Ýoludyr

Ýoludyr

Halas etmeklik ynsany

Halasgäriň ýoludyr

Goýuň indi gaýgy aladany

Bu ähli gaýgynyň soňudyr

Gorkma ölümden, bek dur

Iman edene ölüm ýokdur

Seniň üçin ölüp-direlen

Baky ýaşaýşyň başydyr

Kalbyň mylaýym söze teşnedir

Gulak as diregiň hakykatdyr

Janyňa rahat, süňňüňe medet

Diri sözleri bal öýjügidir

Ýokdan Taňry bizi bar eden

Ähli zady bize ýetiren

Lukmany-dermany beren

Sözi derdiň dermanydyr

Şertsiz söýginiň hasyly

Merhemetiň bize inmegi

Külli günäleriň ýuwulmagy

Isanyň döken ganydyr!

**********

Leave a Reply

Your email address will not be published.