“Ýa Reb, meni barladyň we tanadyň. Oturyşymy, turşumy bilýärsiň; pikirlerime uzakdan düşünýärsiň. Meniň gezýän ýodamy, ýatýan ýerimi Sen kegitleýärsiň, ähli ýollaryma beletsiň. Dilimde hiç bir söz ýokka, ine, ýa Reb, Sen ony bütinleý bilýärsiň…” Zebur 139
Ýaradyjy Hudaýymyz bizi bilýär, çünki ol bizi ýeriň topragyndan Özüniň keşbinde ýaradyp bize ýaşaýyş demini berdi. Ol biziň adymyzy we biziň her bir pikirimizi bilýär, biziň gözýäşlarymyzy bilýär we biziň dileglerimizi eşidýär…
Sen öz Ýaradyjyňy bilýärmisiň…Ol bilen günä netijesinde gatnaşgyňy ýitirendigiňe ökünýärmisiň we Oňa gaýtmak isleýärmisiň…bu seniň ýüregiň islegi bolsa…onda Hudaýyň meniň we seniň üçin döreden gutulyş Ýoly, Hakykaty we Ýaşaýşy bolan Isa Mesihi tana we Ony kalbyňa çagyr, şonda seniň Ýaradyjyň bilen gatnaşygyň dikeldiler. Hudaý bilen şahsy aragatnaşygymyzy dikeltmek üçin biziň öz ýolumyz ýada düşünjämiz ýada dinimiz bilen baryp bilmeris, diňe Hudaýyň Özüniň biziň üçin ýasan we üpjün eden Ýoly bilen baryp bileris…Muny bolsa Hudaý bize Injilde aýan edendir! Eger sen kalbyňda şol beýik Biribar bilen gatnaşyga bolan isleg we gözlek bar bolsa we muňa nädip ýetip biljekdigiňi bilmek isleseň…Hoş Habar bolan Injili oka we iman et, düşünmedik zatlaryň bar bolsa bu ajaýyp gutulyşy başdan geçirýän biz imanlylar bilen habarlaş!