Reb Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen Gurbandurdy Turaniniň şaýatlygy

Reb Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen Gurbandurdy Turaniniň şaýatlygy

Gurbandurdy Turani 1952 ý Eýranyň Gonbad-e-Kavus şäherinde, türkmen maşgalasynda eneden bolýar.  Ol maşgalada sekiz çaganyň biri, onuň 6 erkek dogany we 1 sany gyz jigisi bolýar. Onuň kakasy fundamental musulmandy, ol Soni Hanafi atly Yslam toparyna degişlidi.  Ol çagalaryny Yslam ýoly we kanunlary boýunça terbiýeleýär we şol ýoldan gitmegi üçin ol ähli zady etdi.  Gurban mekdebi gutarandan soňra Yslamyýeti Müsürde, ýokary okuw jaýynda okamak isleýär.  Onuň bütin islegi Sunni Yslam lideri bolmakdy.  Emma onuň kakasynyň onuň Müsürde okatmaga maddy taýdan mümkinçiligi ýokdy.  Gurban okuwa gidip bilmese-de yslama degişli kitaplary we Hudaýy şol kitaplaryň üsti bilen gözleýärdi.  Birnäçe wagt geçenden soň, ol käbir jenaýat işlere el urýar we başgalar bilen söweşde bolýar. Ol Hudaý ýok diýen karara gelip, kommunistleriň pikiri dogrydyr öýdip kommunistik ideýalaryny kabul edýär.  Ol öýlenip maşgala gurýar. Gurbanyň 3 gyzy we 1 ogly bolýar.  Gurbanyň aýaly 4-nji çaga garaşýarka, Gurban 1983 ý gowy iş tapmak üçin Türkmenistana gitmegi çözýär.  Şol wagtlary Türkmenistan kommunistleriň gol astyndady, (ýagny Sovet Soýuzyndady).  Gurban Türkmenistana gelýär, we erbet hem-de agresivligi üçin ol kän jedeldir uruşlara girişýärdi.  Bir gezek ol bir adamy pyçaklap öldürýär.  Eden jenaýaty üçin ol tussaga alynýar we 15 ýyla azatlykdan mahrum edilýär.  Ol tussagda kyn wagtlary geçirýär.  Ol tussaghananyň iň erbet, rehimsiz şahsyýeti diýen adyny «gazanýar».  We onuň bolşuny hiç bir zat üýtgedip bilmeýärdi.  1988 ý Gurban özüni öldürmäge synanyşýar.  Ony derrew keselhana getirýärler, emma lukmanlar onuň ýaşamagyna hiç bir umyt bermeýärler.  Emma gudrat bilen Gurbanyň ýaşaýşy kesilmeýär.  Gurbany täzeden tussaghana getirýärler.  Bir gezek şol tussaghana mesihiler gelip Hoş Habar aýdýarlar.  Gurban olary we olaryň aýdanyny şol pursat ret edýär.  Soňra başga ýerden onuň tussaghana otagyna bir tussag edilen ynsany geçirýärler.  Bu adam rus mesihidi we ol Isa Mesihe ynamy üçin tussag edilendi.  Onuň ady Konstantindi.  Konstantin Gurban bilen dost bolýar we Hoş Habar bilen paýlaşýar.  Konstantin Mesihiň söýgisinden doludy.  We ol Gurbandan: «Sen Isa Mesihiň Hudaýyň Oglydygyny we Ol dünýäniň Halasgäridigini bilýärmisiň? – diýip sorady. Gurban Konstantine: «Hudaý umuman ýokdur»-diýip jogap berdi. Gurban uzak wagtlap Hoş Habary ret edýärdi. Ol Konstantine: «Sen henizem Isa Hudaýyň Ogly diýýämiň?!» – diýip jogap bererdi.  Emma näçe köp Gurban Konstantini tanasa şonça-da köp ol Konstantiniň Hudaýyň söýgisinden we mähirinden hem-de Hudaýyň parahatlygyndan doludygyny bilýärdi. Konstantini görmek üçin yzyndan gelýän mesihileriň hem Hudaýyň rahatlygyndan doludygyny bilýärdi. Konstantin Gurban üçin Täze Äht Kitaby buýurýär we oňa bu Kitaby sowgat edýär.  Konstantin oňa:  «Şu Kitaby oka we meniň saňa Isa Mesih barada gürrüň berenlerimi şu ýerden okap doly öwrenip bilersiň.  Şonda sen Oňa garşy söweşip biljek-bilmejekdigiňe doly düşünersiň».  Gurban Täze Äht Kitaby alyp okajakdygyna razylygyny bildirýär.  Ol iki hepdäniň içinde bütinleý Täze Äht Kitaby okap gutarýär.  Onsoň ol Konstantine: «Men Isa Mesihi Taňry we Halasgär hökmünde kabul etjek, we mesihi boljak» – diýip ýüzlenýär.  Onuň dosty Konstantin Gurban üçin ybadat edýär we şol pursat Gurban ybadatda durmuşyny Taňry Isa tabşyrýar we Taňry Isany şahsy Halasgäri we Rebbi hökmünde kabul edýär.  Ol mesihi bolandan soňra, Gurban tussaghananyň başlygyna tussaghanada Hudaýa hyzmaty we Hoş Habary wagyz etmegi geçirmäge rugsat soraýar.  Tussaghananyň başlygy Gurbanyň durmuşynyň düýbünden üýtgändigine haýran galyp oňa: «Seniň sežde edýän Hudaýyň seniň durmuşyňy şeýle täsin üýtgeden bolsa, onda menem saňa Hudaýa hyzmaty geçirmegiňe rugsat bereýin» – diýip jogap berýär. Konstantin Gurbana berlen rugsata haýran galýar.  Ol Gurbana şeýle diýýär: «Şu tussaghanada geçiren bütin ýyllarymda maňa we başgada mesihilere hiç-haçan saňa berlen mümkinçilik bize berilmedi, ýagny saňa Hudaýa hyzmat geçirme mümkinçiligi berildi.  Sen täze ynanyjy, emma Hudaý eýýäm seni täsin ýollary bilen ulanmaga başlady.  Sen tussagdan azatlyga çykanyňda Eýrana gaýt, öz milletiň, türkmenleriň arasyna bar we Hudaý seni türkmenleriň arasynda we öý ýygnanyşyklarda ulanar» – diýdi.  1998 ý Gurban azatlyga çykýar, ol 15 ýyl tussagda bolýar.  Ol azatlyga çykandan soňra Eýrana öz Gonbad-e-Kavus diýen şäherine gelýär. Ol maşgalasyny görýär, 15 ýyl aýralykda…  Entäk ol Eýrandan Türkmenistana iş gözlemek üçin giden döwründe, onuň maşgalasy 4-nji çaga garaşýardy.  Indi bu çaga Gurbanyň 15 ýaşyndaky gyzydy.  Gurban öz öý-içeri bilen Hudaýyň adamzat üçin beren halas bolma plany bilen, ýagny Hoş Habar bilen paýlaşýar.  Ol Täze Ähtden we Konstantinden öwrenen ähli mesihi taglymaty bilen paýlaşýar.  Onuň maşgalasy Mesihe ynanýar we Gurbanyň jan etmegi bilen, oňa Mukaddes Ruhuň aýan etmegi, Hudaýyň Mukaddes Sözüniň okamagy we Hoş Habary paýlaşmagy bilen, 12 sany türkmen öz durmuşyny Reb Isa Mesihe tabşyryp, mesihi bolýarlar.  We bu Gurbanyň öz şäherine geleninden başlap iki ýylyň dowamynda bolup geçýär.   Onsoň ol maşgalasy bilen başga bir uly şähere göçýär.  Oňa täze ynanyjylary şägirt edip taýýarlamakda ýygnanyşygyň kömegi gerekdi we şol täze göçen şäherinde ol oňa kömek berip biljek, şol şäheriň ýygnanyşygyndan bir ruhy dogan bilen tanyş bolýar.  Bu ruhy dogan Gurbanyň ýanyna we onuň öý ýygnanyşygyna ençeme gezek gelip görýär we olara kömek berýär.  Soňra Gurban ruhy çopanlygy Mukaddes Kitapdan öwrenme programmany okap gutarýar.  Gurbanyň 7 ýylyň içindäki hyzmatynda Hudaýyň işi türkmenleriň arasynda gaty ösýär we 35 türkmen mesihi bolýar.  Gurban batyrgaý, gorkmaýan mesihi ýolbaşçy bolýar.  Ol tutanýerlilik bilen Taňry Isa hakda köçelerde, dükanlarda we bazarlarda güwä geçýärdi. Ol öz ynamyny içinde saklamaly däl diýlen piker bilen ýaşaýardy we şunlukda ol ähli baran ýerinde Hoş Habary wagyz edýärdi.  Ençeme gezek Gurbana öz şäherinde dindar adamlar howp salýardylar.  Hat-da onuň şaýatlyk etmegine garşy bolan onuň bir eneden bolan öz dogany onuň ýüzüne pyçak urýar.  Emma bu garşylyklara seretmän, ol hemişe Taňry Isa barada, näme bolsa-da guwä geçýärdi.  Onuň türkmen halky üçin ýüregi awaýardy we türkmen halkynyň Reb Isa gelip halas bolmagyny küýseýärdi.  Bu gadyrdan adam 2005 ýylyň 22 noýabyrynda uly töleg töleýär.  Ony belli däl bir topar tussaga alýar; ony urýarlar, gynaýarlar we pyçaklap öldürýärler. Onsoň bu näbelli topar onuň jesedini, onuň öýüniň derwezesiniň öňüne taşlap gidýärler.  Gurbandurdy Turani Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen ilkinji türkmen mesihi.  Gurban öldürlenden soňra, milli howpsyzlyk politsiýa işgärleri onuň öýüne gelip kanuny bozup öýüni dökýärler we öýünden mesihi materiallary bikanunlyk bilen alyp gidýärler.

Gurban ölüminden ozal öz söýgisini Taňry Isa bildirip we oňa durmuşyny bagyş etmegi barada birnäçe setir ybadat sözlemi ýazýar:  «Gadyrdan Rebbim Isa, men Seniň çüý kakylan aýaklaryňy görmegim üçin, Öz ýanyňa barmagyma rugsat et!  Gadyrdan Rebbim Isa, men Seni pes göwünlikde şöhratlamagyma we çüý kakylan aýaklaryňdyr, elleriňi oşamagyma rugsat et.  Sen Golgotada haçda 4 sany çüý bilen çüýlendiň, Seniň ganyň akýardy we şol bir kynçylykda Sen nähili öz ýaradan bendäňi güýçli söýüpdiň?!  Sen hat-da Seni haça çüýlänleri tüýs ýürekden gujaklap kabul etmäge taýýardyň.  Sen meň üçin jebir çekdiň.  Diňe meň üçin däl eýsem meniň ene-atam üçin hem…  Meň üçin sen iň agyr jebiri çekdiň, Sen 6 sagat haçda asylgy bolduň.  Beýle Sen azap çekmäni görmezligiň üçin, men günäsiz bolsamdy; Men şol ýerde bolmak isleýärin we Seniň haçda mahalyň mähirli elleriňden çüýleri aýyrmak isleýärin. Men Seniň ejir çekmezligiňe kömek berip bilerdim diýen pikirim nähili pähimsiz görünýär. Taňrym Isa, goý men Seniň mukaddes Adyňy bu ýerde her bir pursat şöhratlap bileýin.  Men öz islegim bilen öz durmuşymy Saňa, Sen üçin we ýygnanyşygyň üçin bagyş edýärin» Omyn!

5 thoughts on “Reb Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen Gurbandurdy Turaniniň şaýatlygy

  1. Salam,
    Musulmanchylyk barada elbetde owrenmage zat kan, yone ilki bilen Hudayyng Mukaddes Yazgylary bolan Towrady, Zebury, gadymy pygamberlering yazgylaryny we Injili ilkinji bolup owrenmelidiris. Chunki olarda Hudayyng adamzat uchin Dogrulyk Yoly beyan edilendir!

    hormat bilen,
    admin

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *