Tagamyňdan doýmaýan

Tagamyňdan doýmaýan

Başda maňa ajy bolan hakykat

Indi seniň tagamyňdan doýmaýan

Resullaryň gany bile ýazylan hat

Şindi seniň söhbetiňi goýmaýan

Diri sözleň berdi janyma rahat

Gowgaly ýüregim indi parahat

Günäli başymdan sowuldy apat

Imanymy Senden özgä bermeýän

Eý, hakykat Seni ençe agtarypdym

Tapdym diýip, din içinde azaşypdyryn

Şu wagta deň şeýtan sözne allanypdyryn

Hak sözüni hiç bir zada çalyşmaýan

Töhmet bile maňa nazar salsalar

Hile bile aşyma awy gatsalar

Gahar bile eziz janym alsalar

Şertsiz bolan söýgiňden men dönmeýän

Gutulyşdyr Hakyň syryn bilene

Peşgeşdir her-kes gelip Alana

Kämil gurbanlygy bize berene

Sadaka hökmünde gan çykarmaýan

4 thoughts on “Tagamyňdan doýmaýan

Leave a Reply

Your email address will not be published.