Hudaýyň Ybraýym Pygamberi Synaýşy

abraham_isaac

Hudaýyň Ybraýym Pygamberi Synaýşy

(Töwratdan alyndy)

1 Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.

2Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.

3Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi.

4Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi.

5Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi.

6Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, birden: «Kaka!» diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýdi.

8Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk guzusy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.

10Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy.

11Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.

12Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.

13Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür çybyklaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.

14Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)

15Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.

18Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.

19Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.

Haýran galdyryjy taryhy waka. Ybraýym atamyzyň imanynyň berkdigi we iň kyn ýagdaýda hem Hudaýa bil baglaýandygyr. Ýokardaky waka seredeniňde Ybraýymyň ogly Yshak ondan gurbanlyk guzy nirede diýip soranda, Ybraýym: “Gurbanlyk guzusyny Hudaýyň Özi üpjün eder” diýip jogap berdi. Ybraýymyň iman edişi ýaly hem Hudaý gurbanlyk goçy Özi üpjün etdi. Bu sebäpden hem Ybraýym ol ýere: “Ýahwe ýire” diýip at berdi, bu diýmek “Hudaý üpjün edýär” diýmegi aňladýar. Şol “Hudaý üpjün edýär” diýip at alan, Ybraýymyň gurbanlyk getiren dagynda hem dört müň ýyldan soňra dünýäniň Halasgäri diýip Hudaýyň üpjün edeni Isa Mesihi haçda “Gurbanlyk Guzy” hökmünde Öz janyny ähli ynsanlary halas bolmagy üçin gurban getirdi! Ybraýym imanyň gözi bilen Hudaýyň üpjün etjek Kämil we soňky gurbanlygy Isa Mesihi görüpdi we iman getiripdi. Şol iman hem Ybraýyma dogrulyk saýyldy. Ybraýyma Hudaý şeýle diýip wada edipdi: “Bütin milletlere sen arkaly bereket iner”.  Bu hem Hudaýyň milletleri Isa Mesihe bolan imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp bu wadany berdi. Şeýlelikde “Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi.”

Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, “nesillere” däl, eýsem, birine wada berip, “seniň nesliňe” diýýär. Bu-da Mesihdir.

Ybraýymyň bu taryhynyň we beýleki birnäçe Töwratdaky wakalaryň üsti bilen Hudaý iň soňky we kämil gutulyşy getirjek Halasgäriň dünýä geljekdigini görkezýärdi we Hudaýa öwgüler Ol wadasyny ýerine ýetirdi we bize Halasgär Isa Mesihde geldi we bizi Özi halas etdi!


Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *