“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu Nur garaňkylykda paralaýandyr, garaňkylyk Ony öçürip bilen däldir…” Injil
SÖZ
Owal – başda diňe Söz bar ekeni
Söz Hudaýda eken, Söz Hudaý eken.
Hiç bir zadam Sözsüz ýaradylmandyr.
Hemme zady diňe Söz ýaradan eken.
Şol Söz jan-ten bolup dünýä geldi-de,
Adamlaryň nury bolup ýaşady.
Sahylygy bilen merhemet paýlap,
Ony dünýäň dört künjüne daşady.
Emma ynsan Sözi kabul etmäni.
Baran ýerinde Ony kowup daşlady.
Rebbiň muňa jiger-bagry dilinip,
Gynanjyndan gözlerini ýaşlady.
Reb şonda-da ynsan baryny söýüp,
Öz halas etme işine başlady.
Atasynyň ýumuşyny bitirip,
“Bary berjaý boldy” diýip haşlady.
Şeýdip, dünýä Ol gutulyş getirdi.
Günäň güýjün dolulygyna ýatyrdy.
Bar maksadyn ýerine ýetirip bolansoň,
Atasynyň sag tarapynda oturdy.
GÖKDÄKI TOÝ
Gel dogan Hudaýyň Patyşalygna
Ol ýerde bileje mesgen tutaly
Perişdelere goşlup, Isa bilen
Dowre gurap bileje tans edeli
Gaýtalama
Gel, gel, gel dogan Gökdäki toýa
Howluksana gijä galaýma o taýa
Bagyşlap öňki-soňky ählije hataň
Gökdäki toýa çagyrýar seni Ataň.
Şatlanyp, oýnap-gülüp gezersiň mydam
Galan ömrüňe hiç tutmarsyň matam.
Hudaý seni çagyrýar Gökdäki toýa
Çakylygyn kabul edip, bargyn o taýa
Bu toý Isa bilen Gelniň toýudyr
Olaň tutýan toýy ömür boýudyr.
BIRAHAT ÝÜREK
Näme üçin aglaýaň gussaly ýürek.
Sag-aman öreniňe begenmä derek
Durmuş girdabyna berk düşen bolsaň,
Hudaýyň öňünde dyza çökmegiň gerek.
Bu dünýäň gerdişine özüň oýnadyp,
Baýlygyň yzynda gezdiň ganat galgadyp,
Duzaga düşeňde galdyň aňňalyp,
Çykalgany Rebden tapmagyň gerek.
Ynsan gursagynda nalap, perwana bolýaň.
Kapasa düşen dek, her ýan urunýaň.
Haraý gözläp daşyňa intizar bakýaň
Haraýy Hudaýdan gözlemäň gerek.