“Sen Aýratyn”

http://2.bp.blogspot.com/_Nv2SRHx_GA4/S5jxe4b8kZI/AAAAAAAAAvs/HcGZjssgHJE/S220/aaaaaaaaaaa.jpg

“Sen Aýratyn”

Wemmikler agaçdan ýasalan kiçijik adamjyklardy. Bu agaç adamjyklaryň hemmesi Eli atly agaç ussasy tarapyndan ýasalypdy. Eliniň ussahanasy depaň üstünde oba seredip durdy. Wemmikler dürli-dürlüdi. Käbiriniň uly burnly, käbiri uly gözlüdi, käbiri uzyn boýly, kabiri gysgady. Käbiri papakly, käbiri bolsa donlydy. Ýöne olaryň hemmesini şol Bir Ussa ýasapdy we olaryň hemmesi şol bir obada ýaşaýardy.
We olar her günüň dowamynda şol bir zady edýärdiler: olar biri-birine ýelmentgi berýärdiler. Her bir Wemmikde bir guty altyn ýyldyzjyklary we bir guty-da çal reňkli nokat ýelmetgileri bardy. Obanyň hemme köçelerinde adamçyklar biri-birine ýyldyzjyk ýada nokat ýelmentgilerini bermek bilen günlerini geçirýärdiler.
Tekiz agaçdan we gowy reňkli owadan Wemmiklere altyn ýyldyzjyklar ýelmenýärdi. Emma çarkandakly agaçdan ýada reňki gyrylanlara çal nokatçyklar ýelmenýärdi
Ukyplylar hem, ýyldyzjyklar alýardy

http://onewords.files.wordpress.com/2008/09/2.jpg

.

Käbiri agyr zatlary göterip her hili maşk edýärdi, käbirleri bolsa ýokardan bökýärdi. Başgalar bolsa owadan gepleýärdi ýada gowy aýdym aýdýardy. Hemmeler olara ýyldyzjyklar berýärdi.
Käbir Wemmikleriň hemme ýerinde ýyldyzjyklary bardy. Olar her gezek ýyldyzjyk alanlarynda özlerini gowy duýýardylar!

Bu bolsa olara başga bir zatlary edip ýene ýyldyzjyk almak islegini döredýärdi.
Beýlekiler, muňa seretmezden, kän bir ukyply däldi.
Olar nokatjyklar alýardy.

http://www.healingheartsclub.co.uk/wemmicksville2.jpg

Punçinello olaryň biridi.
Ol başgalar ýaly ýokary bökmäne synanyşýardy, ýöne ol hemişe ýykylýardy. Haçanda, ol ýykylanda hemmeler onuň daşyna üýşüp nokatjyk ýelmeýärdi.
Käwagtlar ol ýykylanda, onuň bedeni gyrylýardy, şonda adamlar oňa ýene-de nokat berýärdiler.
Ol özüniň näme üçin ýykylandygyny düşündirjek bolanda, nähilidir batnyksyz gepleýärdi, we Wemmikler oňa ýene-de köp nokatjyklar berýärdi.

Köp nokatjyklar alandan soňra, Punçinello daşaryk çykmak islemedi. Ol özüniň nähilidir bir nädogry zat edip, ýene-de nokatjyk almagyndan gorkýardy. Dogrudan hem, onda şeýle çal nokatjyklary köpdi welin, adamlar sebäpsiz hem oňa nokatjyk ýelmeýärdi.

“Ol nokatlara mynasypdyr, ol gowy adam däl…” diýip agaç adamjyklar biri biri bilen ylalaşýardy.
Wagt geçdigiçe, Punçinello hem, “men gowy adam däl..” diýip olara ynandy.
Ol käwagt, özi ýaly çal nokatly adamlar bilen gatnaşýardy. Ol özüni olaryň ýanynda gowy duýýardy.

Günleriň birinde, Punçinello hiç kime meňzeş bolmadyk Wemmige duşdy. Onuň nokady-da, ýyldyzy hem ýokdy. Onuň ady Lusiýady.
Bu, adamlaryň oňa ýelmentigileri bermänligi üçin däl-de, olaryň oňa ýelmenmeýänligi üçindi.
Käbir Wemmikler Lusiýanyň nokatlary ýokdygy üçin ony gowy görüp ýyldyzjyklar berýärdi, ýöne ýyldyzjyk hem ýelmeşmän ýere gaçýardy.
Başgalar bolsa onda ýyldyzjyklaryň ýokdygy üçin oňa erbet seredip, nokat berýärdiler, ýöne nokatlar-da oňa ýelmeşmeýärdi.

“Men-de şeýle bolmak isleýärin. Hiç kimiň belliklerini islemeýärin” diýip Punçinello pikirlendi.
Şeýdip, ol Lusiýadan munuň nädip bolup biljekdigini sorady.
“Bu aňsat,” diýip Lusiýa jogap berdi. “Her gün men Elini görmäge gidýärin”.
“Eli?”
“Hawa, Eli. Agaç Ussasy. Men ussahanada ol bilen oturýaryn.”
“Näme üçin?”
“Muny bilmek isleýärmiň? Depä çyk. Ol şol taýda. “
Şeýle diýip, Lusiýa ýoly bilen gitdi.

“Ýöne…Ol meni görmek isleýärmi-kä?” diýip, Punçinello onuň yzyndan gygyrdy.
Lusiýa muny eşitmedi.
Punçinello öýüne gaýtdy.
Ol öýüne baryp, äpişgeden seredip oturdy we agaç adamjyklaryň biri birine ýyldyzjyk ýada nokatjyk berip aýlanyp ýörişlerini synlady.
“Bu nädogry,” diýip öz-özüne samrady
We Eli-niň ýanyna gitmegi çözdi.

Dar ýoda bilen ýöräp depäniň depesine çykdy we uly ussahana girdi. Içerik girende, ol ýerdäki zatlaryň ululygyny görüp onuň agaç gözleri giňeldi. Oturgyç onuň boýy bilen deňdi. Iş stolynyň üstüni görkmek üçin bolsa aýagynyň ujuna galmaly boldy. Çekiç onuň eliniň uzynlygyça-dy. Punçinello ýuwdunyp, “Men bu taýda durup bilmen!” diýip, yzyna öwrülip gidiberjek boldy.
Şol bada ol öz adyny eşitdi.
“Punçinello?” Bu ses çuň we güýçlidi.
Punçinello durdy.
“Punçinello! Seni görmek gaty gowy. Gel men saňa seredeýin.”
Punçinello yzyna ýuwaşlyk bilen öwrüldi we uly sakgally ussany gördi.
“Sen meniň adymy bilýärsiňmi?” diýip kiçijik Wemmik dillendi.
“Elbetde, bilýän. Men seni ýasadym”
Eli pese eňildi-de ony alyp iş stolynyň üstünde goýdy. Ondaky çal nokatlara seredip, “Hmm, görýän welin saňa erbet bellikler beripdirler,” diýip, Ussa pikirli gürläp başlady.
“Men olary almak islemedim, Eli. Men elimde baryny etdim.”
“Eýjejik, sen özüňi gorajak bolma. Başga Wemmikleriň pikiri meni gyzyklandyranok”

“Seni gyzyklandyranok?”
“Ýok, seni-de gyzyklandyrmasyn. Ýyldyzjyk ýada nokat berer ýaly olar kim?
Olar hem sen ýaly Wemmikdir. Punçinello, olaryň näme pikir edýändigi wajyp däl. Meniň näme pikir edýändigim wajypdyr. Men bolsa, sen gaty aýratyn diýip hasaplaýan.”

Punçinello güldi.
“Men aýratyn? Näme üçin? Men çalt ýöräp bilemok, böküp bilemok. Meniň reňklerim gopup düşen. Näme üçin men seniň üçin aýratyn?”
Eli Punçinello seretdi we onuň kiçijik agaç egnine elini goýdy-da, ýumşaklyk bilen, “Çünki sen Meniňki. Şonuň üçin sen meniň üçin aýratyn.”diýdi.
Ýaradyjysyndan başga özüne hiç kimiň şeýle seredendigini Punçinello görmändi.
Ol näme diýjegini bilmedi.

“Sen her gün Meniň ýanyma gelersiň diýip, umyt edýärdim,” diýip Eli düşündirdi.
Punçinello, “Men bir bellgisiz birine duşandygym üçin geldim,” diýdi.
“Men muny bilýän. Ol maňa sen hakynda aýtdy.” diýip Ýaradyjy mylaýymlylyk bilen gürläp başlady.
“Näme üçin ýelmentgiler oňa ýapyşmady?”
“Sebäbi, Lusiýa üçin başgalaryň pikirinden Meniň pikirim has wajypdy. Ýelmentgiler diňe sen rugsat berseň ýelmeşýär.”

“Näme?”

“Ýelmentgiler seniň üçin wajyp bolsa ýelmeşýär. Sen näçe meniň saňa bolan söýgüme ynansaň, ýelmentgitler seniň üçin manysyz bolar.”

“Men muňa düşünmedim.”

Eli ýylgyrdy. “ Sen düşünersiň, ýöne bu wagt alar. Sende köp ýelmentgiler bar. Häzirlikçe, her gün Meni görmäge gel we Men sen barada näçe alada edýändigimi ýatladaryn.”

Eli Punçinellany göterip ýere goýdy.
Wemmik daşaryk gapydan çykyp barýarka, Eli oňa:
“Ýatda sakla, sen aýratyn çünki Men seni ýasadym we Men hiç wagt ýalňyşmaýaryn.”

Punçinello saklanmady, ýöne kalbyndan, “Men bulara ynanýaryn” diýip pikirlendi.
We şol wagt çal nokatjyk ýere gaçdy.

http://spa.fotolog.com/photo/10/5/76/ths__s__hrdcr/1255584788498_f.jpg

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *