Duşmanlaryňyzy söýüň!


Duşmanlaryňyzy söýüň!

Duşmanlaryňyzy söýüň. Bu dünýäniň ýaşaýyş prinsiplerine gapma garşy gelýär. Biz dünýäde dostlaryňy söý duşmanlaryňy ýigren, olardan ar al diýen düşünjeleri köp eşidýäris. Çagalykdan şeýle düşünjede ulalýarys, diňe bir çagalar beýle pikirlenmän eýsem ulylarda şeýle pikirde ýaşayarlar. Hatda olar öz çagalaryna-da kimiň dost kimiň duşmandygyny gürrüň berýärler. Netijede çagalar öz ene atalarynyň duşmanlaryna garşy söweşini dowam etdirýärler. Biz beýle ýagdaýlary daş-töweregimizde gaty köp görýäris. Bu dünýeýi adamlar üçin bir geň zat hem däldir. Olar ata- babalarymyz şeyle ýaşapdyrlar biz hem şeýle dowam edýäris diýýärler. Dünýäde uruşlar-da şeýledir. Ýurt-Ýurda, millet-millete garşy söweşýär. Olar ýamanlyga ýamanlyk, söweşe söweş bilen gaýtargy berýärler. Netijede söweş, ýigrenç hemişe dowam edýär. Duşmançylygy güýç bilen togtadyp bolmaýar. Dünýä “göze- göz, dişe- diş” diýen prinsipde ýaşaýar. Emma biz Isa Mesihe ynanýanlar beyle prinsipde ýaşamaly däldiris. Mukaddes kitap muňa garşydyr. Geliň bu barada ýazylan erini Mattanyň hoş-habaryndan bilelikde okalyň.

Matta 5; 38-42

Siz göze göz, dişe- diş diýleni eşidensiňiz. Men welin size diýýärin ýamana garşy durma. Gaýta kim seniň sag ýaňagyňa ursa, sol ýaňagyňyda oňa öwür. Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donyňy-da ber.Kim seni bir çakrym ýol ýöremäge zorlasa, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. Saňa dileg salana ber,karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme.

Isanyň bu aýdan sözlerine düşünmek bize gaty kyn. Bu biziň terbiýemize, medeniýetimize umuman hemme taraplaýyn garşy gelýär. Dogry, sebäbi biz günäli adamlar, günäli dünýäniň nukdaý nazaryna görä ýaşayarys. Isa Hudaýyň Patşalygynyň prinsiplerine görä sözleýär. Şonuň üçin Hudaýyň kömegi bolmasa biz bu sözlere düşünip we ýaşap bilmeýäris.

Yamana garşy durmak, biri sag ýaňagyňa ursa, oňa sol yaňagyňy tutmak,köýnegiňi alana donyňy hem bermek, bu duşmançylygy bes etmegi aňladar. Beýle etseň ýyllar boýy dowam edýän duşmançylyk togtar, we parahatlyk, ýaraşyk emele geler. Isa biziň hemmeler bilen parahatlykda ýaşamagymyzy isleýer. Seni biri bir çakrym ýöremäge zorlasa, onda sen onuň bilen iki çakrym ýöre. Şonda onuň özi ýadap seni rahat taşlar.

Ene-de Matta 5;43-48 çenli dowam etdirýäris.

Siz goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren diýleni hem eşidensiňiz.Men welin size diýýärin, göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy çöýüň,özüňize gargaýanlara alkyş ediň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler,sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň.Çünki Göklerdäki Ataňyz gününi ýamanlaryň hem,ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrylaryň hem egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar?Günäkerler-de şeýle etmeýärmi? Diňe öz garyndaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Başga Milletler-de şeýle etmeýärmi? Şeýlelikde Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly siz hem kämil boluň.

Isa bu sözleriň üsti bilen bize anyk düşünje berýär. Biziň Isa ynanýan bolandygymyz üçin, bu dünýäden tapawudymyz bolmalydyr. Bu Hudaýyň tapşyrygy, bu bir borçdyr. Dünýäden tapawudymyz bolmasa onda biz Isa degişli däldiris. Hudaýyň ogullary bolmak isleseňiz onda Onyň Sözlerine görä aşamaly bolarsyňyz. Gökdäki Atamyzyň kämil bolşy ýaly biz hem kämil bolmaly.

Rimlilere ýazylan hat 12;19-21

Eý söýgüli doganlar özüniz öç almaň, Hudaýyň gazabyna ýol beriň.Çünki Reb diýýär «Öç Meniňkidir öwezini men bererin«Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa, ony gandyr; sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga eňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.

Soýgüli doganlar! Biz duşmanlarymyzdan özümiz öç almak islesek, ýa-da eýýäm öç alyan bolsak onda heziriň özünde saklanmalydyrys. Özümiz öç alýan bolsak, onda Hudaý aralaşyp bilmeyer. Beyle etmek bilen biz Hudaýa ýol bermeýäris. Duşmanlarymyza ýagşylyk etsek onda biz yamanlygy yagşylyk bilen eňeris.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *