Hudaý Diýdi

Biz size Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrylan radio gepleşigimiziň makala görnüşini makalalar bölümizde siziň dykgatyňyza hödürleýäris! Bular hakynda öz bellikleriňizi ýazyp biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz!

Biz bu radio gepleşigimizi Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi, munda biziň Pygamberleriň Ýazgylarynda nädip nädogry saýylan adamyň Hudaýyň öňünde dogry saýylyp biljegi hakynda aýan edenleri hakynda öwrenmegimizdir.

Sen haýsy ýolda dogrulyk ýolundamy ýada nädogrulyk ýolunda? Hudaýdan gelýän dogrulyk ýoly hakynda bilmek isleýärmisiň? “Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.” (Matta 5:6)

Belki şeýle diýip pikir edýänlerem bardyr, “Biz dogru ýolu eýýäm bilýäris. Bize ilkinji pygamberleriň ýazanlaryny bilmek geregem däl. Biziň bilýänimiz bize eterlikdir!” Eger sende şeýle pikir edýän bolsaň, onda Hudaýyň pygamberi Süleýmanyň ine bu diýänlerini diňle, “Ýol bardyr, adama dogry görünýändir; onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr!” (Süleýmanyň tyms. 14:12)

Hudaýyň kitaby bolan Zebur kitabynda, Süleýmanyň kakasy Dawut pygamber Hudaýyň döreden dogrulyk ýoluna biziň mätäçdigimiz hakynda köp gürrüň edýär. Ol şeýle diýip ýazýar: “Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok; hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy; ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.” (Zebur 14:1,3; Rim.3:10,12) Ine şonuň üçin Dawut Zeburda şeýle diýip doga edipdir, “Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir, maňa öwret; çünki Sen meniň halasgär Hudaýymsyň; men bütin gün Saňa umyt baglaýaryn. (Zebur 25:4,5)

Eger Hudaýyň özi bize hakykat ýoluny görkezmese, onda biziň özümiz bu dogrulyk ýoluny bilip bilmeýäris. Biz bir çölde ýiten goýun ýalydyrys. Emma Hudaýyň Sözi şeýle diýýär, “Hudaý hiç kimiň heläk bolmagyny islemän…Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine etmegini isleýändir.” (2 Petrus 3:9; 1 Tim. 2:4) Dostlar, Hudaýa eltýan hakykat ýoluny bilmekden başga hiç bir zat wajyp däldir. Bu Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigimizde Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwreneris. Biz Hudaýyň pygamberleriniň taryhyny birin birin başyndan soňuna çenli öwreneris. Hudaýyň Sözüniň başlangyjy we soňy bardyr.

Biz Hudaý we pygamberler hakyndaky gaty wajyp zatlary öwreneris. Şol bir hatarda, Mukaddes Ýazgylary birnäçe pygamberleriň ýazandygyny ýöne olaryň ählisiniň Awtorynyň eke täk Biribar Hudaýdygyny we Ol tarapyndan ylhamlandyrylandygyny göreris. Pygamberler Ýazgylarynyň köplerçe wakalardan we taryhlardan durýandygyny emma diňe bir esasy habardan: adamzadyň Hudaýyň öňünde nädip dogry saýylyp bilmegi hakyndaky Hoş Habardan durýandygydyr.

Şonuň üçin biz sizi bu Dogrulyk Ýoly atly radio eşitdirmämizi yzygiderli we ünsli diňlemeklige çagyrýarys. Atalar sözünde aýdylyşy ýaly, “Sabyrlylyk bilen iş biter” ýada “Guýu başynda sabyrly garaşan suwdan ganar” diýilişi ýaly, Hudaý hem bu hakynda Öz Sözünde Özüniň, “Özüni agtarýanlary sylajakgydygny” aýdýar. (Ewreýler 11:6)

Özüni çyn ýürekden gözleýänlere, Hudaý şeýle diýip wada berýär: “Eger bütin ýüregiň bilen meni gözleseň, sen meni taparsyň!” (Eremýa 29:13)

Bu Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizde biz Hudaý we Onuň Sözi hakynda bilimimizi artdyrarys. Sen Hudaýyň nähilidigini bilýärsiňmi? Ýada Şeýtanyň nireden gelendigini bilýärmisiň? Hudaýyň ynsany näme üçin ýaradandygyny bilýärmiň? Ýada Hudaýyň ýaradan ajaýyp dünýäsine günäniň nädip aralaşandygyny bilýärmiň? Hudaýyň pygamberi Nuh we tupan hakynda ajaýyp taryhy okadyňmy? Hudaýyň pygamberleriniň ýazanlaryny biýärmiň? Ybraýyma näme üçin Hudaýyň Dosty diýilendigini bilýärmiň? Sen öz çagalaryňa we dostlaryňa pygamberleriň ýazgylaryny düşündirip bilýärmiň?

Müňlerçe ýyl mundan öň Eýýup pygamber şeýle diýip sorag beripdir, Nädip adam Hudaýyň öňünde dogry saýylyp biler?” (Eýýup 9:2) Eýýubyň soragyna Hudaýyň beren jogabyny bilýärmisiň? Sen Hudaýyň öňünde nädip dogry saýylyp biljekdigiňi bilýärmiň? Hudaýyň bu soraga we başgada birnäçe soraglara berjek jogabyny bilmek isleseň, bu Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigmizi diňläň. Hakykatdan-da, Hudaýyň Sözi çüňňür, ajaýyp, diri we gudratlydyr. Ene-de başga bir zat, ýagny Hudaýyň Sözi hiç bir zady gizlemeýändir. Ol ynsanyň nähilidigini doly açyk görkezýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr.” (Ewreýler 4:13)

Bu günki galan wagtymyzda biziň bir gowyja bilmeli bolan bir hakykatymyz bardyr. Ol-da: Hudaý gürledi! Iň Belent bolan Hudaý gepledi! Hudaý adamzada gepledi we Ol saňa­da geplemek isleýär! Eger sen uzak ýurtda patyşalyk sürýän gudratly bir patyşadan hat alan bolsaň okarmydyň? Ol hatynda maňa näme ýazdyka diýip oýlanarmyň? Patyşanyň aýdan sözlerine sen üns berermiň? Onda, biz bilen gepleşýän Iň Beýik bolan Hudaýyň Sözüne nä derejede üns bermeldiris!

Hudaý adama nähili gepledi? Mukaddes Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär, “Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir…” (Ewreýler 1:1) Hawa, Hudaýyň adamlara geplän ýolarynyň esasy biri pygamberler arkalydyr. Öňki zamanlarda Hudaý belli bir adamlara Öz sözüni aýan edipdir we olary kitaplara ýazmagy buýurypdyr. Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: “Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özünden many çykarma däldigini bilmelisiňiz. Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler.” (2Pet.1:20,21)

Hudaý Ýazgylary Özi ýada perişdelerine hem ýazdyryp bilerdi. Ýöne Ol muny etmedi. Hudaý ýönekeý adamlary Öz Sözüni ýazmaga çagyrypdyr. Biz ol adamlara pygamberler diýäris. Hudaý olaryň aňyna ýazmaly zatlaryny beripdir we olarda olary Hudaý üçin ýazypdyrlar. Ýöne Hudaý her bir pygambere öz sözleri bilen Rebbiň aýdanlaryny ýazmaga rugsat beripdir. Hudaý her bir sözi ylhamlandyrypdyr, ýöne pygamberiň şahsy aýratynlygynyda ret etmändir. Hudaýyň Sözi diňe bir Onuň göni sözlerinden durman, meniň we seniň ýaly adamlaryň pikirlerinden, dogalaryndan we kynçylyklaryndan hem durýandyr. Ondaky adamlaryň durmuşynda Özüniň nähili hereket edendiginiň üsti bilen Hudaý bize nädip Oňa ýakynlaşyp bolýandygyny görkezmek isläpdir.

Näme üçin Hudaý pygamberlere Mukaddes Ýazgylary ýazmaga ylhamlandyrypdyr? Muny etmek bilen Hudaý her bir nesliň Özüniň olaryň bilmegini islän zatlaryny bildirmek isledi. Saňa we maňa olaryň ýazan zatlarynyň üsti bilen Hudaý geplemek üçin, Ol pygamberlere gepledi. Hudaýyň pygamberlerine aýdan zatlary bu günki gün biziň üçin hem peýdalydyr. Hudaý biziň her birimiziň pygamberleriň ýazgylaryny bilmegimizi isleýär. Belki kimdir biri, “Äý, maňa ilkinji pygamberiň ýazan zatlary gerek däl. Olaryň sözleri meniň üçin wajyp däl. Her bir pygamberiň erine etirmeli bir işi bolupdyr. Pygamber gelipdir, işini erine etirip bu dünýäden geçip gidipdir. Başga biri gelipdir, ol hem öz işini erine etirip dünýänden geçipdir..we şuňa meňzeş. Bu gunki ýaşaýan biz üçin ol ilkinji pygamberleriň aýdanlary gerek dal we bilmek hem hökman däl!” Sen hem bu pikirler bilen razylaşýaňmy? Hudaýyň pikirleri bu pikirler bilen razylaşmaýar. Reb Hudaýyň diýýänlerine gulak as,

“Çünki size dogrusyny aýdýaryn, gök bilen er geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez. Muňa görä kim şu iň kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gökleriň Patyşalygynda iň kiçi saýylar; kim-de bulary berjaý etse we öwretse, ol Gökleriň Patyşalygynda uly saýylar.” (Matta 5:18,19)

“Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, Öwretmek, käemek, ýola getirmek, dogrulykda terbielemek üçin peýdalydyr.” (2Tim.3:16) Hakykatdan-da, pygamberleriň ýazgylary gaty gymmatlydyr, çünki olar her bir ýaşdaky adamlaryň we ähli nesilleriň Hudaýyň gutulyş ýoluny bilmekleri üçindir. Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylaryny bilýärmisiň? Hudaýyň sözlerini bilmegmizi, ynanmagymyzy we boýun bolmagymyzy Ol biziň her birimizden isleýär. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi…garaňky erde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz.” (2Petrus 1:19)

Hawa, käwagtlar biz Hudaýyň Kitabyna garşy gidip şeýle diýýänleri eşidýäris: “Hiç kim oňa ynanyp bilmez! Ol ýalňyşlardan doly! Ol üýtgedilipdir!” Ýöne, Hudaýyň Hakykat Sözüne garşy göreşýänler, Hudaýyň Özine garşy göreşýändirler! “Yumurtga daş bilen göreş tutmaly däldir.” Hudaýyň Sözi Daş kimindir we adamyň sözi bolsa ýumurtga ýalydyr! Ynsan, Hudaýyň hakykat Sözüni üýtgedip bilmez, munuň erine Hudaýyň hakykat Sözi ynsany üýtgedip biler! Hudaý Gudratygüýçlidir we Öz Sözüni baky goramagy başarýandyr! Şonuň üçin Hudaý Öz Sözi bolan Injilde şeýle diýipdir: “Gök hem er geçer, ýöne Meniň sözlerim asla geçmez!” (Matta 25:35)

Köp adamlaryň Hudaýyň Sözüne garşy göreşdiler, çünki ol olaryň ýürekleriniň hakyky bolşyny aýan edýändir. Hudaýyň Öz Sözi hakynda bu aşakdaky aýdanlaryna gulak sal:

“Hudaýyň Sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir nietlerine höküm edýändir. (Ewreýler 4:12)

Hawa, Hudaýyň Sözi diridir we täsirlidir; ol ýürege gepleýändir.Mukaddes Ýazgylar dünýäde iň gadymy kitapdyr, ýöne häli heniz hem her bir adama degişlidir. Hudaýyň Sözünden başga hiç bir zat wajyp däldir. Hudaýyň Sözi gowy iýmit ýalydyr. Iýmitiň biziň tenimiz üçin gündelik gereklidigine biziň hemmämiz razylaşarys. Ýöne men iýmiti iýmesem onda onuň maňa hiç hili peýdasy bolmaz. Men iýmiti iýmeli. Ýönekeýlik bilen, Hudaýyň Sözünden hem men iýmitlenmeli, şonda ol maňa peýdaly bolup biler. Şonuň üçin Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: “adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr” diýýär. Diňe dogrulyga ajygyp suwsanlar doýup ganýandyrlar. (Matta 5:6)

 

Sen Hudaýyň Sözüne ajygýaňmy? Ol iýmitdir, gaty tagamly iýmitdir. Ol seniň bedeniňi peýdaly we ýakymly boljak iýmit bolman, ýüregiňe we janyňa peýdaly iýmitdir. Hudaýdan gorkýan we Onuň Sözüne teşne bolan saňa biz şeýle diýmek isleýäris: Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizi yzygiderli diňlemäge çalyş. Eger şeýle etseň, onda sen Hudaýyň Öz pygamberleri arkaly ozaldan aýdan sözleri hakynda bilim alarsyň we Mukaddes Biribaryň öňünde nähili dogry saýylyp biljegiň hakynda öwrenerisiň. Hudaý gepledi we Ol saňa-da geplemek isleýär!

Biz siz bilen hoşlaşmazdan öň ene bir zady anyklamaly. Radio eşitdirmelerimizde biz Hudaýyň Sözünden başga hiç bir zada we hiç kime esaslanmaýarys. Bu gepleşikleri taýýarlan biz, Hudaýyň Mukaddes Ýazgylarda beýan eden Hakykatyndan başga hiç bir zada esaslanmadyk. Şonuň üçin Zekerýanyň ogly Ýahýa pygamber Injilde şeýle diýipdir,

“Adam gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez.” (Ýahýa 3:27) Biz özümiziň bilimimize daýanmaga tama etmeýäris. Biz diňe Hudaýyň Sözüne daýanýarys. Öz pygamberleri arkaly Hudaýyň yglan edenlerini size bildirmek biziň islegimizdir.

Pygamberleriň ýazgylarynda Hudaýyň näme diýendigini bilýäňizmi? Siz Hudaýyň Sözüne we hakyky dogrulyga ajygyp-suwsanlaryň arasyndamy? Özüniň Mukaddes Sözünde Hudaý Özüni we Özüniň döreden gutuluş ýoluny aýan etdi. Siziň Hudaýyň aýdýanlaryna düşünmegiňiz üçin biz sizi Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizi diňlemäge çagyrýarys. Hudaýyň Sözi bize şeýle diýýär: “Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr.” (Rim.15:4)

Biz bir zatda welin anyk: Hudaý gepledi we her kimiň Ony eşitmegini we ýaşamagyny isleýär! Ýaşulylar we ýaşlar, erkekler we aýallar, baý we garyp, Hudaý her biriňize: “Gulak as! Gulaklaryňyzy açyň we maňa geliň. Diňläň, we siziň janyňyz ýaşar.” (Işaýa 55:3) diýýär.

Dostlar, soňuna çenli okanyňyz üçin köp sag boluň! Indiki makalamyzda, biz siziň bilen, “Hudaý nähili?” diýip atlandyrylan gurruňi size ýetireris.

Hudaýyň siziň üçin bolan ine bu ajaýyp çakylygy hakynda oýlanmakda Reb sizi bereketlesin: Gulak as! Gulaklaryňyzy açyň we maňa geliň. Diňläň, we siziň janyňyz ýaşar!” (Işaýa 55:3)

 


Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *