Ebedi söz jan-ten bolýar
1Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi.2Ol ozal-başda Hudaýdady.3Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.4Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy.5Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
6Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady.7Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi.8Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi.9Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi.
10Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.11Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.12Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi.13Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.
14Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
15Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur».16Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk.17Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy.18Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.
Çokundyryjy Ýahýa
19 Ýehudylar Iýerusalimden ruhanylary, lewileri iberip, Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy.20Ol ykrar etdi, inkär etmedi. «Men Mesih däl» diýip ykrar etdi.21Onsoň olar: «Onda, sen Ylýasmy?» diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýdi. «Şol geljek pygambermi?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.22«Onda sen kim? Biz özümizi bu ýere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?» diýip soradylar.23Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi.24Iberilen adamlar fariseýlerdendiler.25Olar ondan: «Eger sen Mesih, Ylýas ýa-da şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?» diýip soradylar.26Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.27Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin».
28Bu Iordan derýasynyň aňyrsynda, Beýtaniýada, Ýahýanyň çokundyrýan ýerinde boldy.
Hudaýyň guzusy
29Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi.30Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur.31Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim».32Ýahýa güwä geçip, şeýle diýdi: «Men Ruhuň Gökden kepderi ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm.33Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi.34Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýat boldum».
Isanyň ilkinji şägirtleri
35Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy.36Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.37Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdi.38Isa yzyna garap, arkasyndan gelýänleri gördi we olara: «Näme gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Ondan: «Mugallym, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar.39Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi.40Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy.41Ol ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi (ýagny Hristosy) tapdyk» diýdi.42Ony Isanyň ýanyna alyp bardy. Isa oňa garap: «Sen ― Ionanyň ogly Simun. Seniň adyň Kefas (terjime edilende Petrus, ýagny Gaýa diýmekdir) bolar» diýdi.
43Ertesi gün Isa Jelilä gitjek bolup, Filipusy tapdy, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.44Filipus hem Andreas we Petrus ýaly Betsaýda şäherindendi.45Filipus Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýdi.46Natanaýel oňa: «Nasyradan oňly zat çykarmyka?» diýdi. Filipus hem oňa: «Gel-de, gör» diýdi.47Isa Natanaýeliň Özüne tarap gelýänini görüp, ol hakda: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi.48Natanaýel Oňa: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm» diýip jogap berdi.49Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýdi.50Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi.51Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz».