Sen ölersiňmi? Hawa
Hawa, sen bir gün ölersiň. Bu, ýerine etjegi anyk bolan statistikadyr: 10-dan 10-ysy hem öler.
Eger seniň ýüregiň şu wagtyň özünde dursa, sen janyňyň senden gidip barýan azajyk döwründe nähili bolarsyň? “Beýle zat meniň bilen hiç haçan bolmaz.” –diýip özüňi aldamakdan el çek! Ölüm başgalar bilen bolup geçýär diýip pikir etmek ynsanlaryň häsiýetine mahsusdyr. Emma her gün 150 000 adam ölýär, olaryň şu wagt bakyýetdedigine şubhe ýok, olaryň her biri hem seniň ýaly —ölüm “meniň bilen bolup geçmez” diýip oýlanypdy.
Ol gün gelende, sen Hudaýyň hökümi bilen duşmaly bolarsyň. Şonuň üçin, seniň soramaly iň wajyp soragyň: “Men jennete kabul edilerinmi?” diýen sorag bolmalydyr. Muny bilmek üçin gysgaça barlag: Sen ýalan geplediňmi, ogurlyk etdiňmi ýada Hudaýyň adyny nähak ulandyňmy? Isa Alehsalam şeýle diýipdi: “Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm zyna edendir” Sen kimdir birine azgyn nebis bilen seretdiňmi? Höküm günde sen günäkär bolarsyňmy? Eger biz şu ýokarda agzalan zatlary eden bolsak, onda Hudaý bizi ýalançy, ogry, Hudaýa dil ýetiren, zynagär hasaplaýar.
Hudaýyň gören seniň pikiriňde ýada hereketiň bilen eden zatlaryňy ýüregiňe ýagty saçyp görkezmegini Hudaýdan sora. Onuň mukaddes gözlerinden hiç bir zat gizlin däldir. Eger Hudaý saňa etmişiňe laýyk adalatlylyk görkezse onda sen bakyýeti elhenç dowzahda geçirmeli bolarsyň. Hudaý bolsa muny seniň üçin islemeýär. Seniň Hudaýyň jezasyndan halas bolmagyň üçin Isa Mesih seniň eriňe haçda ezýet çekdi we öldi. Ine nä derejede Hudaý seni söýýär. Biz Hudaýyň Kanunyny bozduk, ýöne Isa Mesih jezany töledi. Soňra Ol ölümden direldi we ölümi eňdi. Eger sen günäleriň üçin toba etseň we Oňa bil baglasaň, Hudaý seniň günäleriňi bagyşlar we saňa baky ýaşaýyş berer.
“Durmuş” diýilen zatda bizde diňe bir gezek mumkinçiligimiz bar. Bu baky ýaşaýyş mumkinçiligini elden giderme. Hoş Habara bu gün boýun bol. Soňra bolsa Mukaddes Ýazgyny her gün oka we onda ýazylanlara boýun bol, Hudaý bolsa seni hiç haçan taşlamaz!
Eger sen bu ýazgy bir akmaklykdyr diýip oýlansaň, onda sen maňa aýt: ölmejegiňe sende ynam barmy. Elbetde seniň haçan öljegiňi aýdyp biljek tapylmaz, emma her bir ynsanyň öljegi welin anykdyr.
Ýöne göz öňüne getirip gör, eger sen “sunami” tupanynda 229.200 adamyň Indonesiada, Şri Lankada, Indiada, Tailanda ölen döwri bolan 2004 ýyldan öňrak bir wagta gaýdyp baryp bilsediň. Sen näme ederdiň? Eger sen “geljekde boljak zatlary görendigiňi” adamlara aýdyp duýduryp başlan bolsaň we olaryň bu betbagtlykdan gutulmaklary üçin öňünden taýýarlyk görmelidiklerini aýdan bolsaň, olaryň köpüsi seni aklyndan azaşan diýerdiler. Emma näme hakyky akmaklyk bolardy…elbetde sen hiç bir zat etmedik bolsaň.
Dost oýlan, Hudaý geljegi bilýär. We Ol “Sunamiden” hem elhenç zadyň geljekdigini duýdurýar… ol Höküm Güni, ol günde sen Hudaýyň öňünde durmaly bolarsyň.
Aý men muňa ynanmaýaryn diýmegiň, hiç bir zady uýtgetmeýär. Bu, gara ýoluň orta arasynda durup, “Men maşyna ynanamok” diýýänçäň biriniň seniň kakyp geçmegine meňzeýär.
Ölüm gelýär, Hudaý seni Höküm eder we Dowzah bolsa Onuň kanuny bozanlar üçin tükenmez bolan ezýet türmesidir. Bilýäňmi näme hakyky akmaklyk bolardy…eger biz saňa muny aýtmadyk bolsak.
Bu hakykata göz etiren bolsaň onda günäleriň üçin toba et we Hudaýyň Özüniň seniň üçin berýän gutulyş ýoly Isa Mesihi kalbyňa kabul et!
Sen Hudaýa şeýleräk sözler bilen ýüzlenip bilersiň:
“Hudaýym, men seniň öňüňde eden günälerim üçin ökünip toba edýärin, meni bagyşla. Isa Mesih men saňa minnetdar, sen meniň günälerimiň tölegini, jezasyny tölemek üçin haçda ezýet çekdiň we janyňy berdiň. Men saňa öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Hudaýym meniň durmuşymy öz eliňe al we meni Öz erkiň bilen ýöret. Omyn”
Eger sen şeýle dileg bilen ýüzlenen bolsaň we Hudaýyň Sözi bolan Injili okamak isleseň bize hat ýaz!