Saýlama güýji
Giriş
Ynsan bolmagyň düýp özeni
Ýaşamagyň Mesihiçilik ýoly – bu, adamzadyň ajaýyp garaýşyna esaslanandyr. Adamlaryň erkin saýlama ukybynyň barlygy hem, Injiliň esasy düşünjesidir. Saýlama ukyby — bu, hoşniýetli sylagdyr. Jogapkärçiligiň kyn bölegi-de, şol sylag bilen gelýändir. Sebäbi biziň saýlama güýjümiz, göz öňüne getirşimizden hem ähmiýetlidir, çaklaýşymyzdan-da has jogapkärçilidir.
Biziň gymmatymyz we kuwwatymyz diňe bir özümizden çözülmeýär. Biz, öz-özümizi ýa-da dünýämizi ýaratmadyk. Biziň ýaradylşymyzy başga kimdir-biri saýlady. Biz, onda nähili ýaşamalydygyny saýlaýarys.
1. Biz ähli zadyň aňyrsynda durana Hudaý diýýäris
Dünýäni Hudaý ýaratdy. Ol ony söýgi hem adyllyk bilen dolandyrýar. Biziň ýaradylşymyzyň esasy düşünjesiniň merkezinde akylly-başly dizaýner-bezegçi durýar. Diňe Ol bize ýaşaýayş berýändir. Iru-giç, bu durmuşda ýa-da indiki-de, biziň hemmämiz Onuň hakyky eýeçiligine we häkimiýetine duçar bolýarys.
Biz Onuň döreden zady. Ol bize ýokary baha berip, ýeriň üstünde höküm sürmek ygtýaryny berdi.
Suraty çeken hudožnik oňa eýelik edýär we ol hakda çuňňur aladalanýar. Täze maşyny oýlap tapan dizaýneriň ony ulanmaga-da haky bardyr. Şunuň ýaly ýol bilen, Hudaý biziň dünýämiziň işini Öz üstüne alýar. Ony Ol ýaratdy. Ol Öz baýlygynyň üstünden kanuny tarapdan gözegçilik edesi gelýär.
Ol bize, Öz gözegçiligi astynda bellenen ygtyýarlygy berdi. Dünýä hakda alada etmegi Hudaý Öz ýolbaşçylygy astynda ilkinji adamlara ynandy. Adamzat — şu ajaýyp planeta jogapkärdir. Biz, diňe Birine, bize bu mukaddes ynamy Berene jogapkärdiris.
Hudaýyň maksady.
«Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär» (Rimliler 1:20).
Eger bu, Hudaýyň ýoly we ynsanyň wezipesi bolmaly diýip hasaplasak….. Näme bolar? Biz bir ýerde, gämimiziň kapitanynyň kim bolmalydygyny bilmän, ýolumyzy urdurjak ýaly görünýäris.
2. Biz saýlama erkinligimize hyýanat etdik, indi, Hudaýyň üsti bilen dünýä gözegçilik etmek bozuldy
Biziň saýlama ukybymyzda beýik güýç bardyr. Saýlama erkinligi sylagyna hyýanat edildi. Ilkinji adam we aýal, ähli zady ýok edýän bir ugry saýladylar. Olar, Hudaýyň ýerine özlerini goýmagy we durmuşlaryna özleriniň gözegçilik etmegini saýladylar. Biziň hemmämiz hem, olaryň göreldesine eýerdik.
Hudaý, biziň Oňa rugsat bermezlik hukugymyza-da hormat goýýar.
Bu esasy karar, biziň Hudaý bilen özara gatnaşygymyzyň sazlaşygyny bozdy. Biz öz ýolumyz bilen ýöräp, Hudaýyň ýolbaşçylygyny ret etdik we Onuň bilen gatnaşygymyza uly tagta kakdyk.
Biz, elimizde baryny edýändigimize garamazdan, hemişe gözegçilik synanşyklarymyzda şowsuzlyga uçraýarys
Biz öz tekepbirligimiz sebäpli, çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Biz saýlamaga gözegçilik etmegi saklap bilmeýäris. Biz, merkezde özümizi goýup, durmuşymyzy biri-birimize gözegçilik etmek bilen geçirmäge synanyşýarys, şol bir wagtyň özünde-de, özümiziň gözegçilik edilmezligimize çalyşýarys. Netije nähili? Agyry-ynjy, ähli tarapdan heläkleýji ýitgi we hakyky ölüm gorkusy howp salýar.
Hudaýyň maksady.
«Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy» (Rimliler 1:21). «Sebäbi günäniň muzdy ölüm, ….» (Rimliler 6:23).
Biz öz erkinligimizi, tekepbirligimiz sebäpli bela-beter indermek üçin ulanandygymyz gürrüňsizdir. Ondan saklanmaga bizde güýç ýokdur. Hudaý bizi terk etdimikä?
3. Hudaýyň garaýşy biziň özümizdäki ynsan garaýşyndan has beýikdir.
Biz özümizden talap edilýän zady berdik.
Hudaý biziň saýlamaga bolan güýçli ukybymyzy beýgeldýär. Onuň Özi garşy bolsa-da, bize saýlamaga rugsat berýär. Ol bizi Özi bilen deň hasap edýän ýalydyr. Haçanda biz, öz isleýşimiz ýaly ýaşamagymyz üçin Ondan özümizi ýeke galdyrmagyny soranymyzda, Ol muny göwnemän edýär. Ol bize, planetamyza we şahsy dünýämize hökümdarlyk etmäge rugsat berýär.
Biz öz saýlawymyz we başgalaryň saýlawy bilen berkleşendiris.
Emma biz, birbada iki ýoldan ýöräp bilmeýäris. Saýlawymyz şowsuz bolup, Hudaýa barýan ýoluň ýapylanlygy, biziň yzymyza dolanyp bilmeýändigimizi aňladýar. Hudaýy oýnamagyň erbet tarapy bardyr. Hudaýyň hökümi, diňe bir erkinligimizi ykrar etmän, eýsem ony talap hem edýändir. Mundan beýläk, biz öz kynçylyklarymyzy Onuň çözmegine garaşyp bilmeýäris. Biz hiç hili päsgelçiliksiz islän zadymyzy edip bileris. Esasy mesele, saýlama netijeleriniň nähili boljagydyr.
Biziň Hudaýyň kanunyndan aýry döreden alternatiw dünýämiz, basym Injil nukdaýnazaryndaky dowzaha meňzär
Özlerini we başgalary ejir çekdirmek bilen agalyk adamlaryň gaýgy-hasratynda, Hudaýyň adalatyny görmek bolýar. Saýlama erkinliginiň uly bahasy bardyr. Hudaýyň ýolbaşçylyk hukugyny ret etmek, biziň ýeke gidişimiz ýaly daşlaşmaga we üzňelige getirýär.
Hudaýyň maksady
«Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýşi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady. Olar bütin nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly» (Rimliler 1:28-29).
Biz pikir edip, isleýän zadymyzy aldyk. Biz öz ajaýyp zehinimizi erkin saýlamada ulanyp, başgalara elhenç rehimsizlik bilen ejir çekdirdik. Biziňki — gorkunç dünýädir. Muňa, Hudaý günäkär däldir. Bu dünýäniň ýagdaýy hut biziň günämizdir. Bu, şeýle dälmi näme? Hudaýyň hökümdarlygy astyndaky durmuşa dolanmaga hiç hili ýol ýokmy? Biz diňe öläýmelimi we bar bolany şolmy?
4. Hudaýyň söýgüsi ret etmekden halas edýär
Hudaý bizi terk etmekden ýüz öwürdi.
Tekepbirligimiziň netijesini näme üýtgedip biler? Hudaý biziň özümiziň hökümet döretmegimizden halys bolandygymyzy gördi. Bize daşardan kömek gerekdi. Toba edip, Hudaýyň ýolbaşçylygyny saýlan her bir adamy, Ol täzeden halas etmegi ýüregine düwdi. Nähili usul bilen? Onuň Özi ynsana öwrüldi!
Ol bize täze saýlaw berdi. Görüp hem düşünip bilerimiz ýaly, Onuň ýolbaşçylygy ynsan şekilinde amala aşdy.
Isa, ynsan bedeninde Hudaýdan başga hiç kim däldi. Hakykatda bolsa, Ol täze adamzadyň nusgasydy. Muny Injil aýdýar we mesihiler ynanýarlar. Hudaýyň Ynsan Ogly Özüniň gökdäki Atasyna doly boýun boldy. Ol Öz kalbynyň çuňlugynda, biziň ýaly Özüni merkezde goýman, eýsem Ol başgalaryň aladasyny etdi.
Ol Özüni gurban etmek bilen ýolbaşçylyk edýär. Isa bize gökdäki ýolbaşçylygyň nähilidigini görkezdi.
Esasy mesele ähli ynsanlar nädip Oňa meňzeş bolup biler? Biziň ýalňyş saýlamamyzyň uzak wagtlaýyn netijesi häzir aýdyň boldy. Biz öz durmuşymyzyň yzynda ylgamak bilen ölýäris. Ine, Hudaý nädip muňa böwet bolýar: Isa haçda biziň peýdamyza ölende, her bir tekepbir, kesir hem boýnuýogyn saýlawyň günälerini öz üstüne alýar. Hakykatda, biz taşlanan hem bolsak, Onuň ölümi bize saýlama hukugyny açdy. Ol biziň üçin, Hudaýa gelmekde iň soňky mumkinçiligimiz boldy.
Hudaýa barýan ýol — biziň ynanýan Ýolbaşçymyzdyr.
Isa şeýle jogap berdi: «Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6).
Bu tassyklama, ýakyndan synlanmaga mynasypdyr. Eger bu hakykat bolsa… onda bu ýerde öňki saýlamamyzyň netijesini üýtgetmäge ýene-de mümkinçilik bardyr. Ölümi ýeňip bolar.
5. Oňat hökümet adalatlylygy talap edýär.
Ikinji mümkinçilik.
Biziň tekepbirligimiz höküme mynasyp bolsa-da, Hudaý bize Öz söýgüsini ýeňiş bilen görkezmegiň ýoluny tapdy.
Isanyň haça çüýlenmeginiň „kesgitlemesi”
Isa, meýletin Öz ömrüni bagyş edip, biziň ýalňyş hem tekepbir saýlawymyzyň yzasyny kabul etdi. Ol üç günden soň ölümden direlende, ölümiň ýeňlendigini we adalatyň amala aşandygyny subut etdi.
Ol bizi soňsuz durmuşa alyp barýar.
Öz ölümini Onuň ölümi bilen çalyşmagy saýlan her bir adam, öz durmuşyny Onuň ýolbaşçylygy astynda täzeden gurar. Indi olar Onuň durmuşyny … ebedi paýlaşyp bilerler. Eger siz, älem-jahanda adyllyk isleýän we beýlekileriň saýlawy özüňizi ynjydýan bolsa, onda olaryň dogry çözülmegini gazanyň. Şonda, bu mesele dogry çözüler.
Söýginiň we adalatyň ajaýyp galyndysy, Hudaýyň bizi mynasyp alyp barýan çuňňur hakykatynda aýan bolýar.
Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy… Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi (Rimliler 3:25, 26).
Özlerini ilkinji orunda goýýan her bir adamyň ýolbaşçylyga bolan doly ynamsyzlygy,dünýädäki ýaşaýyşyň uzak wagtlaýyn netijesidir. Hudaý bize, Isada Onuň sylag-hormatlydygyny we ynamdardygyny görkezdi. Onuň ýolbaşçylygyny ýürekden saýlamak gorkyny döretmegi mümkin. Bu, Onuň göwne degýändigi üçin däl-de, biziň isleýşimiz ýaly kabul etmän, mejbury ýagdaýda gözegçilikde galmagymyz sebäplidir.
6. Oňat hökümet hyzmatdaşlygy talap edýär
Eger Isanyňky dogry bolsa näme? Hudaýyň Patyşalygy iň oňat jemgyýet bolsa näme?
Biziň wepalylygymyza mynasyp bolan Hudaýy, biz, Isada tapyp saýlap bilýäris. Dünýädäki iň ýokary häkimiýet biziň üçin şeýle ajaýyp ýol bilen alada edýär, ýagny Isa Öz durmuşynda ölümi we ölümden direlişi beýan etdi. Şeýlelikde, Ol çynlakaý kabul etmeli hakykaty ýeňdi. Ol biziň ynamdar ýolbaşçymyzdyr, Onda biziň hiç hili gorkymyz ýokdur, Ol bizi hemmämiziň isleýän ýurdumyza alyp barýar.
Durmuşyň iň möhüm saýlawy
Eger saýlama erkinliginiň şu aşakdaky düşündirişi ähmiýetli bolsa, onda siz ýokardaky karar üçin taýýarsyňyz.
Aýgytly karara gelmekde we özüň üçin ýol saýlamakda, çuňňur zehiniň öz Ýaradanyňa tarap saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Isa, Öz söýgüsini we Öz ýolbaşçylygyny hödürläp, sizi Öz Patyşalygyna girmäge çagyrýar.
Näme üçin Hudaý siziň durmuşyňyzda wekillik etmeýär?
«Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň». Çünki Mukaddes Ýazgy: „Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär. «Sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr» (Rimliler 10:9, 11, 12).
Bu Utopiýa ýa-da jennet hakynda, ýa-da kir-kimirsiz dünýä hakyndaky pikir biziň kalbymyzdan eriş-argaç bolup geçýäne meňzeýär. Adyl Hudaýyň hökmürowanlygy astyndaky durmuşa bolan höwes, hamala biziň zannymyzda bar ýaly duýulýar. Eýsem, näme başga ýoly saýlap bolanokmy? Gapy henizem açykdyr.
Hudaý bilen täzeden gatnaşyga başlamak nämä meňzäp biler?
Hudaý bilen täze gatnaşyga, Onuň bilen nähili erbet daraşandygyňyz baradaky hakykata indi düşünýändigiňizi gürrüň bermekden başlaň.
Ony sylamandygyňyz we boýun egmändigiňiz, şeýle-de hiç hili parhsyz bolandygyňyz üçin, Ondan ötünç soraň. Öz barlygyň üçin — ömrüň üçin, bedeniň, aňyň, ýeke-täk zehiniň, duýgularyň üçin we saýlap bilýän güýjüň üçin Oňa hormat goý. Onuň Isa arkaly berýän günä geçmegini sora, Onuň beren ygtyýaryny ret etmeýändigiňi we ömrüň galan bölegine Onuň wekillik etmegini isleýändigiňi Oňa aýt.
Ondan kalbyňy Öz öýi etmegini sora.
Sen häzir hem, hemişe-de Oňa ýakyn bolmak isleýändigiňi aýt. Ony tanaýandygyňa begenýändigiň üçin we dostluk synagy üçin özara gatnaşyklara uly baha berýändigiňi Ony ynandyr. Şatlyk hem gaýgy getirjek her bir ädimde, Oňa mylaýym bolmak isleýändigiňe söz ber. Seni söýmäge we ýolbaşçylyk etmäge Oňa rugsat ber.
Onuň habaryny (Injili) çynlakaý kabul et.
Injili okanyňda, Onuň, seniň bilen gepleşýänliginiň umydynda oka. Özüň üçin Onuň hakykata öwrülmegini sora.
Özlerini Hudaýyň Patyşalygyna açan adamlar bilen gatnaşykda bol.
Töweregiňde, Rebbe öz durmuşynyň ähli taraplarynyň Hudaýy bolmaga rugsat beren dostlaryň bolmagy, öz şahsy gatnaşygyň ösmegi üçin wajypdyr. Mesihe eýerýänleriň bu jemgyýetine ýygnak diýilýär. Ýöne, hemme mesihi ýygnaklar Isa boýun egip ýaşamaýarlar. Ähli zatda, Isanyň ýolbaşçylyk etmegine ýokary baha bilen rugsat beren adamlary tap.
Durmuşyňda Hudaýyň wekillik etmegini saýlamak — bu, işiň başlangyjydyr.
Sen Hudaýyň hökmürowanlygyna eýermekde müňlerçe ýoly saýlarsyň. Öz durmuşyňa özüň gözegçilik etmegi karar eden bolsaň, ondan ýüz öwür, yzyňa öwrül-de, täzeden boýun egmek bilen başla.
mykwp mkhv ngbmrhxv jblv jmlxct kredxsba hsmvycnfa