Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi-sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy-da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, – olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuz gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussa edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany kabul etdi. Ol, haman diersiň oňa däl ýaly, bukja geňlik bilen seretdi. Ahyr soňy ony açyp, haty okady. Okap boldy-da zaryn seslendi. Aklynda däl ýaly, ilki gapa tarap, onsoň yza özüni oklady. Ol durşy bilen saňňyldaýardy. Bukjadaky hatda näme ýazylgydy? Diňe birnäçe söz: “Ertir, seniň geýimiňde, seniň deregiňe men ölerin. Sen bolsa meniň geýmimde täze, dogruçyl durmuşda ýaşap bilersiň. Seniň eriňe men ölerin!” -Ol eňildi. Bu sözler günäden we gorkudan daşa öwrülen, duz ýaly ýüregini eretdi we ony doldurdy. Indi, ýaňy ukudan açylan ýaly, batly gygyrdy: “Seniň deregiňe men ölerin!… Belki, on heniz ölen däldir!”. Ol agasyny halas etmek üçin daşaryk ylgap çykdy. Ol türmä gelende ony sakladylar. Ol özüniň naçalngiň ýanyna goýberilmegini talap etdi. Onuň şeýle bir janygyp soraýanlygy üçin türmäniň sakçysynyň rehmi gelip, ony naçalnigiň ýanyna goýberdi. “Seniň deregiň men ölerin!”-Bu sözleri okanda olar naçalnigiň hem kalbyny gozgady. Ölüme höküm edileniň haýyşy, özüniň oňa garşy çykyp bilmedik mylaýym we rahat seredişi naçalnigiň ýadyndady. Güýçli tolgunma bilen ol haty sudýa getirdi. Sudýa haty okap, bar zady boýun alan we öz gürrüňini: “Maňa jeza beriň, men günälidim” diiýip soňlan, hakyky günäkäri sorag etdi. Şeýle hem bolsa, ölen agasynyň sözleri öz güýjüni ýitirmändi. Ol sözler sudýa üçin mukaddesdi. Ol ret edip bolmajak we manysy peselmejek gurbanlyk getiripdi. Sudýa şeýle beýik söýgä eýe bolan ýaş ýigide onuň ýürek agyrysyny paýlaşýan ýaly seretdi. Ol ölüm jezasy barada aýdybam oturman, hatda ony günäkär etmäge-de hakynyň ýokdugyna düşünýärdi. Şeýlelikde, doganlaryň kiçisine ýaşaýyş we azatlyk üpjün edilipdi. Günäsi üçin jeza berilmedik jenaýatkär eli hatly öýüne dolanyp geldi. Ol perişan halda, günä ýüküniň astynda perýat edip, Hudaýa ýüzlendi. Öz derdini toba etmek bilen Oňa açdy. Ol gözýaş döküp doga etdi: “Taňrym- Hudaý, meni günälerimde heläk bolmaga taşlama! Olar üçin başga biri öldi. Maňa ýamanlyga garşy durmaga kömek et. Meniň erime öleniň geýimlerini geýmäge meni mynasyp et. Men geýmimi arassa saklaar ýaly maňa rehim et we meni her bir günäden gora!” Şol pursatdan başlap adamlar ony tanamaýardylar. Ol özgerdi. Ol adamlaryň arasynda ýat ýurtly adama meňzeýärdi. Şeýle hem bolsa ol olara söýgüden we duýgudaşlykdan doludy. Ilkibaşda dostlary ony ozalky ýaşaýşyna çekjek bolup dyrjaşdylar, emma ol hemmelere mylaýym, ýöne aýgytly jogap bererdi: “Bu geýimde men gelip biljek däl. Meniň doganym onuň ýally erlere barmazdy”. Ýuwaş-ýuwaşdan olar zat diýmediler, beýleki adamlar bolsa oňa we onuň geýmine hormat bilen seredýärdiler. Köp adamlar onuň Hudaýa bagş edilen durmuşyny görüp, özleri-de günäden ýüz öwürdiler. köp ýyllar geçdi, onuň durmuşy oňat miweleri getirdi. Soňra Hudaý onuň: “Maňa ölmäge rugsat ber” diýip, has ir eden haýyşyna jogap berdi. Haçanda bu dünýädäki ýaşaýyş tamamlananda, baky ýa-da ebedi ýaşaýyş başlanýar. Wagt geldi we bu iki doganlar ebedilikde (bakyýetde) duşuşdylar. Indi olara hiç wagt biri-birinden aýrylmak gerek bolmaz! Meniň gürrüňim soňuna etdi. Emma biziň günlerimizde-de, biziň her birimiz üçin onuň täsiri bar, şeýle-de şu setirleri okap duran gadyrly dostum. sen üçin hem. Belki-de, eliňde Injil tutmaga seeniň mümkinçiligiň bolandyr, ony okansyň ýa-da ol hakda eşidensiň. Emma sen ony ähli beýleki zatlar ýaly ýüzleý kabul edensiň. Injiliň Isa Mesih baradaky, Halasgäriň ýaşaýşy we ölümi baradaky taglymatyny kabul etmegiňi haýyş edýärin. Ol seni eke bir geljek jezadan we baky dowzahdan halas etmek üçin däl, eýsem Ol seni günälilikden we günäniň güýjünden azat edip, saňa dogry ýaşaýşa güýç bermek üçin hem Öz janyny berdi. Onuň gany bilen ýuwlup, Onuň dogrulygyna geýinmegiň üçin, Onuň Ruhundan doglup, seniň päk we günäden azat bolan Hudaýyň perzendi bolmagyň üçin Ol seniň deregiňe öldi (Tit.3:5-7, Filip.2:14-15). Bu barada ýürekde pikirlen-de aýt, bular saňa ýönelen Biribaryň sözleri dälmi-kä? Oýlan, nähili edip Ol, seniň günäler ýüküňi Öz üstüne almak bilen, seniň geýmiňde, seniň deregiňe öldi. Olmuny seniň halas bolma geýmini geýnip, Onuň dogrulygynda we päkliginde ýaşap bilmegiň üçin etdi. Reb Isa bize: “Özümiň doganlarym” diýmekden utanmaýar.. (Ewr.2:11) Ol bize meňzeş bolupdy, emma bizi günäniň höküminden gaňryp almak we “Hudaýlyk tebigata şärik etmek, şeýle hem Onuň şalygynyň mirasçylary etmek üçin Ol günäsiz bolupdy! Injil seniň günäleriň üçin seniň eriňe ölen Isa Mesihden hatdyr. Onuň hatyna seniň jogabyň nahili bolar? Ölüm Isany elinde saklap bilmedi. Ol ölümi eňip direldi we senden Özi üçin kalbyňy açmagyňy soraýar: “Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn, biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin.” (Ylham 3:20)
“Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi”. (2 Kor. 5:21)
“Ol ýaşaýan artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi”. (2Kor. 5:15)
“Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz”. (1Pet.2:24)
“Ol biziň günälerimiz üçin alnypdy we biziň jenaýatlarymyz üçin gynalypdy; dünýäniň jezasy Oňa ýüklenipdi we biz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk”. (Işaýa pygamber 53:5)
“Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň… Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginide döredilen täze ýaradylyşy geýniň”. (Efes.4:21-24)
“Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär”. (Resul.işl.10:43)
senin aytyan zatlaryn, etyan hereketlerin den’ gelyanini nireden bilyan’?
Januk ildesh! Senin beren soragyna duşunmedim?
Ine shu yazgi barada bizin sahypamyzda gurrun gidyar.
Yazan kishi kop soraglara jogap berip bilmeyar. Okap gorun 🙂
http://tmolympiad.org/?q=node/1345
Yaltanman shunca zat yazyanyzmy?
In sonundada oz diyyan zadynyz gorap hem bilmansiniza. 😀
Yazan zadymyz diýjek zatlarynyň her birini goraýandyr. Bermeli duşünjesini berendir! Okan zadyň hakynda çuňňur oýlanyp gör we durmuşyňy Hudaýyň öňünde analiz edip gör!
Durmushymy her gun analiz edyan, yone doganynyn oz yerine olmesine razy bolan adam uchin ginanyan, ichinde 1 gram vyjdan galan bolsady, ol bashga birinin ozi uchin olmesine razy bolmazdy, dogany polisiya bilen gidip baryarka ozi chykardy dasharyk, dine senin yali nalajedeyin zuvvetdinler doganlarynyn arkasynda saklanjak bolyandir..yone bashartmaz, arkayin bol, hasap guni senem hemme adam yali hasap berersin, ne Isa pygammer, ne-de bashga biri senin gunalerini oz ustune alar !!
Men senin her bir adamyn oz gunasi uchin jogap bermeli bolan diyyanin bilen razylashyan! Eden her bir gunam uchin hem Hudayun onunde okunyan, sheyle okunch bolmasa onda Hudayun beryan chaksiz sowgadyny kabul etmek hem manysyz bolyar!
Dost bu erde gurrun gunan uchin jogap bermekden gachmak hakynda gidenokda, Hudayun rehimini we merhemetini kabul etmek hakynda gidyar! Ege Huday sana rehim etmek isleyan bolsa onda muna tekepbirlik etmek gerek dal, munun deregine gunalerini Onun onunde boyun alyp, onun beren gutulushyna omurbaky minnetdarlyk bilen kabul etmek gerek!
Menin Huday’imin rehimi chaksizdir ve meni bagyshlamasy uchin ona hich kimin janyny almak gerek dal, Ol butin dunyanin ve kanunlaryn yaradyjysydyr, islan zadyny edip biljek guychdedir, ona ne Hz.Isa’nyn gany gerek menin bagyshlamak uchin, ne-de gurban edilen hayvanlaryn…Men onyn sovgadyny kabul edyan, yone ol sovgat birisinin menin gunalerim uchin olumi dalde, Huday’in oz rehmet sovgady…Ol adyl’dyr ve 1 adamyn gunasi uchin bashga 1 zat bilen kepil gechmez, bu adyllyk dal sebabi !!
Ey dost gacyp gitmede soraglara jogap bersene sen!
http://tmolympiad.org/?q=node/1345