Süleýmanyň Pähimleri 4-nji bap

Süleýman Pygamberiň pähimleri

4-nji bap

1 Ogullarym, dinn ataňyzyn öwüt-terbiýelerini,

sünje almak üçin gulak asyn.

2 Çünki size gowy bilim berýärin,

menin öwüdimden ýüz öwürmäň.

3 Menem atamyň perzendi boldum,

enemiň eý görýän ýalňyzydym.

4 Atam maňa seýle öwretdi:

«Sözlerimi ýüregiňe bagla.

Süleýmanyň pähimleri

Buýruklarymy berjaý et, sonda ýasarsyň.

5 Danalyk al, paýhasa eýe bol.

Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma.

6 Danalykdan aýrylma, ol seni gorar;

söý ony, saňa gözegçilik eder.

7 Danalygyň basy şudur — ona eýe bol.

Bir zat satyn alsaň — paýhas al.

8 Ona hormat goý, ol seni göge göterer;

ony bagryňa bas, ol seni söhratlandyrar.

9 Başyna güllerden boglan ajaýyp täç geýdirer;

öwüşginli täji serpaý eder».

10 Diňle, oglum, aýdanlarymy kabul et,

uzalar ömrüň.

11 Saňa danalyk ýollaryny öwretdim,

dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim.

12 Ýöräniňde aýagyňa päsgelçilik bolmaz;

ylganyňda büdremersiň.

13 Terbiýä berk ýapyş.

Ony goýberme, ony gora.

Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr.

14 Ýaramazyň ýodasyna gadam basma,

ýöreme ýamanlaryň ýolundan.

15 Daş dur şol ýoldan.

Ondan gitme.

Ondan sowlup geç.

16 Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler;

birini büdretmese, gözi bürülmez.

17 Olar ýaramazlyk nanyny iýýärler,

zalymlyk şerabyny içýärler.

18 Ýöne dogruçyllaryn ýodasy daň sapagy ýalydyr,

gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.

19 Ýaramazlaryn ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr,

olar nämä büdrändigini bilmeýärler.

20 Oglum, sözlerime üns ber,

aýdýanlaryma gulak as.

21 Olary gözüňden salma,

ýüregiň töründe sakla.

22 Çünki olary tapana ýaşaýyş,

tenlerine şypa berler.

23 Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora,

çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.

24 Agzyňdan egriligi,

diliňden hilegärligi aýyr.

25 Gözleriň dogry öne seretsin,

nazaryň göni öňe dikilsin.

26 Aýak basjak ýodaňy dogrula,

şonda ähli ýollaryň berk bolar.

27 Saga-sola sowulma,

ýamanlykdan daş dur.

Leave a Reply

Your email address will not be published.