Süleýman Pygamberiň Pähimleri
(4-nji Bap)
Eý ogullar, ata tälimini eşidiň; düşünje gazanar ýaly, diňläň. Çünki men size oňat sapak berýärin, meniň kanunymy taşlamaň. Men atamyň ogludym, enemiň nazarynda näzik we ekejedim. Ol hem maňa ders berip diýdi: Ýüregiň sözlerimi gaýym tutsyn, tabşyryklarymy saklap ýaşa. Hikmet gazan, düşünje gazan; unutma, agzymdan çykan sözlerimden ýüz öwürme.
Ony taşlama, ol seni gorar; ony söý, ol saňa gözegçilik eder.
Iň möhüm zat akyldarlykdyr; hikmet gazan, ähli gazananlaryň bilen düşünje gazan. Ony belent tut, ol seni beýgelder; ony gujaklaňda seni hormata ýetirer.
Seniň başyňa gözel täç goýar, saňa şöhrat täjini berer.
Eşit, eý oglum, aýdýanlarymy una, ömrüň ýyllary köp bolar. Men saňa akyldarlyk ýolunda tälim berdim, senin gönülik ýodalaryndan ýöretdim. Ýörän mahalyň ädimleriňe päsgel bolmaz, ýortan mahalyň taýmarsyň. Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr. Erbetleriň ýodasyna düşme, ýaman adamlaryň ýolundan gitme. Ýanynda geçme, goýbolsun et, ol ýoldan geçme, ondan sowlup geç.
Çünki olar ýamanlyk etmeseler, uklap bilmeýär, birini taýdyrmasalar, ukulary tutmaýar. Olar erbetlik çöregini iýýändir, zorluk şerabyny içýändir.
Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gun ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar.
Erbetleriň ýoly tüm garaňkylyk ýalydyr; olar näme büdrändiklerini bilýän däldirler.
Oglum, sözümi diňle, aýdýanlaryma gulak as. Olary gözüňden salma, ýüregiň jümmüşinde sakla. Çünki meniň sözlerim olary tapanlar üçin ýaşaýyş, bütin bedenleri üçin şypadyr.
Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr.
Ýalançy agzy özüňden aýyr, azgyn dodaklary özüňden daş et.
Gözleriň göni ileri garasyn, göreçleriň göni öňüňe seretsin.
Aýagyň ugruna dykgat et, ähli ýollaryň berk bolar.
Saga ýa sola sowulma, aýagyňy ýamanlykdan çek!