Isa – Hudaýa gidýan Ýol!
“Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size “Ýer taýýarlamaga barýaryn”diýermidim? Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz”. Tomas (Isanyň şägirtleriniň biri) Oňa: “Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?” diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Men –Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz”. Filipus (beýleki bir şägirdi) Oňa: “Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar”diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň “Atany bize görkez” diýmäň näme? Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärmisiňmi?Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär. Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň…
Sen bu ýoly biýarmisiň? Pikirleriňi ýazyp bilersiň. Eger ylalaşmaýan bolsaň, bu üçin öz düşünjeleriňi paýlaş!