Gadyrly dostlar men size bir wakany gürrüň bereýin…
Birnäçe ýyllar mundan ozal uzak ýürtda bir akylly adam bar eken. Ol pesgöwünli, söýgüden we adamlar üçin aladadan, hoşniýetlilikden dolu bir ynsan bolupdyr. Onuň bir sany ogly bar eken. Ol ogluny bütin jany-teni bilen söýýärdi we ol üçin bar bolan ýagşylyklary arzuw edýärdi.
Ol adam demir ýol geçýän bir köprüde, köprüniň açylyp ýapylmagyny üpjün edýän jogapkärçilikli işde işleýärdi. Otly gelmän wagtynda köpri açylyp, aşagyndan gämileri geçirerdi, otly ýakynlaşandan bolsa köprini birleşdirip otlyny geçirerdi. Ol köprüdäki demir ýoldan köplenç adamlary gatnadýan otly şäherarasy gatnaýardy.
Ogly kakasynyň işleýän ýerini gidip kakasynyň işleýşine syn etmegi gowy görerdi we kakasynyň nädip bu işini erjellik bilen ýerine ýetirişini we otlynyň geçmeli wagtynda köprüni birleşdirip alada edýändigine haýran bolup serederdi. Ogly kakasyndan nädip arassa zähmet çekmegi we adamlar üçin nähili alada etmelidigini öwrenýärdi. Ondan başgada kakasyna kömekleşmegi hem gowy görerdi. Şeýdip olar bilelikde, kaka we ogul bile wagt geçirerdiler. Otly ýada gämi gelmän wagtynda oturyp bileje çaý içip durmuş barada we kakasy ogly üçin bolan arzuwlary barada gürrüň bererdi. Kakasy ogluna: “oglum men seni söýýän diýip” söýgüsini bildirerdi. Bir gün öňküsi ýaly bu gezek hem ol kakasy bilen şol köprä gelipdi. Kakasy ogluna, aşaga düşüp, köprüniň birleşýän ýerindäki zynjyry aýyryp gelmegi haýyş etdi. Şol wagt hem kakasyna duýduryş stansiýasyndan: adamdan doly otlynyň köprä golaýlaşýandygy habary berildi. Ol oglyna: “çaltrak bol oglum, otly ýetip gelýär…” diýip ogluny gyssady. Otly tizlik bilen köprä golaýlaşyp başlady, şol wagt bolsa oglynyň aýagy demiriň arasynda galdy. Ogly: …kaka aýagymy çykaryp bilemok…diýip aglamjyrap kakasyny kömege çagyrdy….
Bu wagt eýýäm otly köprüden görünip başlapdy…köprüniň birleşdirilmegi gerekdi, eger birleşdirilmese onda otly içindäki adamlar bilen heläk bolmalydy…kakasy bu wagt çalt çözgüt çözmelidi… “kömek et kaka diýip gygyrýan aglap duran köprüň aşagyndaky oglunymy … ýada ýüzläp adamdan doly bolan otlynymy… bu gaty agyr ýagdaýdy…onuň ýüregi gaýgydan we agyrydan doludy…aglap gygyrýan ogly üçin ýüregi ýarylara gelip gynandy…emma ýüzläp adamy halas etmegi ýüregine düwüp gözlerinden akýan ýaşlary bilen köprüni birleşdirdi…bu wagt köpri ogluny mynjyratdy…şolbada bolsa otly bat bilen köprüdäki demirýoldan geçip başlady….kakasy ogluna ezýet berip öldürendigi üçin ýüregi agyrydan dolup gygyryp, gözünden ýaşlary paýyrdap çykyp aglaýardy…köprüden geçýän otludaky adamlar bolsa… oňa… onuň bu wagt eden işinden habarsyz…ýekeje ogluny olary halas etmek üçin gurban getireninini hem bilmän…käbirleri ellerini galgadyp, ýylgyryp…başgalary bolsa öz pikirlerine ýada gürrüňlerine gümra bolup….geçip barýardylar…Olar onuň ýeke-täk ogluny, jany-teni bilen söýýän ýekeje ogluny olary halas etmek üçin nähili agyry we kynçylyk bilen ezýet çekmäge we ölmek üçin berendiginden bihabardylar…!
Gadyrly ildeşler…bu taryh size kimdir birini ýatladýarmy?
Ine şu wakada bolanlara meňzeşlikde, Hudaý hem biziň üçin şeýle etdi. Hudaý hem bizi, ýagny adamzady halas etmek üçin ýekeje Ogluny (ýagny Baky Söz bolan we Bakyýetde Ýaradyjy Hudaýň bölegi bolan; Ogul diýilende ruhy manyda, ýagny Isanyň Hudaýlyga degişlidigi göz öňünde tutulýar) Isa Mesihi gurbanlyk berdi. Bu sebäpden Ýahýa pygamber özüne tarap gelýän Isa Mesihi görende şeýle diýip güwalik edipdi: “Ine, bütin dünýäniň günäsini Öz üstüne aljak Hudaýyň Gurbanlyk Guzusy” Ýaradyjy Hudaý Özüniň ýekeje Ogluny biziň ezýet çekip bakyýeti şeýtanyň bolmaly ýeir bolan dowzahda geçirmezligimiz üçin haçda ezýet berilip öldürilmäge berdi. Köprüdäki işleýän adamyň oglunyň teniniň myjyrap, ölişi ýaly Isa Mesihiň teni hem seniň we meniň halas bolmagym üçin 2000-ýyl mundan ozal ezýet çekip, mynjyradylyp, haçda öldürildi.
Hudaýyň bu getiren, ýüregini agradyjy belent iň gymmat gurbanlygyny kabul etmän ynanmaýanlar…ýokardaky wakadaky ýylgyryp…ellerini galgadyp geçip barýan otludaky adamlara mezňeýärler…
Sen barada näme? Sen Hudaýyň bu görkezen belent söýgüsine ynanýarmysyň ýada öz düşünjeleriňe daýanyp ret edýärmisiň?
Muny ret etmek bilen, Hudaýyň seniň üçin getiren şeýle belent gurbanlygyny ret edýärsiň!
Hudaý Isa Mesihi seniň üçin we meniň üçin ölüme bermeli bolanda, Ol şeýle bir gynanypdy…emma Ol muny bizi köp söýýändigi üçin we biziň heläk bolmazlygymyz üçin berjaý etdi! Bu sebäpdän Mukaddes Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär: “Çünki Hudaý dünýäni (seni we meni) köp söýýänligi üçin, Ogluna (Isa Mesihe) iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi.”
Mundan belent söýgi hiç bir ýerde ýokdur! Hudaý bize bolan söýgüsini Özi üçin iň eziz we gymmatly bolan Isa Mesihiň bermek bilen görkezdi!Seniň bakyýeti Hudaý bilen geçirmegiň üçin Ol Isa Mesihi seniň üçin
gurbanlyk berdi, Isa Mesihiň ölmegi bilen sen ýaşaýşa ýetmäge mümkinçilik aldyň! Hudaýyň indi senden we menden isleýäni, Onuň Özüniň iň gymmatly gurbanlygy getirendigine, Onuň bu arkaly bize aýan eden çäksiz rehimine we merhemetine ynanyp minnetdarlyk bilen kabul etmelisiň!
“Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar». Injil
One thought on “IŇ BELENT SÖÝGI WE IŇ GYMMATLY GURBANLYK…”
Админ, а ничего что в статье дофига ошибок? А так блог супер, нашёл что надо…
Админ, а ничего что в статье дофига ошибок? А так блог супер, нашёл что надо…