Hudaý Nahili?

 

Biz size Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrylan radio gepleşigimiziň makala görnüşini makalalar bölümizde siziň dykgatyňyza hödürleýäris! Bular hakynda öz bellikleriňizi ýazyp biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz!

Hudaý Nähili?

Başlangyç 1

Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Bu gepleşiklerimizde Hudaýyň pygamberleriniň aýdyp beren wakalaryny birin birin size aýdyp bereris. Adamlaryň Hudaýyň Öňünde dogry saýylyp bilmegi üçin Hudaýyň döreden dogrulyk ýolyny pygamberleriň ýazgylary bize yglan edýär.

Birinji radio eşitdirmämizde biz Pygamberleriň Ýazgylaryny öwrendik. Olarda biz Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberleriň köp bolandygyny ýöne eke-täk awtorynyň bolandygyny öwrendik.Geçen gepleşigimizde biz size bir wajyp: Hudaý gepledi! dien pikiri beripdik. Hudaý adamzada pygamberler arkaly gepläpdir we Ol her birimiziň Hudaýy diňlemegimizi isleýär. Hudaý bize pygamberleriň Ýazgylary arkaly geplemek isleýär. Hiç haçan Hudaýda, Onuň Sözüde üýtgemeýär. Her bir nesillerde Hudaý Öz sözüni gorady. “Ýazgy bozulmaýar.” Ýahýa 10:35) “Dünýä…geçip gider, emma Rebbiň sözi ebedi galar!” (1Ýahýa 2:17; 1Pet.1:25)

Bu gün biz Mukaddes Ýazgylaryň birinji bölümüne serederis. Ol Töwrat diýilip atlandyrylan. Hudaý bu kitaby Musa atly adamyň aňyna guýupdyr. Musanyň döwründen bäri üç müň bäş ýüz ýyl töweregi wagt geçdi. Musanyň Töwrat kitaby bäş kitapdan ýada başgaça aýdanda bäş bölekden durýar. Birinji bölegi Gelip Çykyş diýip tanalýar. (Göni manysynda: Başlangyç) Gelip Çykyş kitabynda elli sany baplar bar. Birinji kitaba Gelip Çykyş ýada başgaça aýdanda Başlangyç diýilýär çünki ol ozal başda nämeleriň bolandygyny gürrüň berýär.

Biziň Töwratdaky birinji kitaby bilmegimiz gaty wajypdyr, çünki başga kitaplarda Onuň aýdanlaryna düşünmegimiz üçin Hudaý bu kitaby düýp bolsun diýip goýdy. Bu kitaby öwrenmek bilen köp sanly hakykatlarda bilimimizi çüňlaşdyrarys. Biz Hudaý hakynda we Onuň nähilidigi hakynda öwreneris. Biz perişdeler we Şeýtan, gökler we er, haýwanlar we adam hakynda öwreneris. Günäniň nädip dünýä aralaşandygyny we onuň gaty uly derbi dagynlyk we ejir ezýet getirendigini öwreneris. Ýöne şol bir hatarda, Özi bilen ajaýyp gatnaşykda bolup bilmekleri üçin we gaýdyp Hudaýa dolanyp bilmekleri üçin Reb Hudaýyň adamzat üçin döreden gutulyş ýoly hakynda hem öwreneris.

Birinji taryhda, ilkinji adamlary, ilkinji günäni we ilkinji ganhory görýäris. Biz ilkinji ýalan dinler, ilkinji pygamberler we ilkinji milletler hakynda okarys. Biz Adam ata we How enäniň, Kabyl we Habylyň, Nuh we sil, Hudaýyň pygamberi Ybraýym we näme üçin oňa Hudaýyň dosty diýlendiginiň taryhlary barada oýlanyp geçeris. Biz Ysmaýyly we Yshagy, Esaw we Ýakyby, Ýusuby we onuň betpäl doganlaryny göreris. Töwradyň birinji kitaby şulardan we başgada köp wakalardan durýar.

Häzir bolsa dostlar, geliň Pygamberleriň Ýazgylaryny yzygiderli öwrenmäge başlalyň. Töwratda, birinji bapda, birinji aýatda biz şeýle diýip okaýarys: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” (Başlangyç 1:1) Ine şu erden biz Mukaddes Kitaplar barasyndaky sapaklarymyzy başlamaly, çünki ine şu erde Hudaý Özüniň Kitabyny başlaýar: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.”

Bu aýatda biz bir zady oýlanyp geçmeli. Hudaý gökleri we eri ýaratmazdan öň nämeler bardy? Dünýäniň barlygyndan öň näme bardy? Mukaddes Ýazgylar bize Hudaýdan başga hiç bir zadyň bolmandygyny aýdýar. Şonuň üçin, “Başda Hudaý…”, diýip ýazgy aýdýar. Şeýlelikde, ozal başda, ol erde ne gök, ne-de er, ne deňiz ne-de agaçalar bardy, Hudaýdan başga hiç zat ýokdy. Başda Hudaý gökleri we eri ýaratmazdan öň ol erde gün hem, aý we ýylzdyzlar hem ýokdy. Başda, adamlarda we perişdelerde ýokdy. Şeýle bir wagt bolupdy Hudaýdan başga biziň görýän bü günki zatlarymyzyň hiç biri ýokdy.

Şonuň üçin, Mukaddes Ýazgylaryň birinji kitabynyň birinji aýadynda, biz şeýle diýip okaýarys, “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” Mukaddes Ýazgylar, “Başda Hudaý we perişdeler ýada “Başda Hudaý we adam” diýmeýär. Ýok. Mukaddes Ýazgylar bize, “Başda Hudaý” diýýär. Başda, hiç bir zat ýaradylmanka, perişdeler ýada adamlar hem ýaradylmanka ol erde ýaşaýan diňe Biri bardy. Ol Biri hem Hudaýdy!

Biziň dünýämizde, käbir adamlar, “Men Hudaýy göremok, şonuň üçin hem Hudaý ýok” diýýärler. Şeýle diýip Hudaýň bardygyny ret edýänlere biz käbir soraglar bermek isleýäris. Sen atom molekulasyny gördüňmi? Ýada dem alýan howaňy görýäňmi? Sen eli heý bir gördüňmi? Sen ýeli görmeseňde, onyň edýän işini görmek bilen onuň bardygyny bilýärsiň. Ýel bolanda agaçlaryň gymyldaýandygyny görýärsiň, emma ýeliň özüni welin hiç kim görüp bilmeýär. Sen ýeli eliňde tutup saklap bilmeýärsiň, emma onuň salkyn degmesini welin bilýärsiň. Hudaý bilen hem edil şeýledir. Biz Hudaýy görüp bilmeýäris, çünki Hudaý adam gözüne görünip bilinmeýändir. Emma welin, Onuň bardygyny Hudaýyň ýaradan zatlaryny görmek bilen bilip bilýäris. Ýazgy şeýle diýýär: “… Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.” (Rim.1:20)

Töwradyň birinji aýadyndan başga bir öwrenip biljek zadymyz: Hudaýyň başlangyjy ýokdyr. Hudaý başda ýaradylmandyr. Hudaý Bakyýet Rebbidir. Biziň bu dünýäde görýän ähli zatlarymyzyň başlangyjy bardyr. Emma Hudaýyň başlangyjy ýokdyr. Onuň gelip çykan eri ýokdyr. Hiç kim Ony dogurmady. Ony hiç kim ýaratmady, we Ol Öz Özüni hem ýaratmady. Ine şonuň üçin Mukaddes Ýazgyda biz şeýle diýip okaýarys: “Başda Hudaý…” Diňe onda başlangyjy ýokdyr. Ol hemişe bar bolan we baky ýaşaýan Biribardyr. Reb (Baky Bar bolan)Onuň adydyr. Ol bu gün nähili bolsa, düýn hem şeýledi, bu gün nähili bolsa, Ol bakyda şeýle bolar. Hudaý hiç haçan üýtgemeýär. “Başda Hudaý gökleri we eri ýaratdy,”dien aýatdan biz başgada zatlar öwrenip bilýäris. Bu hem, Hudaý beýikdir! Ähli zady ýaradan Hudaý her bir zatdan we her kimden hem beýikdir. Ol Ýaradylyşyň Rebbidir. Hakykatdan hem bütin ýüregimiz bilen, “Allahu Akbar!” diýip aýdyp bileris. Munuň arabça dilinden Turkmen dilindäki manysy: Hudaý beýikdir!) Hudaý beýikdir! Onuň deňi taýy ýokdyr. Ol bütin dünýädäki ähli zatlardan- deňizlerden, ýelden, günden we ýyldyzlardan hem beýikdir! Ol ähli perişdelerden-de we adamlardan hem akylly we güýçlidir. Baky şöhrada Ol mynasypdyr! Öý guranyň öýden wajyp bolşy ýaly, Hudaýda ähli zatdan belentdir, çünki ähli zady Ol ýaratdy. Ol öz güýji bilen ýaşaýar. Ol hiç kime bagly däldir. Ol hiç zada mätäçlik çekýän däldir. Oňa hiç kim gerek däl. Ol Beýik Biribardyr!

Ynsan bolan biziň köp mätäçligimiz bar. Her gün biz howadan dem almaly we uklamaly, içmeli we iýmeli. Bize gün we ýagyş, iýmit we suw, egin eşik we öý, ata we ene, dostlar we pul we başgada köp zatlar gerek. Bize gerek bolan zatlar nähili köp! Ýöne, ähli zady ýaradan Reb Hudaýa hiç zat gerek däldir! Ol aç galmaýar. Ol suwsamaýar. Ol hiç haçan ýadamaýar. Onda adamyňky ýaly teni ýokdyr. Onda hiç hili bir çäklendirme ýokdur. Onda gutaryş ýokdyr. Ol Baky Hudaýdyr. Ol Gudratygüýçli Biribardyr.

Indi bolsa, wajyp bir sorag. Eger Hudaý ynsan ýaly bolmasa we adamyňky ýaly bedeni bolmasa, onda Ol nähili? Ýazgy bu soraga anyk jogap berýär. Ol şeýle diýýär, “Hudaý Ruhdyr, Oňa sejde edýänler ruhda, hakykatda sejde etmelidir.” (Ýahýa 4:24) Hudaý nähili? Hudaý ruhdyr. Adam beden we ruhdyr, ýöne Hudaý diňe ruhdyr. Hudaýyň Ruhynyň hiç hili çägi ýok. Ol ähli erde. Hudaý hemmäniň we her bir zadyň ýokarsyndadyr. Ol ähli zady doldurýar. Ol ähli zady görýär. Gije we gündiz Hudaý üçin birdir. Eger sen otagyňda gizlenseň hem, Hudaý ol erdedir we Ol seni görýär. Hudaý ähli zady bilýändir. Ol seniň pikirleriňi we ýüregiňiň isleglerini bilýär. Hudaý beýikdir! Onda Hudaý nähili? Belki biz şu günki öwrenenlerimizi şeýle jemläp bileris: Hudaý hiç kim ýaly däl. Hudaý Hudaýdyr we Onuň deňi taýy ýok. Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigimizde biz siziň bilen Hudaýyň häsýeti hakynda düşünmegimizi artdyrarys. Mukaddes Ýazgylarda, Hudaýyň ýüzlerçe atlary bar. Ol Reb. Iň Beýik bolan. Gudratygüýçli. Ýaradyjy. Ýaşaýşyň Awtory. Nur. DogryBiribar. Mukaddes. Sabyrly. Söýgi Hudaýy. Ol diri we hakyky Hudaý!

Hakykatdanda, ozal başda gögi we eri ýaradan Hudaý, Beýik Biribar! Ol hakynda Ýazgy şeýle diýýär:

“Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çüňdur!…Ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir.” (Rim11:33,36) “Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi, ölümsizligiň eke-täk eýesi, etdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun. Omyn!” (1Tim.6:15,16)

Başga bir bapda, Hudaýyň pygamberi Musa Hudaýy ajaýyp aýdymda wasp edip şeýle diýýär: “Güýji her zada etýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr! Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň!”(Ylham 15:3,4) Hudaý hakykatdan hem beýik! Şonuň üçin Hudaýyň Sözüniň birinji aýady bize şeýle diýip öwredýär, “Başda Hudaý!”

Dostlar, bü günki Başda Hudaý! diýip öwrenen hakykatymyzy ýatdan çykarmalyň. Ozal başda diňe Hudaý bardy we şonuň üçin hem diňe Hudaý bize başda näme bolandygyny hem aýan edip biler. Diňe Hudaý mundan soň näme boljakdygyny hem aýan edip biler. Diňe Hudaý Özi hakyndaky hakykaty hem bize aýan edip biler.

Hawa, käbir adamlaryň, “Hiç kim Hudaýy bilip bilmez ýada geljekde näme boljagyny bilip bilmez” diýmegi mümkin. Muňa seretmezden, Pygamberleriň Ýazgylary bize, Hudaýy tanap biljekdigimizi we bakyýeti nirede geçirjekdigmizi bilip biljekdigimizi bize aýdýar. Çünki Hudaýyň Sözi şeýle diýýär, “Men muny size ýazdym…şeýle, siz ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň, we şeýle siz hak bolan hakHudaýy…we baky ýaşaýyşy bilersiňiz!(1Ýahýa 5:13,20) “Hudaýyň Özüni söenler üçin taýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir. Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi;sebäbi, ruh ähli zady, Hudaýyň çüň pikirlerini-de barlaýandyr.” (1Kor.2:9,10)

Bizi diňleýän sen, Hudaýy şahsy tanaýaňmy? Ýada Ol, seniň üçin beýik Ýaradyjy seniň aňyň eterden gaty uzakda bolan biri ýalymy? Gadyrly dostlar, Hudaý siziň Ony bilmegiňizi we Ol bilen baky ýaşamagyňyzy isleýär! Pygamberleriň ýazgylary bize nädip Hudaý bilen ajaýyp we ýakyn gatnaşykda bolup biljekdigimiz hakynda öwredýär. Biz bolsa, gulaklarymyzy we aňymyzy we ýüregimizi Hudaýyň aýdýanlaryna açmalydyrys. Öz Mukaddes Sözünde Hudaýyň ine bu dienlerine gulak as, “Bütin er ýüziniň soňlary,Maňa öwrül we halas bol; çünki Men Hudaý we Menden başgasy ýokdyr!” (Işaýa 45:22)

Dostlar, biz şu erde saklanmalydyrys.

Bu yzygiderli sapaklar audio kassetalarynda siziň üçin elýeterli bolup biljegini size bildirmek isleýäris. Eger siz olaryň doly görnüşini edinmek isleseňiz, bize hat ýazyň. Ýada siz, Mukaddes Ýazgylary kitap görnüşünde edinmek isleseňiz, biz size Ýazgylaryň käbir böleklerini ibereris. Biziň gepleşiklerimiziň soňunda beriljek adreslere hat yazyp bilersiňiz.

(Şeýle diýip her sapagyn soňunda, ýada her dort sapakdan aýdyp durýarys)

Biziň bilen radio tolkunlarynda galanyňyza kop minnetdar. Hudaý islese indiki radio eşitdirmämizde, haýran galdyryjy bir taryha: Perişdeler we Şeýtan atly, bölümi eşitdireris. Olaryň nireden gelendigi hakyndaky hak taryhy sen bilýärmisiň?

Şu aşakdaky aýatlar hakynda oýlanmakda we düşünmekde Reb Hudaý sizi bereketlesin:

Hudaý Ruhdyr, Oňa sejde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir.” (Ýahýa 4:24)

Biziň radio gepleşiklerimizi her gun gije sagat 22:25den 22:40 aralygynda MW (orta tolkunlaryň) 864kgs-nde diňläp bilersiňiz!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *