Dawut pygamberiň Mezmury

david

Dawut pygamberiň Mezmury!

Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin? Bet iş edýänler, duşmanlarym we ýagylarym etimi iýjek bolup, meniň üstüme gelenlerinde büdräp ýykyldylar. Bir goşun hem maňa garşy düşelge gursa, ýüregim gorkmaz; maňa garşy uruş tursa, şonda-da batyr bolaryn.

Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak.

Çünki ýaman günde Ol meni penasynda gorar, çadyrynyň gizlin ýerinde saklar; meni bir gaýanyň üstüne galdyrar.

Şindi başym daş-töweregimdäki duşmanlarymyň depesine galyp dur. Men Onuň çadyrynda şatlyk gurbanlaryny hödürlärin, aýdym aýdaryn, hawa Rebbe nagma aýdaryn.

Çagyranymda, ýa Reb, meniň sesimi eşit, maňa mähribanlyk et, maňa jogap ber.

Sen “Meniň ýüzümi agtar” diýdiň. Ýüregim-de Saňa diýdi: “Ýa Reb, men Seniň ýüzüňi agtararyn”. Ýüzüňi menden gizleme; bendäňi gazap bilen kowma; maňa kömekçi bolduň; meni taşlama we terk etme, eý halasgär Hudaýym!

Kakm, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder.

Ýa Reb maňa ýoluňy öwret, meni aňtaýanlardan ýaňa düz ýola rowana et. Meni duşmanlarymyň eline tabşyrma, çünki ýalan güwäler, zorluk sowurýanlar maňa garşy çykdy.

Emma men Rebbiň ýagşylygyny dirileriň ýurdunda görjekdigime ynanýaryn.

Rebbe umyt bagla; batyr bol, Ol seniň ýüregiňi güýçlendirer; Rebbe umyt bagla!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *