Hudaÿyñ Söÿgi we Merhemet Ähti

Hudaÿyñ Söÿgi we Merhemet Ähti

 

 

Bu kitap Stiwens ruhanynyñ wagyzy esasynda döredi. Karl G. Stiwens ABŞ-nyñ Baltimor şäherinde ÿerleşÿän «Greater Grace World Outreach» mesihi ÿygnagynda ruhany bolup işleÿär. Ruhany Stiwens — Merilend Injil ÿörite mekdebini esaslandyryjydyr, şeÿle hem seminarlara we «Merhemet sagady» atly halkara mesihi radioÿaÿlymyna ÿolbaşçylyk edÿär.

 

 

GIRIŞ

 

Bu kitap doktor Karl Stiwensiñ wagyzlary esasynda düzülen.

Ezekiÿel pygamberiñ kitabynyñ on altynjy babynda ysraÿyl halkynyñ ÿagdaÿy göçme manyda suratlandyrylÿar, Hudaÿyñ söÿgi we merhemet ähti Isa Mesihiñ Teni bilen Ybadathana geçirÿär, şeÿle hem ilkibaşda dörän gününden çagyryp, bu halka peşgeş Bereniñ gutulyşy alamatlandyrylÿar.

Biz her bir ynanÿanyñ hristiÿan ösüşi Hudaÿyñ päkligine we dogrulygyna, şeÿle hem Onuñ bize bolan söÿgüsine we merhemetine esaslanÿandygyna ynanÿarys.

 

           «Hudaÿyñ ähli wadalary Mesihde “hawadyr”. Şonuñ

           üçin biz arkaly Hudaÿa şöhrat bolar ÿaly, “omyn”

           Ol arkaly aÿdylÿandyr» (2 Korintoslylar 1:20).

 

Adamyñ özünde Hudaÿa hödürläp biler ÿaly hiç hili ebedilik zat ÿok. Haçanda ol özüne gelip, bu oña äşgär bolanda, ol rahat akyl ÿagdaÿynda Mesihe, Hudaÿyñ Sözüne we ähli wadalara doly ynanmak bilen ynam durmuşyna başlaÿar.

Bu kitap size bagt, şatlyk we Hudaÿyñ çuñ rahatlygyny tapmaga kömek edÿär, çünki adam özüniñ günäli ÿagdaÿyna düşünip, ynsan duÿgylarynyñ ählisini, onuñ höweslerini we şöwketparazlygyny Hudaÿa haça çüÿlemäge rugsat berende, bu zatlar onda bolÿar. Şonda Mesihiñ söÿgüsi durmuşda artygy bilen onuñ we daş-töweregindäki adamlaryñ üstünden joşup akar.

Hudaÿyñ söÿgi we merhemet ähti

 

Ýewreÿlere hat kitabynyñ altynjy babynyñ on üçünji aÿadynda Hudaÿyñ adamzat bilen baglaşan Täze Ähtiñ ÿa-da wadanyñ ajaÿyp düzgüni açylÿar: «Hudaÿ Ybraÿyma wada berende, Özünden uly bolan biriniñ adyndan ant içip bilmäni üçin, Öz adyndan ant içip wada etdi» (Ýewreÿler 6:13). Rebbimiz, Isa Mesih biziñ günälerimiz üçin Golgof haçynda öldi. Hudaÿ-Ata Isa söz berdi, Ol günäli adama Hudaÿ bilen ÿaraşmaga we Onuñ bilen wepaly gatnaşyk edinmäge mümkinçilik berÿär. Biz merhemet boÿunça Onuñ mirasyny alyp biler ÿaly Hudaÿ-Ata we Hudaÿ-Ogul Öz aralarynda äht baglaşdylar. Hudaÿ Ybraÿyma şeÿle wada berdi: «Hakykatdan-da, saña berekedi boldan bererin, seniñ zürÿadyñy gaty köpelderin» (Ýewreÿler 6:14). Ata Öz adyndan we Öz päkliginden ant içdi, çünki Onuñ kasamyny tassyklar ÿaly Özünden beÿik hiç kim ÿokdy. Şeÿlelikde, sabyrly garaşan Ybraÿyma wada edildi.

 

«Adamlar özünden ulynyñ adyndan ant içÿärler.Olar

                         üçin ant aÿdylany tassyklap, hemme jedelleri soñlaÿar.

                         Şonuñ üçin Hudaÿ-da Öz maksadynyñ üÿtgewsizdigini

                       Wadanyñ mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup,

                       wadany ant bilen tassyklady. Ol muny öñümizde goÿlan

                      umyda ÿapyşjak bolup gaçan biziñ Hudaÿyñ ÿalan

                       sözlemegi mümkin bolmadyk iki üÿtgewsiz zady arkaly

                       uly teselli tapmagymyz üçin etdi. Biziñ jan labyry ÿaly

                       berk we ynamly bolan bu umydymyz tutynyñ añyrsyna    

                     geçÿändir. Isa Melkisedek düzgüni boÿunça ebedi Baş

                     Ruhany bolup, öñbaşçymyz hökmünde biziñ üçin Ol

                    ÿere girdi. (Ýewreÿler 6:16-20).

 

Bu aÿatlar mesihilere Gudratygüÿçli Hudaÿyñ päkliginiñ we wepalylygynyñ anykdygyny, bökdençsizdigini, hakykydygyny we şübhesizdigini açyp görkezdi, çünki Ol Ybraÿyma adamzat aslynda tohumyny ÿalkajakdygyna Öz beren sözüni saklady. Hudaÿyñ şahsyÿetiniñ tebigaty şeÿle — Ol hemişe Öz beren sözüni ÿerine ÿetirÿär. Jan labyryny edinmek ukyby Hudaÿyñ tebigatyndan çykÿar. Ýewreÿlere hat 6:14-20-de «Öz maksadynyñ üÿtgewsizdigi» hakynda (6:17), we biziñ üçin we biziñ hatyramyza haçda Giden, biziñ «öñbaşçymyzyñ» kämil dogruçyllygy hakynda şaÿatlyk edÿär. On dokuzynjy aÿadyñ giñeldilen terjimesine aÿratyn üns beriñ:

 

Indi biziñ bu umydymyz jan labyry ÿaly berk we

                               ynamlydyr — ol hiç zada garamazdan sypyp

                              gaçmaÿar, döwülmeÿär, çünki bu ynam öñe çykyp,

                               tutynyñ añyrsyna ÿagtylyga geçÿändir» (Şeÿle

                                 hem Lewiler 16:2-ä hem seret).

 

Bu aÿt Atanyñ öñünde Isa Mesih biziñ aklawjymyz (adwokatymyz) edip görkezÿär. Ýewreÿlere hat 4:14a-da: Ol — «Göklerden geçen uly Baş Ruhanymyz», şu kitabyñ 7:24-de Onuñ «üÿtgewsiz ruhanylygy bardyr» diÿilÿär, çünki Ol «bize töwella etmek üçin hemişe diridir» (Ýewreÿler 7:25a). Biziñ Baş Ruhanymyz Isa Mesih bu ÿeri eÿeledi, sebäbi Ol haçdaky gurbanlyk ölümine döz gelip, biziñ üçin Özüniñ kämil durmuşyny berdi.

 

«Bize şeÿle mukaddes, ÿazyksyz, çirksiz,

                           günäkärlerden arany açan we gökden ÿokary

                         çykarylan Baş Ruhany gerekdi» (Ýewreÿler 7:26).

 

Bu Ogul «hemişelik kämilleşdirilendir» (Ýewreÿler 7:28b). Ol kämillik gurbanlygy boldy. Isa Mesih Hudaÿ bilen adamyñ arasyndaky perdäni aÿyryp, hemişelik baÿram edip, günäden tämizleniş işini amala aşyrdy! «Çünki mukaddes edilenleri diñe bir gurban bilen hemişelik kämillige ÿetirdi» (Ýewreÿler 10:14).

           Mesihiniñ ösmegi üçin ilki bilen Isa Mesihiñ onuñ üçin — Özüniñ Baş Ruhanylyk ornuny eÿeleÿändigine düşünmegidir!

 

«Çünki Mesih aslyñ nusgasy bolup, ynsan eli bilen ÿasalan mukaddes ÿere däl-de, biziñ üçin Hudaÿyñ öñünde görünjek bolup, Gögüñ üçine girdi. (Ýewreÿler 9:24).

 

Onuñ bize ÿüregi awaÿar

 

Isa Mesih ynanÿanlar üçin bir wagtyñ özünde Baş Ruhany we Halasgär bolup durÿar. Ol «heläk bolany halas etmek üçin gözleÿär». Onuñ rehim-şepagaty biziñ üçin çäksiz. Ony günä bilen deñ hasaplamak — Baş Ruhanyçylyk ÿagdaÿyny eÿelemek üçin gaty zerurdyr, bu biziñ göz öñümize getirişimizden hem has jebirli, çünki «olaryñ ähli muşakgatlaryna gynandy» (Işaÿa 63:9).

 

«Çünki biziñ ejizliklerimize gynanyp bilmeÿän däl,

                         eÿsem, her zatda biziñ ÿaly synalyp, günä etmedik,

                        bir Baş Ruhanymyz bardyr» (Ýewreÿler 4:15).

 

                       «Ol bizi Öz rehimdarlygy bilen halas etdi» (Titus 3:5),

                     «Rebbiñ merhemeti bilen biz ÿitmedik, çünki Onuñ

                   rehim-şepagaty gutarmaÿar» (Iÿeremiÿanyñ agysy 3:22).  

 

Ezekiÿel pygamberiñ kitabynyñ on altynjy babynda biz Rebbiñ biziñ üçin çeken jebir-jepasynyñ açyk şekilini görÿäris. Bu şekil ilki bilen ysraÿyl halkyna degişli, emma ol Hudaÿyñ söÿgüsiniñ tebigatyny Mesihiñ gelni bolan Öz ybadathanasyna açyp hem görkezÿär. Hudaÿ «Öz şöhratynyñ baÿlygygny Özüniñ Öñden şöhrat üçin taÿÿarlap, merhemet edenlerine bildirjek bolup etdi» (Rimliler 9:23), Ol «Mesih Isada bizi Onuñ bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtmak» isleÿär» (Efesliler 2:7). Biz Hudaÿyñ gänäni ÿigrenÿändigine garamazdan, Onuñ günälini söÿÿändigini bilÿäris. Ezekiÿel pygamberiñ kitabynyñ on altynjy babyny yzygiderli çuñ öwrenmeklik, bu Hudaÿyñ bize bolan üÿtgeşik we täsin söÿgüsini açÿar.

Ezekiÿel kitabynyñ 16:8-däki işlikler geljek nämälim zamanda dur. Ýewreÿ dilindäki nämälim zaman grek dilinde hem şonuñ ÿaly häzirki zaman añladÿar. Hereket öten zamanda bolup, gutarnyksyz häzirki zamanda dowam edÿändigini añladÿar, gapma-garşylyklaÿyn hereket öten zamanda doly gutaran.

 

«Onsoñ, gapdalyñdan geçip, seni gördüm, ine

                             seniñ çagyñ söÿgi çagydy, etegiñi üstüme ÿazyp,

                           ÿalañaçlygyñy örtdüm, saña kasam edip, seniñ

                          bilen äht baglaşdym, Reb diÿÿär, — sen-de Meniñ-

                           ki bolduñ. Seni suw bilen ÿuwdum, ganyñy ÿuwup,

                         senden aÿyrdym we ÿag bilen seni ÿagladym.

                       Saña keşdeli eşikler geÿdirdim, aÿagyña gaÿyşdan

                      çaryk, biliñe nepis zygyr matadan guşak edip, saña

                       ÿüpekler geÿdirdim. Seni bezegler bilen bezedim,

                     bilegiñe bilezikler, boÿnuña monjuklar dakdym.

                           Burnuña ysyrga, gulaklaryña gulakhalkalar edip,

                         başyña gözellik täjini geÿdirdim. Sen altyn-kümüş

                         bilen bezeldiñ, eşigiñ nepis zygyr mata, ÿüpek we

                         keşdeli matady» (Ezekiÿel 16:8-13a).

 

Bu bölek zyñylan çagalary, meÿdana taşlanan bäbegi suratladyrÿar. Gana bulaşan çagada özüne çekijilik we üns bererlik hiç zat ÿok. Hiç kim bu bäbegi ÿuwmandyr, onuñ hapadygy sebäpli oña seretmek ÿakymsyzdy. Injil bu ÿigrenç garaÿyş döredÿän iñ soñky erbet görnüşi suratlandyrÿar. Göz öñüne getirip görüñ, siz meÿdanda gidip barÿarkañyz, ÿuwulmadyk, durşuna gana bulaşan çaga tapÿarsyñyz. Rehim-şepagat edilmän «dogulan günüñ seni ÿigrenip, düze taşladylar» (Ezekiÿel 16:56). «Men gapdalyñdan geçenimde seniñ öz ganyña bulaşyp ÿatanyñy görüp: ,,Ganyñda diri gal!” diÿdim. Hawa, ganyñda diri gal ! — diÿdim (Ezekiÿel 16:6). Elbetde, bu aÿatlat ysraÿyl halkynyñ umytsyz ÿagdaÿyny görkezÿär, bu her bir adama görelde bolup durÿar. Hakykatdan-da, Hudaÿyñ gözünde bu şeÿle görünÿär.

 

Biziñ günäli tebigatymyz

 

Zebur 57:4-de aÿdylyşy ÿaly, biz ÿañy dogulanymyzdan ÿalan sözläp dändik. Zebur 50:7-de şeÿle aÿdylan: «Ejemiñ göwresinde düwünçegim düwleli bäri, men günä edip gelÿärin» Adam atanyñ günäli tebigaty biziñ üstümize ÿüklenip, biz gös-görtele bilip, Hudaÿa garşy günä edişimiz ÿaly, Rimliler 5:12-de beÿan edilen düzgüne düşünmegimiz zerurdyr. Günäli dogulan tebigat nesilden nesle geçÿär. Biziñ durmuşymyzdan razy bolmak üçin we gatnaşmak üçin Hudaÿy oÿarmaga günäli adamzat neslinde Hudaÿyñ gözünde hiç hili özüne çekiji zat ÿok. Biziñ ruhumyzyñ ÿagdaÿy bizi Hudaÿyñ gözünde murdar we ÿigrenji edÿär. Biziñ umytsyz ÿagdaÿymyza üns berer ÿaly Hudaÿy näme oÿaryp biler? Açyk meÿdanda täze dogulan çagany göz öñüne getiriñ. Islendik sergezdanyñ ÿa-da ÿolagçynyñ öñünde goragsyz çaga olaryñ gurbany bolmagy mümkin. Hiç kim bu taşlanan çaganyñ sag-salamatlygy hakda alada etmeÿär. Bu çaga — merhemete görä günäsi ÿuwulmadyk adamyñ umytsyz ÿagdaÿynyñ suraty. Küÿzegäriñ toÿunyñ zerurlygyndan-da beter, bu bäbek güÿçsizdi. Günäli Mesihsiz nä derejede güÿçsiz-kä? Ol doly güÿçsiz! Ezekiÿel 16:1-13-de Huadÿyñ tükeniksiz rehim-şepagaty we biziñ güÿçsiz janymyzyñ günäsini ÿigrenmezden, Onuñ bizi söÿmäge çäksiz ukyby görkezilen: «Hawa, biz entek güÿçsizkäk, Mesih belli wagtda Hudaÿsyzlar ugrunda öldi» (Rimliler 5:6). Bu ösmedik çagada adamzat mähriniñ güÿji bolsa-da, ol barybir tämiz däldi. Halas bolamdyk günäliler gowy işler etmäge ukyplydyrlar, ÿöne olar Hudaÿ bilen ÿaraşar ÿaly, Mesih bilen günäsi ÿuwulan bolmaly.

Ezekiÿeliñ çagyryşynda birdenkä — «Seniñ ganyñda…» — beÿik patyşanyñ çaga ÿüzlenÿän sesi eşidilÿär — «… ÿaşa!». Çagajyk güÿçsizdi, umytsyzdy, kirlidi, gowşakdy, özüniñ ÿagdaÿyny nähilidir üÿtgetmäge hiç hili ukyby ÿokdy. Ol örän ÿalñyzdy we hiç kimiñ oña rehimi inmeÿärdi. Çagany her dürli howplar gorkuzÿardy. Çaga düzüñ we tokaÿyñ arasynda ÿeñiljek aw bolÿardy, açyk meÿdanda gündiziñ jöwzasyna, gijäniñ sowugyna duçar bolÿardy. Doly gana bulaşan we güÿçsiz çaga ÿabany haÿwanlardan, nätanyş ÿolagçylardan we tebigy hadysalardan goralmadykdy.

Täzeden dogulmadyk adamlar hemişe bu durmuşyñ kynçylyklaryna duçar bolÿarlar. Ynanmaÿan adam şeÿtana degişli açyk meÿdanda ÿerleşÿändigine görä, ol ähli ÿerde ony yzyna düşüp ÿören erbetligiñ howpy bilen çaknyşÿar. Ol — şeÿtan kosmosynyñ, şeÿtan sistemasynyñ oljasy, ol öñünde duran islendik erbetligiñ täsirine çolaşÿar. Halas bolmadyk adamlar hakynda resul Pawlus şeÿle diÿÿär: «Hudaÿyñ keşbi bolan Mesihiñ şöhratynyñ Hoş Habarynyñ nury olary ÿagtylandyrmasyn diÿip, bu dünÿäniñ tañrysy (şeÿtany) imansyzlaryñ akylyny küteldendir» (2Korintoslylar 4:4). Şeÿtanyñ dünÿäsiniñ sistemasynda ÿesir bolup gandallanyp we umytsyz günäli ÿagdaÿda bolup, erkin bolmakdan olar meÿletin boÿun gaçyrÿarlar. Günäniñ zynjyry jenaÿat bolup biler, häkimiÿetiñ oÿunlary ÿa-da beÿlekilerden ÿokary galmak islegi. Köpüsi alkogol ÿa-da narkotik serişdelerine bolan

höwesi bilen özüni baglaÿarlar. Beÿlekiler ahlaksyzlyk we ÿoldan çykmaklyk bilen ÿaşaÿarlar. Munuñ hemmesi — günäniñ netijesi. Gedem är göze ilmeÿän aldaw bilen öz aÿalynyñ nädogry ÿoldan gitmegine höwes döredÿär. Hakykat bilen gyzyklanmaÿan duÿgysyz aÿal belki öz ärine täsirini ÿetirer. Ýokardan dogulmadyk adamlar Adam atanyñ günäli tebigatyna ornaşanlygy sebäpli doly ynjaÿarlar. Bu günäli tebigat olary bu dünÿäniñ patyşasy we ÿeri bolan şeÿtanyñ dürli görnüşli daşky sistemasyna gatnaşdyrÿar. Adamlar bu sistema gatnaşmagynyñ nä derejedediklerine erbet düşünÿärler. Mümkin olar ony inkär edÿärler we ol hakda geplemek — samsyklyk we fanatik hasap edÿärler, emma Injilde bu şeÿtan hökümdarlygynyñ bardygyny gaÿtalap-gaÿtalap tassyklaÿar. 2 Korintoslylar 4:4-de şeÿtan «bu dünÿäniñ tañrysy» diÿlip atlandyrylÿar. Oña «jynlaryñ hany» (Matta 12:24), «howadaky erbet güÿçleriñ hökümdary» (Efesliler 2:2), «bu dünÿäniñ hökümdary» ÿaly titullar berlen.

 

Peşgeş berlen merhemet

 

Isa şeÿle diÿdi: «Seni meÿdanda gögerÿän ösümlikler kimin köpeltdim, sen ösüp ulaldyñ, nepis bezegleriñde kemala geldiñ, göwüsleriñ tözlenip, saçyñ uzyn boldy, ÿöne açyk we ÿalañaçdyñ» (Ezekiÿel 16:7). Biz Isa Mesihe ynanÿan wagtymyz Ony özümiziñ Halasgärimizdigine göz ÿetirÿäris, garaşylmadyk alkyşlar inip, özümiziñ mynasyp däl merhemetler Onuñ tagtyndan akÿar, biziñ hiç haçan gazanyp alyp bilmejek, hiç hili mynasyp bolup bilmejek merhemeti erkin almaga ygtyÿar berdi. Merhemetiñ gudraty bizi halas edÿär. Hudaÿyñ merhemeti günäden geçmäni amala aşyrÿar, rehim-şepagat edÿär, Mukaddes Ruhuñ üsti bilen täzeden dogulmagy güÿç bilen halas edÿär. Merhemetiñ hereketi şeÿle. Hudaÿ deñäp bolmajak söÿgi bilen bu çaga gol uzadÿar, Hudaÿ ÿoluny urduran günälini gözleÿär. Bizi günäniñ gulçulygyndan we Isa Mesihiñ hakyky gany bilen baky näletden we Onuñ orun çalyşyjy gurbanlygyndan boşatmaga diñe Hudaÿ ukyply. Güÿçsiz, umytsyz we taşlanan günäkäre diñe Hudaÿ ÿardam berÿär. Biz özümiziñ bikanunlygymyz bilen we günälerimiz bilen ölüdik, emma Patyşanyñ sözi ÿañlandy: «Ýaşa!». Hiç bir belliksiz ÿaşa! Hiç bir şertsiz ÿaşa! Ýaşa, çünki sen ynanÿarsyñ! Hudaÿyñ Sözi bilen ylalaşÿarys, çünki biz Isa Mesihde ynamyñ bize edÿän hereketine mynasyp däl halda ÿaşaÿarys. Munuñ özi Hudaÿ bize özümiziñ mynasyp bolmasak-da ÿokary zat berenligini añladÿar, seäbi diñe biz Mesihe ynandyk.

Ezekiÿel pygamberiñ kitabynda göçme many — bu Hudaÿyñ wepalylydygyna görä ösüp kemala gelen we aÿallaryñ içinde iñ owadany bolan Isa Mesihiñ wepasyz gelinliginiñ obrazydyr. Bu bölek esasan ysraÿyl halkyna degişli, ÿöne Ybadathanalarda — Ählumumy Mesihiñ bedeninde, şeÿle hem her bir imanlyda ulanyp boljak prinsipler onda beÿan edilen. Bu prinsip Onuñ söÿgülilerine gatnaşygynda Hudaÿyñ häsiÿetini açyp görkezÿär.

Merhemet ähtiniñ ajaÿyp netijesine üns beriñ. Biz merhemetiñ netijesine getirÿän merhemetiñ jezasyny kabul edÿäris. Ýewreÿçe has çuñ öwrenmek bu prinsipiñ üstini açÿar. Şu sözlemde «Men seniñ gapdalyñdan geçenimde, seni … gördüm» (16:16). «geçdim» diÿen ÿewreÿ sözi — abar — «Men gördüm» ÿa-da «Men görÿärin» diÿmegi añladÿar. «Ine» diÿen söze üns beriñ. «Ine, seniñ çagyñ, söÿgi çagydy …» (16:8). Ýewreÿçe «ine» diÿen söz — hinnech — «Ana!», «Serediñ!» diÿmegi añladÿar. Bu görkezme çalyşmasyny añladÿar, edil gürrüñ berÿäniñ özi ÿaly okyjy hem geñ galmaly. Okyjy özüni gürrüñ berÿäne derek goÿup, onuñ ähli tolgunmalaryny duÿmaly. Hudaÿ şeÿle diÿÿär: «Ine bu güÿçsiz çaganyñ ÿagdaÿy nähili eken! Şonda-da Men gapdalyndan geçdim (biziñ üçin Isa Mesihiñ şahsyÿeti doly merhemet we hakykat) we öñki umytsyz ÿagdaÿdaky günälä şeÿle diÿdim: “Seret!”. Hudaÿ Özüne gyzykly boluşy ÿaly, bize hem şeÿle bolmagyny isleÿär. Mukaddes Ruh bu beÿan etmäni örän ¡iwopisli edÿär. Sekizinji aÿatda «seniñ çagyñ» ÿa-da «söÿgi çagy» diÿen söz bar. Bu «çag» diÿen söz ÿewreÿçe — eph — bellenilen ÿeri ÿa-da wagty añladÿar. Bu siziñ belleşen çagyñyz! Şeÿle hem «söÿgi» diÿen sözi belläñ. Ýewreÿ dilinde bu köplük sanda dur (dodem) — ‘söÿgiler’. Başga söz bilen aÿdanyñda bu: «Ine seniñ ‘söÿgi’ wagtyñ!» diÿmegi añladÿar. Bu aÿat — söÿginiñ köplik sanda gelmegi Köne Ähtde seÿrek gelÿän sözüñ biridir, bu aÿatda kadadan çykma bolup, bu söz otrisatel manyny berÿär. Mysal üçin, Süleÿmanyñ tymsallary 7:18-de söÿgi köplik sanda gelÿär, ÿöne bu söz negatiw manyny berÿär. Şeÿle hem, Ezekiÿel 23:17-de bu ÿalan söÿgüniñ şekili bolup durÿar.

Tersine, Mukaddes Ruhuñ ylhamy bilen Ezekiÿel taşlanan çaganyñ gapdalyndan Geçen Rebbi şeÿle suratlandyrÿar, Ol gelip şeÿle diÿÿär: «Gözüñi aç! Bu güÿçsiz çaga bilen näme bolup geçjekdigine Meniñ täsirime seret we duÿ. Sen çaga laÿyk bolmadyk merhemetiñ jezasyna şaÿat bolarsyñ. Sen merhemetiñ hereketine şaÿat bolarsyñ. Çaga kirliginden, hapalygyndan we ganyndan arassalanyp ÿuwular. Şeÿdip, iñ soñunda sen merhemetiñ şöhratly netijesini görersiñ!». Bu ÿöne bir söÿgi çagy däl. Bu söÿgiler (köplük sanda) çagy!

Biziñ baky gutulyşymyz Hudaÿyñ tebigatynyñ häsiÿetine we dogruçyllygyna esaslanan. Hudaÿ Özüniñ Günäden Ýuwuş Zähmetini Golgofda amala aşyrdy. Bu diñe bir söÿgi çagy bilen bolmady. Bu söÿgiler çagy boldy! Beÿle diÿmek, Hudaÿ sizi öz akylyñyzyñ sferasynda söÿer we Ol siziñ duÿgylaryñyza aÿratyn söÿgi berer. Ol siziñ günäden ÿuwulanyñyzy sylaÿandygyna görä, siziñ Mesih bilen mirasy paÿlaşÿandygyñyza görä, imanlylaryñ mukaddes patyşalygynda siñiz hem ornuñyzyñ bardygyna görä öten we häzirki wagtda, we geljekde siziñ ruhuñyzy ÿalkar.Ol sizi Hudaÿyñ Sözüne tejribäñiz üçin ÿalkar. Şeÿle gatnaşyklar köplük sanda ulanylyp beÿan edilÿär.

Sekizinji aÿat — açyk meÿdanda zyñylyp, gana bulaşan çaganyñ üstüni ÿapÿan Halasgäriñ ajaÿyp şekili. «Onsoñ men etegimi üstüñe ÿazyp, ÿalañaçkygyñy örtdüm». Bu «ÿaÿmak» sözi — paran — «Men seni ganatym bilen ÿa-da eşigimiñ etegi bilen örtdüm» diÿmegi añladÿar. Halasgär dur, emma Onuñ aÿagynyñ astyda — taşlanan çaga. Isa Mesihiñ hakyky adalaty günäniñ netijesi bolup durÿan örän gorkyly we ÿigrenji ÿagdaÿyñ üstini ÿapdy. Biziñ ÿalañaçlygymyzy ÿapmak bilen Ol biziñ günämizi ÿapÿar. Özüniñ gelinligini dogrulyk geÿmi bilen örtÿän, Günä ÿuwujy, biziñ Rebbimiz, gör, nähili beÿik suratlandyrylan:

 

                                 «Men Rebde şatlanaryn, janym Hudaÿymda

                               şat bolar, çünki Ol maña gutulyş donuny

                               geÿdirdi. Giÿewiñ telpegini geÿişi ÿaly, gelniñ

                               şaÿ-sepi bilen bezenişi ÿaly, Ol maña dogrulyk

                             eşigini geÿdirdi» (Işaÿa 61:10).

 

            Bu ÿerde «örtdi» diÿen söze üns beriñ, — ÿewreÿçe kasach. Bu «Men görüş meÿdanyndan aÿyrdym» ÿa-da «Men gizledim» diÿmegi añladÿar. Biz mynasyp bolmasak hem, Hudaÿyñ söÿgüsi biziñ günälerimizi ÿuwÿandygyny bilmek diÿseñ teselli berÿär. «Siziñ günäleriñiz gyrmyzy kimin gyzyl bolsa-da, gar ÿaly ak bolar» (Işaÿa 1:18). Hudaÿyñ bize beren merhemetiniñ çäksizdigine düşünmezden, Mesih bilen her günki ÿeñişe gitmek mümkin däl. Onuñ «Merhemetde ÿaşa!» diÿen sesine gulak asyñ we munuñ göni size gönükdirilen şübhesiz söÿgi çagydygyna düşüniñ.

Hudaÿ Özüniñ hakyky dogruçyllygyny ysraÿyllaryñ öñünde şaÿatlyk edÿär, olary şeÿle çagyrÿar: «Men seniñ ÿalañaçlygyñy örtdim, saña kasam etdim, seniñ bilen soÿuz baglaşdym, diÿÿär Reb Hudaÿ». «Men kasam etdim» — ÿewreÿçe shaba sözi bolup, [«Men saña ÿedi. Men seniñ gapdalyñadan şertli wada bermek üçin geçmedim. Seniñ janyñyñ gorkunç ÿagdaÿyny ÿuwmak üçin, Men saña ‘gutarnykly iş görkezmek isleÿärin»]. Ÿedi — bu gutannyklygy añladÿan san. Bu sözi ulanmaklyk Isa Mesihiñ Günä ÿuwuş Zähmetiniñ doly gutarnyklydygyny beÿan edÿär.

Ezekiÿel kitabynyñ on altynjy babyndaky we ýewreÿlere hat kitabynyñ altynjy babyndaky beÿan edilÿän prinsiplere tutuş dünÿäniñ mesihileri düşünsediler! Hudaÿ Köne Ähtde Öz adamlaryna ant içdi, Täze Ähtde ÿene-de ant içdi: [«Men saña ÿedi. Men ÿedinji gün dynç aldym. Adamzat işi altynjy güni gutarÿar. Meniñ rahatlyk mekanym bolan haçyñ eteginde Meniñ bilen duşuşyñ, çünki Men öz işimi amala aşyrdym!»].

Geliñ, sekizinji aÿady öwreneliñ: «Men saña kasam etdim, seniñ bilen soÿuz baglaşdym». Ýewreÿ sözi «soÿuz» — beriyth — «iÿmek» (nahar iÿmegi) añladÿar. Däp boÿunça iki ÿewreÿiñ arasynda äht baglanyşylÿar we ylalaşygy goldamakda gurbanlyk iÿip kepil geçipdirler. Hudaÿ diÿÿär: [ «Men äht baglaşdym we seniñ Guzyny iÿmegiñi isleÿärin. Sözi iÿ, Meniñ merhemetimi, söÿgimi, rehim-şepagatymy, güÿjümi, rahatlygymy we Meniñ şatlygymy iÿ!»]. Haçanda Reb: «Men saña kasam etdim, seniñ bilen soÿuz baglaşdym» diÿende, — bu [«Ähli aÿdylanlaryñ baky boljakdygy hakyndaky kepilnamany Men saña dabaraly ÿagdaÿda gowşurÿaryn»] diÿmekdir. Bu Mesih bilen Onuñ gelinliginiñ özara gatnaşygynyñ beÿik suratlandyrylmasydyr, çünki Ol: «Indi sen meniñki bolduñ» diÿip yglan edÿär.         

             Çaga isleÿän enäni göz öñüne getiriñ. Ol sekiz ÿyl garaşÿar we eÿÿäm indi dogrup biljegine ynanmaÿar. Iñ soñunda, göwreli bolup, sagdyn çaga dogurÿar. Bu nähili şatlyk — sekiz ÿyl garaşandan soñ, ahyry elÿetmez täze dogulan çagany saklamak! Şatlygy beÿan etmek üçin onuñ ÿüzündäky begenji göz öñüñize getiriñ. Bu çaga ata-enesine degişli. «Sen indi Meniñki bolduñ!» (Ezekiÿel 16:8).

Aÿaly adamsynyñ Weÿetnamdan gaÿdyp gelmegine wepaly garaşÿar. Adamsy hiç hili habarsyz ÿitÿär. Bu adam amneziÿa keseline duçar bolup, diñe merhemetiñ gudraty bilen sagalyp, öÿüne gaÿdyp gelÿär. Onuñ aÿaly umydyny ÿitirmeÿär we başga birine durmuşa çykmaÿar. Bu aÿal özüniñ adamsynyñ diri bolmagy üçin Hudaÿa bil baglaÿar. Şeÿdip, ol öÿüne gaÿdyp gelÿär. Aÿaly ony gujaklap: «Bu meniñ adamym. Ol diri we ol meniñki» diÿÿär. «Sen indi Meniñki bolduñ!» (Ezekiÿel 16:8).

Özüni ÿitiren we agyr günäli alkaş adam mesihileriñ duşuşygyna gidÿär. Ol ÿerde ol Isa Mesihiñ Hoş habaryny eşidÿär we ol nähilidigine garamazdan özüni Onuñ söÿÿändigini bilÿär. Isa Özüniñ şirin ganyny döküp, onuñ üçin öldi we onuñ günälerini haça getirdi. Hatda arakhorluk günäsiniñ üsti örtüldi. Halasgär diñe ony bagyşlap, onuñ bilen ebedilik bolmak pursatyna garaşÿar. Bu adam arakhorlukdan ÿüz öwürÿär we Halasgäre seredÿär. Eÿÿäm günä we utanç ÿok. Ol Hoş habary diñlände, onuñ ÿüregi Isa Mesihi görÿär we Hudaÿyñ Sözüne ynanÿar. Isa Mesih oña degili bolÿar! Onuñ ähli gowşaklygy we Adam atanyñ tebigatynyñ netijesi kesgitlenen wagtda bu arakhoryñ gapdalyndan Geçen Mesihiñ rehim-şepagaty bilen ÿuwlan. Halas bolmak mümkinçiligi ÿok ÿaly bolsa-da, bu adamyñ günäsiniñ üsti örtülip ÿygnalan. Zebur 129:4a-da aÿdymçynyñ aÿdan zady geñ däl: «Sende geçirimlilik bardyr». «Sen indi Meniñki bolduñ!» (Ezekiÿel 16:8).

Haçanda Mukaddes Ruh gutulyşyñ hakykatyny we biziñ mukaddesligimiziñ üsti bilen Mesihde dowamly ösüşimizi açanda, diñe merhemet ähtine görä biziñ üçin bar bolan üÿtgemeÿän Hudaÿyñ kasamyna göz ÿetirip düşünip başlaÿarys. Söÿgiler pursaty geldi we biz Isa Mesihiñ — biziñkidigini bilÿäris! Biz Oña ynandyk we öz gazanjymyz boÿunça däl-de, merhemet boÿunça Onuñ gutulyşyny kabul etdik. Çünki gutulyş — «Hudaÿyñ sylagydyr: hiç kim magtanmaz ÿaly, oñat işlere-de bagly däldir» (Efesliler 2:8,9).

 

«Men söÿgülime degişli»

 

Biziñ köpümiz ilki başda Süleÿmanyñ tymsallary 2:16-daky ÿaly edip, Rebbe çagyrylÿarys: «Söÿgülim meniñki, men onuñkydyryn, ol liliÿalar arasynda otlaÿar». Bu Mesihi edinmek duÿgysydyr, haçanda ol Ony saklanda, bu hakyky lezzet bolÿar. Emma biraz wagtdan soñ Süleÿmanyñ tymsallary 6:3-de ol gyz başgaça gepleÿär: «Men söÿgülimiñki, ol-da meniñki; ol sürüsini liliÿalar arasynda otladÿar». Olary edinmek üçin bize Hudaÿ bilen özara gatnaşykda ösmegimizi dowam etmek gerek. Ilki Ol maña degişli. Onsoñ Hudaÿyñ Sözüniñ bilimini kabul edenden soñ we kategoriÿa boÿunça bilimi durmuşy ÿagdaÿlarda ulanmak bilen biz: «Men Oña degişli» diÿÿäris. Bu nämäni añladÿar? Bu biziñ Reb bilen özara gatnaşygymyzyñ ösdügiçe, kämilleşÿän gaÿduwsyzlygyñ şekilidir. Biz Onuñ erk-ygtyÿary we maksatlary üçin ÿeterlikli ösÿäris. Biz Onuñ pikirleri üçin bilim üsti bilen aÿdyñ bolÿarys. Süleÿmanyñ tymsallary 7:11-däki gelniñ aÿdanlaryny belläñ: «Men söÿgülimiñkidirin, onuñ küÿseÿäni-de mendirin». Onuñ mesihi tejribesinde ösüşi, gör, nähili ajaÿyp! Indi ol Rebbi yrmak isleÿär. Ylham 4:11-de şeÿle ÿazylan: «Ählisi Seniñ islegiñ bilen (Seniñ kanagatlanmagyñ üçin) döredi we ÿaradyldy». «Sagyñda çäksiz hözirler bardyr» (Zebur 16:11). Gelin näme diÿÿär? Ilki ol şeÿle diÿÿär: «Ol meniñkidir, men Ony saklamaly. Men mesihi durmuşymdan özüm üçin we maşgalam üçin peÿda gazanmaly». Emma ol haçanda paÿhaslanandan soñ, şeÿle diÿÿär: «Wah, men Ony şeÿle bir söÿÿän! Men Onuñkydyryn. Men diñe Onuñ kämil erki boÿunça pikir etmek, geplemek we hereket etmek isleÿärin». Iñ soñunda ol özüni Onuñ hyzmatyuna berÿär: «Men Onuñ diñe bir emlägi bolman, eÿsem Onuñ maña bolan isleginiñ bolmagy üçin Ony yrmak isleÿärin. Oña tutuş ÿüregim bilen hyzmat edip, men Onuñ gyrnagy bolaryn». Mesihileriñ durmuşynda merhemet şeÿle yglan edÿär. Reb merhemetiñ netijesine görä gelinligini Özüniñ päkligi bilen örtÿär. Şonda biz «Her hili düşünjeden ÿokary bolan Hudaÿyñ parahatçylygyny»(Filipililer 4:7) başdan geçirÿäris. «Ruhuñ miwesi bolan söÿgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ÿagşylyk, sadyklyk, ÿumşaklyk we nebsiñe buÿurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykÿan kanun ÿokdur. Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüÿländir» (Galatiÿalylar 5:22-24).

Taryhda korolewa ýelizewetanyñ baÿ egin-eşikleri geÿmegi we köp şaÿ-serleri hem gymmatbaha zatlary dakmagy halandygy hakynda gürrüñ berilÿär. Onuñ gyz dogany korolewa Mariÿa hem şeÿle köp altyn dakynypdyr, hatda oña käwagt ÿöremek hem kyn bolupdyr. Patyşa Riçard II bahasy otuz müñ marok durÿan altyn eşikler geÿipdir. Emma Hudaÿyñ çagalary merhemet boÿunça päklik geÿimlerini geÿÿärler (Işaÿa 61:10). Biz Hudaÿyñ dogruçyllygyny sylag hökmünde aldyk, bu dogruçyllyk ebedilik saklanÿar (Rimliler 3:25). «Biz Oña bagly bolup, Hudaÿyñ dogrulygyndan paÿ alar ÿaly, Ol (Hudaÿ) günäni tanamaÿan Mesihi (Isany) biziñ üçin günä gurbany etdi (2 Korintoslylar 5:21). Bu hiç hili iş etmezden biziñ mirasymyza geçip, ahlak, fiziki, akyl we ruhy durnuklylygy özünde jemleÿär. Siz dünÿäniñ ähli altyny bilen we ähli gymmatbaha zatlary bilen geÿnip bilersiñiz, emma Ezekiÿel kitabynyñ on altynjy babyndaky Hudaÿyñ çagasynyñ egin-eşigini pula satyn almak mümkin däldir. Bu egin-eşikler mesihileriñ durmuşynda Hudaÿyñ merhemetiniñ üsti bilen beÿan edilÿän Üçlügiñ her hili häsiÿetleri hakda gürrüñ berÿär. Olar Hudaÿyñ tükeniksiz söÿgüsi, rehimdarlygy, geçirimliligi, ÿagşylygy, mylaÿymlygy, adyllygy we dogruçyllygy hakda aÿdÿarlar. Bu häsiÿetler gana bulaşan çaga diñe onuñ gapdalyndan Hudaÿ geçenden soñ goÿuldy. «Men seni suw bilen ÿuwdym, ganyñy ÿuwup senden aÿyrdym we ÿag bilen seni ÿagladym» (Ezekiÿel 16:9).

Ysraÿyl halky Hudaÿyñ özüne berenini alandan soñ, Onuñ çeper ussatlyk bilen dokan egin-eşigi ÿaly Onuñ şeÿle ajaÿyp işini kabul edip aldy, bu halk ol zatlaryñ hemmesini öz şahsy bähbitleri üçin aldy (Ezekiÿel 16:60). Şeÿle bolsa-da Hudaÿyñ hakykaty ÿaşaÿar, çünki Ol şeÿle yglan edÿär ahyryn: «Ýöne ÿaşlygyñda seniñ bilen baglaşan ähtimi ÿatlap, seniñ üçin baky äht berkarar ederin. Seniñ bilen bolan ähtimi berkarar ederin, onsoñ Meniñ — Rebdigimi bilersiñ» (Ezekiÿel 16:60,62). [«Bu zatlara garamazdan Men saña söÿgiler çagyny berÿärin. Men saña merhemetiñ jezasyny berdim we merhmetiñ hereketini görkezdim. Indi Men saña merhemetiñ netijesiniñ kasamyny berÿärin. Hatda sen özüñe şeÿle köp siñdirseñde, Men seniñ bilen ÿaşlygyñda eden ähtimi saklaÿaryn»]. Hudaÿyñ ähtiniñ ÿokary merhemetiniñ päkliginiñ bozulmagy mümkin däldir.

Munuñ özü şöhratly Hoş habardyr! Hudaÿ Özüniñ çäksiz rehimdarlygyny ajaÿyp merhemetiñ barlygynda subut etdi. Onuñ kämil plany şübhesiz söÿgide açylÿar, çünki «biz entek günäkärkäk, Mesihiñ biziñ ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rimliler 5:8b). Biz mesihi tejribämiziñ ösüş prosesinde köplenç şowsuzlyklara duçar bolsak hem, özümiziñ Reb Isa Mesihde ebedilik halas bolandygymyza doly ynanÿarys. Eger biz pese gaçanymyzda bolsa 1 Ýahÿa 1:9-da nesihat berilişi ÿaly, günälerimizi boÿun alÿarys, Ol hem biz näçe Hudaÿyñ Sözünde berkleşsek we ornaşsak, şonça hem şöhratlandyrmagy dowam edÿär. Dünÿäniñ tutuş bütewiligi we şatlygy Hudaÿ bilen bize degişlidir. Haçanda biz Hudaÿyñ her bir sözi bilen ÿaşamagy öwrenenimizden biraz wagt geçenden soñ, merhemetiñ üsti bilen bu ajaÿyp ÿagdaÿ bolup geçÿär. Iñ soñunda biz öz-özümiz joşup şeÿle diÿip ÿüzlenÿäris: «Men Onuñkydyryn. Ol bolsa — meniñkidir!». Biz Mesihde bolup, Ruh boÿunça hereket edip başlasak, Oniñ bilen pikir edip, zähmet çekip we iÿip-içmek däbini ÿerine ÿetirsek, biz ÿüregimizden ynanÿarys, ÿagny Onuñ islegi bize gönükdirilen, çünki Ol Öz gelinligine şeÿle söz berdi: «Ol seni halas etmäge güÿçli, şatlyk bilen saña begenÿär, özüniñ söÿgisi bilen rehim-şepagatly, seni şatlyk bilen dabaralandyrar» (Sofoniÿa 3:17).

Skobkalar [ ]: Munda hakykatda göniden-göni original tekstde beÿan edilmedik zerur düşündiriş sözlerden ÿa-da kommentariÿalardan durÿar.

 

 

 

Doly tölenen

Sizi örän söÿÿän Biriniñ bardygyna we Onuñ siziñ bilen aragatnaşyk saklamak isleÿändigine ynanÿarsyñyzmy? Ol sizi hiç wagt taşlamaÿar, hatda siz Ony taşlasañyz hem, Ol sizi taşlamaÿar. Ol siz hakda iñ ÿakyn adamlaryñyzdan hem köp alada edÿär.

Siz Ony tanamasañyz hem, Ol siziñ adyñyzy bilÿär. Ol siziñ pikirleriñizi we mätäçlikleriñizi, gizlin isleg-arzuwlaryñyzy bilÿär. Onuñ ady — Isa Mesih. Onuñ haçdaky ölümi siziñ öñ eden we gelejekde etjek her bir günäniñ tölegi bolup durÿar.

Siziñ hatyrañyza eÿÿäm sizi iman bilen aklandygy üçin Isa siziñ günäleriñizi we ÿazyklaryñyzy Öz üstüne aldy (Galatÿalylar 2:16). Isa — Hudaÿ (1Timeteos 3:16), Ol siziñ hyzmatyñyza, sadakalaryñyza we gurbanlyklaryñyza mätäç däl. Onuñ Özi biziñ üçin gurbanlyk bolup, adam keşbine girdi (Filipililer 2:7), şu dünÿäniñ günäsini Öz üstüne alan (Ýahÿanyñ hoş habary 1:29).

Siz günäleriñiziñ doly tölenendigini ykrar edÿärsiñizmi? Her bir iman etmeÿäne garaşÿan höküm bilen höküm edilmeziñiz ÿaly, Hudaÿyñ söÿgüsini we günä geçmesini kabul ediñ (Ýahÿanyñ hoş habary 3:18), şonuñ üçin çyn ÿürekden Hudaÿa şeÿle dileg ediñ:

«Isa Hudaÿ, haçda meniñ günälerim üçin ölendigiñe Saña minnetdar. Senden dileg edÿän, meniñ günämi geç we meni dowzahdan halas et. Isa, men mesihi bolup, Seniñ bilen gatnaşmak isleÿärin. Isa Hudaÿ, meniñ Halasgärim bol . Omyn!»

Diñe Isa Mesih Öz beÿik söÿgüsi bilen siziñ janyñyzy baky ölümden halas edip, baky durmuşy sowgat berÿär.

                          Özüñizi halas etmäge Hudaÿa rugsat ediñ!

 

Mesihiler köplenç Hudaÿy yrmak programmasyndaky synanyşyk işlerini amala aşyrmaga dyrjaşÿarlar. Olar Hudaÿyñ söÿgi we merhemet planyna düşünmeÿärler. Ezekiÿel kitabynyñ on altynjy baby bu ajaÿyp plany we Hudaÿyñ ybadathanalara bolan söÿgisiniñ tebigatyny açyp görkezÿär. Bu Isa Mesihiñ Golgofda amala aşyran Zähmetinde ten duÿgyly näletkerdeleriñ ÿalkanma dynçlyga gowuşÿandyklaryna Hudaÿyñ nähili üns berÿändigini görkezÿär. Bu kitapda size Hudaÿyñ ebedilik ähti barada gürrüñ berilÿär.

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *