Gaýgy etmäň…

Gaýgy etmäň…

Bilşimiz ýaly gaýgy etmek her bir ynsanyň durmuşynda bar bolan zat. Ýöne bir zady welin belläp geçmelidiris, ýagny gaýgy etmek we alada etmegiň tapawudy bardyr. Alada etmeklik pozitiw pikir bolup, bu ynsana mahsus hasiýetdir. Bu hasiýetinň netijesinde ýagny içimizde bolmagy bilen biz maşgala, ata-ene, çagalar, ildeşlerimiz, goňşylarymyz dünýä barada alada edýäris we munuň netijesinde pozitiw hereket edýäris we bar bolan mätäçliklere jogap we çykalga tapýarys. Munuň garşysyna bolsa gaýgy etmek bu negatiw bir hasiýetdir. Ýagny gaýgy etmek bilen biz Hudaýa we özümiziň çykalga tapyp biljekgidimize bolan umydy aradan aýyrýarys. Munuň netijesinde bolsa negatiw hereketlere we günäli işe baş goşmagymyz mümkin. Alada bolsun ýada gaýgy bolsun bularyň bary iň soňunda şu iki zada ýagny “iýmit” we “ egin-eşige” direlýär. Kimdir biri üçin bu gündelik çörek we geýim bolsa, başga biri üçin bu bulardan ugur alýan ýüzlerçe bagşa islegler bolup biler. Beýle alada we gaýgy etmek diňe bir imansyzlaryň durmuşynda bolman, Biribara iman edenlerde hem ýüze çykýan ýagdaý. Her bir ýagdaýda Hudaý bize ýol görkezişi kimin bu ýagdaýda hem biz Hudaýyň Sözünden jogap gözläp bileris. Isa Mesih Öz şägirtlerine şeýle düşündiriş beripdir we bu sözlerden biz hem durmuşymyz üçin gerek bolan sapaklary öwrenip bileris.

Isa şeýle diýdi: Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýada birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de pula hyzmat edip bilmersiňiz. Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir? Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz? Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz? Näme üçin egin-eşik hakda gaýgy edýärsiňiz? Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şän-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi. Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý imany azlar? Şoňa görä, “Näme iýeris?”, “Näme içeris?” Näme geýeris?” diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler (imansyzlar) agtarýarlar, ýäne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin, ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir”.

Nähili ajaýyp sözler, Isa Mesih bu sözleri elbetde, Isa Mesih hökmünde iman edenlere ýüzlenip aýdypdy we şeýle wadany olara beripdi. Ýagny Isa Mesih Hudaýy diňe bir Hökmürowan Hudaý hökmünde görkezmän, Oňa hakykatda iman edenleriň Gökdäki Ata Hudaýydygyny hem düşündirip görkezipdi. Atanyň öz çagalary alada edip gerek zadyny ýetirişi ýaly, ondan näçe esse artygy bilen Hudaý biziň üçin Atalyk alada edýändir. Emma biz Hudaýy Hudaý hökmünde eşidip we ol barada bilýändiris, emma bu diýildigi Hudaý biziň Ata Hudaýymyzmy? Muny biz soramalydyrys, çünki Isa Mesihiň aýdyşy ýaly eger biz Hudaýyň Isa Mesihdäki hakykat ýoluny kabul etmesek onda Hudaý heniz biziň Hudaýymyz bolup bilmeýär, çünki biziň günälerimiz netijesinde bu aragatnaşyk bozulypdy we biz bu aragatnaşygy öz güýjumiz, dinimiz, gowy işlerimiz bilen gazanyp bilmeýäris. Bu sebäpden hem Isa Mesih dünýä geldi we adamzat üçin Hudaýa barmaga “Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş” boldy. Hudaýyň Mesihini kabul etmek bilen biz Hudaý bilen ýaraşyp bilýäris we şonda ol biziň alada edýän we bizi çagalary ýaly görýän we alada edýän Hudaýymyz bolar.

Isa Mesih arkaly biziň eýe boljak şol şahsy aragatnaşygy dikeldenden soňra biz ýokarda aýdylan ajaýyp wadalara eýe bolarys!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *