Eden günäň seni tapar
“Bir gezek ölüp hem ondan soň hokum edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nahili bar bolsa.” (Ewreýler 9:27)
“Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam name ekse, şony orar.” (Galatýalylar 6:7)
Tomus gijeleriniň birinde, Demirgazyk Amerikanyň giň sährasynda ýalňyz sygyr çopan, ýagny kowboý atyny ýüzün salyp barý- ardy. Ol garaňky galtaşmanka, düşelgä ýetmek isleýärdi. Ine, birden hem ol ýaňyja parçalanan ikiýaşar öküzçäniň maslygynyň üstünden bardy. Öküzçäniň ýyrtylan garny, oňa panteranyň hüjüm edendigini görkezýärdi. Onuň entek ýylysy hem gitmändi. Pantera janly-jandarlara diňe açlygyndan däl-de, ýyrtyjy bolandygy üçin topulýardy.
Atly biraz säginenden soň, ýene düşelgä tarap öňe okduryldy. Gün batyp, iňrik garalansoň, ol birden panteranyň haýbatly arryldysyny eşitdi. Gorkudan ýaňa kowboýyň ýüregi agzyndan çykara geldi. Ýadaw at hem ylgawyny batlandyrdy. Birazdan soň elhenç sesler edil golaýjykdan eşidilen ýaly boldy. Kowboý atyny gyssady. Minutlar sagatlara dön- di. Ahyrsoňy düşelgede ýanýan oduň ýagtysy göründi we ýyrtyjy kowgyny bes etdi.
Mümkin, sizi hiç wagt gana suwsan ýyrtyjy kowalan däldir, şonuň üçin hem howp salýan ölüm duýgusyny başdan geçiren dälsiňiz.
Bu kitabyng dowamyny okamak isleseng ashakdaky salgylanma bas!!
Olumi yatdan chykarmakdan Huday saklasyn.
Olumi yatdan cykarmakdan Huday saklasyn.
Hudayyng ozi gorasyn