Alkogolizmiň üstünden eňiş

alcoholism1.jpg 

 

Hudaýyň arakkeşlige garşy serişdesi

DUÝDURYŞ Resul Pawlus serhoşluk babatda Hudaýyň duýduryşyny şeýle ýazdy: «Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ….. ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar» (1 Korintos. 6:9-10).

 UMYT Ýokarda berlen duýduryşdan soň, Korinfda ejir çeken mesihiniň hakyky halas bolmagy babatdaky ýazgy gelýär: «Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz» (1 Korintos. 6:11). Resul Pawlusyň hatyny okan her bir adamyň Hudaýyň arakkeşlige garşy serişdesinden peýdalanandygy şundan mälimdir. Gürrüň başga-da köp mysallardan durýar, ýagny düzedip bolmajak arakkeşler öz ýüreklerinde işlän Mukaddes Ruhuň üsti bilen doly halas boldular.

SERIŞDE Bu serişdäniň gerekli täsir etmegi üçin, özüňiň doly alaçsyzdygyňy boýun almaly. Adatça, arakkeşler geljekde haçan hem bolsa bir gün özlerine erk edip bileris öýdüp pikir edýärler. Emma, adamyň özüni özi halas edip bilmeýär. Hiç kim özüni özi halas edip bilmez. Hudaýyň serişdesi — bu Onuň Ogly Reb Isa Mesihe iman etmekdir. Ine, resul Pawlus Isa Mesihiň güýji barada näme aýdýar: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Filip. 4:13). Isa doglanda perişde şeýle diýdi: «…Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder.» (Matta 1:21). Günäden diňe Isa Mesih halas edip biler. Onuň Özi günäsiz ýaşady we her bir günäden ýeňiş gazandy. Ölümiň güýjünden halas bolar ýaly, Ol günäsiz öldi. Ol ölümden direldi, munuň bilen Ol Özüniň Hudaýlyk güýjüni ýene bir gezek subut etdi. Ol göge Hudaýyň ýanyna baryp, Özünden kömek sorap ýüz tutýan günälileriň ýüreginde we kalbynada işlemek üçin Mukaddes Ruhy iberdi.

USUL 1. Siz yhlas bilen diňe bir arakkeşlikden däl-de, islendik günäden halas bolmagy islemelisiňiz. «… Meni agtararsyňyz, bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz» (Ýerem. 29:13).

2. Siz Hudaýdan kömek sorap ýalbarmalysyňyz. Ybadathana dileg etmäge gelen fariseý özüniň şahsy dogrulygyna bil baglaýar, emma salgytçy pahyr özüniň günäsini we alaçsyzdygyny boýun alýar hem başyny egip, dileg edýär: «Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!» (Luka 18:13). Halasgär Isa özüňiziň şahsy dogrulygyňyz babatda hiç hili subutnamasyz geliň, çünki «… Rebbi çagyran adam gutular» (Resul. Işl 2:21).

3. Toba ediň we ýüz tutuň. Haçanda Hudaýyň Ruhy sizde öz şahsy günäleriňiz hakda ýürekden gynanmagyňyzy oýaranda, siz düýbünden başga durmuşda ýaşamagy islärsiňiz — diňe şonda Hudaý Öz işine başlap biler. Mukaddes Ýazgyda şeýle diýilýär: «… Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz» (Resul. Işl 2:38). Nähili ajaýyp wada! Nähili ajaýyp sylag!

4. «… Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň..» (Resul. Işl. 16:31). Siz düzgün sanawy boýunça halas bolman, eýsem Hudaýyň Ogly — Isa Mesih arkaly halas bolarsyňyz. Hiç bir ybadathana muny edip bilmez. Isa şeýle diýdi: «… Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6). Siziň dogrulygyňyz Hudaýyň nazarynda kirli sal-sal geýime meňzeşdir. Özüňize bil baglamaň. Ähli zatda Hudaýa bil baglaň. Isanyň Rebdigini adamlaryň öňünde wagyz ediň. Hemmeleriň öňünde Ony Reb hem Halasgärdigini boýun alyň. Şonda siz Onuň Öz çagasy bolarsyňyz we siziň şaýatlygyňyz sizi Mesihiň üstünden gülýänlerden we duzaga düşürmäge yrýanlardan aýyrar.

5. Ähli erbet täsirlerden daşda duruň. Öňki bile gatnaşýanyňyza indi Rebbe gulluk etjekdigiňizi aýdyň. Köne dostlaryňyzy öz göreldäňize eýermäge çagyryň, eger bu olar üçin gyzyksyz bolsa, onda olar bilen dostlugyňyzy hemişelik goýuň. Spirt içgileri satylýan ýerlere barmaň. Hatda ol tarapa seretmäň hem. Öň bir wagt ýerde ýaşan iň akyldar adam şeýle diýipdir: «Şerabyň gyzarmasyna, pyýalada öwşün atmasyna, aňsatlyk bilen aşak syrykmasyna bakma. Ahyrsoňy ol ýylan kimin çakýandyr; kör ýylan ýaly sokýandyr» (Süleým. Tym. 23:31-32). «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin. Her zady başarýan Reb: “Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz” diýýär (2 Korintos. 6:17-18).

6. Özüňiziň tapan ruhy we wepaly mesihi ýygnagyňyz bilen ýakyndan gatnaşyň. «Onuň sözüni begenç bilen unanlar çokundyrylyp, … Resullaryň nesihatlaryny diňlemek, çörek bölmek, ýakyn aragatnaşykda bolmak we doga okamak bilen olar wagtlaryny geçirýärdiler» (Resul. Işl. 2:41-42). Bu ýalňyzlyga we hiç kime gerekmezlige garşy Hudaýyň serişdesidir, ýogsam munuň soňy köplenç adamy içmäge başladýar. Hakyky mukaddes, bagtly mesihi topary bilen dostlaşyň we olar bilen köpräk gatnaşyň. Olara kömek ediň we boýun egmek bilen ruhy goldaw soraň.

7. Rebde, Onuň Sözünde, Onuň halkynda, Onuň zähmetinde, Onuň basym dolanyp gelmeginde şatlanyň. Mukaddes Ruha özüňizi dolandyrmaga rugsat ediň, Hudaýyň Sözi — Injil bolsa siziň aňyňyzy we ýüregiňizi doldursyn. «Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň….» (Efesl. 5:18). Rebbiň özüňiz üçin nämä deňdigini hiç haçan ýatdan çykarmaň. Hemmelere Hoş Habary — Isanyň halas edýändigini jar ediň!

8. Serhoşlukdan heläk bolýan her bir adama ýüregiňiz awasyn. Özüňiziň halas bolmagy nähili alandygyňyzy ýatda saklaň. Eger siz Rebbe wepaly bolsaňyz, halas bolmagyň mümkindigi barada başgalara-da ynam we umyt berip bilersiňiz.

9. Ýaşlary spirt içgileriniň berýän howpundan goramak üçin eliňizden gelenini ediň. Bu hakda şaýatlyk ediň. Adamlary Hudaýyň Sözüni öwrenmäge çagyryň: «Oýanyň, eý serhoşlar, aglaň! Eý şerap içýänler,….» (Ýowel 1:5). «Çünki içegen we iýegen garyp bolýandyr…» (Süleýman. Tyms. 23:21). «Ah kimiňki? Wah kimiňki? Çekişmeler kimiňki? Iňirdi kimiňki? Sebäpsiz ýaralar kimiňki? Gyzaran gözler kimiňki? Şerabyň başynda köp oturýanlaryňky, garyşyk şeraby agtarmaga gidýänleriňki» (Süleý. Tyms. 23:29-30). «Şerap biabraý edýändir; içgi galmagallydyr; oňa ýykgyn edýän akyldar däldir» (Süleým. Tyms. 20:1).

Isa geliň! Ol sizi bagyşlaýar, tämizleýär we halas edýär. Ol Özüniň bu ýere geljek gününe çenli sizi goramaga Öz güýji bilen kömek eder. Muny saýlamakda goý, Hudaýyň Özi size ýardam bersin, siz bolsa bu babatda hiç wagt ökünmäň!             Goý, Reb sizi ýalkasyn!

2 thoughts on “Alkogolizmiň üstünden eňiş

  1. Salam! Nahili yagdaylaryngyz! Wagtym bolanda sizing saytyngyza giryarin. Hudaya shukur, uly ish edyarsingiz. Goy, Hudayymyz size Ak patasyny bersin. Ongat sahypa, gerekli sahypa. Ayratyn-da Isa Mesih baradaky gurhandan alnan ayatlaryng sanawy. Bu bize oran gerekli maglumat. Yoldashym bir teklip-hayysh bilen yvzlenyar, belki Kone we Taze Ahtlerden masgala kyncylyklary, ish kyncylyklary barada anyk ayatlaryn-da sanawyny berersiniz. Bu oran peydaly bolardy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *