Hudayyng On Tabshyrygy…sen olary yerine yetirdinmi?

Hudaý şeýle diýdi: “Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
8Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
Sen olara sygynyp gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb –
gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň
çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çenli çekdirerin.10Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.
11Hudaýyň Rebbiň adyny ýerliksiz agzama, çünki Reb Öz adyny ýerliksiz agzan adamy jezasyz goýmaz.
12Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, Sabat gününi ýerine ýetirip, ony mukaddes sakla.13Alty günde ähli işleriňi edersiň.14Emma
ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem
hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş
mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin.
Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.15Müsür
ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň
güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem
Hudaýyň Reb saňa Sabat gününi dynç güni hökmünde saklamagyňy buýurdy.
16Hudaýyň
Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa
berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.
17Adam öldürme.
18Zyna etme.
19Ogurlyk etme.
20Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme.
21Başga
kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna
ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz gyzdyrma“.

Sen bularyň ählisini berjaý etdiňmi? Mukaddes we adalatly bolan Hudaýyň öňünde bular esasynda jogap berip biljekmi? Bular esasynda sen jennete gidersiňmi ýada dowzaha?

One thought on “Hudayyng On Tabshyrygy…sen olary yerine yetirdinmi?

Leave a Reply

Your email address will not be published.