Söýgiňe mätaç!

all-you-need-is-love-325x260

Söýgiňe mätaç!

Gam-Gussadan ýykylan kalbym,

Şertsiz Söýgiňe mätäç

Suwsuzlykdan solan gülüm,

Seniň idegňe mätaç.

Günä tümlüginde gezdim,

Jiger-janymy ezdim,

Seniň barlygyňy syzdym,

Taňrym Rehmiňe mätaç.

Dolan awuly käsämden

Sen meniň deregme içdiň,

Bal-şireli jamyňdan,

Şirin-şekerňe mätaç.

Höküm bile gabalypdym,

Diller bile ýazgarlypdym,

Ganyň bile ýuwulypdyryn,

Rebbim Merhemetiňe mataç.

Hakyň bize rehmi geldi,

Bigünä günäli boldy

Günäni we ölümi ýeňdi

Isa Mesihe mätaç.

Meýletin janyň berdiň,

Üç gün topraga siňdiň,

Ýunusa beren gudratyň

Baky ýaşaýşyňa mätaç.

Hakyň sarsmaz Şalygy,

Başynda kämil Täç,

Resullaň tutan balygy,

Men Seň toruňa mätaç.

Gulçulykdan azat eden,

Bizi ogullyk alan,

Jenneti miras goýan,

Sapaly durmuşyňa mätaç.

Dert ýassyga düşdi başym,

Derman boldy seniň aşyň,

Senden özgäň başarmajak işin,

Jan hem ruhy şypaňa mätaç.

Şeýtan, Jebraýyl sypatynda allady,

Din içinde ters ýollara ýollady,

Üýtgewsiz ýazgylaryň meni gorady,

Töwrat, Zebur we Injile mätäç.

*********

Leave a Reply

Your email address will not be published.