Mesih Hudayyng gudraty we danalygy!

Haça çüýlenen Mesih — Hudaýyň danalygy we gudraty

18 Haç baradaky habar diňe heläkçilik ýolundan barýanlar üçin akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr. 19 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:

Men danalary danalykdan mahrum ederin, paýhaslylary paýhasyndan aýraryn1».

20 Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi? 21 Çünki dünýä öz danalygyna daýanyp, Hudaýyň danalygyna laýyklykda Oňa akyl ýetirip bilmedi. Şoňa görä-de, Hudaý akmak saýylýan habarymyz arkaly iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi. 22 Ýehudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler danalygy agtarýarlar. 23 Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýehudylar üçin büdreme daşy, ýehudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. 24 Emma çagyrylanlar üçin: ýehudy ýa ýehudy däl — parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr. 25 Çünki Hudaýyň “akmaklygy” ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň “ejizligi” hem ynsan güýjünden güýçlüdir!

26 Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, atly-abraýly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27 Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28 Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29 Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30 Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygy, ýagny dogrulygymyz, mukaddesligimiz we azatlygymyz boldy. 31 Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:«Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin2».



 1[Işaýa 29:14]

 2[Ýermeýa 9:24] 

6 thoughts on “Mesih Hudayyng gudraty we danalygy!

  1. Men dushunemok. Siz Isan hakykatdanam gudratlydygyna ynanyaňyzmy? Ýewreýleriň tapan mistikasy. Türkmenbaşy biziň pygamberimiz. Biziň mukaddes kitabymyz RUHNAMA!!!!

  2. Näme üçin pygamberleriň hemmesi ýewreý? Muhammet pygamberden galany? Sebäbi ýewreýler adamlary Hudaýyň adyndan gorkuzyp, mekirlik edip döretdiler. Adamdan pygamber, mukaddes bolmaýar. Diňe Alla gudratly! Günäni adamlar kesgitleýär. O dünýe diýen zat iki sany ýewreýiň neşe çekende gözüne görnen gallýusinasiýasy. Sudnyýden ýalan gürrüň. Men oturyp haýran galýanaý, şoň ýaly çaga geplerine bir topar nadanlar ynanýaram.

  3. Name uchin bolgusyz zatlar? Janyng halas bolmagy, ozung hem bu dunyade dogry yashap has peydaly ynsan bolmagyng uchin Hudayyng hakykatlary has peydalydyr! Turkmenistanyng diktaturasyny yok etmek ishine ozungde ynamyng bolsa onda goresh alyp baryber, bize ol zat gerek dal! Bizing syyasat bilen ishimiz yok!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *