Daglar

blue-mountains-sydney

DAGLAR

Daga golaý baramda,

Allanyň emri bilen

Oglun Taňra hödürlän

Ybraýym düşýär ýadyma.


Allanyň sadyk dosty,

Biziň iman atamyz,

Ak patanyň çeşmesi

Ybraýym düşýär ýadyma.


Daga gözüm aýlamda,

Müsür şasyndan gaçyp,

Sionda goýun bakan

Musa düşýär ýadyma.


Allanyň pygamberi,

Halkynyň halasgäri,

Kanunyň howandary,

Musa düşýär ýadyma.


Dagy synlap duramda,

Duşmanlaryndan gaçyp,

Gowakdan haraý gözlän

Dawut düşýär ýadyma.


Ysraýylyň patyşasy,

Allanyň Öz saýlany,

Öz halkynyň halany

Dawut düşýär ýadyma.


Daga seýil edemde,

Milletin daşyna ýygnap,

Allanyň Sözün aýdan

Isa düşýär ýadyma.


Bu dünýäň Halasgäri,

Allanyň mesh edeni,

Adamzadyň täk Rebbi

Isa düşýär ýadyma.


Daga gadam basamda,

Reb bilen daga çykan,

Rebbe çadyr dikmek islän

Petrus düşýär ýadyma.


Mesihiň Öz şägirdi,

Ilki ýygnak resuly,

Injiliň habarçysy

Petrus düşýär ýadyma.


Daglar Allaň gudraty,

Elleriniň sungaty,

Ýer ýüzüniň zynaty

Daglar düşýär ýadyma.

Leave a Reply

Your email address will not be published.