Isa Mesihing dogulysh bayramchylygy bilen gutlaglar!

Salam gadyrly ildeşler!

Köpümiziň bilşimiz ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde köp milletler birnäçe günlerden uly baýramçylyk belläp geçýärler, bu baýramçylygyň orsçada ýörgünli ady “Rojdestwo Hrista” iňlis dilinde bolsa “Christmas” türkmençe göni terjime edilende bolsa “Isa Mesihiň Dogulyşy” baýramçylygy diýip atlandyrylýar! Elbetde köp ildeşlerimiziň içinde bu barada ýazmaly däl ekeniň diýip gürrüň etjekler hem tapylar, ýöne şu taýda-da köpçüligiň Isa Mesihi iň azyndan pygamber hökmünde hormat edýändigi we ynanýandygy köpümize belli. Isa Mesih ýöne bir pygamber bolman ol dünýäniň Halasgäridigini hem size bildirmek we muňa siziň düşünmegiňizi isläp hem Isa Mesihiň dogulyşy baýramçylygy barada kelam agyz söz ýazmagy we siziň hemmäňizi bu ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlamagy makul bildik!

Beýleki pygamberleriň durmuşyndan tapawutlylykda we başgada tanymal ynsanlardan tapawutlylykda näme üçin Isa Mesihiň dogulmagy uly bir bellenip we ýatlanyp geçilýän gün bolup durýar?! Munuň sebäbini hemişede bolşy ýaly Mukaddes Ýazgylardan jogap gözläp bileris. Mukaddes Ýazgy bolan Injilde Isa Mesihiň dogulyşy barada ajaýyp wagalar gürrüň berilýär. Onuň dünýä geljekdigi we nähili ýaşajakdygy, öwretjek taglymaty, ölümi we direlişi hakynda ýüzlerçe ýyllar öňünden ýüzerçe pygamberlikler aýdylyp geçilipdir. Ol pygamberlikleriň gelip Isa Mesihde ýerine ýetmegi bolsa, Onuň hakykatdan hem şol Halasgär Mesihiň Özüdiginiň subutnamasydyr. Ine Isa Mesihiň dogulmagynyň edil öň ýanyndan dünýä inen Ýahýa pygamberiň kakasynyň aýdan sözlerine üns berip göreliň: “Ýahýanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: “Ysraýylyň Hudaýy REb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrd. Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi. Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi… ogly Ýahýa pygamber hakynda şeýle diýdi: Eý çaga, sen hem hemmelerdn beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsy. Çünki sen Onuň ýollaryny taýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň. Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliliginde görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin, aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün (ýagny Mesih kimin) ýokarlardan bizi idemäge geler!” Soňra bolsa edil ýokarda wada edilişi ýaly Halasgär bolup Isa Mesih hökmünde dünýä inýär, ine Onuň dogulyşy hakynda buşlygyň çopanlara bildirilişi: “Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara şeýle diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz.” Birdenkä perişde bolen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: “Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde Ony razy eden ynsanlara parahatlyk bolsun, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!” Perişdeler çopanlaryň ýayndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: “Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň” diýişdiler. Şeýlelikde ylgap baryp, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar…Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.”

Nahili ajaýyp buşlyk, biz bu buşlyga çopanlaryň ynanyşy ýaly ynanyp kabul edip şatlanarysmy! Şatlanmalydyrys! Çünki Ol dogulan Hudaýyň bütin adamzadyň Halasgäri edip ýollany Isa Mesihdir!

Bu baýramçylyk döwründe Isa MEsihe imanlylar biri-birlerine sowgat bermekleriniň bir sebäbi hem Hudaýyň bize Halasgäri sowgat hökmünde bermegini ýatlap birek -birege hoşniýetli arzuwlar bilen sowgat bermek däbi emele gelipdir. Ondan başgada Isa Mesih dogulanda, diňe bir şol halkdan bolan çopanlar Ony görmäge gelmän, hatda gündogardan, ýagny häzirki Orat Azia we Eýran töwereklerinde muneçjimler ýagny astronomia ylymlaryny öwrenýän alymlar Ony uzaklardan görmäge gelipdirler.

Bu barada Injilde ine şu taryh ýazylandyr: “HIrodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” diýdiler. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylar, halkyň kanuçylaryny ýygnap, olarda Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: “Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr: “Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr” Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady. “Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sejde etjek” diýip, olary Beýtullahama iberdi. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. Öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.”

Ol müneçjimler Isa Mesihi çaga wagtynda görmäge bardylar we Ony tapanlarynda juda begendiler, olary şeýle juda belent begenje eýe eden zat nämekä, näme üçin ol alym adamlar uzak ýurtdan, agyr we howply ýol geçip täze dogulan çagany görmäge geldilerkä? Munuň sebäbi olar hem ol doguljak çaganyň bütin adamzadyň Halasgäri bolup doguljakdygyny öňünden iman edip garaşydylar, Isa Mesih barada öňden aýdylan pygamberliklere iman edipdiler we ol aýdylanlaryň Isa MEsihde ýerine ýetenine ynanypdylar, şol sebäpden hem olar Isa Mesihiň ýanyna baryp görmegi we Oňa sejde etmegi durmuşynyň iň bir wajyp maksady edip goýupdylar. Olar ol maksadyna ýetdiler, Isa Mesihi çagalykda görüp Oňa sejde etdiler we Oňa iň gymmatbaha sowgatlary sowgat berdiler!

Isa Mesihiň dünýä inmegi bu ähli ynsanlar üçin şatlandyryjy buşlukdyr, bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi, ýaşaýşy, taglymaty we ol baradaky ähli zatlar ýazylan Hudaýyň Sözünede “Injil” ýagny “Hoş Habar” diýilýär!

Siziň her biriňize bu Hoş Habara galyberse çopanlar ýaly, iň bolmanda hem müneçjimler, ýagny astronomiýa alymlary ýaly kabul etmegiňizi we kabul edip iman getirmek arkaly siziň durmuşyňyza geljek ähli ruhy patalary siziň üçin arzuw edýärin!

Goý Ýaradyjyny Hudaýyň parahatçylygy we şatlygy siziň hemmämiziň kalbymyzy doldursyn we geljek 2012-nji ýyl siziň üçin ruhy rowaçlyk getirsin we hemmämiziň maşgalamyzda, il-günümizde we bütin dünýäniň halklary arasynda Hudaýyň hoşniýetligi höküm sürsün!!!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *