Isa Mesihiň görgüleri hakda oýlanma
“Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris” (Injil, 1Kor.1:23-24).
Giriş
Pygamberler Hudaýyň Sözi bolan Töwratda we Zeburda Isanyň görgüleri barada welilik edýärler. Hudaýyň Sözüniň dowamy bolan Injil bolsa bu wakanyň amala aşyrylyşyny jikme-jik beýan edýär. Onuň üstesine-de, bu kitaplar Isanyň keşbinde Hudaýyň hut Özi ejir çekdi diýýärler. Biz muny ykrar edenimizde Hudaýa dil ýetirmeýäris, çünki biz Hudaýyň Öz kitaplarynda aýdan zatlaryny ykrar edýäris. Şu sebäpden biziň öňümizde iki mesele durýar: ýa biz Hudaýyň görgüleri baradaky diýilýänleri kabul etmän, Hudaýyň kitaplary bolan Töwraty, Zeburdyr Injili adamlar tarapyndan üýtgedilen kitaplar hökmünde ret etmeli (adatça musulmanlaryň edişi ýaly), ýa-da olary iman bilen kabul edip, bu aýdylýanlaryň asyl manysyna ýetjek bolmaly. Biz, elbetde, bu kiçijik kitabymyzda Gurhandan ozal gelen Mukaddes Kitaplaryň hakykylygy baradaky subutnamalaryň üstünde durup geçmeris. Emma welin bir tassyklamany bellesek, bize bu ýeterli bolar:
Musulmanlar öz mukaddes kitaby bolan Gurhanyň 1600 ýyldan bäri üýtgedilmän, ýoýulman gelýändigine ynanýarlar. Sebäbi bu kitabyň awtorynyň Hudaýdygyna salgylanyp , Hudaýyň Öz Sözüni ýoýmaga ýol bermän ony goraýandygyny Gurhanyň sözleri bilen tassyklaýarlar. Gurhanyň özi özünden öň Hudaýdan gelen başga-da kitaplaryň (Töwradyň, Zeburyň we Injiliň) bolandygyna, olaryň-da Hudaýyň Sözi bolandygyna güwä geçýär ahyryn. Eger Hudaý Öz Sözi bolany üçin Gurhany goraýan bolsa, onda näme üçin Ol Özüniň öňki sözlerini goramady-ka? Belki-de, Hudaý bir säwlik goýberendir? Belki-de, Hudaý giç Özüne gelendir? Belki-de, Hudaý öňki kitaplar bilen bolan zatlardan tejribe toplap, netijä gelip, soň aňyna aýlanyp, soňky kitabynyň goragyna çykandyr? Belki-de, Hudaý öňler ejizräk bolup, indi, Gurhany berende kämilleşendir? Belki-de…ÝoK, ÝOK, we ýene-de ÝOK. Eger beýle diýsek, onda hut şu sözler arkaly Hudaýa dil ýetirerdik. Biz bütin ýaradylyş üýtgese-de, Hudaýyň Özüniň hiç haçan üýtgemeýändigine ynanýarys: “Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir. Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler. Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez” (Injil, Ýewreýlere hat 1:10-12).Biz bar zatlar üýtgese-de, emma Hudaýyň agzyndan irde-giçde çykan Sözüniň hiç haçan üýtgemejekdigine, onuň dünýäniň soňuna çenli üýtgewsiz durjakdygyna ynanýarys: “Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyňbir harpy-da, bir nokady-da kemelmez” (Injil, Mattanyň Hoş habary 5:18).
Ine, şulary göz öňünde tutmak bilen, biz mundan beýläk Mukaddes Kitaplaryň abraýy baradaky meseläni taşlap, ikinji meselämize, ýagny onda aýdylýanlaryň manysy baradaky gürrüňimize geçeris.
Her gezek Hoş habar wagyz edilende we her bir Isa iman edýän adam öz imany barada şaýatlyk edende Isanyň çeken hasratlary, Onuň gören görgüleri barada gürrüň edilýär. Bu bolsa her bir adamyň aňynda her hili duýgulary oýarýar. Isanyň gören görgüleri baradaky biziň bu oýlanmalarymyz şol duýgulary dogry akyma ugrukdyrmak üçin ýazylandyr. Bu oýlanmalar ilki bilen-ä Isa iman edýän adamlar üçin niýetlenendir. Bu oýlanmalar her bir imanlynyň özüniň haýsy batgadan, nähili düýpsüz çuňlukdan çykarylandygyna göz ýetirmegi, nähili belentlikde oturdylandygyny bilmegi üçindir, Hudaýyň Öz saýlan adamlaryna bolan söýgüsiniň nähili kenarsyz giň, düýpsüz çuň ummandygyna, onuň göklerden belentdigine düşünmegi üçindir. Şol bir wagtyň özünde bu oýlanmalar Isanyň görgüleri hakda eşiden her bir iman etmedik adam üçin hem niýetlenendir. Çünki eger bu barada eşiden adama Hudaý Özüniň rehimini siňdirip, Öz ruhy arkaly düşünje bermese, adam tebigaty muňa düşünerden ejiz gelýär. Belki-de, bu oýlanmalar Hudaýyň şol rehiminiň çeşmesi bolar, we her bir okaýan bu arkaly özüne bereket tapar. Elbetde, Hudaýyň bize bolan söýgüsini, Isanyň çeken azaplarydyr görgülerini beýan ederden ynsan dili ejiz gelýär, ony doly beýan edere söz kemlik edýär. Şeýle hem bolsa, Hudaý rehim etse, meniň sada sözlerimi Onuň Özi Öz Ruhy arkaly gerekli manydan doldurar diýip umyt edýärin.
Haça çüýlenen Hudaý!!! – oýlanmazlyk mümkin däl
Bir gezek türkmen obalarynyň birinde bu dünýäni Isa Mesihe ynam bilen terk eden ýaş aýalyň märekeleri berildi. Şol märekeleriň birinde oba adamlary tarapyndan janly soýlup, gan çykarmagyň zerurdygy aýdylanda, Isa iman edenleriň biri şeýle diýdi: “Bize, mesihilere, janly soýmagyň, onuň ganyny dökmegiň geregi ýok, çünki biziň Rebbimiz bolan Isa Mesih biziň hemmämiz üçin gan dökdi. Onuň döken gany biziň we merhum doganymyzyň hem günälerini ýuwmak üçin we Hudaýyň huzurynda aklamak üçin ýeterlidir” diýdi. Şonda-da märekeler türkmeniň medeniýetiniň bir bölegi bolup galandygy üçin bolmalysy ýaly edilip geçirildi. Emma gan çykarmak baradaky bu gürrüňi oba adamlarynyň biri geň-taň galmak bilen soň ýatlady: “Eý toba, toba! Bularyň diýýänlerini! Bular üçin hezreti Isa ganyny çykaranmyşyn! Eý toba, Hudaý saklasyn!”.
Ol adam üçin bu – Hudaýa dil ýetirmäniň has öte geçmesidi.
Internet sahypalarynyň birinde-de, Isa iman eden bir adamyň goşgusy çap edilipdir. Ol bu goşgusynda Isa Mesihiň ozaldan eden niýetini, ýagny adamzady Öz gany bilen aklap, Onuň bir maşgala döretmek niýetini açyp, özüniň hem bu maşgala degişli bolanyny minnetdarlyk bilen beýan eden eken. Onda şeýle sözler bardy:
Dünýä döreli bäri islediň bir maşgala,
Ugrunda ýere gelip çekdiň köp ahy-nala,
Günäleri göterýän, meňzäp, gurbanlyk mala,
Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.
(Beýik Hudaý, men minnetdar, maňa maşgala berdiň;
Ogluň gany bilen aklap, doganlarymy berdiň.)
Sen üçin beýik boldy perişdelerden ynsan,
Aýyrdy ony Senden günä diýlen nägehan.
Oňa gazabyň dökmän, Özüň ah çekip pynhan,
Jezalap Öz Ogluňy doganlarymy berdiň.
Patyşalygyň taşlap Sen ýere geldiň Isa,
Şahana durmuşyňy öwürdiň uly ýasa,
Halas ediş ýolunda çekip Sen agyr gussa,
Gözýaş bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.
“Meniň size söýgümiň ýokdur hiç çaky-çeni,
Bir-biriňizi söýüň, eger söýseňiz Meni.
Söýgi diýmek – bermekdir bütinleý jany-teni”,
Diýip, tabşyryp, maňa doganlarymy berdiň.
“Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany-teni,
Sen hem şeýle söý” diýip, doganlarymy berdiň.
Bu goşgunyň manysy barada uly nägilelikleri bildirip, bir topar adamlar öz pikirlerini ýazdylar, olaryň käbirleri muny ýazany nälete-de berdiler: “Siz Ýaradan Biribar barada beýle diýmäge neneň het edip bildiňiz? Ol ejir çeker ýaly, näme, Ol bir ýaradylan zatmydyr, eý toba estagfer Alla! Ol siziň üçin janyny gurban eder ýaly, siz kim bolupsyňyz, siz näme, Onuň bendeleri dälmi? Isa siziň üçin gurban bolar ýaly, siz kim bolupmyşyňyz? Ony goýuna, mala deňär ýaly, hiý-de bir siz Hudaýdan gorkmaýarsyňyzmy? Size nälet bolsun!”
Ýaradanyň öz ýaradan ynsany üçin ynsan keşbinde çeken görgüleri – adamlaryň nägilelikleriniň çür depesidi, sebäbi bu olar üçin Ýaradana dil ýetirmäniň çür depesi bolup saýylýardy. Eger Hudaýyň beýikliginiň we mukaddesliginiň nä derejede aýdyp bolmazlygyna göz ýetirip bilmeýän adamlar Hudaýyň görgüleri barada eşidende şeýle pikir edýän bolsalar, onda iň belentlerde, Hudaýyň tagtynyň öňünde irkilmän gije-gündiz durýan, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, ganatlary bilen ýüzlerini we aýaklaryny ýapyp: “Mukaddes, mukaddes, mukaddes, Reb Hudaý” diýşip, biri-birine habar berýän perişdeler Hudaýyň görgülerini görenlerinde bu barada näme pikir etdilerkän? Bu ýagdaý Gögüň mukaddes perişdeleriniň hem düşünmedik zady bolan bolsa gerek. Beýle sözler olaryň hem edil ýüreginden gaýnap çykýan sözler bolmagy mümkin!
Hawa, bu nägilelikler adalatlydyr. Bu nägilelikleri pygamberlik hökmünde biziň ýüzümize ursalar bu dogrudyr. Gaýta-gaýta bu sözleri bizi ýazgarma hökmünde biziň ýüzümize bassalar bu adalatlydyr. Çünki biz kim bolupdyrys beýle hormata sezewar ediler ýaly! Biz kim bolupdyrys Hudaý biziň üçin öler ýaly! Biz kim bolupdyrys älem-jahanyň ýaradyjysy biziň üçin ejir çekip, görgi görer ýaly! Dawut pygamber Zebur kitabynyň 143-nji mezmurynda adalatly belleýär:
“Ýa Reb, ynsan kimmişin,
Sen onuň aladasyny ederiň ýaly?
Ynsan ogly kimmişin,
Sen onuň pikirini ederiň ýaly?” (Zebur 144:3).
Biz hiç kim. Toprak. Çünki Işaýa pygamber hem şeýle diýipdi:
“Ine, milletler ýagyş damjasy kimin,
terezilerdäki toz kimin saýylýar,
Ol adalary toz deýin äkidýär.
Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr,
olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar” (Işaýa 40:15,17).
Biz beýik küýzegäriň elinden çykan, palçykdan ýasalan toýun gaplarydyrys. Ölüp, topraga öwrülýän toprakdan bolan gaplardyrys. Üstesine-de, Hudaýa gulak asmazlyk netijesinde, hiç bir sogap iş bilen düzeldilip bilinmejek baky ölümi gazanan, Hudaýyň ebedi hökümine sezewar bolmaly pitneçilerdiris.
Hudaýyň bizden başga-da ýaradan zatlary köp-ä! Olaryň içinde ynsan nämejikmişin? Eýsem bütin ýaradylyş Oňa alkyş aýtmaýarmy näme? Ýazylyşy ýaly:
” Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär,
gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär” (Zebur 19:1).
Perişdeler epilip, Onuň hyzmatynda häzir bolmaýarmy näme? Çünki:
«Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» (Injil, Ýewreýlere hat 1:7) diýilýär.
Ol hiç bir zada mätäçlik çekmeýän Dolulyk we Kämillik dälmi näme? Biziň dindarlygymyzdan Oňa näme haýyr bar? Biz hatda özümiziň iň dogry durmuşymyz bilen Onuň kem ýerini doldurar ýaly, näme, Onuň bir ýetmezi barmy? Eýýup pygamberiň kitabynda ýazylyşy ýaly:
«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi?
Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar?
Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar? (Eýýup 22:2-3).
Ynsanyň maddy baýlygy-da, mal-mülki-de Oňa gerek däl, çünki Hudaýyň Özi Dawut pygamber arkaly bu barada diýýär:
“Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden,
ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi –
müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny,
meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn,
çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki” (Zebur 50:9-12).
Reb Isanyň resuly bolan Pawlus bolsa Injilde şeýle jar edýär:
“Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý Ýeriň-gögüň Rebbi bolup, el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaz. Şeýle hem, hamala bir zada zar ýaly, Oňa adam eli bilen gulluk edip bolmaz, sebäbi hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär” (Resullaryň işleri 17:24-25).
Ýa-da Ol bize borçly bolar ýaly, näme, Onuň biziň öňümizde dilini gysga edýän ýagdaýlar barmy-ka? Ýok, çünki Injilde resul Pawlus muňa şeýle jogap gaýtarýar:
“Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi? Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn” (Rimlilere hat 11:35-35).
Emma hiç bir kemi bolmasa-da, hiç bir zada zar bolmasa-da, hiç bir zada mätäç däl hem bolsa, Dolulyk we Kämillik bolsa-da, Hudaý ynsan hakda şeýle diýýär: “Çünki Ol (Hudaý), elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär” (Ýewreýlere hat 2:16). Hawa, Mukaddes Kitapda Hudaý ähli ýaradan zatlaryndan ynsany ýokary tutdy, ony saýlap aldy diýilýär. Hatda ot ýalny ýaly perişdelerini-de ynsanyň töwereginde hyzmata belledi diýilýär.
Munuň sebäbi nämede-kä?
Munuň sebäbini Ol Ýermeýa pygamber arkaly Ysraýyl halky baradaky gürrüňinde bize degişli edip aýdýan sözlerinde aýan edýär: “Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm,
şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim” (Ermeýa 31:3).
Injil bu barada şeýle diýýär:
“Çünki Hudaý dünýäni (ýagny bizi) köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýanyň Hoş Habary 3:16).
Hudaýyň näme üçin ynsany saýlandygynyň, ony ýokary tutandygynyň sebäbi barada Musa pygamberiň aýdyşy has haýran galarly. Ol Töwratyň “Kanun taglymaty” diýen bölüminde diýýär:
“Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da, Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady” (Kanun taglymaty 10:14-15).
Musa pygamber bu sözlerinde Hudaýyň ynsany saýlamagynyň sebäbini Onuň ynsana bolan söýgüsi diýip aýdýar. Ol muny ýöne bir belläp geçmeýär. Musa ilki bilen Hudaýyň elinde bar bolan ynsandan has ýokary, has belent, has arassa zatlaryň bardygyny aýdýar. Hawa, eger Hudaý nämedir bir zady özüne ýarawly bolar diýip saýlamaly bolaýanda-da, onda ejiz, güýçsüz, hiç bir dereksiz ynsany saýlamaly däl, çünki onuň elinden gelen işi ýok. Eger Hudaý özüne alkyş aýtmagy üçin hem kimdir birini saýlamaly bolsa-da, onda günä batan, pitneçi, pis ynsany saýlamaly däldi, çünki ol Hudaýa şöhrat deregine masgaraçylyk getirýär. Biz hatda gökleriň sanynyň näçedigini bilmeýäris, olary doldurýan perişdeleriň sanyny, olaryň güýjüni, şöhratyny bilmeýäris. Musa “gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar” diýmek bilen, Hudaýda ynsana görä has beýik, has abraýly, has arassa, has peýdaly, şörata we taryplanma mynasyp zatlaryň bardygyny görkezýär, emma şeýle bolsa-da, hawa, şol zatlar “Rebbiňki bolsa-da”, “Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady”. Ol ýüzläp pygamberleriniň üsti bilen öz saýlan ynsanyna: “Men seni ýürekden söýdüm” diýýär.
Haçanda kimdir biri haýsydyr bir maýyby, haýsydyr bir doga bitdi şikeslini, kör we oturym bolan çolagy, munuň üstesine-de ysmaz bolan adamy söýmäge gaýrat tapsa, onda bu onuň görgi görmegine getirer. Sebäbi bu kimdir biri ol ysmazy öz derejesine galdyrmakçy bolar-da, onuň derejesine çenli kiçeler, öz abraýyndan geçer, onuň maýyplygynyň, ýetmeziniň üstüni doldurar, ony hemişe göterip gezmeli bolar, oňa direg we sѳenç bolar, başarsa öz janyndan hem geçip, ony janlandyrar (beýle zada durmuşda duşmak gaty müşgül iş). Bu kimdir biri – Hudaýdyr, ysmaz, ýarawsyz, maýyp bolsa – ynsandyr.
Hudaýyň ýokardaky (ilkibaşda) gürrüňi edilen görgüleriniň emmasy – Onuň bize bolan çäksiz söýgüsidir. Onuň bize bolan çäksiz söýgüsi şeýle bolmaga alyp geldi. Ony muňa hiç kim mejburlap bilmedi. Onuň Özi muňa razy boldy. Onuň bize bolan çäksiz söýgüsi Onuň çäksiz çeken hasratlarynyň sebäbidi: Ol Özüniň ýeke-täk ýalňyz Oglunyň günäniň jebrinden epilmegine, bütin gargyşyň astynda ýykylmagyna, Hudaýyň günä üçin adalatly gahar-gazap käsäsiniň astynda döwzah odundan geçip, biziň jenaýatlarymyz, kanunsyzlyklarymyz üçin bolan bütin näleti we gargyşy Öz gerdeninde çekmegine razy boldy. Hiç kim Ony saklap bilmedi, hiç kim Oňa garşy durup bilmedi, Ony bu abraýsyz ýoldan dönderjek tapylmady, çünki Ol Hudaýdy, çünki Ol bar zatdan beýikdi. Bu ädim Onuň bizi günälerimizden aklamak üçin eden hoşniýetli erkidi. Hudaýyň Ogly Isa Mesih beýle karara dünýä döredilmezden öň gelipdi. Ol diýdi: “Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar” (Ýahýanyň Hoş Habary 10:18); “Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim” (Ýahýa 10:10).Muňa diňe düşünmek galypdy, we muňa düşünip, Onuň bu söýgüsine Özüňi tabşyrmak galypdy. Ine, Hudaý Dawut pygamberiň üsti bilen näme diýýär:
“Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar,
ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
Reb Özünden gorkýanlardan,
Onuň wepaly söýgüsine umyt baglaýanlardan,
keýpi çag bolýar” (Zebur 147:10-11).
Bu heniz hem şeýle bolmaklygynda galýar. Hudaý öz ýaradan zatlarynyň arasynda diňe öz saýlan adamlarynyň Oňa jogap edýän söýgüsinden hoşal bolýar, we Özüniň olary söýýändigine umydyny baglanlardan göwni hoş bolýar. Muňa düşünenler iman edýärler, düşünmedikler bolsa bizi adalatly ýazgarýarlar, şeýdibem olar özlerini bu rehimden, merhemetden, söýgüden jyda edýärler.
Adam ata we How enemiz Hudaýa gulak asmazlyk etmekleri netijesinde Hudaý bilen gatnaşyklarda geçjek ebedilik ýaşaýyşdan mahrum boldular. Şeýdip hem, gulak asmazlyk netijesinde ölüm ýüze çykdy. Diňe bir pederimiz Adam ata däl-de, Adam atamyzyň tohumyndan bütin dünýäni dolduran ähli ynsanlar günäli tebigatda dogulmagyny dowam etdirdi. Şonuň üçin-de azaplar, betbagtçylyklar, we ahyrsoňy iru-giç ýetip gelýän ölüm her bir günäliniň paýy, kysmaty boldy. Islendik ynsanyň ölýändigi onuň günälidiginiň subutnamasydyr. Bu barada Injil şeýle diýýär: “Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi” (Rimlilere hat 5:12); “Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok” (Rimlilere hat 3:10). We Injil ýene-de diýýär: “Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy” (Rimlilere hat 3:23); “Sebäbi günäniň muzdy ölüm…” (Rimlilere hat 6:23). Bir akyldar adam islendik adamyň ýeterli derejede günä edendigini we edýändigini tassyklamak üçin Mukaddes Kitabyň aýdýanlarynyň geregi ýok diýýär. Çünki, onuň aýdyşyça, islendik adamyň bary-ýogy bir gije-gündiziň dowamynda edýän pikirleri şekilli ýazga geçirilip, bütin adamlaryň göreri ýaly uly meýdanda görkezilse, onda ol adam hemmäniň öňünde masgara bolmazlyk üçin ol ýerden gaçyp gider diýýär. Oý-hyýallarynyň nähili bozukdygyny her adamyň özi gaty gowy bilýär.
Hudaýyň mukaddesligi, Onuň päk arassalygy günäni – hapany, ýamany, şeri, haramy öz ýanyndan daşlaşdyrdy, şeýdip, pederimiz Adam ata Eremdäki jennet bagyndan kowuldy. Hudaýyň dogrulygy we Onuň adalaty bolsa her bir edilen günäni, diýmek, ony eden günäkäri hem jähenneme höküm etdi. Ine näme üçin biz Hudaý bilen gatnaşykdan daşda bolduk we nälet astyndaky ölümiň gullaryna öwrüldik. Ölüm günä sebäpli biziň doly hukukly eýämize öwrüldi. Mundan beýläk biziň öz tagallalarymyz bu ýagdaýy hiç hili üýtgedip bilmezdi, biziň haýyr işlerimiz, sogaplarymyz, edýän ýagşylyklarymyz günä we ölüm girdabynyň içindäki bir damja ýaly zatdy. Bu barada Mukaddes Kitapda Işaýa pygamber arkaly şeýle diýilýär: “…ähli dogry işlerimiz haram eşigi ýalydyr (Işaýa 64:6). Hudaýyň päkliginiň öňünde biziň dogrulygymyz bir harama bulaşan eşik ýaly görünýär. Isanyň resuly bolan Pawlus ynsanyň bu ýagdaýyny şeýle düşündirýär: “Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn. Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin. Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir. Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar. Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn. Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär. Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder? (Injil, Rimlilere hat 7:18-24).
Hawa, “…meni kim halas eder!!!”. Bu nala öz günäli tebigatyna çynlakaý we dogry baha berýän her bir adamyň nalasydyr: bu ýagdaýda men nädip mukaddes, päk, arassa Hudaýyň öňünde durarkam!!! Isanyň resuly bolan Ýahýa Hudaýyň beren ylhamy bilen, geljek höküm gününi şeýle suratlandyrýar: “…Ölüleriň üstünden höküm çykarylýar. Men bir uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, Gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy” (Ýahýa gelen ylham 20:10-11). Biz Ýeri we Gögi arassa hasap edýäris. Olar barlygyň başlangyjyndan bäri özünde ähli ýaradylan zatlary saklap, Hudaýyň buýruklary boýunça hereket edip, Ýaradana hyzmat edýärler. Eger olar hem höküm gününde Hudaýyň öňünden gaçýan bolsalar, onda men näme ederkäm! Meni kim halas eder!
Ine, hut şu ýerde ynsanyň aňy ýetip bilmejek, ozallar perişdelerden-de gizlin bolan, Hudaýyň beýleki, düýbünden başga bir keşbi aýan bolýar – ynsanyň halas bolmagy üçin adalat ýerine ýeter ýaly, bütin näleti, günäniň muzdy bolan ölüm azaplaryny Öz üstüne alýan Hudaýyň hasrat çekiji, görgi görýän keşbi. Isa Hudaýyň ýerdäki ynsan keşbi, Onuň görgi görýän keşbi; höküm gününe ýetmänkä, her bir ynanýan adamyň günäleriniň jezasyny Öz boýnuna alan keşbi, näleti, ölümi, bizi gul eden iblisi adalatly ýeňen keşbi. Injilde bu barada şeýle diýilýär: “Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy…” (Timoteusa 1-nji hat 2:16); “Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne ee bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi. Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär. Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy (Ýewreýlere hat 2:14-17).
Hudaýyň mukaddesligi Adam atany we oňa bagly bolup doglanlary özünden daşlaşdyran bolsa, Onuň adalatlylygy olary baky ot hökmüne sezewar eden bolsa, Onuň aýdyp bolmaz çäksiz söýgüsi iman edýän her bir adamy bu otdan halas edýär. Emma bu halas edişlikde Onuň dogrulygy günäniň muzdunyň tölenmegini talap edeni üçin, Onuň Özüniň çäksiz jebir jepalary çekmegine getirdi. Mukaddes Kitap “…Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz” diýýär (Injil, Ýewreýlere hat 9:22).
Şeýdip, biz Onuň gany arkaly halas bolýarys: “Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr (Rimlilere hat 5:8-9 ; “biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris” (Efeslilere hat 1:8). Pederimiz Adam atanyň gulak asmazlygy arkaly gazaba sezewar bolşumyz ýaly, ondan Beýik bolan Adamyň, ýagny Isanyň boýun bolmagy, dogry ýaşamagy arkaly biz bu gazapdan gutulyp, Hudaý bilen gatnaşyklarda ebedi ýaşarys. “Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer. Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi. Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar (Rimlilere hat 5:17-19).
Şeýlelik bilen, günä sebäpli öli, ýaşaýyşa bütinleý ýarawsyz bolan biz, Hudaýyň söýgüsi bilen, Isa Mesihiň görgüleri arkaly ýaşaýarys:
“…Tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk. Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin, ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi” (Efeslilere hat 2:3-5).
I. Atanyň görgüleri
Görgüleriň başy
Hudaýyň görgüleri haçan başlandy? Başlangyçdan. Entek Hudaý hiç bir zady ýaradyp başlamanka. Entek ýyldyzlar öz şöhlelerini barlyga saçmanka. Eýsem Onuň görgüleri Isanyň ýerdäki durmuşyndan başlamanmydy näme? Ýok. Onuň görgüleri hatda Adam ata günä batmazyndan-da näçe öň başlandy. Ýöne bu bize giç aýan edildi. Hudaýyň ozalbaşdan çekýän görgüleri bize döwürleriň ahyrynda, diňe Isanyň çeken görgüleri arkaly aýan boldy. Ata hökmünde Hudaý başlangyçdan başlap görgi görýärdi. O nädip? Men muny size şeýle düşündirjek bolaýyn. Göz öňüne bir getirip görüň! Bir adamda ýeke-ýalňyz perzent dogulýar diýeli. Ol nä derejede şatlanar, bagtly bolar. Emma adam özüniň ýaňy doglan oglunyň geljekdäki gaýgy-hasrat, jebir-jepa, nälet üçin niýetlenendigini bilse, onda ýekeje oglunyň dogulmagy bilen baglanyşykly beýik şatlygy ondan-da beýik gynançlara, azaplara, pynhan gözýaşlara bürener. Bu azaplar boljak wakalar ýüze çykanda däl-de, ogluň doglan, peýda bolan döwründen başlanýar. Bu mahal-mahal ýatdan çykaýanda-da, Ata sagdyn ösüp ulalýan ogluna guwanmak üçin, her zatda üstünliklere ee bolýan ogluna buýsanmak üçin, daş we iç keşbi bilen özüne meňzäp barýan ogluna şatlanmak üçin oňa her gezek bakanda geljek hasratlar ýada düşer, bu şatlyk çuňňur ýürek agyrylaryna öwrüler. Meniň pikirimçe, bu her bir bagry daş bolmadyk, doňýürek däl ynsana düşnüklidir. Eger bu düşnükli bolsa, onda indiki aýtjaklarym hem doly düşnükli bolary ýaly, aň ýetirmesi aňsat bolmadyk ýene bir hakykaty belläp almalysyňyz: Isa ynsan keşbinde ýerde dogulmazyndan öň, entek Hudaý hiç bir zady ýaradyp başlamazyndan, Ol Hudaý bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan, Atasynda ýaşaýan, Onuň ýeke-ýalňyz Ogludy. Ol haçan döredi, haçan peýda boldy? Mukaddes Kitap bize Atanyň bar bolşy ýaly, Ogul hem Atada hemişe bardy diýýär (Injil, Ýahýa 1:1-14). Ol ozalbaşdan bardy. Diýmek, Hudaý hem Oglunda gurbanlyk guzyny ozalbaşdan görýärdi, Onuň azaplary, ine haçandan başlanypdy.
Hudaýyň Ata hökmündäki çekýän azaplary, entek Isanyň ynsan keşbinde dogulmazyndan näçe öň başlapdy. Ata Hudaý Ony dünýä ýaradylmazdan öň damagy çalynjak päk guzy kimin belläp goýupdy. Çünki Injilde şeýle diýilýär: “…müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň. Ol dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy (Petrusyň 1-nji haty 1:19-20). Üns beriň, bu ýerde Isa guzy ýaly gurban bolmaga haçan bellendi diýilýär? Hawa, dünýä gurulmazyndan öň. Hudaý geljekde boljak bu wakany, ýagny Oglunyň geljek görgülerini hemişe Öz ýüreginde saklaýardy, taryhda bu barada birnäçe meňzetmeler arkaly güwä geçipdi, muny ynsana telim gezekler ýatladypdy. Iman atalarymyzyň iň beýigi saýylan, Hudaýyň-da dosty hasaplanan Ybraýym pygamberiň öz ogluny gurban etmeli bolandygyny, emma gökden, Hudaý tarapyn iberilen arassa guzynyň onuň ogluny bu ölümden gutaryp galandygyny hemmeler bilse gerek. Bu meňzetmedi. Ol guzy Isany aňladýardy. Injilde ýazylan Ýahýa pygamberiň sözleri muňa şaýatlyk edýär: “Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi. Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur… Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy. Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi (Ýahýanyň Hoş Habary 1:29-30 we 1:35-36).
Ybraýym pygamberiň imanynyň synalmagy bilen bolup geçen bu wakada Hudaý hut Özüniň geçjek synaglary barada gürrüň edýärdi. Bu gürrüň göni manyda Ybraýymyň başyna düşen hasrat bolsa-da, emma göçme we iň esasy manysynda, Hudaýyň Öz Ogluny gurban berjekdigi bilen baglanyşykly bolan, Onuň Özüniň ölçäp bolmajak hasratlaryny aňladýan gürrüňdi. Hut şu göçme many has aýgytly, has anyk, jikme-jik bellenilýärdi. Töwrat Hudaýyň Ybraýyma aýdýanlaryny şeýle beýan edýär: “Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi” (Gelip çykyş kitaby 22:1-2). Hudaý Ybraýyma gurban et diýende “ogluňy” diýip, ýöne bir gezek aýdyp goýmaýar. Ol bu sözi üç gezek gaýtalaýar. Üç gezek. Kimi gurban edeýin? Ogluňy. Haýsysyny? Ýalňyz ogluňy. Düşünmedim? Söýgüli ogluňy. Belki-de gyrnak Hajardan bolan oglum Ysmaýylydyr? Ýok, Yshagy. Her gezek gaýtalananda bu söz ýüregiňi dilip, oňa has çuň çümýärdi. Ol her gezek gaýtalananda “belki-de ýalňyş düşünýändirin” diýen umydy ýok edýärdi, gaçara ýer, tapara bahana galmaýardy. Hudaý, göýä diýersiň, bu sözleriň manysyny menden gowy bilýän ýok diýýärdi. Bu sözleri Hudaý Öz Ogly, ýalňyzy, söýgüli Ogly barada aýdýardy. Hawa, Hudaýda Ysmaýyla meňzäp, Hudaýyň ogullary diýlip atlandyrylan perişdeleri köpdi, emma Ol Öz Ogly, Öz ýalňyzy, Öz söýgüli Ogly barada aýdýardy. Näme üçin Moryýa ýurdundaky dag? Sebäbi bu ýerde geljekde Isa haçda Öz janyny berer. Ynsan, bu sözleri ýatda sakla: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al”! Hudaý Öz Oglunyň, Öz “Yshagynyň” gürrüňini edýärdi.
Ybraýym pygamber öz ogluny gurban etmeli boljakdygyny eşiden wagtyndan başlap, aýdyp bolmajak azaplary başdan geçirdi. Tä şol sagat ýetip gelýänçe, bu gysga wagtyň içinde Ybraýym näçe ölüp, näçe direlendir. Bu barada Mukaddes Kitap dymýan ýaly bolsa-da, ol çalaja pyşyrdap, Ybraýymyň öz oglundan aýrylmaly ýerini uzakdan görendigini aýdýar: “Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi. Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi” (Gelip çykyş kitaby 22:3-4). Hudaýyň Sözi bu wakanyň her bir kiçijik jikme-jikliklerini sypdyrman gürrüň edýär. Serediň. “…Ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi “; “Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi”. Näme üçin bu ownuk zatlar, bu takyklamalar şeýle wajypka? Belki-de, bu jikme-jiklikler atanyň çekýän hasratlaryny aýtmak üçindir? Ata öz oglunyň damagyny çalanyndan soň ony ýakjak odunlaryny çöpleşdirip ýör! Bu nähili agyr iş! Ata her bir oduny alanda ýüregine awy gatýan zäherli ýylany alýardy. Her çöpi döwüşdirende öz ýüregini-de “döwýärdi”, bagryny paralaýardy. Ata ogluny gurban etmek üçin gerek bolan bütin taýýarlygy öz üstüne aldy: ol irden turdy, eşegini gaňňalady, odunlary taýýarlady. Gadym wagtlardan gelýän bir rowaýat bar. Oňa görä, Hudaý Isanyň çüýlenjek haçynyň daragtyny heniz Erem bagynda ösdürip ýetişdiripmişin. Soňra, bu agaç Nuhuň döwründäki tupandan hem geçip, Isanyň döwrüne çenli saklanyp gelipdir. Hut şol daragtdan hem haç ýasap, Isany şol haça çüýläpdirler. Bu bir rowaýat. Men muňa ynanmaýaryn. Emma şeýle hem bolsa, bu rowaýat Ogluny gurban etmäge dünýä döräli bäri taýýarlyk görýän Atanyň keşbini aýdyň suratlandyrýar. Sebäbi Hudaý Öz Ogluny gurban bermek üçin diňe bir odunlary däl, eýsem munuň ýerini-de, wagtyny-da, syýasy we durmuşy şertleri-de taýýarlady. Şonuň üçin hem Injil: “Wagty dolanda, ýagny ähli çäreler görlüp, gerekli şertleriň bary doly berjaý edilende, Hudaý Öz Ogluny ýollady” diýýär (Galatýalylara hat 4:5).
Ybraýym uzak ýol ýöräp, üçülenji güni oglunyň gurban ediljek ýerini uzakdan görýär. Bu habarda Ybraýymyň çekýän azaby has açyk beýan edilýär. Ol bu ýere duýdansyz ýetip gelmedi. Ol öz ogluny gurban etjekligi baradaky pikir bilen bütinleý gaplanyp alnypdy. Ol näçe ýol ýörän bolsa, şonça-da “bu ýere ýakynlaşyp galan bolaýmaýyn” diýip, gorkýardy. Onuň gözleri şol ýeri häli-şindi gözläp gelýärdi, şonuň üçin hem “Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi”. Hudaý Öz Oglunyň gurban boljak ýerini heniz dünýä esaslanmanka görýärdi. Ol Ony uzakdan görýärdi. Ol bu ýere tiz-tizden seredýärdi: Şu ýermi? Şu nälet siňen ýermi? Men Öz Oglumdan aýrylmaly ýer şu ýermi? Oglumyň ynsan günälerini göterip geljek ýeri şu ýermi? Men Öz saýlan ynsanlarymyň günäleri sebäpli Öz Oglumy ret etmeli boljak ýerim şu ýermi?
Hudaý hatda Ybraýymy dogry adam hasaplamak üçin hem, ony aklamak üçin hem şu ýere seredýärdi. Hudaý öňe, Isanyň gurban boljak şol dagyna, şol depelige, Kelleçanak diýilýän ýere seredýärdi. Ilki bilen Töwrat, ondan soň Injil Ybraýymyň öz edýän dini işleri arkaly aklanmandygyny aýdýarlar. Olar Ybraýymyň Rebbiň etjek işlerine diňe ynanandygyny, netijede bolsa Rebbiň ony dogry adam hasap edendigini aýdýarlar. Olarda şeýle diýlen: “Ybraýym Rebbe iman etdi we Reb ony dogruçyl hasaplady“ (Töwrat, Gelip çykyş 15:6 we Injil, Galatýalylara hat 3:6). Hudaý meni aklajak bolanda hem, meni-de dogry adam hasaplanda yza, ýagny şol daga seredipdi.
Bu wakada ýene bir wajyp bolan ownujak zat: Ybraýym ogluny gurban etjek ýerine üç gün ýol ýöräp bardy. Biz eýýäm aýdypdyk, eger zerur bolmadyk bolsa, has dogrusy, munuň manysy bolmadyk bolsa, onda Hudaý beýle jikme-jik, wakanyň ownuk-uşak zatlaryny gürrüň bermezdi. Üç günlük ýol ýöreldi. Näme üçin bu ýer üç günlükde, golaýjykda däl? Bu bolsa Hudaý Öz ogluny gurban berjek pursadynyň daşrakdadygyny, ýagny Hudaý üçin entek üç günüň bardygyny aňladýardy. Injil bize Hudaý üçin müň ýylyň bir güne barabardygyny aýdýar (Petrus 2-nji hat 3:8). Hudaýyň Özi bu gurbanlyga baryp ýetinçä, ýagny Isanyň gurban edilmeli wagtyna baryp ýetinçä üç müň ýyla golaý ýol ýöredi. Ýoluň soňunda Öz ýalňyz ogluňdan dynjakdygyňy bilmeklik bu ýoly has agyrlaşdyrýar. Bu – daga tarap ýoldy. Ädimiň öz badyna gidilenokdy. Her ädimde adam güýç goýmalydy. Ata bu ýoly juda kyn geçmeli bolupdy.
Indiki zerur jikme-jiklik, bu-da Yshak ýanmaly ody üçin gerek boljak odunyny özüniň göterip barýanlygy bolsa, ot bilen pyçagy onuň atasynyň, Ybraýymyň göterip barýanlygydy: “Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi. Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi” (Gelip çykyş kitaby 22:3-4). Näme üçin Kitapda kimiň näme göterip barýandygy-da aýdylypdyr? Hiý-de bir bu zatlaryň manysy barmy? Esasy zat – Yshagyň gurban boljagy dälmi? Ot bilen pyçagy hyzmatkär göterdi nä, ýa Yshak göterdi nä, Ybraýym göterdi nä? Eger biz özümiz üçin muňa gowy düşünmesek, onda Hudaýyň ýüregine, Onuň eden işine düşünmeris. Ol biderek ýere bulary jikme-jik ýazdyrmady. Isa bir göz aýlaň! Onuň üstünde näme görýärsiňiz? Agaç haçy, ýagny oduny. Emma eger Hudaý bize ruhy gözleri beren bolsady, onda biz Onuň ýanyndaky eli ot we pyçakly barýan Atasyny-da görerdik. Gurban edilmeliler hyzmatkärler däldi. Hudaý hem perişdelerinden birini gurban etmedi. Bar hyzmatkärler eşegiň ýanynda galdylar: “Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň”. Hudaýyň ähli hyzmatkär perişdeleri-de çetde galdylar, hawa olar-da “eşegiň” ýanynda galdylar: “Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler”. Üsti odunly Ogul, eli otly we pyçakly Ata daga barýarlar. Odunyny göterip barýan Ogul – bu Isady. Ybraýymyň ol odunda öz ogluny daňyşy hem – Hudaýyň Öz Ogluny Onuň gerdenindäki oduna, ýagny haça daňmasyny aňladýardy. Emma Ybraýymyň hasratlary şu ýerde kesilýär, ol ogluny gurban etmeýär, gaýtam ogul halas bolýar. Çünki munuň dowamy Ybraýym barada däldi. Köpler bu wakany şol ýerde soňuna ýetdi diýip hasap edýärler, emma beýle däldi. Bu waka Ybraýymyň oglunyň gurban bolmagy barada däldi-de, gökden gelen guzynyň gurban bolmagy baradady. Bu Isanyň haça çüýlenmegi baradaky gürrüňdi. Bu wakany Hudaýyň Özi dowam edýär. Ol Öz Ogluny jezalaýar, Ony şol odunda gurban edýär. Isa döwründe amala aşyrylan Rim imperiýasynyň bu görnüşli jezalarynda her bir haça çüýlenmeli adamyň özi jeza çekmeli ýerine öz haçyny, odunyny göterip barmalydy. Isa haçyny göterip barýarka, Ata Hudaý Oglunyň ýanyndady, Onuň elinde bolsa ynsanyň günäleri üçin niýetlenen ot bilen pyçagy bardy. Ol bize şeýle diýýärdi: “Ybraýym ýaly, Men Öz Oglumy gurban etmäge Özüm alyp bararyn, Men hem Onuň ýanynda bolaryn, emma Onuň haçyny göterişmek üçin däl, ot bilen ýakmak, janyny almak üçin barýaryn. Serediň bularyň bary siziň üçin!!!” Bu wakanyň has aýylganç ýeri-de – ata öz jigeri, gözüniň göreji bolan ogluny özi öz taýýarlan odunynda öldürmelidi. Bu waka bu günler hem dowam edýär. Çünki Hudaý her bir Özüne gelen günäkäri bu wakanyň esasynda kabul edýär. Edil şo wagt, ýagny bu günäkäri kabul edende, Ata Öz Ogluny nähili jezalandygyny ýatlaýar. Edilen şol aýylganç iş Hudaýyň günäkäre bolan gahar gazabyny rehimdarlyga öwürýär. Hudaýyň saýlan günäkäri! Bu iş, bu waka seniň geçen durmuşyňdaky, geljekki durmuşyňdaky ähli günäleriňi Hudaýyň ýadyndan çykarmagy üçin, Onuň seni hemişe kabul etmegi üçin ýeterlidir. Bu wakada Hudaýa ýakynlaşýan her bir günäkäre bagyşlanma gazandyrarça azap, görgi, güýç we söýgi bar.
Yshak boljak wakany aňýardy. Ol guzynyň ýokdugyny bilýärdi. Şonda-da ol ýaşy ýüzden geçen garry atasynyň öňünden gaçyp gitmän, meýletin el-aýaklaryny oňa daňdyrdy. Serediň, ogly atasyna nähili ýüzlenýär: “Olar gidip barýarkalar, birden: «Kaka!» diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýdi” (Gelip çykyş kitaby 22:3-4). Bu ýolda ogly atasyna ýüzlenýär. “Kaka! Ine ot, ine-de odun, emma guzy nirede?”. Gurban edilmelidigi belli, emma kimi gurban etmeli? Ogluň bu ýüzlenmesi, gör, nähili Isanyň Öz Atasyna edýän dilegini ýada salýar: “Atam! Bu käsäni Meniň duşumdan geçir! Emma meniň duşumdan geçip bilmejek bolsa, goý Seniň diýeniň bolsun”. Isa başga guzyny görmeýärdi. Ynsany günälerinden aklamagyň bäşga çäresini görmeýärdi. Başga ýol ýok, şonuň üçin-de Ol muňa razy, Ol muňa taýyn.
Hemme atalar hem öz men-menlikleri, günäli tebigatlary zerarly ogullaryny bolmalysy ýaly söýüp bilmeýärler. Hudaýyň öz Ogluna bolan söýgüsini düşündirip bilmäge mysal bolar ýaly, ýer ýüzünde kämil ata tapdyrmaz. Hudaý Öz Ogluna bolan söýgüsini, Onuň ugrundaky görgülerini Ybraýymyň üsti bilen düşündirjek bolýar. Ybraýym hem bu Atanyň manysyny doly berip bilmese-de, muňa ýakynrak mysal bolup biler. Çünki Yshagy ol Hudaýdan diläp-diläp alypdy. Ol ogluny garrylyk çagyna ýetende, bar umytlary indi puç bolup barýan wagty alypdy. Yshak onuň ýeke-täk ogludy. Onuň köp hyzmatkärlerine we gyrnakdan bolan Ysmaýyl ogluna garanda, Yshak onuň ýeke-täk kanuny mirasdarydy. Ol onuň dowamatydy. Eger bu şeýle bolsa, eger Hudaý Öz Ogluna bolan söýgüsini şeýle beýan edýän bolsa, onda Hudaýyň bize, ýagny Öz Oglunyň görgüleri içinde saýlanlaryna nä derejede rehimdardygyna we nä derejede bizi-de söýýändigine düşünmek kyn bolmasa gerek. Isa Atasyna dileg edeninde Atasynyň Özüni nähili söýýän bolsa bizi-de şeýle söýýändigini ýatlaýar: “…Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun” (Ýahýa 17:23).
Eger adamlar öz ogluny gurban bermäge taýyn bolandygy üçin Ybraýym pygamberiň öňünde baş egýän bolsalar, onda biz Öz ýalňyz Ogluny biziň günälerimiz üçin gurban beren Hudaýyň öňünde nähili derejede baş egmelidiris! Men diňe bir başymy däl, bilimi büküp, dyzymy-da eperin.
Ybraýymyň ogullary bolan biziň deregimize damagy çalynjak Guzyny, Hudaý soň-soňlar hem arassa mallary ýylda gurban edilmekligi ynsana parz etmegi bilen ýatlaýardy, şeýdip, biziň-de bu arassa, şikessiz gurbanlyklarda gökden gelen, arassa we päk Guzyny, ýagny Onuň Ogly bolan Isanyň keşbini görmegimizi isleýärdi. Emma bu ozalky adamlardan gizlin bolup, syrly zatdy, munuň düşünmesi kyndy, bu diňe Isanyň ölmegi we direlmegi arkaly, bu zatlary Onuň Mukaddes Ruhunyň aýan etmegi arkaly iman edenlere belli boldy. Emma imansyzlar üçin bolsa bu henizem düşnüksiz bolup, syr bolmagynda galýandyr. Biz indi Isa Mesihiň görgüleriniň Hudaýyň “ýüreginde” hemişe orun alan zatdygyna düşünen bolsak gerek. Ol haçan hem bolsa, öňde-soňda haýsydyr bir imanlyny ýalkajak bolanda, ony aklajak bolanda Isa Mesihiň döken ganyna, Onuň görgülerine esaslanandygyna, emma adamyň öz eden işleriniň hiç birine-de esaslanmandygyna göz ýetirmelidiris. Isa şeýle diýdi: “Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez” (Ýahýanyň Hoş Habary 14:6). Başga ýol ýokdy we heniz hem ýok, bolmazam, we hiç bir adam Hudaýyň ýanyna Onsuz baryp bilmez: hiç kim – islendik ýagdaýdaky, islendik dindäki adam Onsuz Hudaýyň ýanyna baryp bilmez!
II. Ogluň görgüleri
Getsemani bagynda
Isanyň görgüleri baradaky oýlanmalarymyz bizi Ysraýyldaky Kidron çaýynyň aňyrsynda ýerleşen Getsemani diýilýän ýere alyp gelýär. Ol ýerde Isa entek hiç kim tarapyndan sütem edilmese-de, beýan edip bolmaz jebir-jepany başdan geçirýär. Markus bu barada şaýatlyk edip, öz Hoş Habarynda şeýle gürrüň berýär:
– Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz şu ýerde oturyň» diýdi. Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düşüp, gaýgylanmaga başlady. Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, siz şu ýerde galyň-da, oýa boluň» diýdi. Isa biraz öňe gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, şu sagat Menden geçsin» diýip doga etdi. Ol: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi (14:32-36).
Şu ýerde Isa Öz şägirtlerine Özüniň öler ýaly jebir-sütem içindedigini aýdýar. Ol Özüniň çekýän azaplarynyň derdinden eýýäm ölüp barýandygyny aýdýar.
Luka özüniň Hoş Habarynda ol ýerde bolan wakanyň üstüni dolduryp, şeýle gürrüň berýär:
– Isa çykyp, hemişekisi ýaly, Zeýtun dagyna gitdi, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly, doga ediň!» diýdi. Özi bolsa olardan bir daş atyma golaý aňryk çekildi-de, dyza çöküp: «Eý Ata! Isleýän bolsaň, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip, doga etmäge durdy. Gökden bir perişde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi. Ol agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga etdi. Isanyň deri ýere daman gan damjalary ýalydy” (22:39-44).
Isanyň çekýän jebir sütemleri şeýle bir çekip çydardan güýçlüdi, hatda gökden bir perişdäniň Ony goldap durmagy gerek boldy. Ol agyr ynja düşüpdi, Ol bu ýerde aýdyp beýan edip bolmajak göreş alyp barýardy welin, hatda Ondan der ýerine gan damjalary syzyp çykýardy. Uly galagoplukdan, öler ýaly tukatlykdan, agyr ynjydan we gaty yhlas bilen doga –dileglerde edilen göreşden ýaňa bedeniň hamynyň aşagynda ýerleşen gan damarlary ýarylan bolmagy ahmal, çünki onuň deri gan damjalary ýaly ýere damýardy. Bu nähili göreşdi? Bu nähili sütemdi? Isa hut şu taýda ölüp galmazlyk üçin, ýoluny haçdaky ölüme çenli dowam edip bilmeklik üçin doga-dileg edýän ýalydy.
Köp adamlar Isa ol ýerde şeýtan bilen göreş alyp barandyr diýip çak edýärler. Emma Isa kyrk gije-gündizläp çölde aç synalanda, Mukaddes Ruhuň Ony şeýtanyň eline berenini, şeýle açlyk ýagdaýda-da, şeýtanyň synaglarynda Ol hiç bir jebir çekmändigini Hoş Habarlardan bilýäris ahyryn. Ol şonda şeýtany juda aňsatlyk bilen ýeňipdi. Ol hatda adaty der hem dökmän, Isa Mukaddes Kitapda ýazylan sözleri ulanyp, şeýtandan üstün çykypdy.
Emma bu Getsemani diýlen ýerde ýagdaý başgaçady. Isa Atasyndan bu käsäni Özünden aýyrmagyny dileýärdi, bu käsäniň gaty agyrdygyny, ýykyp-ýumrup, dowzaha sokup barýandygyny aýdýardy.
Matta ýazan Hoş Habarynda (26:42) Isanyň Atasyna ýalbaryşynda bu käsäni içmegiň gaty agyrdygyny aýdýandygyny belleýär: “Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi”. Diýmek Ony nähilidir bir käsäniň bardygy we ony-da Özüniň içmeli bolýandygy şeýle azaplara getiripdir. Bu nähili käsedi?
Mukaddes Kitap bize ynsanyň bütin erbetlikleri zerarly Hudaýyň elindäki gahar-gazap käsäsiniň dolandygyny köp gezek aýdýar. Dawut pygamber Zebur kitabynda şeýle diýýär:
“Çünki käse Rebbiň elinde,
ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly.
Reb gazaby we şeraby käseden guýar:
er ýüzüniň ähli erbetleri,
ony löderesine çenli içerler (Mezmur 75:8)”.
Isa Getsemani diýlen ýerden başlap, Öz Atasynyň öňünde näletkerde günäkäriň ähli näletini Öz gerdenine aldy. Her bir iman edeniň her bir bozuklygyny, kanunsyzlyklaryny, Özüne iman etjek zynahoryň eden zyna işlerini, ganhoryň döken ganyny, ogrynyň ogurlygyny, töhmetçiniň töhmetlerini, ýalançynyň aldawyny, gep bilen öldürýänleriň gybatyny, agzy paýyşyň sögünçlerini , pisiň pisligini, haramynyň haramlygyny Öz üstüne aldy. Munuň üçinem Hudaýyň gahar gazapdan püre-pür doly käsäsini löderesine çenli içdi. Ten azaplary-da, şübhesiz, ejir çekdirýän hem bolsa, Isa adamlar tarapyndan gamçylanmadan gorkmaýardy, eline, aýaklaryna kakyljak çüýlerden eýmenmeýärdi, ýok, Ol Öz Atasynyň adalatyny ýerine ýetirmelidi – adalat we dogruçyllyk bolsa, günäkäriň ol käsäni içmegini talap edýärdi. Isa bolsa şol günäkäriň deregine orta goýlan gurbanlyk guzy boldy. Şeýle günäkäriň biri-de mendirin. Hawa, Isany haçda saklap duran zat Onuň eline we aýagyna kakylan çüýler däldi-de, meniň we maňa meňzäp iman eden islendik adamyň günäleridi.
Haçda
Ahyrsoňunda-da, Isanyň haçda çüýlenilgi duran wagtynda aýdan bir sözlemi görgüleriň doly manysyna düşünmäge kömek eder. Şeýle diýilýär: “Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi” (Markus 15:34). Ol haçda wagtynda Öz Atasy tarapyndan terk edilendiginden jebir çekýär. Ýok, Ol fiziki agyrylardan däl, çüýleriň tene berýän azaplaryndan däl, eýsem-de Öz Atasy tarapyndan terk edileninden ejir çekýär. Endamyňdan süňkleriňi mynjyradyp parran geçip duran çüýlere daýanyp durmak, aşak sallanyp duran göwdäňi şol çüýlere söýäp, dikelip dem aljak bolmak adama dowzah agyrylaryny salýan hem bolsa, Atasynyň Ony terk etmegi ol azaplary ýoga çykarýardy, mundan has beter azap berýärdi. Ozalbaşdan Atada bolan Ogul Ata tarapyndan terk edilýär. Atam bilen Men birdiris diýýän Ogul Atasy tarapyndan ret edilýär. Aýdyp bolmaz söýgüde, sazlaşykda, şöhratda, mukaddeslikde we bakylykda Ogly bilen bir bolan Ata Öz Ogluny inkär edýär. Sebäbi Ogul günäkäriň ornunda, Ata bolsa her bir günäden öç alyjy, her bir günäniň almytyny beriji adyl Kazynyň ornunda. Ata Ogluň tarapynda däl. Ine, Oňa jebir çekdiren zatlar bulardy.
Şeýle görgüler içinden geçip, Isa ölümi ýeňdi we üç günden soň eňiş we şöhrat içinde direldi. Ol göge göterilip, Atanyň huzuryna Öz döken gany bilen girdi. Şeýdip, gahar-gazaby rehimdarlyga öwürýän araça, merhemet kürsüsine öwrüldi.
Bir adam: “Isanyň gören görgüleri Onuň bize bolan söýgüsiniň nähili belentdigini görkezýär” diýse, ýene biri “Ýok, Onuň görgüleri biziň günälerimiziň nähili agyr, nähili köp, nähili nejisdigini görkezýär” diýýär. Olaryň ikisiniň hem pikiri dogry. Şonuň üçin hem bu iki pikire doly düşünmek üçin, we düşünip, iman bilen kabul etmek üçin, Oňa bagyş edilen durmuşda ýaşamak üçin biz Onuň görgüleri barada oýlanmalary gaýta-gaýta dowam etdireris. Isanyň görgüleri biziň günälerimiziň bahasyny, muzduny görkezýärdi, Onuň ölümden direlmegi bolsa ol muzduň tölenendigini, tölenen bahanyň ýeterli bolandygyny aňladýardy. Onuň direlmegi Oňa ynananlaryň hem direljekdiginiň subutnamasydy. “…Ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi. Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter” (Injil. 1Kor.15:21-22).
Injilde kim Hudaýyň Ogly Mesih Isany kabul eden bolsa, Oňa iman eden bolsa, Hudaýyň ol adama Özüniň çagasy bolmak hukugyny berýändigi hakda aýdylýar : “Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar (Ýahýanyň Hoş Habary 1:10-13). Biz, Mesih Isa arkaly Hudaýa iman edenler, Hudaýa Ata diýip ýüzlenýäris. Bu hem käbir adamlar üçin geň zat bolup duýulýar. Geň diýsek, belki-de, bäri ýanyndan gaýdanymyz bolar, sebäbi Hudaýa Ata diýmekligiň özü-de Oňa dil ýetirmäniň bir görnüşi saýylýar, çünki Hudaýa Ata diýmek bilen adam özüni Oňa deň edýär, netijede ýene-de şo-o-l ozalky “beýle diýer ýaly siz kim bolupmyşyňyz?” başlanýar.
Hawa, biz bu zatlara mynasyp däl, emma Hudaý bizi mynasyp saýan bolsa näme? Hawa, biz jennediň adamlary däl, otda ýanmaly adamlar, emma Hudaý bize jennedi mugt bagş eden bolsa näme? Biz rehime mynasyp däl, emma Ol rehim eden bolsa näme? Ol biziň yzymyzdan gelen bolsa, biziň üçin görgi gören bolsa näme? Ybraýym pygamberiň oglunyň ýerini gökden gelen guzynyň eýeleýşi ýaly, biziňem ýerimizi Göklerden gelen Rebbimiz Isa eýelän bolsa näme? Hawa, biz Onuň bendeleri, emma Ol Öz ogullyk ruhuny siňdirip, bendäm diýmän, bize çagalarym diýen bolsa näme? Biz bulary ret edelimi? Onda bu -Hudaýa minnetdarlyk deregine, Oňa garşy pitne bolmazmy? Eger beýle edäýsek, onda biz öz güýjümiz bilen-ä hökümden gutulyp bilmeris. Eger höküm gününde Onuň öňünden Ýer we Gök gaçyp gitmek üçin özlerine bir ýer hem tapmaýan bolsa, onda biz nirede we nädip durarys?
Tebigy hadysalar
Günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi. Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi… Ine, ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddesleriň jesedi direldi (Matta 27:45-46; 51-52)
Isanyň görgüleri baradaky oýlanmalarymyz biziň nazarymyzy Onuň haçdaky iň soňky pursatlaryna we şol wagtda ýüze çykan tebigy hadysalara dikýär. Hudaýyň erki bilen bu pursatlary Hoş Habarçylar jikme-jik beýan edýärler. Ýahýa Isanyň haçdaky soňky pursatlarynda aýdan sözlerine köp üns berýän bolsa, Matta, Markus we Luka tebigatda bolup geçen wakalary gürrüň berýärler. Olaryň aýdyşyna görä, günorta çagy, Gün özüniň has ýiti şöhle saçmaly wagtynda birdenem garaňkylyk bilen bürelýär. Luka muny beýan edip, “Gün garaldy” diýýär. Bu – Günüň adaty tutulmasy däldi, çünki bu ýagdaý üç sagatlap dowam etdi. Üç sagatdan soň bolsa, haçdan Isanyň “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?” diýen, ýeri lerzana getirip titredýän nalyşy eşidilýär. Diýmek, Isa Gün garalanda nämedir bir zatlary başyndan geçiren, Onuň bu başyndan geçenleri “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?” diýmäge Ony mejbur eden. Matta Isa jan bereninde Günüň garalmasyndan başga-da, ýeriň titrändigini we daşlaryň ýarylandygyny aýdýar. Bu hadysalar näme üçin ýüze çykdy-ka? Bu hadysalaryň Isanyň ölümi aýdan sözleri bilen nähili baglanyşygy bar-ka? Adaty haça çüýlenme jezalary Rim häkimleri tarapyndan ozal hem müňläp-müňläp amala aşyrylan hem bolsa, emma tebigat beýle ýagdaýa gelmändi. Olar hamana diýersiň adamlara bir zady aýtjak bolýan ýalydy! Olar galagopluga düşüp, bir zatlardan gorkýan ýalydy! Olar adamlaryň görmeýän nämedir bir zatlaryny görýän ýalydy! Bu hadysalary gören, Isany haça çüýleýän esgerleriň başlygy bolan ýüzbaşy: “Bu adam hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken” diýen netijä geldi. Bu barada Matta şeýle ýazýar: “Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular” (Mat. 27:54).
Hakykatdan hem tebigatyň aýtjak bolýan zatlaryny ýüzbaşy we onuň ýanyndaky esgerler gaty gowy aňan bolmaga çemeli: adamlaryň haça çüýleýäni Diri Hudaýyň ebedi Sözüdi, Onuň Öz içinden çykyp gelen Ýeke-ýalňyz Söýgüli Ogludy. Şeýle çak etmek ýalňyş bolmaz, çünki tebigat Öz ýaradyjysyny gaty gowy tanaýardy. Sebäbi ol Hudaýyň Sözi arkaly ýaradylypdy, Onuň Sözi arkaly barlyga gelipdi, Onuň Sözi arkaly-da hereket edýärdi. Bu pursat bolsa, bolýan zatlara onuň akly haýran ýalydy, çünki ýaradylan bütin älemleriň içinde bir tozgaça-da bolmadyk ynsan öz Rebbini, ýagny ýaradylan zat öz Ýaradyjysyny haça çüýleýärdi. Her niçik-de bolsa, Günüň garalmasyndan, tebigy hadysalardan ýüzbaşynyň gelen netijesi şudy.
Ýene näme üçin Gün yşyk bermesini goýdu-ka? Günüň garalmagy adamlaryň Isanyň üstünden Ony masgaralap inderýän sögünçleriniň soňuna çykdy. Olar bu wakadan gorkup, gülkülerini kesdiler. Belki-de onuň garalmasynyň maksady şudur?
Ýa-da bar zady garaňkylyga büräp, ynsan özüniň nejis, pis, haram gözleri bilen Isanyň tilke-para bolan ýalaňaç endamyny, Onuň bu derejedäki hasratyny görmäge mynasyp däl diýjek boldumyka? Ýa-da ol öz Ýaradyjym şöhle saçmaýarka, meniň şöhle saçyp durmaga hakym ýok diýendir?
Biz bu hadysanyň jogabyny Mukaddes ýazgylardan gözlesek, onda Musanyň kanuny muňa birneme aýdyňlyk girizer. Musa ѳz halkyna Hudaýyň kanunlaryny berende Hudaýyň bereketi we Onuň näleti barada aýdypdy. Eger halk Hudaýyň kanunyna gulak asmasa, ony ret etse onda adamlaryň nähili nälete sezewar ediljegini aýdypdy. Şol näletiň birinde şeýle diýilýärdi:
“Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar. Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, emma siziň dadyňyza hiç kim ýetmez” (Kanun taglymaty kitaby 28:29).
Gündiziň günortanynda garaňkyda galmaklyk edilen günä üçin jeza bilen baglanyşyklydy. Diýmek, bu wagt kanunyň bozulmalary üçin gökden nälet inýärdi. Emma bu wagt bu jezany çekýän, bu näleti göterýän kanuny bozanlar däldi-de, kanuny birkemsiz berjaý Edendi. Muny adamlar däl-de Isa, Hudaýyň Ogly çekýärdi. Çünki Ol Getsemani diýlen ýerden başlap, bu näleti göterip, indi däli derejesine gelipdi. Ol aklyndan azaşar ýagdaýa gelip, Öz Atasynyň gahar-gazap käsäsini düýbüne çenli içmeli bolupdy. Ol ezilip, talanýardy, emma Onuň dadyna ýetişen hiç kim ýokdy. Hatda söýgüli Atasy hem Ondan ýüzüni öwrüpdi: “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?” Şu sebäpli-de Isanyň dodaklaryndan bu perýat eşidilipdi. Hawa, bu – kanunyň näletiniň Isa ýüklenmesidi. Çünki Isa Öz teninde biziň günälerimizi göterýärdi. Ol biziň deregimize orta çykypdy. Ol näçe agyr hem bolsa bu näletiň soňuna çykjakdy, şeýdip hem Özüne ynam eden her bir adama kanundan, onuň näletinden, günäden, netijede Atasynyň gahar-gazabyndan azatlyk bermekçidi. Işaýa pygamber Isadan 500 ýyl öň ýaşap, öňden görüjilik bilen Isanyň bu görgüleri hakda şeýle diýipdi:
“Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne aldy,
biziň dertlerimizi çekdi;
biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp,
urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy,
biziň etmişlerimiz üçin ezet çekdi,
rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi,
onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk.
Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk;
öz ýolumyz bilen gitdik herimiz,
Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi” (Işaýa 53:4-6).
Mukaddes Kitap bize biziň eden günälerimiziň Hudaýyň ýüzüni bizden sowýandygyny aýdýar. “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?”. Hudaý tarapyndan taşlanylmak, Onuň rehiminden, söýgüsinden jyda bolmak, şeýdip hem döwzah azaplaryny çekmek – bu her bir günä eden adamyň paýydy. Bu paýy bolsa Isa Öz üstüne aldy. Hudaý Öz Ogly bilen gatnaşyklary kesipdi. Ol beýle “günäkär” bilen gatnaşyk etmeýärdi, Ony terk edipdi. Gün yşyk bermesini goýdy. Ine bu pursat, Hudaý tarapyndan näçe älemler ýaradylan bolsa, olaryň bary doňup galdy, çünki bu pursatda Hudaý Öz Ogluny jezalaýardy. Olar Hudaýyň günä baradaky adalatynyň bu derejede beýikdiginden, Onuň mukaddesliginiň günä bilen bu derejede barlyşyksyzlygyndan doňup galdylar. Çünki Hudaý günäkär ornunda oturdylanyň Öz Ogludygyna garamazdan Oňa jeza berýärdi. Isa Ogul hem bolsa, Ol adam keşbindedi. Adamyň dereginedi. Hawa, kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, hatda Ogly hem bolsa, Hudaý günäni göterýän her bir adam bilen şeýle gatnaşýar. Bu bolsa Hudaýyň Mukaddes kitapda aýdanlarynyň ýöne bir boş gep däldiginiň subutnamasydy. Bu meniň günälerim üçin maňa berilmeli adalatly jezady.
Biz Isa haçda wagtynda Günüň garalmagy bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlara ýeterli derejede seredip, oňa jogap alan bolsak gerek. Emma Injil bu hadysa iň soňky gezek boldy diýmeýär. Ol ýene bir gezek gaýtalanar diýýär. Hudaý ýene bir gezek ýeri titreder diýýär. Bu haçan bolar? Nähili bolar? Näme bilen baglanyşykly bolar? Bu soraga Injil şeýle jogap berýär:
“Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar” (2Petrus 3:10).
Injiliň başga ýerleri-de Rebbiň güni diýlen sud, höküm gününde Hudaýyň ähli ýaradan zatlarynyň öz işini bes etjekdiginden, şondan soň täze dünýäniň, ebediligiň başlanjakdygyndan habar berýär. Hudaý gazap bilen aýan bolanda Gün garalar, Ýer titrär, gökler gümmürdi bilen geçip gider. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda, belki-de, Isa haçda wagtynda-da, Gün gazap donuny geýen Hudaýy görendir? Hawa, bu hut şeýledi. Hudaý ynsanyň biri-birine salan bitmejek ýaralary üçin, onuň biri-birine nähak sögünçdir, nähak atýan töhmetleri üçin, nähak dökülen ganlaryň, bü dünýä gelmän, ene ýatgysyndan ýok edilen çaga janlarynyň, zynahorlugyň, açgözlügiň, aldawçylygyň, Hudaýa dil ýetirmeleriň, Ony masgara etmeleriň, garaz, ynsan ýüreginiň bozuklygynyň almytyny bermek üçin, ynsandan gazaply öç almak üçin peýda bolupdy. Gün gahar-gazap donuny geýen Hudaýyň öňünde garaldy. Hudaý şol wagt bu käsäni ynsanyň ornunda duran Öz Oglunyň üstünden inderdi. Ogul bu käsäni soňuna çenli içdi. Emma şol wagtda bu harasat Isanyň jan bermegi bilen ýene öz ýerine gelipdi, Onuň direlmegi bilen bolsa bu zatlar ýatdan çykarylypdy. Emma indiki boljak harasat Isanyň üstünden bolmaz, indiki gazap Isanyň ganyny depelänleriň üstünden bolar. Olar Isanyň çeken jepalaryny hasap etmedikleriň üstünden bolar. Goý, onda olaryň özleri bu gazaby çeksinler! Belki-de Olar Isadan güýçlüdirler. Belki-de olar hem özleriniň ölüp, ölümi ýeňip direlmegi bilen Günüň ýene ozalkysy ýaly yşyk bermegini gazanarlar! Ýok, Hudaý size Isa bolan imany berip, bu gazapdan halas etsin.
Şeýlelik bilen, günüň garalmasy – bu Isa haçda wagty Hudaýyň günä üçin bolan adalatly öç almasynyň alamatydy, Gün indiki gezek hem Hudaý öç almak üçin aýan bolanda garalar, indiki gezek ol durup bilmez, ol ýitip, ýok bolar.
Indi Injilde Günüň soňky gezek garalmagy baradaky ýerlerine nazar salaly. Injil adamzat durmuşynda Günüň ýene bir gezek garaljakdygyny habar berýär. Dünýäniň soňunda Isa gökden Hudaýyň bütin şöhratynda, Onuň gahar-gazap käsesi bilen aýan bolar. Şonda ýene-de Gün öz yşygyny bermesini goýar. Ýer ýene-de lerzana geler. Bu barada Injilde şeýle diýlen:
“Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar” (Matta 24:29-31)
“Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň… Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň” (Matta 25:31-41)
Bu adamzat taryhynyň ýerdäki we Gün astyndaky iň soňky güni bolar. Şol gün günä bilen oýnaşan, Hudaýyň duýduryşlaryny boş gürrüň hasaplan adamlaryň öz günälerine jogap bermeli güni bolar. Ol güni Gün yşyk berip bilmez, Gökler gaçara ýer tapmaz, Ýer we ondaky bar zatlar ýanyp ýok bolar. “Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar” (2Petrus 3:10). Hudaýyň Baky Oglunyň görgülerini äsgermedikler, ol görgüleriň nämä deňdigini öz üstünde çeker. Emma olar Hudaýyň Oglunyň ölüm we dowzahy ýeňip çykyşy kimin ýeňiji bolup çykyp bilmezler. Olar otda baky galmaly bolar:
“Ölüleriň üstünden höküm çykarylýar. Men bir uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, Gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy. Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy… Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar. Her birine etmişine görä höküm çykaryldy. Ölüm we ölüler diýary ot kölüne zyňyldy. Ine, ot köli ikinji ölümdir. Atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklaryň bary ot kölüne zyňyldy” (Ylham 20:10-15) .
Hudaý bolsa öz saýlan adamlary bilen, edil Ybraýymyň Guzy sebäpli gazapdan aman galan ogly bilen bagtly döwran sürüşi ýaly, öz Şalygynda baky döwran sürer: “Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy” (Ylham 21:3-4).
Eger dünýäniň soňundaky günä üçin jeza ody şeýle agyr, şeýle bir elhenç we baky bolmadyk bolsady, eger käbir dinleriň öwredişi ýaly, her bir günäli adam otda bir möhlet ýanyp, arassalanyp, ýene-de jennede baryp bilýän bolsady, onda Hudaýyň Ogly bu derejede görgi görmezdi, Ol biziň üçin dert çekmezdi, Hudaý ynsany halas etmek üçin Öz Oglunyň başyna bu külpetleri indermezdi. Hudaý bize günälerimiz üçin jezadan gutulyşy, aklanmany Öz Oglunda sowgat etmäge, mugt bermäge razy boldy, sebäbi biz bu sowgadyň bahasynyň bir bölejigini-de töläp bilmeris. Mukaddes ýazgy: “Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” diýýär (Ylham 22:17).
Bir adam: “Isanyň gören görgüleri Onuň bize bolan söýgüsiniň nähili belentdigini, nähili çuňdugyny, nähili giňdigini görkezýär” diýse, ýene biri: “Ýok, Onuň görgüleri biziň günälerimiziň nähili agyr, nähili köp, nähili nejisdigini görkezýär” diýýär. Bularyň ikisiniň hem pikiri dogry. Şonuň üçin hem bu iki pikire doly düşünmek üçin, we düşünip, iman bilen kabul etmek üçin, Oňa bagyş edilen durmuşda ýaşamak üçin biz Onuň görgüleri barada oýlanmalary gaýta-gaýta dowam etdireris. Muňa düşünenler Hudaýyň Ogluna iman edip, aklanmak üçin bütin umydyny Oňa baglaýarlar, şeýdibem Injiliň bu aýdýanlary olarda ýerine ýetýär:
Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar (Rimliler 3:23-24).
Muňa düşünmedikler bolsa, Hudaýyň Oglunyň görgülerini äsgermezlik edip, höküm gününde öz jenaýatçy orunlaryny özleri adalatly eýelärler. Bu şeýle bolar:
Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy. Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar. Her birine etmişine görä höküm çykaryldy. Ölüm we ölüler diýary ot kölüne zyňyldy. Ine, ot köli ikinji ölümdir. Atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklaryň bary ot kölüne zyňyldy (Ylham 20:12-15).
Goý, Hudaý bu makalany okaýan her bir adama ol otdan gutulmak üçin Isa bolan imany bersin, şeýdip, Isanyň döken ganynyň, çeken azaplarynyň meni aklaýşy ýaly, ony-da aklasyn!
“Ata Ogly söýýär we Ol ähli zady Onuň eline berendir. Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar” (Ýahýa 3:35-36).
Wagt barka Onuň ýanyna howlugyň, çünki Isa özüne gelýänleriň hiç birini-de hiç haçan kowmajakdygyna, olary ähli günälerine garamazdan kabul etjekdigine söz berdi: “Atamyň Maňa berenleriniň bary Maňa geler, Men Özüme gelenleri asla kowmaryn” (Ýahýa 6:37).
Näme üçin ynsan?
Ahyrynda bolsa Hudaý näme üçin ynsany söýdi diýen soraga jogap tapjak bolalyň. Hudaý bütin barlygy onuň üçin ýaratdy. Ol Adam atany tertipsiz, bulam bujar, ýaşaýşa uýgunlaşdyrylmadyk ýerde däl-de, birnäçe wagtlap irginsiz zähmet çekeniniň netijesinde peýda bolan, hemme taraplaýyn aladasy edilen, ähli ýagşylyklar bilen, näz-nygmatlar bilen doldurylan, ösümlige, haýwanlara baý bolan, kämil jennetde ornaşdyrdy. Onuň bilen gürrüňdeşlige çykýardy. Bar ýaradylan zatlary oňa tabyn edip, tebigatyň üstünden ähligi agalygy oňa beripdi:
“Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. Hudaý ýer ýüzünde öz görnüşlerine görä haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy,
Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy,
Olary erkek we aýal edip ýaratdy” (Töwrat, Gelip çykyş kitaby 1:24-27).
Emma şeýle ýagdaýda-da Adam ata How ene bilen bilelikde Hudaýa däl-de, Hudaýyň duşmany bolan, ýylan keşbinde gelen şeýtana gulak asdylar, şeýdip Hudaýa garşy bütinleý pitne turuzdylar. Adam ata ѳzi üçin näçe alada eden, rehimi, söýgüsi bilen gurşap alan Hudaýa garşy pitne turuzdy. Emma Hudaý şonda-da Adam atany däl-de, ýylany näletledi, Adam ata bolsa wagtyň geçmegi bilen ýylany mynjyradyp, ony ölümden galdyryp, ebedi ýaşaýyş Berjegiň geljekdigini wada berdi. Ol ony Ogly Isa arkaly aklajakdygyny aýtdy. Näme üçin Hudaý Adam atany-da ýylan bilen bilelikde näletlemeýär? Biz Mukaddes Kitapdan şeýtanyň hem ýalpyldap duran şöhratly perişdeleriň biri bolandygyny, onuň hem Hudaýa garşy pitne turzandygyny okaýarys. Şeýtanyň pitnesine goşulan bir topar perişdeleriň-de bardygyny okaýarys. Emma Hudaý olara toba etmäge pursat bermedi. Olaryň günälerini bagyşlamady. Olar üçin Öz Ogluny ibermedi. Olar üçin jebir çekmedi, olara öz söýgüsinden paý bermedi. Gaýtam olara toba etmäge hiç bir mümkinçilik bermezden olary baky oda belläp goýdy. Eger Hudaý olara toba etmäge ýol bersedi, onda olar ynsana görä Hudaý üçin has peýdalyrak bolardylar. Emma Ol beýle etmedi. Näme üçin? Adam atanyň eden günäsi hem ol perişdeleriňkiden uly bolsa uludyr, emma kiçi däl! Biziň günälerimiz, adamzadyň umumy günäleri olary bir zada salyp ölçärden agyr, bu barada Isanyň çeken görgülerinden aňsa bolar. Onda näme üçin Ol adamy söýdi? Näme üçin ol perişdeleri däl-de, ynsany saýlady? Hudaý perişdelerine adalatly hereket etdi. Adalat boýunça Ol islendik jenaýatkäri, şol sanda ynsany hem baky oda atsa dogry bolardy. Emma jenaýatkäri jezadan halas etmeklik bolsa, diňe rehime bagly bolýar. Näme üçin Hudaý perişdelere adalatyny, ynsana bolsa rehimini görkezýär? Munuň jogabyny Injilde Hudaýyň Özi Pawlus arkaly aýdýar:
“Indi näme diýeliň? Eýsem Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur! Çünki Ol Musa: «Merhemet edenime merhemet ederin, rehim edenime rehim ederin» diýýär…. Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň? Şekil berlen bir zat şekil berene: «Meni näme üçin beýle ýasadyň» diýermi? Ýa küýzegäriň şol bir üýşmek toýundan bir gaby hormatlylyk we beýlekisini hormatsyzlyk üçin ýasamaga ygtyýary ýokmy” (Rimliler hat 9:15-21).
Hudaý jogap berip, şeýle diýýär: Men hiç bir zada bagly däl, Men hiç bir zada garaşly däl. Men hiç kime borçly däl. Men bütin ýaradanlarymyň içinden Özüm üçin, Özüme ogullyk üçin ynsany saýladym. Bu Meniň erkim. Men bütin pitneçileriň içinde ynsany Özüme getirmek isledim, onuň üçin görgi görmek, şeýdip hem ony gutarmak isledim. Men ony beýleki pitneçiler bilen bilelikde oda taşlamagy islemedim. Oňa rehim etmegi isledim. Hawa, Men munuň şeýle bolmagyny isledim”.
Bu Onuň ynsanperwer, hoşniýetli erki. Bu barada resul Pawlus başga hiç zat diýip bilmän, Ony alkyşlap, şeýle diýýär:
“Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir! Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy? Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi? Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn” (Rimlilere hat 11:31-35).
Hawa, Ol bizi ýokary tutdy, mynasyp bolmaklyk barada gep-gürrüň bolmasa-da, Ol bizi Özüne, Öz Patyşalygyna, Isanyň mirasyna mirasdaş bolmaga mynasyp saýdy. Indi, näme, biz mundan boýun towlalyňmy? Eý, tekepbir ynsan, indi muňa näme diýjek? Onuň söýgüsiniň öňünde dyz epmegi özüňe kiçilik biljekmi? Beýle gedemlikden halas bolmaga, goý, Hudaý saňa pata bersin!
Eger men bu oýlanmalar arkaly Hudaýyň bizi Özüne getirmegi baradaky görgüleriniň näçe çuň bolandygyny görkezip bilen bolsam, onda Isa iman eden adamyň-da Hudaýyň öňündäki derejesiniň, gadyr-gymmatynyň näçe beýikdigi öz-özünden aýdyň bolandyr. Şonuň üçin hem Isa iman eden her bir adamyň Hudaýyň elinde howpsuzdygy, onuň hiç haçan Hudaýyň elinden ýitmejekdigi, ol adamyň gutulyşynyň ygtybarlydygy köre hasadyr. Eger Hudaý özünden daşda bolan adamy Öz çeken görgüleri, Oglunyň ölümi bilen ýakyn eden bolsa, indi ol adamy Oglunyň ýaşaýşy arkaly gorap saklajakdygyny aýtmaklyk artykmaç bolar: “Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr” (Rimlilere hat 5:10). Hudaýyň bu baradaky Injilde beren wadalary sarsmaz bina bolup bizi gurşap alandyr: “Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir” (Ýewreýlere hat 13:5); “Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz” (Ýahýa 10:28). Oňa baky şöhrat bolsun!
Netije hökmünde
Isanyň görgüleri we din
Isa Mesihiň görgüleri barada gürrüň edenimizde hiç hili diniň gürrüňiniň edilmeýändigini, hiç bir diniň öňe sürülmeýändigini we wagyz edilmeýändigini bellemek gerekdir. Isa bolan ynam dini akym däldir. Ony ruslaryň prawoslaw hristian dini bilen garyşdyrmazlygyňyzy haýyş edýärin! Ol hiç tarapdan din bilen deňeşdirilmeli däldir. Näme üçin? Sebäbi islendik din – adamyň ýalkanmagy üçin zerur bolan kada-kanunlaryň, onuň dowzah odundan halas bolmagy üçin ýerine ýetirmegi gerekli bolan parzlaryň toplumydyr. Islendik din Ýaradyjysynyň bagyşlamasyny gazanmagy üçin adamyň öz amallarydyr tagallalaryny göz öňünde tutýandyr. Dinde gutulyşyň we aklanmanyň çeşmesi – adamyň öz eden işleridir, adamyň “görgüleridir”. Bu bolsa ähli dinlere mahsusdyr. Emma Isa bolan ynam adamyň günälerini bagyşlamak üçin Hudaýyň eden amallaryny göz öňünde tutýar. Isa ynamda gutulyşyň we aklanmanyň çeşmesi – Isanyň eden işleridir, Isanyň görgüleridir. Isa bolan ynam diniň düýbünden tersidir: islendik dinleriň mukaddes kitaplary adama kanunlary, parzlary ýerine ýetirmek bilen aklanarsyň diýse, Injil oňa “Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz” (Rimlilere hat 3:20) diýýär, we ýene-de “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr.Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir” (Efeslilere hat 2:8-9) diýýär. Islendik din adamyň gutulyşy oňat işlere bagly diýse, Isa bolan ynam gutulyş oňat işlere asla bagly däl diýýär. Şonuň üçin Isa iman eden adam hiç haçan öz dinini satyp, ony başga dine çalyşmaýar, sebäbi ol başga dine geçmeýär, ol adam dinden halas bolup, Hudaýyň eden işlerine bolan hakyky ynama eýe bolýar. Dindar adam oňat işleri dowzah odundan gorkup edýän bolsa, Isa ynam edýän adam olary dowzah odundan gutulandygyna şatlanyp edýär.
Şonda-da, Isa baradaky gürrüňleri edenimizde käbir adamlar bize şeýle sowallar bilen ýüzlenýärler: “Biziň yslam dinimiz erbet din däl-ä? Ol hiç haçan hiç kime erbetligi öwretmeýär-ä? Bäş wagt namazyň näme erbet ýeri bar? Näme üçin siz ony ýerine ýetirmeýäňiz?”
Bu beýle soragy berýän adamyň biziň ýokarda aýdanlarymyza düşünmändigini aňladýar. Biz, näme, biziň edýän ähli gowy işlerimiziň, şol sanda dini işlerimiziň hem Hudaýyň öňünde bir hapa bulaşan eşik ýalydygyny aýtmanmydyk? Aýdypdyk. Biz hatda gowy ýa-da erbet diniň gürrüňini-de etmeýäris. Munuň jogaby umumy berlen hem bolsa, muny ýene bir gezek takyklaly. Eger dinleriň haýsy gowy diýlip soralsa, onda şübhesiz, yslam dini erbet din däldir. Eger dindar adam bolmak barada gürrüň edýän bolsadyk, onda şübhesiz, musulman bolmaklyk erbet däldir. Emma biz günälerden gutulyş barada gürrüň edýäris ahyryn. Bu meselede hemme dinler hem agsap ugraýarlar. Bize aýdyň, haýsy bir din günäden gutulma barada anyk gepläp bilýär? Eger kyýamat ahyretde edilen günä üçin sogap işler gerek bolsa, onda bir sany günä üçin näçe sogap iş etmeli? On sanymy, ýüz sanymy ýa-da onlarça ýüzläpmi? Munuň jogaby ýok. Goý aýdaly, muňa jogap hem berenmişik, ýagny bir sany edilen agyr günä üçin ýüz sany sogap iş gerekmişin diýeli, şonda-da bir kynçylyk ýüze çykar: onda her adamyň eden günäsiniň sany näçe? Belli däl. Ony kim bilýär? Diňe Hudaý. Onda bu haçan anyklanjak? Ahyretdemi? Eger şeýle bolsa, onda o wagt juda giç bolmazmyka? Eger ahyretde biziň günälerdir sogaplarymyz terezide çekiljek bolsa, onda her bir günäniň agramy näçe? Munuň-da takyk jogaby ýok. Bu soraglar ähli dinlere-de degişlidir. Çünki käbir dinler günä düşünjesini umuman aradan aýyrýarlar. Her bir din özüçe günä baha kesip biler. Şonda-da muny çöp döwen ýaly edip anyk, çürt-kesik aýdyp bilmez, muny şübheli aýdar. Munuň özi-de, günä baradaky meseläniň pikir edişimizden çylşyrymlydygyna güwälik edýär. Her bir diniň esaslandyryjysy günä we ondan gutulyş baradaky meseläni soňa goýup, ol ahyretde belli bolar diýýär. Bu-da din esaslandyryjylaryň öz günäleriniň-de geçiljekdigine şübhelenýändiginiň, olaryň bu meselede baş çykaryp bilmeýändiginiň delilidir. Bu soraglara haýsydyr bir mömin musulman köre-körlük bilen “bäş wagt namaz ýeterli” diýse, onda, goý, oňa öz ynsaby kazylyk etsin! Çünki günä eden ynsap özüniň günäleriniň bagyşlanandygyny tä Hudaýyň Öz agzyndan eşidene deňeç ynjalyk tapmaz. Çünki “Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz” (Ýewreýlere hat 9:22).
Emma biz günälerimiziň sanap bolardan juda köpdügine, olary ýuwup bilerimizden has agyrdygyna ynanýarys. Muňa düşünmek üçin haçda Çüýlenene ynam bilen seretmek ýeterlidir. Biz günälerimiziň agramyny, onuň bahasyny bilýäris – onuň agramy Hudaýyň Oglunyň egninden basyp, ony mynjyradara getirdi, onuň bahasy Hudaýyň Oglunyň ganyna deňdir. Eger meniň günälerim mukaddes Bolany şeýle görgülere salan bolsa, eger olar Gudratygüýçlä şeýle ejir çekdiren bolsa, onda meniň özüm nädip mundan baş alyp çykyp bilerin, men muňa näme goşup bilerin. Men Dawut pygamber bilen bile aýdym aýdaryn: “Maňa eden bütin ýagşylyklary üçin men Rebbe näme bererin? Gutulyş käsesini galdyryp, Rebbiň adyny tutaryn” (Zebur kitaby, Mezmur 116:12-13). Rebbiň maňa: “Isanyň hatyrasyna bagyşlaýaryn” diýen sözlerini ynam bilen kabul edip, gutulyş käsesini alaryn, Oňa nagma aýdaryn.
Isa ynam bilen ýaşamagyň dinden ýene bir has uly aýratynlygy bar: Isa diri we Ol bizde ýaşaýar. Her bir diniň düýbüni tutujy ölüp, topraga garyşdy. Olar gaýdyp direlmedi. Olar öz ummatlaryna diňe kadadyr-kanunlary miras goýdy, adam bolandyklary sebäpli dogry işleri bilen birlikde özleriniň ýalňyşlykdyr günälerini hem görelde hökmünde galdyrdy. Emma Isa hiç bir günä etmedi, Onda hatda günä aňy-da ýokdy. Ol ölümiň elinde galmady, ölümi ýeňip, ýene direldi. Ol öz okuwçylaryna hiç hili kada-kanun goýmady, gaýtam olaryň agramyndan halas etdi. Ol bize söýginiň nähili bolmalydygyny Öz janyny biziň ugrumyzda pida etmegi bilen görkezdi. Özüne meňzeş mukaddes durmuşy alyp barmaklary üçin Öz okuwçylarynda göze görünmez halda, olaryň kalbynda ýaşajakdygyny wada etdi. Isa ebedi diri bolmak bilen hemişe Özüne umyt baglanlaryň arasynda bolup, olary uly dogan kimin idekleýär. Onuň wadasy şeýle:
“Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn” (Matta 28:20).
“Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin.Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz” (Ýahýa 14:18-19).
Isa ynam bilen diniň has tapawutly ýeri-de – her bir din Hudaýyň höküm güni bolan ahyretde öz soňuna ýeter. Olar din hökmünde hereketini tamamlar. Emma diri Isa bilen edilýän häzirki wagtdaky gatnaşyklar, Oňa bolan ynam we umyt ahyret güni özüniň hakyky beýanyny tapyp, olar ebediden ebedä çenli dowam eder.
Şonuň üçin hem Isanyň görgüleri baradaky gürrüňimiz dindar adamlara däl-de, günäkärlere ýönelendir. Sen haýsy dinde, haýsy medeniýetde, haýsy milletde dogulma, sen günäkärsiň! Sen günä düşünjesini aradan aýryp bilersiň, emma şonda-da sen günäkärsiň! Barybir seniň ynsabyň Hudaýyň öňünde päk däldir! Eger sen muny aňýan bolsaň, eger sen özüňiň syrkawdygyňa göz ýetirýän bolsaň, onda Isa saňa gerekdir! Ol şeýle diýdi:
“Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim” (Markus 2:17).
Isanyň gören görgüleri, bir tarapdan, biziň günälerimiziň nähili agyr, nähili köp, nähili nejisdigini görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, şübhesiz, Onuň bize bolan söýgüsiniň nähili belent, nähili giň, nähili çuňdugyny görkezýär.
Goý, Hudaý saňa dindar adam bolman, Oňa bolan hakyky ynama eýe bolmagyňa kömek etsin!
Sözsoňy
Şu çaka çenli biz Hudaýyň görgüleri barada gürrüň edenimizde Onuň ynsany günälerinden halas etmek bilen baglanyşykly görgüleriniň üstünde durup geçdik. Emma siz ejir çekýän Hudaý barada ýene bir zady berk bilmelisiňiz. Töwerege bir göz aýlaň. Bütin ýer ýüzünde sanaklyja minutda näçe sany zorluk, kemsitmeklik, masgaralamaklyk, ganhorluk, wagşylyk amala aşyrylýar! Biz bular hakda telewizordan eşidenimizde endamymyz tikenekläp gidýär. Emma biziň bu görýän we eşidýän zatlarymyz, sekunt saýyn amala aşyrylýan erbetlikleriň milýondan bir bölegi–de däldir. Olaryň baryny göräýsek, olara dyngysyz seredip duraýsak, onda biz dälirärdik. Hudaý olaryň baryny görýär, baryny bilýär, baryny eşidýär, Ondan gizlin hiç bir zat edilip bilinmez. Eger biziň mukaddes zadyň nämedigini bilmedik we görmedik gözlerimiz bu zatlara seredip bilmeýän bolsa, Onda Özi mukaddeslik Bolan nädip muňa döz gelýär? Töwratda Habakuk pygamber ýer ýüzündäki erbetliklerden şikaýat edip, Hudaýa ýüzlenende şeýle diýýär: “Pisligi görerden päkdir gözleriň,
Ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen,
Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýäň,
Erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka,
Sen näme dymýarsyň?” (Habakuk 1:13)
Bu dünýäniň barlygynyň özi Ýaradana ezýet berýär. Onuň gözleri pisligi görerden päkdir. Bu biziň gözlerimize ýakymlydyr her hili uruş kinofilmlerini görmek, gan döküşik sahnalaryna seretmek, göni internet sahypalarynda namysa degilmelere tomaşa etmek, hatda olarda gatnaşmak hem. Biziň döwrümizde kinofilmler näçe gan döküşiklige baý bolsa şonça-da meşhurlyga eýe bolýarlar. Zulum, sütem sahnalary öz töweregine has köp tomaşaçylary toplaýar. Şeýle biziň tebigatymyz, şeýle biziň dünýämiz. Emma bu zatlar Hudaýyň päk gözlerine juda agyr azaplary berýär. Isa diýdi: “Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin!Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn!” (Luka 12:49-50). Hudaý bu dünýä ot ýagdyrmak isleýär, onuň has lowurdap, tutaşyp ýanmagyny arzuw edýär, Ol bu arzuwynyň haýsy derejede beýikdigini “nähili arzuw edýärin! diýen sözler arkaly beýan edýär. Bu NÄHILI arzuw?! Emma bu iş heniz amala aşyrylmandygy Ony gysyp, gynaýar: “Bu bolýança nähili darygýaryn!” Bu NÄHILI darykma?! Biz bu duýgularyň düýbüne göz ýetirip bilmeris. Bu dünýedäki bütin erbetlikler Oňa azap berýär. Heniz bu älem-jahanda şeýtan bar-ka, heniz bir sany hem bolsa toba etmedik günäkär ýaşaýarka Hudaý dynçlyk tapmaz. Çünki toba etmedik, Hudaýa sežde etmeýän, Onuň ähli ygtyýara eýedigini boýun alyp, Hudaýyň öňünde dyza çökmeýän,”Sen näme diýseň, men şony-da ederin” diýip, Oňa boýun bolmaýan bir sany adam barka Hudaýa duşmançylyk we Oňa garşy pitne, Onuň erk-ygtyýaryna dawagärlik dowam eder. Eý, toba etmedik günäkär, seniň Hudaýsyz, özbaşdak durmuşyň “Men hem Hudaýdyryn” diýdigiňdir, “Ýaşaýyş demim öz elimdedir, etjegimi ederin, Göklerdäki näme eder?” diýdigiňdir! Bir sany toba etmedik günäkär hem ýok edilmese, Hudaýyň ähli aýdýanlary berjaý edilmez, günä ýok bolmaz, Ony älem Şasy diýip bolmaz. Sen, Hudaýa boýun bolmadyk halyňa ýaşaýarkaň, Hudaý Hudaýa meňzeş däldir, hemme aýdýanlaryny etdirip bilýän Gudratygüýçlä meňzeş däldir, Ol sen sebäpli ähli tarapdan çäklendirilen adama meňzeşdir! Bu görgi dälmi? Onuň bu zatlara döz gelmegi sen günäkär üçin rehim-şepagat bolman, eýsem näme? Onuň näme üçin bu dünýäni häziriň özünde ýakyp kül etmeýäliginiň jogaby ýene ynsandyr. Bu barada Injil şeýle diýýär: “Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär” (Petrus 2-nji hat 3:9). Emma biz Hudaýyň bu sabrynyň ýene näçe dowam etjekdigini bilmeýäris. Hudaýyň Sözi bolan Injil biziň şu günki günlerimizi Onuň görgüleriniň, Özüne azap beriji, emma bize rehim inderiji sabrynyň, çydamynyň iň soňy diýip aýdýar. Ýene sähelçe wagtdan Ol adamzat nesliniň soňuna çykyp, Özüne garşy giden perişdeleriň soňuna çykyp, görgülerinden dynar-da, Öz dynçlygyna öwrüler. Hudaý hemme zatda we hemme zadyň üstünde bolar. Hudaýyň dynçlygyna girenler hem, Onuň Özi kimin dynç we rahatlykda bolarlar.