Türkmeniň
Sabyr bilen şükür etdik Hudaýa,
Bu gün azat boldy ili Türkmeniň.
Ençe ýyllar boldy, ömrümiz zaýa,
Bolsun indi açyk, ýoly Türkmeniň.
Halkym alkyş aýdar Türkmen başyna,
Hudaý nazar saldy haýyr işine.
Külli tükrmen ilin ýygnap daşyna,
Bir supra ýygnanýar bary Türkmeniň.
Ýaşulular bardyr kalby arassa,
Pygamber sypatly göwni neresse,
Hudaý buýrugyndan bolsalar hassa,
Imandan aýrylmaz nury Türkmeniň.
Gyz-gelini ýitirmändir şaý-sepin,
Edep-ekramlydyr, köpetlmez gepiň.
Toý tutuban baksaň kürtäniň çetin,
Mähek daşa meňzär ýary Türkmeniň
Saçagy açykdyr gelen myhmana,
Hormaty bir bolar gedaýa-hana.
Daşda bolsun, Teçjal geljek zaman.
Kabul kylmaz ony ili Türkmeniň
Umyt edip gezer halkym jenneti,
Ybraýym-Halyldan galdy sünneti.
Halal zähmetinden çker minneti,
Ene toprakdadyr haly Türkmeniň.
Şüküri köp bolar ol Biribara,
Imany akdyr oň, meňzetdim Aýa,
Rysgalyn gatmady harama-zaýa,
Sogap işden köpdür dini Türkmeniň.
Nuh ötürdi dokuz ýüz elin ýaşy,
Görüň dostlar niçik Keremliň işi!
Toba edip haýyr kylsa her kişi,
Hut jenneti bolar, bary Türkmeniň.
Ybraýym-Halyldyr imanyň başy,
Yshak-Ysmaýyldyr oň göwün hoşy,
Ýalkasa ýaz eder, gargasy gyşy,
Nesip etse, köpdür ýazy Türkmeniň.
Taňrynyň parzydyr il-günüň söýmek,
Ata-Watanyňa wepadar bolmak,
Halal ýaşap, ýagşyň wesýetin almak,
Mahsus bolan, namys-ary Türkmeniň.
Aslymyzy diýsek Adam-Atadan,
Hiç mährimiz ganmaz, eziz eneden.
Ýazygymyz ötewer, ýa bir Ýaradan!
Hakyň buýrugynda jany Türkmeniň.
Ten toprakdan bolar, ruhuň demden,
Ilimi söýdüm men, jan bilen tenden.
Hudaýdan gork, dogan, gidýäseň mundan,
Ol gün niçik geçer haly Türkmeniň.