Minnetdar Ýaradana

 

Minnetdar Ýaradana!

 

Göz aýlamda jahana,

Göwnüm gelýär heýjana.

Minnetdar Ýaradana,

Baky şöhrat Atama.

 

Ýaradanym ýaratdy,

Ýeri, gögi hem deňzi,

Gury ýeri, haýwany,

Guşlary hem ynsany.

 

Berdi oňa jenneti,

Ondaky ähli zady.

Hudaýa gulak asyp,

Çekmändi ol azaby.

 

Hudaý bilen ynsanyň

ýokdy dawa-jenjeli.

Gynandyrdy bu ýagdaý

Päliýaman şeýtany.

 

Duzak gurup How enä,

Iýdirdi ol miwäni.

Şol pursatdan ölüme

Berdi Hudaý ynsany.

 

Gamlandyrdy Hudaýy

Ynsanyň bu ädimi.

Ýeňmek üçin ölümi,

Berdi bize Isany.

 

Isa dünýä gelende,

şeýtan azdyrjak boldy.

Köpden-köp wada berdi,

emma Rebbim: «Ýok» diýdi.

 

Çalyşmady Hudaýy

Dünýäň ähli malyna.

Haçda ýeňip ölümi,

Galdy ýene asmana.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *