Isa Mesihiň adamzat üçin gelip elhenç ezýetli ölüminden öňki şägirtleri bilen geçiren iň soňky güni…

Pesah nahary


17Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pesah naharyny iýmegiň üçin, nirede taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.18Ol şeýle diýdi: «Şähere gidiň-de, pylanynyň ýanyna baryp: „Mugallym: wagtym golaý, Pesahy şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde geçirjek” diýýär diýiň».19Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesahy taýýarladylar.20Agşam düşende, Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başynda oturdy.21Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.22Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Ýa Reb, men-ä däldirin?» diýmäge başladylar.23Ol hem şeýle jogap berdi: «Elini Meniň bilen bile tabaga batyran Maňa haýynlyk eder.24Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».25Oňa haýynlyk eden Iuda: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýdi. Isa hem oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi.26Olar naharlanyp otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, iýiň, bu Meniň tenimdir» diýdi.27Onsoň käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip, şeýle diýdi: «Şundan hemmäňiz içiň.28Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr.29Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli üzüm şiresini gaýtadan içmerin».30Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.

Petrusyň inkär etjegi öňünden aýdylýar
31Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar” diýip ýazylgydyr.32Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».33Petrus Oňa jogap berip: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýdi.34Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.35Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.

Isa Getsemanide doga edýär
36Onsoň Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Ol olara: «Men hol ýere baryp, doga edip bolýançam, şu ýerde oturyň» diýdi.37Petrus bilen Zebedeýiň iki ogluny ýanyna aldy-da, tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.38Onsoň olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýdi.39Biraz öňe gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi.40Isa şägirtleriň ýanyna gelse, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa şeýle diýdi: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi?41Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir».42Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi.43Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri ýumlup gelýärdi.44Isa olary galdyryp, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek doga etdi.45Onsoň şägirtleriň ýanyna gelip, olara diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrmysyňyz? Dynjyňyzy alýarmysyňyz? Ine, sagat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.46Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».

Isa tutulýar
47Ol entek gepläp durka, ine, Onkileriň biri bolan Iuda, onuň bilen bilelikde baş ruhanylar we halkyň ýaşululary tarapyndan gylyçly, taýakly bir uly märeke geldi.48Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur, Şony tutuň» diýip, alamat beripdi.49Ol derrew Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.50Isa hem oňa: «Näme üçin geldiň, dostum!» diýdi. Onsoň olar Isa golaý gelip, el urup, Ony tutdular.51Ine, Isanyň ýanyndakylardan biri elini uzadyp, gylyjyny syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, gulagyny kesdi.52Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler.53Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi?54Onda, bu şeýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?»55Şol sagat Isa märekä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, sapak berenimde, Meni tutmandyňyz.56Ýöne bularyň hemmesi pygamberleriň ýazgylarynyň ýerine ýetmegi üçin boldy». Şonda şägirtleriň hemmesi Ony taşlap gaçdylar.

Isa ýehudylaryň mejlisiniň öňünde
57Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, kanunçylar bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar.58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Içerik girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, hyzmatkärler bilen bile oturdy.59Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Oňa garşy ýalan şaýatlar agtardylar.60Köp ýalançy şaýatlar geldi, ýöne onda-da tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki ýalançy şaýat gelip,61şeýle diýdi: «Bu Adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günüň içinde salyp bilerin” diýdi».62Baş ruhany ýokaryk galyp: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän güwäligi näme?» diýdi.63Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýdi.64Isa oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr, ýöne size diýýärin, mundan soň Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz» diýdi.65Şonda baş ruhany öz egin-eşigini ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýat nämä gerek? Ine, Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz.66Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olar hem jogap berip: «Ol ölüme mynasyp» diýdiler.67Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:68«Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.

Petrus Isany inkär edýär
69Petrus bolsa daşarda howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen-de jelileli Isa bilen bilediň» diýdi.70Emma ol hemmäniň ýanynda inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi.71Derwezä tarap barýarka, başga bir keniz ony görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam hem Nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.72Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip ant içdi.73Az salymdan soň, ol ýerde duranlar gelip, Petrusa: «Dogrudan hem, sen-de olardan, çünki gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler.74Şonda Petrus: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil şol wagt horaz gygyrdy.75Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, daşaryk çykyp, möňňürip aglady.


Isa ölüme höküm edilýär

13Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip,14olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.15Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok.16Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak».17Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy.18Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.19Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy.20Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.21Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.22Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.23Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy.24Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi.25Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi.

Isa haça çüýlenýär

26Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler.27Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler.28Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň.29Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!” diýiljek günler geler.30Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!” Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!” diýerler.31Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?»32Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar.33Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.34Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar.35Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler.36Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:37«Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler.38Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy.39Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi.40Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy?41Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok».42Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi.43Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi.

Isanyň ölümi

44Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi.45Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.46Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi.47Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi.48Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar.49Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler.

Isanyň jaýlanyşy

50Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy.51Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy.52Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.53Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.54Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy.55Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.56Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar…..

Olar umutsyzdylar, çünki Isa Mesih jaýlanypdy, ýöne Hudaý umytsyz goýmaz…üçünji güni bolsa täze ýaşaýyş we umyt geljekdi…Ine bu güne bolsa Isa MEsihiň direlişi diýilýär, ine bu sebäpden Isa Mesihe iman edenler bu gün Isa direldi, ol hakykatdan direldi diýip biri-birine buşlaýarlar. Çünki biziň Reb Halagärimiz direldi we bü gün hem diridir!

Isanyň direlişi

1Hepdäniň ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda başga aýallar hem bardy.2Ine, mazaryň agzyndaky daş bir çete togalanan eken.3Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.4Muňa geňirgenişip durkalar, birdenkä, garşylarynda ýalkym salýan eşikli iki sany adam peýda boldy.5Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýaňky adamlar olara şeýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?6Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň.7Ol: „Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir” diýipdi».8Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýatlaryna düşdi.9Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.10Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyň ejesi Merem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.11Bu sözler resullaryň göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryň gepine ynanmadylar.

12Onsoň Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryň boş ýatanyny görende, bolan waka geňirgenip, yzyna gaýtdy.

Emmaus ýolundaky iki şägirt

13Ine, şol gün olaryň ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyň Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy.14Olar bolan bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.15Şeýlelikde, gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi.16Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.17Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.18Olaryň Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi.19Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyň we bütin halkyň ýanynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.20Baş ruhanylar bilen başlyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabşyrdylar, haça çüýlediler.21Biz Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt ederdik. Mundan başga hem, bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.22Üstesine-de, aýallarymyzyň käbiri hem bizi geňirgendirdi. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,23Onuň jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perişdeleriň görnenini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmiş.24Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler».25Isa olara şeýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar!26Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?»27Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.28Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.29Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, çünki agşam golaýlap, Gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.30Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.31Şonda olaryň gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy.32Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişdiler.33Turup, şol sagadyň özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryň ýanyndakylar üýşüşip oturan eken.34Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýişýärdiler.35Onsoň olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar.

Isa Onbirlere görünýär

36Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi.37Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler.38Isa olara şeýle diýdi: «Näme üçin aljyraşýarsyňyz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?39Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, ýöne siziň görşüňiz ýaly, Meniňki bar».40Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi.41Olar şatlykdan ýaňa entek ynanman, geňirgenişip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi.42Oňa bişirilen balygyň bir bölegi bilen biraz bal berdiler.43Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi.44Olara şeýle diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr».45Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.46Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir.47Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr.48Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz.49Ine, Men Atamyň wada edenini size ýollaryn. Siz özüňize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim şäherinde boluň».50Onsoň olary daşaryk çykaryp, Beýtaniýanyň golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi.51Ak pata berip durşuna olardan aýrylyp, Göge göterildi.52Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler.53Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar.

Iň soňky tabşyryk

16Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä ― Isanyň aýdan dagyna gitdi.17Isany görüp, Oňa sežde etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi.18Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Maňa berildi.19Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň.20Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn»

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *