Hudaý Sizi Söýýär…

10-92scrainbow_lg

Adamlar hemme zatdan beter Hudaýyň söýgüsi hakdaky ylhama mätäçmikä diýip pikir edýärin. Hudaý biziň her birimizi söýýär, bu ylham bolsa, mesihiniň ýeňişli durmuşda ýaşamagy üçin öňünden taýýarlanylan iň wajyp şert bolup durýar. Bize diňe bir Hudaýyň söýgüsi baradaky bilim däl-de, eýsem, ylham hem zerurdyr. Ýöne ony diňe mesihi Hudaýyň söýgüsi barada pikir edip, oňa üns berip, öz durmuşynda Hudaýyň söýgüsiniň peýda bolşuny görüp, şol ylhamy Ýazgynyň we doga etme arkaly gözläp başlanda, Mukaddes Ruh berip bilýär.

Gadyrly okyjy, Hudaýyň bütin dünýäni juda söýýändigine, şonuň üçin hem Isany hemme adamlaryň ugrunda ölmäge iberenine ynanmak size aňsat düşýär, ýöne Hudaýyň özüňizi söýýändigine ynanmak welin, gaty kyn düşýär. Eger siz dünýäde ýeke-täk adam bolan bolsaňyz, Ol barybir Isany diňe siziň ugruňyzda ölmek üçin hem goýbererdi. Ine, Ol sizi şunuň ýaly derejede söýýär.

Men köp lapykeçlikleri başdan geçirdim, emma Hudaý Mukaddes Ruh arkaly hut özüme bolan söýgüsiniň näderejede güýçlüdigini merhemeti bilen açyp görkezdi. Ol ylhamlar meniň tutuş durmuşymy we Reb bilen gatnaşyklarymy doly özgertdi.

Bu kitapda okan zatlaryňyz size Hudaýyň söýgüsine bolan täze düşünjäni berer we sizde Ondan özüňiziň ylham almaklygyňyza teşnelik döreder diýip umyt edýärin. Men size şu kitapçanyň sahypalarynda Ýazgydan alyp beýan eden her bir aýatdyr pikirimiň üstünde gowuja oýlanmak bilen ony edil okuw gollanmasy hökmünde okamaklygy maslahat berýärin.

Gadyrly okyjy, özümiň Hudaýsyz hiç kimdigimi, islendik ylhamyň Ondandygyny bilendigim, Onuň Sözüne düşünmekligiň Hudaýyň merhemeti bilen berlendigini bilýändigim üçin teklip edýärin.  [dowamy…aşakdaky linkde okap bilersiňiz]

Hudaý Sizi Söýýär

Leave a Reply

Your email address will not be published.