýardylar, çünki olarda Mesih hakynda Pygamberleriň Ýazgylarynda aýdylan pygamberlikler bardy. Ýöne Hudaý bu buşlygy Ysraýyldan uzakda ýaşaýan, hatda başga milletlerden bolan akyldarlara, ýagny häzirki dil bilen aýtsak astranomlara, ýyldyz öwrenijilere hem aýan edipdir. Ine bu hakynda ýazgy şeýle diýýär: “Isa Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullahamynda eneden dogulanynda, ine, Iýerusalime gündogardan (belkide biziň ýurdymyzdan ýada Orta Aziaýadan) müneçjimler gelip diýdiler: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar hem oňa diýdiler: “Ýahudanyň Beýtallahamynda; çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr. … Müneçjimler ýola rowan boldular, ine gündogarda gören ýyldyzlary aga öňlerine düşüp, çaganyň bolan eriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp , gaty köp şatlandylar. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meýemi gördüler, dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler…
Mundan başga Hudaýyň perişdesi bu ajaýyp Isanyň dogulyş habaryny ýönekeýje çopanlara hem aýan etdi. Bu hakynda ýazgy şeýle diýýär : “Ine, Rebbiň perişdesi çopanlara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gudaga dolangy bir çagany taparsyňyz”… Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp göge çykanlarynda,” …çopanlar gidip çagany, ejesi Merýemi we Ýusuby gördüler.
Gadyrly ildeşler, iki müň ýyl mundan öň gelen bu Hoş Habar bu gün hem Hoş Habardyr. Hudaýyň Merýeme öňünden aýdyşy ýaly bu Hoş Habar Hudaýyň Mukaddes Ruhyndan gudrat bilen dünýä inen Isa Mesihdir. Merýemiň adaglysy Yusupa aýan bolan şaýatlyk bolsa bu doguljagyň öz halkyny günälerden halas etjegiň Özüdigi we Onuň adynyň Isa bolmalydygy, Ol arkaly Hudaýyň adamlar arasynda boljakdygy hakynda buşlukdyr! Uzak bir yurtdan bolan akylldarlara Hudaýyň muny aýan edişi kimin bu Hoş Habar ebedilik Patyşa boljak Isa Mesihiň dünýä inmegi bilen başlanýandyr. Hudaýyň çopanlara aýan edeni bolsa bu doguljak çaganyň Halasgär Mesihdigidir!
Merýem bu habary eşidende Hudaýa öwgüler aýtdy we bu habary bütin kalby bilen kabul etdi, şeýdip bu wada edilen Mesih Halasgäri dünýä inderdi. Yusup hem bu habara ynandy we Hudaýyň oňa aýdyşy ýaly edip oňa Isa diýip at berdi. Uzak ýurtdan bolan muneçjimler bolsa dünýä injek Mesihiň, ebedi Patyşanyň ýyldyzyny asmanda görenlerinde muňa ynanmazlyk etmediler, Onuň doguljak ýeri gaty uzakda bolsa hem Isa Mesihi görüp Oňa sejde etmek üçin we Oňa sowgatlar ýetirmek üçin kyn we uzyn ýoly geçdiler we baryp Çaga sejde etdiler we Oňa sowgatlar berdiler!
Indi bolsa biz hakynda näme, biz bu ajaýyp Hoş Habara ynanýarysmy, we ýokardakylar ýaly imanly bolup Isa Mesihe Halasgär, Ebedi Patyşa, günälerimizden gutulyş berjek Emanuele iman edýärismi we Oňa çyn ýüregimizden sejde ederismi?!
Iki müň ýyl gowrakdan bäri Isa Mesihiň dogulmagy mynasybetli bu baýramçylyk bize bu Isa Mesihdäki Hoş habary ýatladyp gelýär! Biziň Biribardan siziň üçin bu baýramçylyk baglanyşykly arzuwlarymyz bolsa, siziň Merýem, Yusup, ýyldyz öwreniji alymlar ýaly we çopanlar ýaly galybersede millionlarça başgada bu Hakykata düşünip kabul eden imanlylar ýaly Isa Mesihdäki gutulyşa we baky ýaşaýşa eýe bolmagyňyzdyr!
Isa şeýle diýdi, “Men sizde ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim”
Буду сюда почаще заходить. Админ! Побольше обнов, поменьше ошибок!!!!