Ol ýadyna salmady

forgiveness

Ol ýadyna salmady

Duýdum Taňryň merhemetin

Günälermi Ol ýadyna salmady

Bilsemde men Ýalançynyň hilesin

Howpy meniň gursagyma girmedi

Haýran galdym Ybraýymyň imanyn

Ýat tutupdyryn Musanyň kanunlaryn

Berjaý edemde-de oraza-namazlarym

Sowaplarym bir günämi ýuwmady

Isa maňa duşmanyňy söý diýdi

Senem indi Şertsiz söýgim duý diýdi

Meniň üçin eziz janyň goý diýdi

Ruhy mende hiç bir gorky goýmady

Diri sözleri kalbymy eretdi

Dowzah odundan ençäni halas etdi

Söýgi bile gatnaşygy dikeltdi

Beýle şatlyk senden sowa geçmedi

**********

Leave a Reply

Your email address will not be published.