Magtymguly şahyrymyzyň öwüt-nesihat goşgularyndan

KÄR BILE

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,

Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

Iman gazan, ynsabyňy ýutmagyl,

Göre-bile özüň oda atmagyl,

Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan eriň nur bolar.

Ýagşy bolsaň jaýyň jennet, hüýr bolar,

Ýaman bosaň köýdürerler nar bile.

Gözüň ýumduň, senden aýrylar malyň,

Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,

Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

Ömrüňe aldanma, ötgeňňe ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet iş etme, onda utanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile.

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sogap mundan ötmez—tapsaň, nan bergil.

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

2 thoughts on “Magtymguly şahyrymyzyň öwüt-nesihat goşgularyndan

  1. ay sena bashga zat tapmadyk yaly ilka Kurany ulandyn ony ayrypda indem turkmen yslam alymlarymy bilen chagyryp uradyn hayp sana hayp!!!!

  2. Başga zat tapyp tapmaz ýaly, näme Magtymguly diňe seniň şahyryňmy?! Magtymguly her bir türkmeniň hem dinine ýada düşünjesine seretmezden şahyrydyr! Magtymgulynyň goşgularynyň köpüsinde adamçylykdan ugur alýan hakykatlar ýazylan bu sebäpden hem Hudaý hakynda, iman ýoly hakynda agzalýan gürrüňlerde onuň goşgularynyň goýulmagy hem gereklidir!
    Başga bir belläp geçmeli zat hatda Magtymgulynyň goşgularynda hem Isa Mesih we Injil hakynda käbir hakykatlar agzlayp geçilýär, elbetde Magtymguly şahrymyzyň ol pikirleri şol döwürde bar bolan elýeterli maglumatlar, ýagny diňe Kuranyň we hadislaryň berýän Injil hakyndaky maglumatlaryna esaslanypdyr. Eger Magtymguly taryhyň bu tarapyny ýagny Injiliň özüni okap öwrenmek mümkiçilig bolanda welin Injil hakynda we Isa Mesih hakynda has giňişleýin ýazardy we beýan ederdi diýip ynanýaryn!

Leave a Reply

Your email address will not be published.