Gurbany

Gurbany

Baýram güni şatlanalyň adamlar,

Günälermiz ýuwdy Hakyň gurbany!

Gurbanlygyň tagamyny dadanlar,

Süýjiligni illermize paýlaly!

 

Ogly gurbanlyk suprasynda

Atasy, ony öldürmegiň kastynda,

Hak ýetişdi, olaryň perýadyna,

Täsin bize, bu wakanyň beýany.

 

Syn edeliň Rebbiň merhemetine

Goç berildi oglunyň deregne,

Ol kaýyl bolmady, Ybraýymyň berenne,

Özi üpjün etdi Kämil Gurbany!

 

Rebbim gazabyndan saklanmasa

Ynsana Onuň rehmi gelmese.

Gutulyş Hakdan berilmese,

Ýuwupda bilermi, ynsan günäni?

 

Hakdan aýyrdy bizi, günälerimiz

Diňlenmez, kabul bolmaz dogalarymyz.

Gurbanlyga bagly indi, umytlarymyz,

Gökden inen, Isadyr Taňry gurbany!

Leave a Reply

Your email address will not be published.