Süleýman Pygamberiň Pähimleri 3-nji bap

Süleýman pygamberiň Pähimleri…

(3-nji Bap)

Oglum, öwredenlerimi unutma, tabşyryklarymy ýüregiňde sakla. Çünki olar saňa uzak ömür berip, ýaşaýyş ýyllaryny, parahatlygy artdyrarlar. Merhemet we hakykat seni taşlamaz; olary boýnuňa bagla, ýüregiň daş sahypasyna ýaz. Onsoň Hudaý we adamlar saňa mähirli garar, adyň ýagşylykda tutular.

Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma.

Bütin ýodalaryňda Ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular.

Öz gözüňe akyldar görünme; Rebden gork we ýamandan gaça dur.

Süňňüňe şypa we süňkleriňe ýilik bolar.

Malyň bilen, bütin hasylyň ilkinji miwesi bilen Rebbi hormatla.

Şeýle etseň, ammarlaryň näz-nygmatdan dolar, gysgyçlaryň üzüm şiresinden pürepür bolar.

Oglum, Rebbiň temmisini har, terbiýesini äsgermezlik etme.

Çünki ata halaýan ogluny nähili terbileýän bolsa, Reb hem söýýänini terbileýändir.

Hikmet tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly!

Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr, ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez. Onuň sag elinde ömür uzylygy, sol elinde baýlyk we hormat bardyr. Onuň ýollary ýakymly ýollardyr, ähli ýodalary parahatdyr. Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr.

Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi. Onuň biliminden çüňluklar ýaryldy, bulutlar ýagyş ýagdyrdy.

Oglum, sagdyn öwüdi, paýhasy gözüňden salma, olary sakla. Şeýle etseň, olar seniň janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar. Onsoň, ýoluňda aman gezersiň, aýagyň taýmaz.

Ýatsaň gorkmarsyň; hawa, ýatyp, süýji uka gidersiň. Duýdansyz abanan howpdan, erbetleriň başyna gelen ýykgynçylykdan gorkma. Çünki Reb seniň tarapyňda bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.

Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma. Ýanyňda barka goňşyňa: “Git, soň gel, ertir bererin” diýme. Goňşyň seniň ýanyňda ynamlylykda ýaşaýarka, oňa ýamanlyk gurama. Özüňe ýamanlyk etmedik adam bilen sebäpsiz ere dawalaşma. Zalym adama gözüň gitmesin, onuň ýollarynyň hiç birini saýlama.

Çünki azgyn adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir.

Rebbiň gargyşy erbetleriň öýündedir, dogrularyň ýaşalgasyna bolsa Ol bereket berýändir.

Reb masgaralaýjylar masgaralaýandyr, pes göwünlilere bolsa rehim edýändir.

Akyldarlar hormaty miras alar, akylsyzlar bolsa utanja sezewar bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *