HUDAÝYŇ KALENDARY

calendar2.jpg

HUDAÝYŇ  KALENDARY

 

Eger men: “Hudaýyň kalendary nämekä?” diýip sorasam, onda biz ony ýyllara, aýlara, hepdelere, günlere, sagatlara we minutlara bölüşdirip başlardyk.

Hudaýyň kalendary nähilikä? Eýýäm bolup geçen zatlaryň hemmesini ebedilik ýuwutdy, şonuň üçin ertirki gün Hudaýyňkydyr. Ýer ýüzündäkileriň hiç biri-de ertirki güne ynamly bolup bilmez. Ertirki gün Hudaýyňkydyr.

2 Korintoslylar 6:1-4-de şeýle diýilýär: “Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys. Çünki Ol: <<Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim>> diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir.

Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris”. Pawlus: “şu wagtdyr” diýýär. Bu käbirleri üçin gutulyşa degişli bolýan bolsa-da, halas bolma hiç hili dahylly däldir.

Şu günüň tamamlanmagyna 4 sagat 10 minut galdy. Hudaýyň kalendarynda bary-ýogy iki gün bar. Bu günler bu günem däl, ertirem. Ýöne bir şu gün, ertir bolsa, Hudaýyňkydyr. Şonuň üçin “Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris”. Bu hemmelere: aýallara-da, erkeklere-de, biz “taýaklanmalarda, tussaglarda, aýaga galmalarda, azaplarda, ukusyzlyklarda, orazalarda” (2 Korintoslylar 6:5) hem gullukçylar bolar ýaly, diňe ruhy çopanlara däl-de, eýsem, gullukçylara-da degişlidir. Ine, edil şu wagt bizde näme bar: “tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde” (2 Korintoslylar 6:6) bolan zat bar. Reb bizi şu gün häsiýetlendirýän zat hakda gürrüň edýär. Biz özümiziň ýaşaýan aklyňy haýran ediji şu günümizde Hudaýyň gullukçylary bolmagymyz, hemişe arassa bolmadyk adamlar bilen iş salyşýandygymyz üçin arassalykda bolmagymyz, töweregimizde taglymatlary bilmeýän adamlaryň bardygy sebäpli, paýhasly bolmagymyz, Onuň gullukçylary bolarymyz ýaly, adamlar  bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda açyk göwünlilik görkezmegimiz, ýagşylykda bolmagymyz, şeýle hem, Mukaddes Ruhda we hak söýgüde, “Hakykat sözünde, Hudaýyň güýjünde, sagda hem çepde dogrulyk ýaraglarynda” (2 Korintoslylar 6:7)  bolmagymyz örän wajypdyr.

Bu häsiýetnamalara seredenimizde, Pawlusyň nämelerden geçmeli bolandygy hakda oýlanalyň: “abraý we biabraýçylykda, betnamlyk we tarypda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde maslahat berýäris. Biz ýalançy hasaplansak-da, hakykaty sözleýändiris. Nätanyş ýaly bolsak-da meşhurdyrys; öli ýaly bolsak-da diridiris; jeza çeksek-de, öldürilen däldiris. Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris” (2 Korintoslylar 6:8-10). Mesihe iman edýän adam hemişe şeýle ýaşaýandyr. Şu häsiýetnamalaryň üstünde oýlananymyzda, günüň dowamynda Hudaýyň Öz adamlaryndan nämä garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň.

Biziň başga güni görmezligimiz mümkin, sebäbi ertirki gün Hudaýyňkydyr. Resul 2 Timoteos 1:11-de butparazlaryň gullukçysy hem resuly hökmünde gürleýär: “Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar. Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla. Özüňe ynanylyp berlen oňat taglymaty içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gora” (2 Timoteos 1:12-14). Şeýlelikde, bu gün: “Maňa: <Ýa Reb! Ýa Reb> diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer. Şol günde köpler Maňa: <Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?> diýerler. Şonda Men olara: <Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!> diýip, açyk aýdaryn” (Matta 7:21-23) diýilýän gündür. Pawlus ol gün hakda: “Sebäbi hiç kim tutulan düýpden, ýagny Isa Mesihden başga düýbi tutup bilmez… ymarat salan her kişiniň işi belli bolar, çünki Rebbiň güni ony aýan eder, sebäbi otda belli bolar, her biriniň işiniň nähilidigini ot synar” (1 Korintoslylar 3:11, 13). Edilen her bir iş şol işiň kümüşdenmi, altyndandanmy, gymmat bahaly daşdanmy, agaçdanmy, otdanmy, samandanmy, ýagny nämedendigini görmek üçin aýan ediler we ot bilen synalar. “Kimiň bina edeni oda çydasa, şol sylag alar. Kimiň işi ýansa, ol zyýan çeker, ýöne özi ot içinden geçen ýaly bolup gutular” (1 Korintoslylar 3:14-15).

Şeýlelikde, bizde şu gün bilen şol günem bar. Her gezek bizde bu gün bilen şol günem bolýar. Ýöne bu gün wagtyň hem şol günüň gadryny bilmek üçin berlendir. Şonuň üçin: “<<Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak>> diýýänler. Eý ertirki günüň näme getirjegini bilmeýänler, ýaşaýşyňyz näme? Ol biraz wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur. Munuň deregine: <<Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis>> diýmelisiňiz” (Ýakup 4:13-15).

Üç hepde mundan ozal ruhy çopan Piter Stiwens sagdyndy. Ol entek ýaş, gaty gowy maşgalasam bar. Ýöne biz diňe şu günki güne ynamly bolup bilýäris.

Bir gezek men Rebde bary-ýogy iki ýyljyk bolan wagtymda, Amerikadaky Liwermor Follz lagerine gatnaşdym. Ol ýerde bäş ýüze golaý adam bardy. Bir hoşhabarçy ýygnak gidip duran wagtynda, edil öz öňünde oturan üç sany ýaş ýigidiň ýanyna barýar. Ol ozal hiç haçan hem munuň ýaly zady etmändigini soň aýtdy. Onuň ýüzi ak tamdy. Ol bu ýigitleriň Mesihi kabul etmegini haýyş edip ýalbaryp başlady. Soň hem, münbere gaýdyp bardy. Bu ýigitler onuň gürleşen ýeke-täk adamlary bolupdy. Ýygnak gutarandan on minut geçenden soň, kimdir biri kollejiň talyplarynyň birine jaň edip, olaryň üçüsiniňem ýogalandygyny aýdýar. Olaryň biri birinji kursda, beýleki ikisi bolsa, ýokary kursda okaýardylar. Olaryň ertirki güni Hudaýyňkydy, şonuň üçinem şol gün olar üçin gelip ýetmedi.

Ine-de, bir är-aýalyň taryhy. Olar gullugyny Meýn ştatynyň Remford şäherinde meniň bilen bile başladylar. Bu maşgalanyň adamsy örän sagdyn adamdy. Ol adatdakysy ýaly, aýalyna gijesiniň rahat bolmagyny aýdan pursatynda ölýär. Olaryň ady Ed bilen Iwady. Ertirki gün Hudaýyňkydyr.

Häzirki döwürde ankologiki keseller, her hili ýürek we gan keselleri näme bir janlary alyp gidýär. Hemme ýerde töwerekdäki sredany hapalamalar ýaýraýar. Reb Isa Mesih bize: “Hiç haçanam ertirki güne bil baglamaň. Şu gün doga ediň. Häzir gutulyş sagadydyr. Bu gün doga etme sagadydyr, söýgi, rehimdarlyk we özümizde Mesihi görkezme wagtydyr” diýýär. Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde siziň teologiýadan Mukaddes Ruhda hereket etmegiňizi, bilimden praktiki durmuşa başlamagyňyzy,  imandan imany görkezmeklige geçmegiňizi ýalbaryp soraýarys. Hudaýyň merhemetini biderek ýere almaň, sebäbi Ol: “<<Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim>> diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir. Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris”  diýýär. Näme üçin bu beýle wajypka? Sebäbi Hudaý bu gün Öz şägirtleri bolmagy üçin, Hudaýyň Sözüne wepaly bolmaklary hakda karara gelmekleri üçin, bitewilik bolar ýaly, päk niýetli, halal nikaly we göreldeli maşgalaly bolmaklary üçin dünýäniň ähli künjeginden köp adamlary çagyrdy.

Haçyň üstünden geçmedik hiç bir zadam şeýtana garşy durup bilmez. Käwagt men ozal özümiz bilen işleşen, şonda-da durmuşy haçyň üstünden geçmedik adamlar hakda pikirlenýärin. Olar her hili mümkinçilikleri analizlediler. Olaryň pikirleri, toba etmeleri, planlaşdyrmasy şu günki günden aňyrraga gidýärdi. Olar düýnki gün hakda pikirlenýärdiler, Adamyň hereketleriniň geçmişdäki ýüze çykmalaryny ýatlamalary ulanýardylar, soň bolsa, täzelikleriň üsti bilen ertirki gün baradaky gorkular gelýärdi.

Mesihe iman eden her bir adam ölümden direlmäniň territoriýasynda durmalydyrlar. Täze Ähtde “Mendirin” diýen söz 14 gezek ulanylýar. Müsürden çykyş 3-de Musa: “„Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi. Hudaý Musa: «Men Biribardyryn. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Biribar iberdi“ diýip aýt» diýdi.Hudaý Musa: «Men Biribardyryn. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Biribar iberdi“ diýip aýt» diýdi” (3:13-14). Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn(15 aýat). Rehimdarlyk, merhemet, sabyrlylyk, söýgi, bagyşlama—ine, Meniň adym. Men bar Bolandyryn” diýýär.

Marta Isa Mesihe: “«Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. Marta bolsa: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?» Ol Oňa: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýdi” (Ýahýa 11:21-27).  Ýahýa 11:24-de Marta: “Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin” diýýär. Isa Ýahýa 4:26-da samarýaly aýala: “Seniň bilen gepleşip duran Şol” diýýär. Ol Ýahýa 10:7-de: “Men gapydyryn”, Ýahýa 10:11-de: “ Men gowy çopandyryn”, Ýahýa 6:35-de “Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz”, Ýahýa 14:6-da: “Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez”, Ýahýa 8:12-de: “Men dünýäniň nurudyryn”, “Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir” (Ylham 1:18), “Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin” (Ylham 1:8) diýýär. Isa muny 14 gezek aýdýar. Sebäbi Ol “Bar Bolandyr”-bu bizde şu gün bar zatdyr. “Men bar Bolandyryn. Men size ertirki güni wada bermeýärin”. “Ertirki güne buýsanma, çünki sen bir günüň näme emele getirjekdigini bilýän dälsiň” (Süleýmanyň pähimleri 27:1).

Biziň durmuşymyz ölümden direlişiň territoriýasyndaka, özümiziň alyp biläýjek iň ajaýyp zadymyzy—bu: “Men bar Bolandyryn”. “Sizde özüňiziň Meniň bilen bile haça çüýlenendigiňizi, sizdäki köne adamyň ölüp jaýlanylandygyny bilme artykmaçlygy bar. Her gün özüňizi Maňa tabşyryň. Öz ölümli bedeniňizde günäniň hökümdarlyk sürmegine ýol bermäň! Günäniň öz üstüňizden agalyk etmegine mümkinçilik bermäň. Öz agzalaryňyzy günä we haramlyga bermäň-de, ölümden direlenler hökmünde agzalaryňyzy Hudaýa beriň, çünki siz kanun astynda däl-de, merhemet astyndasyňyz”. Muny hiç haçanam ýatdan çykarmaň. Merhemet astynda bolandygymyz üçin günäde galmalymydyrys? Hudaý görkezmesin. Günä üçin öli bolan biz onda nädip ýaşap bileris?

Men Hudaýyň gymmatly söýgüsiniň biri-birimizi ýene bir gezek görmek miýesser etmejek bolandakysy ýaly bizde ýaşamagyny isleýärin. Her bir telefon jaňynyň, her bir hatjagazyň başga mümkinçilik bolmandakysy ýaly eý görülmegini, birek-biregiň şu gün söýülmegini isleýärin, sebäbi ertirki gün Hudaýyňkydyr. Bem sudunda sylaglaryň beriljek güni-de gelip ýeter. Bu gün halas bolmadyklar üçin Ak tagtyň höküm güni bolar. Hudaýa şükür, eger Hudaý ýene haýallyk etse, bizde şu günki galan üç sagat kyrk üç minut bar. Häzir sarpaly tutulmaly ajaýyp wagtdyr, sebäbi günler mekirdir. Häzir merhemet arkaly iman bilen ýaşalmaly, şu wagta çenli bolmadyk ruhy gymmatlyklary edinmeli ajaýyp wagtdyr. Şu ýerdäkileriň köpüsiniň muny bilýändigine, şu prinsip boýunça ýaşaýandygyna ynanýaryn, ýöne “Hudaýyň kalendary” diýen söz örän wajyp sözdür. Hudaýyň kalendarynyň işläp biläýjek ýeke-täki ýeri—bu ölümden direlişiň territoriýasydyr. Bile haça çüýlenilmede, bile göge alynmada ýaşaýan we Mesih bilen pozision hakykatda oturdylan bolsak, onda ölümden direlmedäki ýaşaýyşdan başga ýaşaýyş ýokdur. Ölümden direlmäniň güýji doga etmekdedir. Men özümiň doga etme wagtyma çenli ölümiň içinden geçdim. Ruhuň özümizi ölümden direldendigi sebäpli, biz ýaşaýandyrys. Biz kanun bilen nikada däl-de, Mesihi ölümden Direlden bilen nikadadyrys. Biz Başga Biri bilen nikadadyrys. Kanun indi bizi saklap bilmez, sebäbi biz harpyň köneliginde däl-de, Ruhuň täzeliginde ýaşaýandyrys (Rimliler 7:6).

14 adamdan ybarat bolan bütin maşgala ruhy çopan Piter Stiwensiň daşyna ýygnanyşdy. Olaryň käbirleri gidipdi, ýöne indi gaýdyp gelipdi, sebäbi olar onuň ölmän galjak galmajagyny bilmeýärdiler.             Ýekşenbe güni irden we ýekşenbe güni öýlän wagyz etmek üçin öňe çykamda, men rak keseli bilen göreşýän 29 ýaşly enäniň gözlerine seretdim, rak keseli bilen söweşýän 38 ýaşly erkek kişiniň gözlerine garadym, ýaňy ýakynda adamsyna başga ýürek goýlan aýalyň gözlerine bakdym. Soň maňa sekiz ýaşly çaga başga bagryň oturdylmagynyň talap edilýändigi baradaky haty berdiler. Şonda men agyry duýdum. Ýöne, Hudaýa şükür, Isa Mesihiň plany hem kömegi kämildir. Onuň söýgüsem kämildir, Mesihiň ýoly-da, hakykaty-da kämildir, şonuň üçin ölümden direlen ýaşaýyş hereket edýändir. Biz Onuň ölümden direliş territoriýasynda ölümden ýokary galdyrylan adamlar hökmünde ýaşap bileris. Biz ýamanlygy ýeňip, şeýtana garşy durup, şypa alyş babatda položitel imana eýe bolup hem-de çuň söýülýändigimizi bilip bileris. “Men mesihdirin, Men gökden inen çörekdirin, Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Men dünýäniň nurudyryn, Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez-de, ebedi ýaşaýşa eýe bolar. Men direliş hem ýaşaýyşdyryn. Men Alfa hem Omegadyryn, başlangyç hem soňduryn. Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir. Eger siz Meni kabul etseňiz, Men siziň Halasgäriňizdirin. Men siziň Rebbiňiz hem Mugallymyňyzdyryn.

Her gezek adamlar gerekmejek zatlary aýdanlarynda, olar özleriniň şübhelerini, duýgularyny aýdýarlar. Bes ediň! Adam atanyň hereketlerini etmegi bes ediň. Men muny hemişe Isa Mesihe iman eden gowy adamlardan eşidýärin. Men muny eşitmek islemeýärin. Mesih: “Men bar Bolandyryn. Siz täze ýaradylyşsyňyz. Siz mesih bilen bilelikde Hudaýda gizlenensiňiz. Siz kabul edilenlersiňiz. Men seni hergiz terk etmerin, hiç haçan taşlamaryn. Men seniň adyňy tutdym. Men seniň bilen asyrlaryň ahyryna çenli giderin. Halas edemde halas ederin, şypa beremde sagaldaryn (Ýermeýa 17:14).  Eger ajyksaňyz, Men size iýer ýaly zat bererin, eger iman etseňiz hiç haçan suwsamarsyňyz” diýýär. Eger iman etmeseňiz, durmuşyňyzyň ejiz ýerlerini boýun alarsyňyz. Öz ejizlikleriňiz bilen deňeşdirileniňize, eýsem, siz özüňizi gowy duýýarsyňyzmy? Men siziň boýun alanyňyzda: “biz Mesihde hemme zady başararys” (Filipililer 3:13). Ol siziň mätäçlikleriňiziň hemmesine jogap berýär. Biz iman bilen arassalandyk. Biziň ynsabymyz Mesihiň gany bilen arassalandy (Ýewreýler 9:14).  Men: “Şu günüm, şu hepdäm erbet boldy” diýen zatlary eşitmek islemeýärin. Meniň günüm ölümden direliş güni boldy. Men ertirki gün barada hiç zat bilmeýärin, sebäbi ertir Hudaýyňkydyr. Men geçmişimi siziň bilen paýlaşmak islemeýärin, sebäbi geçmişim ýok boldy. Sebäbi köne zatlaryň hemmesi geçdi-de, hemme zat täze boldy (2 Korintoslylar 5:17).  Şonuň üçin Isa: “Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim” (Ýahýa 10:10) diýýär. Garran mahalyňyzda ondan-da köp gurply ýaşaýyş alarsyňyz. Seniň ýaşaýşyň näme—ol bary – ýogy bugdyr. Suw gyzdyrylan wagtynda bug näderejede ýokary galýar? 6-7 metre ýetýär. Biziň ýaşaýşymyz gaty bir uzaga gitmeýär. Bu waka ýedi ýyl mundan ozal boldy. Pelsinwaniýaly är-aýal biziň irki sapagymyza geldiler. Adamsy ýygnaga sagdynja geldi. Ol 41 ýaşyndady. Onuň aýaly içerik girende, birden gygyryberdi. Görüp otursak şol ýerde adamsy jan beren eken. Onuň sesini biziň myhmanhanadaky adamlarymyzyň käbirleri eşidýär. Ol gygyryp daşary çykdy. Ol adam gowy mesihidi. Biz ony gowy görýärdik. Ol 41 ýaşynda gökdäki öýüne alyndy. Men muny: “Geliň, dogry pikirleneliň” diýmek üçin aýdýaryn. Maňa belli bolşy ýaly, şu gün bizde bar bolan ýeke-täk zatdyr. Üç sagat kyrk bir minut galdy. Ertirki gün başlansa, onda ol özümizde bar bolýan ýekeje zat bolýar. Ine, bolany şu. Şonuň üçin million dollaryňyz bolup, ony söweşmekleri üçin garyndaşlaryňyza galdyranyňyzdan peýda azdyr.

Özüňize iň mukaddes söýgüde nesihat beriň. Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň, merhemeti gözläň, ýary gijä çenli wagtyň gadryny biliň. Ertir irden oýananyňyzda: “Hudaýyň kalendaryna görä, men diňe şu pursatyma ynamly bolup bilerin. Häzir bolsa, ajaýyp wagt. Şindi gutulyş güni, şonuň üçin Reb maňa edil şu wagt medet berýär” diýiň. Düýnki gün hemişelik gitdi, häzirki wagt bolsa, şu wagtjyk uçup geldi. Ertirki boljak zatlar bu gün bolmaýar. Şeýlelikde, biz Beýik “Men bar Bolanda” ýaşaýandyrys. Sebäbi häzirki wagt şu mahaljyk uçup geldi. Şonuň üçin Ol bar, Ol bardy, Ol bolar, ýöne Ol biziň Özi hakda “Men bar Bolandyryn” hökmünde pikir etmegimizi isleýär. “Men bar Bolandyryn” her bir imanly adam üçin hemişe: “Meniň bar Bolandygym sebäpli, sizem barsyňyz” diýmegi aňladýar. Sebäbi Ol göklerde nähili bolsa, bizem bu dünýäde edil Ol ýalydyrys (1 Ýahýa 4:17). “Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys” (Efesliler 5:30). Näme üçin? Sebäbi biz Onuň bedeniniň agzalarydyrys, Onuň eti hem süňküdiris, sebäbi biz Onuň bedeniniň agzalary bolup, Onuň etinden hem süňkündendiris. Biz Reb bilen birikdik, şonuň üçin biz Onuň bilen bir ruhdurys (1 Korintoslylar 6:17). Men siziň ýa-da özümiň düýnüm hakda gürrüň etmekçi bolamok. Men siziň ýa-da özümiň ertirimiziň aladasyny etmekçi däl. Men diňe şol gün üçin doga etjek, sebäbi men bu dünýäde Onuň göklerde položitel pozisiýada bolşy ýaly, položitel pozisiýadadyryn, sebäbi haç bizi birikdirdi, şonuň üçin direlişiň güýji biziň durmuşymyza hereket goşýar. Omyn.

Eger siz hiç haçan Isany kabul etmedik bolsaňyz, eger şu gün özüňiziň soňky günüňiz bolsa, onda nirä düşjekdigiňizi bilýän bolsaňyz, belki, siz Mesihe iman edýändigiňizi aýdybam, şu gün ölseňiz nirä düşjekdigiňizi bilmeýän bolsaňyz, onda doga ediň-de, Isa Mesihi özüňiziň Halasgäriňiz hem Rebbiňiz hökmünde kabul ediň. Mukaddes Kitap: “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi”. Iman edenleriň hiç biri. Siz bu gün öz imanyňyzy Isada ýerleşdirmek isleýärsiňizmi? Onda şeýle diýiň:

Reb Isa, men Seni tanamak isleýärin. Meniň günälerimi bagyşla-da, durmuşymyň bir bölegi bol. Men dünýäden öten wagtym, jennete barmak isleýärin. Şu sözlerem aýdyň: Reb Isa, meni halas et, meniň ýüregime ebedilik gir. Omyn.

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *