Hosh Habar kimler uchin…Turkmen imanly ildeshimizden gelen hat

Gadyrly admin! Siziň saýtyňyzyň aglaba köp bölümleri islam dininiň wekillerinde uly jedel ýüze çykarýar. Rugsadyňyz bilen siziň bu mömin musulmanlar bilen edýän gürrüňleriňiz barada öz pikirimi aýdaýsam! Meniň pikirimçe, siziň olar bilen gürrüňiňiz deň derejeli gürrüň dälmikän. Siz, göräýmäge şol bir zat hakda jedel edýän ýaly, emma hakykatda siz dürli zadyň gürrüňunu edýärsiňiz. Siziň gürrüňiňize näme üçin musulmanlar goşulyp, emma başga din wekilleri goşulmaýar-ka? Çinki siziň Isadaky gutulyş baradaky bu gürrüňiňiz olaryň haýsy dine uýýanligina seretmezden hemme milletlere degişli ahyryn? Şeýle hem bolsa, bu jedeliň sebäbi, Gurhanu-Kerim we Injili-Şerif diýlip atlandyrylan bu mukaddes kitaplaryň taglymatyndaky käbir zatlaryň gabat gelmegi, emma käbir zatlaryň bolsa gapma-garşylykly gelmegidir. Eger şu jähtden biz, Isa ynananlar, musulmanlar bilen nämedir bir zatlar barada ylalaşyga geläýen ýagdaýda-da, onda başga dine uýýanlar bilen, dini garaýyşlarynyň Injiliň taglymatyna gabat gelýän ýeri bolmadyklar bilen nädip düşünişmeli? Eger siz musulmanlaryň namazynyň deregine Krişnaçylaryň ruhy derejä (ýalňyşmaýan bolsam, brahman derejesine) çykmak üçin edýän ruhy maşklarynyň (meditasiýasynyň) aklanmak üçin (bagyşlanma üçin) ýeterli däldigini ýazaýsaňyz, onda mundan beter duşunişmesi kyn jedelleri dörederdiňiz. Şol sebäpli hem biz Krişnaçylaryň dini parzlaryny ýerine ýetirilmeginiň Hudaýyň öňünde aklanmak üçin ýeterli ýa-da ýoklugyny gürrüň etmeýşimiz ýaly (Krişnaçylarda umuman aklanma zerurlygy hem öňe sürülmeýär), musulmanlaryň hem dininiň kem ýa-da artyk gelýän ýerleriniň gürrüňini etmedigimiz gowy. Her bir diniň, eger oňa çuňdan aralaşanda, güýçli, keramat we gudrata eýe taraplary bar. Hakykatdan eger menden dünýäde iň gowy din haýsy diýip soralanda, men ikiuçsiz yslam dini diýerdim. Eger maňa din gerek bolanda, onda men musulmandyryn. Emma biz diniň gürrüňini etmeýäris ahyryn.  Biragyzdan dine kesgitleme berenimizde, onda din – Ýaradyjysynyň öňünde medet tapmagy, ahyretde-de Onuň öňünde dogry bolup çykmagy üçin (käbir dinde ýokary derejeli ýaşaýşa ýetilmegi üçin) adamlaryň edýän hereketleridir. Islendik din – bu ýokary, ruhy maksatlara ýetmek üçin adamzat tarapyndan Ýokary idealyň buýruklary bolan ol ýa-da bu işleriň ýerine ýetirilmegidir. Biziň wagyz edýän Hoş Habarymyzda mundan nam nyşan hem ýokdur. Ýokarda aýdan deň derejeli gürrüň däl diýenim hem şulara esaslanýar: olar-a din tarapdarlary, emma siz dinden daşda. Çünki siziň (biziň) wagyzymyzda adamyň aklanmagy üçin etmeli işleri Hudaýyň özi etdi diýilýär. Biziň wagyzymyz etmeli işler däl-de, edilen işler baradaky wagyzdyr. Injildäki Hoş Habarda adam eden dini işleri bilen aklanyp bilmeýär, çünki ýekeje günä edilen hem bolsa, munuň muzdy ölümdir (ýagny Hudaýdan baky aýra düşme) diýilýär. Bu gürrüňiň dowamy ýazylmadyk bolsa, onda bu,  Hoş Habar bolmazdy, bu erbet habar bolardy. Dowamynda bolsa: „ Hudaý bize ebedilik, Öz huzuryndaky ýaşaýşy mugt sowgat berýär“ diýilýär (Injil. Rimlilere hat 6 bap 23 bent). Bu sowgat biziň üçin mugt bolsa-da, Hudaý üçin örän gymmat bahalydy. „Çünki Hudaý dünýäni (bizi) köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny (gurban) berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir“ (Injil. Ýahýanyň ýazan Hoş habarynyň 3 baby 16 bendi). Ine bu Hoş Habar. Bu Hoş Habarda Hudaýyň Isada eden işleri arkaly bizi we Hudaýy aýra salýan günä bowedi aradan aýrylýar,  bizi gorka salýan ölüm we iblis eňilip, ýok edilýär, imanlylar Isa bilen ebedi ýaşaýyş üçin gabyrdan galýar: „Çagalaryň (ýagny biziň) et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini ( bizi) erkinlige ýetirjek bolup etdi“ (Injil. Ewreýlere hat bölüminiň 2 bap 14-15 bentleri). „Şonuň üçin Ol (Isa) halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna (ynsan keşbinde bize) meňzemeli boldy“ (Şol ýerde 17 bent). Şu bilen meniň dini gözleglerim gutarýar. Biziň bu wagyzymyz hiç bir din wekillerine ýüzlenme däl-de, umuman adamzada, onuň içinde kim özüni Hudaýyň öňünde günäli saýýan bolsa, kimde günälerden gutulyş mätäçligi bar bolsa, şolara ýüzlenmedir. Men günäli diýýänlere bu habar gerekdir. Näsag adam lukmana matäçdir, emma sagdyn adama lukman gerek däldir. Öz dininden kanagatlanma tapyp, Hudaýyň öňünde aklanar ýaly sogap işleri etmegi başararys öýdýänler muny diňlemez. Çunki biz bu habar bilen olaryň elinde bar bolan magtanma umydyny alýarys ahyryn. Men hatymy Injiliň aşakdaky setirleri bilen jemlemek isleýärin. „Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir, Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy“ (Ýahýanyň ýazan Hoş habarynyň 1baby 18 bendi). „Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim ihkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy“ (Injil. Isanyň resuly Pawlusyň Timoteosa haty 3 bap 16 bent).

One thought on “Hosh Habar kimler uchin…Turkmen imanly ildeshimizden gelen hat

  1. Gadyrdan imandaky doganym!
    Bu hat arkaly bizing bilen we ildeshlerimize iman baradaky dushunjeleringi yazyp beyan edendiging uchin kop sagbol! Gelejekde hem adamzat uchin Hosh Habar bolan Isa Mesih baradaky we Onga bolan iman yorelgeleri baradaky oylanmalaryngy bizing bilen paylashmagyngy isleyaris we sheyle hatlary yene-de senden almaga garashyarys!

    Sanga we doganlaryng hemmesine Rebbimizdaki bereketleri, parahatchylygy we Ony tanamagyng shatlygyny dileg edip,
    admin

Leave a Reply

Your email address will not be published.