HAKYKY DIKELIŞ TAGLYMATY

<HAKYKY  DIKELIŞ  TAGLYMATY

Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir. Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr. Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz(Luka 24:45-48).

Bu bölekde:

  • Hudaýyň gullarynyň wagyz etmelidigi,
  • Adamlaryň öz günäleri we adam filosofiýasy babatda pikirini üýtgetmelidigi,
  • Hudaýa tarap öwrülmelidigi,
  • Haça seretmelidigi,
  • Günäleriniň bagyşlanyljakdygyna bolan ynam arkaly Hudaý tarapyndan merhemet bilen beriljek gutulyşy kabul etmelidigi hakda gürrüň edilýär.

Men-ä, toba etmezden bagyşlanma boljakdygyny aýdýan wagyzça ýa-da mesihä guwanmazdym. Men-ä, tutuş hakykatyň deregine ýarym hakykaty teklip edýän adama hormat goýmaryn.

Men Hudaýyň islendik guly “adamlaryň eşitmek isleýän zadyny” wagyz edip biler öýdemok, sebäbi soňky döwürlerde

  • Laodikiýa ýygnagy peýda bolýar,
  • Küti wyždanly mesihiler köpelýär.

“Küti wyždan” olaryň normalaryny we standartlaryny aňladýar. Bu edil adam azatlygyny satýan sag ganatyň liberallary ýaly bir zatdyr. Häzirki döwürde muny Isa Mesihiň ady bilen edýän münberleri dolduryp duran, telewizion kameralarynyň öňünde çykyş edýän mesihi liderleri:

  • Mukaddesligi bolmadyk merhemeti,
  • Toba etmese-de gutulyşyň berilýändigini,
  • Jogapkärçiliksiz mesihiligi,
  • Şägirtçilik goldanylmaýan ýygnak gullugyny,
  • Kategorial taglymaty bilmeýän habary,
  • Ruhdan doly bolmadyk ýaşaýşy,
  • Özleriniň ýylmanak filosofiýasyna laýyklykda hakykatyň şahsy düşündirilişini wagyz edýärler.

Bu zatlaryň garyşdyrlmagy adamyň hakyky pikirlerini ýoýýar. Adamlar öz pikirleriniň hatyrasyna her hili zatlara ýapyşýarlar.

Käbirleri merhemete wepalydyrlar, ýöne olaryň gutulyşy Isa Mesihiň merhemete esaslanýan hakykaty açmasy däl-de, özleriniň merhemeti düşündirmesi bolup durýandyr.

Käbirleri özleriniň garaşsyz ýaşaýyş stiline öz düşünjeleri üçin zerurlyk hökmünde garaýarlar. Eger olar, dogrudanam, diňe ýaşaýyş stilini saýlama mümkinçiliginde garaşsyz bolsalar, onda öz düşünjelerinde özlerini diňe gysga wagtlyk azat duýup bilerler.

Hakyky mesihi her gün öz haçyny alyp, Mesihiň şertlerinde Hudaýa tabyn bolmak islese, onda ol:

  • Ýaşaýyş üçin wagtlaýyn bolçulygy gözlemän, ebedi gymmatlyklaryň esasynda bakyýete ýokary baha bermelidigine,
  • Eger iman reallygyny emele getirýän Sözüň doly ähmiýetinde ýaşamak isleýän bolsa, onda Hudaýlyk hakykatyna ynamly bolup ýaşamalydygyna düşüner.

Häzirki döwürde dürli häsiýetli adamlara täsirini ýetirip bilýän köp dürli habarlar bardyr.

  • Olaryň käbirleri öz pikirlerini sentimentallygyň üstünde gurýarlar,
  • Beýlekileri bolsa, öz pikirlerini öňe sürmek ýa-da berkitmek üçin toparlaryň ruhuna ýa-da baý sosial ýaşaýşa bil baglaýarlar.

Ýöne Hudaýyň Sözi adamyň pikiriniň köne günäli tebigaty haça çüýlenmegine baglydygyny diýseň aýdyňlyk bilen aýdýar. Isa Mesih bizdäki “men”-iň Adamyňkydygyny belleýär-de, ony Golgotadaky  “men” bilen çalyşýar. Şoňa görä-de, resul Pawlus özüniň ruhy filosofiýasynda juda ýönekeý bolup: “Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin” (Galatýalylar 2:20) diýýär.

Resul Pawlus Koloseliler 3:3-de: “ýaşaýşyňyz Mesih” diýýär.

Ol Filipililer 1:21-de: “meniň üçin ýaşaýyş Mesih” diýýär.  Dogruçyl, açyk we durmuş ownuk-uşaklyklarynda hakykata seslenip, merhemetde ösýän mesihiniň pikiri şeýle bolýandyr.

Hudaýyň mesihilik standartlary bilen dogruçyl hem berk birlige gelmese, ýygnagam sag ganatyň liberallarynyň öz syýasy filosofiýasynda ejiz bolşy ýaly, imanda diýseň ejiz bolup galar. Duşman akym kimin inip gelende, Hudaý oňa garşy Öz standartyny goýýandyr (Işaýa 59:19). Hudaý Öz standartyny ýokary galdyrýandyr. Hudaýyň standarty—bu Özüniň aýdan her bir sözüdir (Matta 4:4).

Bu Hudaýyň berýän her bir sözüdir (Ýahýa 17:17). Ine, Hudaýyň standarty, Ol mundan pes bolan hiç bir zat bilen ylalaşýan däldir. Mundan başga-da, konstitusion azatlyk hem, meniň kanun çykaryjy we döwletde lider bolup, ahlaksyz bolmaga, jemgyýeti hapalamaga we çüýretmäge hukugymyň bardygy bilen öwünmelidigimi aňlatmaýar, hiç haçan aňlatmandam. Gaýtam, men adam azatlygy babatda şahsy   pikirli bolup, ahlaklylyk, edeplilik, gowy liderlik we döredijilikli pikirlenşimi görkezip, görelde bolmalydyryn. Men hukuklara we ähli adamlaryň azatlyklaryna Hudaýyň adam azatlygy maksady bilen berlen milli özeni we hakykaty bilen deň derejede tabyn bolmalydyryn.

Eger biri öz derejesiniň bähbidi üçin delil getirjek bolup, merhemeti ulansa, Hudaýy äsgermezçilik edip, öz pikirini öňe sürse, onda ýoluň ahyrynda höküm güni garaşar. 

Şol höküm güni:

  • Onuň pikirlerini (1 Korintoslylar 4:3),
  • Onuň otrisatel çözgütlerini (Işaýa 46:10),
  • Onuň dünýä, ten we şeýtan bilen eglişige giden ýagdaýlaryny  (1 Ýahýa 2:16-17)  görkezýär. Men: “Oýan Amerika!” diýýän sözümi, aslyýetinde, Isa Mesihiň ýygnagyna diýýärin. Men muny amerikan taryhy üçin ruhy hem syýasy taýdan iň beýik bolmagy mümkin bolan 1984-nji ýylyň strategiki taýdan wajyp bolan güýzüniň öň ýanyndaky tomsunda milletlere aýdýaryn.

Biziň halkymyzyň arasynda häzirki döwürde inflýasiýa 3-1% düzýär. Häzirki häkimiýet iş başyna gelende, inflýasiýa 20-21% töwereklerindedi. Otrisatel propogandalaryň bardygyna garamazdan, millionlarça iş ýerleri berildi. Amerikada häzirki administrasiýa işe başlanda, 100 million adam işleýärdi, häzir bolsa 104 million adam işleýär. Garyplara pul bermek baradaky otrisatel maglumatlaryň garşysyna çykyp, demokratiki partiýa 49 milliard dollar berdi. Häzirki administrasiýa bolsa, 64 milliard, ýagny 15 milliard köp berdi. Siz Amerikanyň dürli ulgamlarda (şol sanda daşary syýasatda-da) hakyky, dogry dikelişi duýandygyny görersiňiz. Şol dikeliş çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň, halkymyzyň geljegini goramak üçin güýçli depginde ösýär.

Häzirki döwürde Mukaddes Kitaba ynanýan, ýöne ruhy dikelişe düşünmeýän mesihilerem köp.

Men siziň ruhy dikelişiň ösüp barýan goşundyda öz intensiw mümkinçiligi bilen täsir edip bilýändigine düşünmegiňizi isleýärin. Aslyýetinde, dikeliş, özem hakyky dikeliş Hudaýyň çagasy üçin nämäni aňladýar? Men gowy jümle bolsa-da, ony ulanmak mümkin bolsa-da: “yza hereket etmek, yza bökmek” jümlesini ulanmaýaryn. Bu gaty gowy jümle. Meniň üçin dikeliş “yza herekete” garanda, grek dilindäki Mukaddes Kitap manysyna has köpräk eýedir. Yza hereket meniň üçin özümiň birnäçe wagtlyk yza dolanmagymy aňladýar.

Dikeliş bolsa, meniň Mesih bilen gitmegi dowam etdirmek üçin yza tarap, durmuşda öz bolmaly ýerime tarap barýan ýoldadygymy aňladýar.

Dikeliş berk, gaty, dogmatiki we ösýän bir zat hakda gürrüň berýär.

Hudaýyň Sözünde dikeliş Isa Mesihiň döken ganyna esaslanýar (“Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” (1 Ýahýa 1:7). Işaýa pygamberiň kitabynda, 44:22-de Hudaýyň Sözi:

Ýazyklaryňyzy bulut kimin,

günäleriňizi duman kimin aýraryn.

Maňa öwrüliň, çünki Men sizi halas etdim” diýýär.

Biziň ýazyklarymyz nämä esaslanyp aýrylýar? Isa Mesihiň haçdaky ganyna.

Dikeliş:

  • Dini adam bolma ukyby,
  • Ýagşylyk etme ukyby arkaly gelýän däldir.

Dikeliş üçin esas—bu dogry bolan, bizi Hudaýyň ýanyna getirip biler ýaly, günäkärleri halas etme maksady bilen ölen Ynsandyr (1 Petrus 3:18); Isa Mesihiň pany bolmadyk gany bilen halas edilmekdir (1 Petrus 1:19-20).

Gutulyş üçin dikeliş Isa Mesihden başlanýandyr.

Büdreýän we günä edýän imanly adam üçin dikeliş günäsine toba edenden soň şol bir esasa, ýagny Isa Mesihiň ganyna esaslanma eýe bolýar.

Muny diňlemek aňsat, ýöne ony durmuşda ulanmak has-da ajaýypdyr. Muny diňlemek diýseň ýönekeýdir, ýöne muny başdan geçirmek şeýle çuň, göçgünli, ajaýyp hem haýran galdyryjydyr. Ine, tiz-tizden günä eden bolmagy mümkin bolan imanly adam, ine-de Hudaýyň Sözüniň oňa aýdýan sözleri:

Öz hatyram üçin

ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin,

Men günäleriňizi ýatlamaryn” (Işaýa 43:25).

Mesihide dikeliş üçin nähili esas bar? Bu kämil adamyň bedeninde biziň günälerimiziň ýazgarylmasydyr. Ikitaraplaýyn töwekgelçilik kanuny boýunça şahsyýeti öz günäleri üçin iki gezek töleg tölemäge mejbur edip bolmaýar. Şonuň üçin Isa biziň günälerimizi Öz bedeninde agaç haça äkitdi (1 Petrus 2:24). Biz öz ýolumyz bilen gidenimizden soň, günälerimiz Onuň üstüne yzyna alynmazlyk şerti bilen ýüklenildi (Işaýa 53:6).  Biziň günälerimize Isa Mesihiň, kämil Ynsanyň bedeninde haçda höküm edildi.

Haýsy ulgamda şowsuzlyga uçrandygymyza garamazdan, dikelişde biziň etmeli zatlarymyz aşakylardyr:

  • Biz haça seredýäris,
  • Merhemetiň biz mynasyp bolmasak-da, özümiz üçin edýän hereketine ynanýarys
  • We ony kabul edýäris:
  • Arassalanýarys,
  • Gatnaşyklarymyzy dikeldýäris,
  • Günäniň ähli täsirlerini peýdaly hem tejribeli ret edýäris,
  • Isa Mesih bilen hemişelik gatnaşygy dikeldýäris.

Amerika harby gorag, ykdysadyýet, garyplara kömek etme, zähmet we inflýasiýa ulgamlarynda dikelme prosesini başdan geçirýär. Ahlakly adamlar ynsan azatlygynyň we milli özenimiziň goragyndadyrlar. Isa Mesihiň Ýygnagyndaky adamlar hakyky ruhy dikelişe düşünmelidirler we ony özlerinde duýmalydyrlar.

Öz hatyram üçin

ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin,

Men günäleriňizi ýatlamaryn” (Işaýa 43:25).

Dostlar, Hudaýyň muny biziň hatyramyza etmegini isleýändigimizi bilýärin (Ol şeýle hem etdi), ýöne Ol muny Öz hatyrasyna etdi, sebäbi Ol indi bizi höküm edip bilmejek günäni höküm etdi. Ol biziň günälerimizi Öz hatyrasyna aýyrmaly boldy, sebäbi olar üçin töleg töledi. Ol muny bizi söýýändigi üçin etdi. Söýgi Ony şeýle etmäge ruhlandyrdy.

Serediň, Ol Işaýa pygamberiň kitabynda näme diýýär:

Maňa ýatlat!

Gel, bilelikde dawalaşalyň,

aklanaryň ýaly

delilleriňi aýt” (Işaýa 43:26).

Bu pygamber: “Nädip dikelmelidigini ýada salmaga maňa kömek et” diýýär. “Dawalaşalyň” diýmeklik “Ganälerimiň Golgotada höküm edilendigini ýada salmaga maňa kömek et. Ruhy ýatlamalar arkaly özümiň aklanandygymy ýada salmaga kömek et” diýmegi aňladýar. Soň 27-nji aýatda:

Ilkinji ata-babaňyz günä etdi,

sözleýjileriňiz garşyma çykdylar” diýilýär.

Ol bu ýerde mugallymlaryň taglymat öwretmändikleri, ruhanylaryň taglymat öwretmändikleri pygamberleriň taglymat öwretmändikleri aýdýar. Şeýdibem, taglymat öwretmändikleri we Hudaýyň özleriniň durmuşy babatdaky planyny kabul etmändikleri üçin Oňa garşy günä etdiler.

Munuň üçin baştutanlaryň

mukaddesligini murdar etdim,

Ýakuby doly weýrançylyga,

Ysraýyly ryswalyga höküm etdim” (Işaýa 43:28).

Dikelişiň alternatiwasy Hudaýyň gan ýa-da mesihi hökmünde günä edenimizde, haç arkaly berilýän bagyşlamany almak üçin merhemetde ünsümizi jemlemek üçin berýän tertibe salmasy bolup bilýändir. Öz günäleriňi aýtmagyň alternatiwasy günäleriňden ýüz öwürmekdir (1 Ýahýa 1:9), olara toba etmekdir we dikelmekdir. Bu Hudaýyň tertibýelemesidir. Hudaý bizi ýa-ha durmuşymyzdaky Öz ak patalarynyň ýokdugyny aňladýan wagt görnüşindäki wagtlaýyn ölüm, ýa-da ten höwesi bilen ýaşaýan imanly adamy ýanyna wagtyndan öň almak arkaly fiziki ölüm bilen terbiýeleýär (1 Ýahýa 5:16; 1 Korintoslylar 11:22-31, Zebur 118:17-18, Resullaryň Işleri 5:1-4, 1 Korintoslylar 5:5). Şonuň üçin biz ýa-ha merhemet arkaly, ýa-da  Hudaýyň wagt görnüşindäki terbiýesiniň wada berlen netijesini alýarys.

Hudaýyň Sözüniň 1 Korintoslylar 11:28 we 31-de aýdýan zatlary ajaýyp zatlardyr: “Adam özüni synap görsün… Öz-özümizi synan bolsak, höküme duçar bolmazdyk. Üstümizden höküm çykarylanda, bize dünýä bilen bilelikde iş kesilmez ýaly, Reb bizi terbiýeleýär” diýilýär. Bu dikelişi “duýuň”, ýöne özüňizi analizlemek bilen meşgullanmaň. Özüňizi höküm etseňiz, dünýä tarapyndan höküm edilmersiňiz. Başga sözler bilen aýtsak, Ýewreýler 12:15-de günälerimizi aýryp, merhemetde öňe hereket etmelidigimiz hakda gürrüň edilýär. Bu dikelişdir. Günäni ýatdan çykaryň (Filipililer 3:13). Ony Hudaýam ýatdan çykarýar, soň hereketiňzi dowam etdiriň. Bu dikelişdir.

Maňa adamlar her hepde-de: “Men merhemete ynanýaryn. Men özümiň bagyşlanandygymy bilýärin, ýöne öz eden zadymy ýatdan çykaryp bilemok” diýýärler. Günälerini aýyrmaga ukyply bolmadyk bu adamlar Hudaýyň merhemetini biabraý edip başlaýarlar. Olar merhemetde ösmeýärler.

Hudaýyň Sözi Rimliler 5:9-da: “Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr” diýmek bilen nähili dikelmelidigini öwredýär. Gatnaşyga we düşünjä gaýdyp barmaklyk, eden zatlarymyzyň hemmesiniň wagt derejesinde arassalanandygy dikelmek üçin haýran galdyryjy esasdyr. Biz hemişe günäden arassalanyp durýarys (1 Ýahýa 1:7). Galgotanyň haçy eden günälerimiziň hemmesini ýatdan çykaryp, bagyşlama berýändir. Biz özümize seretmän, Golgotadaky haça seredip, dikelme kararyna gelenimizde, bagyşlanma bilen arassalanma üpjünçilik kimin berilýär.

Biz özümize garşy günä edenleriň hemmesine nähili serederis?

Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň (10 000 000 $ golaý) talant borçly birini ýanyna getirýärler. Ol bergisini töläp bilmäninde, agasy onuň özüniň, aýalynyň, oglan- uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar. Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: <Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin> diýýär. Agasynyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýär” (Matta 18:23-27).

Eger siz bir ulgamda million gezek günä eden bolsaňyz, ýöne soň Hudaýyň ýanyna gelip: “Rehim et!” diýip, şol günä haçda höküm edilendigine ynansaňyz, onda size bagyşlanma berilýär. Siz özüňiz, günä, Hudaý hakdaky pikiriňizi üýtgedip, özüňizden el çekip, Onuň Sözüne bolan imanyňyz arkaly merhemet bilen Hudaýa tarap öwrüleniňizde merhemet berilýär. Mukaddes Kitapda şonda günäleriň ýok edilýändigi aýdylýar: “…ýazyklaryňyzy öçürýän…”.

Eger Hudaý ýadyndan çykarýan bolsa, onda näme üçin ony siz ýadyňyzdan çykarmaýarsyňyz? Näme üçin siz özüňizi söýýän Halasgär günäni Öz bedenine çüýläp, onuň üçin bir gezekki we ebedi gurbanlykda ruhy ölümi çeken bolsa-da, günäniň netijelerinde salgylanmalaryň çeşmesinde kimin ýaşaýarsyňyz (Ýewreýler 10:10)?

“Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: <Bergiňi ber> diýip, bokurdagyndan tutýar” (Matta 18:28).

Reb Matta 18-de ynsan fariseýliginiň tersine bolan Hudaýyň merhemetiniň ajaýyp haereketini sabyrlylyk bilen görkezýär. 10 000 000 dollary geçilen adamyň ýüreginde özüne 20 dollar bergili bolan adamyň bergisini geçer ýaly merhemet bolmandyr. Ol bergidarynyň bokurdagyndan tutup: “Bergiňi ber!” diýýär.

Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: <Sabyr et, bergimi bereýin> diýip oňa ýalbarýar. Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, agalaryna habar berýärler. Onsoň agasy ony çagyryp diýýär: <Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?> Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär” (Matta 18:29-34).

Bu adam Hudaýyň terbiýelemesine sezewar edilýär, sebäbi ol dikelişi kabul etmedi we öz alan merhemetini bermedi.

Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder” (35 aýat).

Rebbiňiz şu wagta çenli eden günäleriňiziň her biri üçin töleg töländen soňam, beýleki bir mesihiniň günäsini ýatlamagyňyz özüňiz üçin gelşiksizdir. Beýle etmeklik sizi Hudaýyň terbiýelemesine dalaşgär edýändir. Isanyň Efesliler 4:32-de: “Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly (öten zamanda), siz hem biri-biriňizi bagyşlaň” diýmegi geň galarlykly zat däldir. Hudaýyň muny özüňiz üçin eýýäm edendigi sebäpli, sizem häziriň özünde şeýle ediň. Isanyň Öz şägirtlerine: “Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç” (Matta 6:12) doga etmegi öwredendigem geň zat däldir. Adamyň ýüregi söýgüden we merhemetden doly bolanda, ol Hudaýyň öňünde dyza çöküp: “Sen meniň günälerim üçin töleg tölediň. Sen günälerimi ýuwduň. Sen meni päklediň. Men muňa düşünmeýärin, ýöne şonda-da bu ajaýyp zatdyr. Men dikelmelidirin. Men käwagt gün içinde ýedi gezek günä edendigimi-de aýdýardym. Sen şonda-da meni arassalaýardyň. Men mynasyp bolmasam-da, meni patyşa hem ruhany etdiň” (Ylham 1:5)” diýip bilýär. Isa Mesih siziň günäleriňiz sebäpli ölmeli bolanda, siz nädip başgalary tankytlap ýa-da olaryň günälerini ýatlap oturmaga het edip bilýärsiňiz? Kanunyň her bir kişiniň agzyny ebedilik ýapmak üçin berlendigi geň zat däldir (Rimliler 3:19), sebäbi ýekeje-de dogry adam ýokdy. Ýagşylyk edýän ýekeje adamam ýokdy. Hemmeler günä astyndadylar.

Imanly adam näme etmeli? Mukaddes Kitap onuň adamlary bagyşlamakda goldawçy bolmalysygyny aýdýar. Bagyşlamany Hudaý ýerine ýetirýändir.

Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret. Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň” (Galatýalylar 6:1-2).

Eý doganlar, araňyzdan biri hakykatdan azaşsa, biri ony öwürse, onda ol muny bilsin: bir günäkäri ýalňyş ýolundan öwren bir jany ölümden gutaryp, köp günäleriň üstüni basyrar”  (Ýakup 5:19-20).

Eger siz biriniň ýanyna baryp: “Gulak as, seniň köp günäň bar. Meniň özümem köp gezekler büdremäni başdan geçirdim, şonuň üçin günäleriňi meniň däl-de, Ata Hudaýyň öňünde boýun almalydygy hakda gürrüň bermek isleýärin. Düşün, Isa Mesih günäleriň hemmesini-de höküm etdi, merhemetiň biz mynasyp bolmasak-da, hereket edýändigine ynan” diýseňiz, şol adam wagtlaýyn ölümden, fiziki ölüme alyp barýan ölümden halas bolup, onuň köp günäleri bagyşlanar-da, ol doly ruhy dikelişe girer.

Siziň ýerdäki geljegiňiz özüňiziň Hudaýyň Sözüni her gün näme edýändigiňize baglydyr. Siziň ebedi ýaşaýşyňyz Hudaýyň her bir sözüni diňlemegiňize we ony merhemet hem Isa Mesihe bolan iman arkaly durmuşa ornaşdyrmagyňyza baglydyr. Eger mümkin bolsa, her gezek habar goýberilende, şol habaryň üstünde boluň. Siziň geljegiňiz ikiýüzlüligiňize, aktýorlygyňyza ýa-da galplygyňyza däl-de, Hudaýy biliş, hakykatda ýaşaýyş ukybyňyza baglydyr.

Ine, dikelişiň kämil keşbi. Ýiten ogul öýüne gelýär. Ol dikelişi başdan geçirýär. Ol ahlaksyz aýallar bilen bolup, bar pulyny ýeňles ýaşaýşa sarp edýär, ýöne ol bu etmişlerine toba edýär. Ol: “Men günä etdim. Men öýe gidip, kakamyň hyzmatkäri bolmak isleýärin. Men kakamyň özümi ogly hökmünde atlandyrmagyna garaşmaryn” diýýär. Ol özüniň hiç zada mynasyp däldigine düşünip, özüni günäkär saýyp, öýüne gelýär. Ol öýüne golaýlaşanda, kakasy ony görüp, öňünden ylgap çykýar-da, boýnundan gujaklap, gaty kän ogşaýar. Kakasy: “Oňa egin-eşik, aýagyna köwüş, barmagyna ýüzük beriň hem-de baga bakylyp duran göläniň damagyny çalyň. Meniň oglum ýitipdi, ýöne indi tapyldy” diýýär.

Berjeý edilen işe düşüneniňizde, siz gutulyşyňyzy ýitirýändigiňize akyl ýetirýärsiňiz. Ýiten ogul günäniň doňuz ýatagyndaka-da, egin-eşik geýdirilip we barmagyna ýüzük dakylyp, kakasynyň şagalaňyndaky saçagyň başynda oturanyndaky ýaly, öz kakasynyň ogludy. Bu ýerdäki tapawut onuň doňuz ýatagynda kakasy bilen gürleşip bilmeýändigindedir. Ýöne ol şonda-da kakasynyň oglulygyna galýardy.

Biz merhemet boýunça iman arkaly ogullyga girýäris, ýöne bu biziň öz tagallamyz däl-de, Hudaýyň sylagydyr. Hudaý ilki berip, soňam alýanlardan däldir. Biziň—geçmişdäki, häzirki we geljekki—günälerimiziň hemmesi haçda höküm edildi. Hudaýyň  merhemeti Onuň ähli günälerden halas edýändigini bize öwretmek üçin ähli adamlaryň öňünde peýda boldy.

Indi ogul öz kakasy bilen gatnaşyga gaýdyp gelýär. Kakasy garşy aljak bolup, onuň öňünden ylgap çykýar. Ata sizi kabul etmekde hiç haçanam haýalýagallyk edýän däldir. Ol hemişe gaýdyp gelmäge başlan pursatyňyzda kabul edýär. Ata siziň gowy oglan ýa-da gowy gyz bolanyňyzy görýänçä garaşyp durmaýar. Ata siziň sözleriňiziň nähilidigini görjek bolup garaşmaýar. Ata siziň hereketleriňiziň nähilidigini görmek üçin garaşmaýar. Ol diňe: “Sen gaýdyp geldiň!” diýýär. Ata: “Men seni bagyşlaýaryn” diýýär. Ol munuň üçin Isa Mesihiň üsti bilen eýýäm töleg tölenendigini görkezýär.

Kakasy ogly gaýdyp gelende oňa ýüzük berýär. Bu bolsa: “Men saňa merhemet arkaly ýaşamaga ygtyýar berýärin” diýmegi aňladýar. Berlen egin-eşik: “Sende Meniň kämil dogrulygym bar”, şagalaň hem: “Sende doňuzlara berilýän kösüklerden başga iýmit bar. Indi sen öýüňe gaýdyp geldiň” diýmegi aňladýar. Şagalaň şatlyk hem parahatçylyk, olaryň gatnaşyklaryndaky begenji-de aňladýar.

Bu dikelişiň keşbidir. Dikelişe hiç haçanam bolaýmaly zat hökmünde garamaň. Siziň üçin dikeliş mümkiin bolar ýaly, Öz döken ganynyň nähili bahada bolandygyna düşünmäge Hudaý size kömek etsin. Süleýmanyň pähimleri 21:16-da dogry adamyň her gün ýedi gezek ýykylsa-da ýerinden galyp bilýändigi, emma dogry däl adam ýamanlygyň içinde ýykylsa, onda onuň içinde-de galýandygy aýdylýar. Isa Lukanyň Hoş Habarynyň 17-nji babynda eger biri ýanymyza gün içnde ötünç sorap ýedi gezek gelse, onda ony bagyşlamalydygymyzy aýdýar.

Günäleriňizi boýun alyň. Ruhyy taýdan dikeliň. Amerikanyň ähli ulgamlarda dikelýändiginiň nyşanyny berýändigi üçin Hudaýa minnetdardyrys. Adamlaryň dikelýändigi we azatlygyň raýatlary hökmünde, azat erkiň, milli özeniň gowy gullukçylary hökmünde “kesaryňkyny kesara berip”, jogapkärçiligi kabul edýändikleri üçin Hudaýa minnetdardyrys.

Ahyrsoňy ruhlanan we galkynanlar, dünýäni kommunizm, sosializm we liberalizm gurşap alanda, yrgyldaýan kürsüde oturmaýan adamlaryň barlygy üçin Hudaýa sag bol aýdýarys. Hudaýyň merhemetinden peýdalanyp, öz halkyny Hudaýa we azatlyga gaýtaryp getirmegiň aladasyny edýän we muny etmek isleýän adamlaryň bardygy üçin Rebbe minnetdardyrys. Nurda gezip, dikelişe düşünýän ýokardan doglan imanlylar üçin Hudaýa minnetdardyrys.

Ol bize günälerimize laýyk iş etmedi, ýazyklarymyza laýyk jeza bermedi. Çünki gökler ýeriň ýokarsynda nähili belent bolsa, şonça-da Onuň merhemeti Ondan gorkýanlaryň depesinde uludyr. Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy”  (Zebur 103:10-12).

Dawut öz mezmurynda: “Gulak as, ýüregim meni ýazgarýar. Ýa Reb, meni bagyşla” diýýär. Reb, elbetde, onuň günäleriniň hemmesini bagyşlady-da, Dawudyň ýüregine aýdym hem gutulyşynyň şatlygyny berdi. Soň Dawut günäkärleri Hudaýa tarap öwrüp başlaýar. Ol ýürekleri Hudaýa tarap çekiji bolýar, sebäbi ol günäsini boýun alyp dikelýär. Hudaýyň merhemeti ony bagyşlady.

Dikeliş adamyň dindar ýa-da ýagşylyk etme ukyby arkaly gelmeýär.

Dikeliş üçin esas—bu dogry bolan, bizi Hudaýyň ýanyna getirip biler ýaly, günäkärleri halas etme maksady bilen ölen Ynsandyr (1 Petrus 3:18); Isa Mesihiň pany bolmadyk gany bilen halas edilmekdir (1 Petrus 1:19-20).

Gutulyş üçin dikeliş Isa Mesihden başlanýandyr.

Büdreýän we günä edýän imanly adam üçin dikeliş günäsine toba edenden soň şol bir esasa, ýagny Isa Mesihiň ganyna esaslanma eýe bolýar.

 

 

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *