Tmolympiad Turkmen websitynda Bayram diyen ildeshimizing doreden “olum…” baradaky blogyna jogap hokmunde diplomat ildeshimizing beren jogabyny bu websitymyzda goymagy makul bildik! Bilshimiz yaly olum bizing gundaki durmushda yakynlarymyzda, il-gunumizde, yada dash yerlerden eshidyan habarymyzdyr, kop yagdaylarda oluming bize tasiri yetmejek yaly onung bardygyny yatlamazlyga chalyshyarys, yada gormezlige salyarys. Emma, gynansakda, olum durmushda bir gunden bir gun her bir ynsanyng yuzbe-yuz bolmaly faktydyr. Bu sebapden ol barada oylanmak we tayyarlykly bolmak durmushdaky ing gayry goyulmasyz mesele diyip biz hasaplayarys! Bu ashakdaky oylanmany okamak size peydaly bolar diyip, bu jogaby bu yerde yerleshdirmegi makul bildik! Eger bu hakynda pikirleriniz bar bolsa, ashakda komentirlap bilersiniz!!!
“Bayram sening beren soragyng durmushda oylanmaly bolan ing wajyp soraglaryng birimika diyip men pikir edyarin. Bir gun gelip oljekdiging we olume goruljek tayyarlyk bu adam uchin gaty wajyp zat. Chunki olum bilen bakyyete gechish kesgitlenyar, olum bu gapy yaly bir zat bolup bizi ruhy dunyani doly gormage akidyar. “Shu gun oljek kimin, olume tayyarlykly bol, hich hachan olmejek kimin gowy ishleri et, yagshylyk et, Hudayy we ynsanlary butin angyng, kalbyng we guyjung bilen soymek bilen meshgul bol!”
Olumden gorkmagyng bir tarapy bolsa, oluming getirjek ezyetleri yagny ruhy we fiziki agyry bolup dursa, beyleki tarapdan olumden sonra boljak zatlara bolan umytsyzlyk, shu hem ing bizi gorkuzyan zat bolup duryar. Yagny, nire barjagymyzyng nabelliligi, jennetmi yada dowzahmy, diri Hudayng onunde durmaga bolan gorky. Munung sebabi hem bizing Huday baradaky we Onung biz baradaky pikirlerini bilmeyandigimizden, we bu baradaky pikirlerimizing adamlaryng pikirlerine esaslanyp, Hudayng hakykatyna esaslanmandygy uchin bolup gecyar! Hudayng hakykaty bolsa, olumden song namening garashyandygyny bize anyk bildiryar. Bu bolsa bar bolan Biribar bilen diri shahsy aragatnashyk yola goylan yagdayda sheyle bolup bilyar. Yaradyjy Huday bilen Erem bagynda yitirilen bu shahsy aragatnashgy, Hudayng ozi dikeltmek uchin yol achdy. Bu aragatnashgyng dikeldilmegine hem Hosh Habar diyilyar we Ol arkaly Huday bize olumden sonky yashaysha, yagny gurply ajayyp yashaysha bolan diri umydy beryar! Muny bolsa Hudayng doreden bu Yoluna iman edip, kabul edip yetip bolyar! Huday olumi endi, biz olsek hem ene direljegimizi we Huday bilen yashajagymyzy Ol wada berdi. Ine kabir Injilden bolan Hudayng sozleri: “…sonky surnay chalnanda, birden goz achyp-yumasy salymda uytgediljekdiris. Chunki surnay chalynjak, oluler chuyremez bolup, direljek, biz uytgediljekdiris. Sebabi bu chuyreyan chuyremezligi geymelidir. Bu chuyreyan chuyremezlik, bu olumli chuyremezlik donuny geyende, ” olum enishde yuwdyldy” dien soz yerine eter.” Ey olum, hany sening yengshing? Ey oluler diyary, hany sening tikening?” Oluming tikeni gunadir, gunaning guyji bolsa kanundyr. Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize yenshi yhsan eden Hudaya shukur!…Mundan song bir taze Gok bilen bir taze Yer gordum. Chunki onki Gok , onki Yer aradan ayrylypdy. Indi deniz hem yokdy. Onsong men oz adamsy uchin tayyarlanan bezegli gelin yaly, Gokden Hudayng yanynda ashak inip gelyan mukaddes shaher taze Iyerusalimi gordum. Gokden bir batly sesing sheyle diyenini eshitdim: “Hudayng chadyry shindi ynsanlaryng arasynda. Huday olar bilen bile yashar. Olar Onung halky bolar, Hudayng Ozude olaryng arasynda bolar. Ol olaryng gozlerinden ahli yashlarynyy supurer. Indi ne olum, ne yas, ne agy, ne-de agyry bolar. Chunki onki zatlar aradan ayryldy. Tagtyng ustunde Oturan: “Ine, ahliz zady tazeleyarin” diydi!” Eger hak imanda bolsang onda Hudayng shaherinde bolmak mumkinchiligi bolar we ol sheyle bir ajayp welin heniz adam yuregi hyal edip we dushundirip bilen daldir! Her birimize shol Hudayng oyunde bolup bilmek arzuwyny edyarin!