Hudaý Näme Üçin Adamy Ýaratdy

Hudaý Näme Üçin Adamy Ýaratdy

Gelip Çykyş 1,2

Salam gadyrly diňleýjiler. Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen gepleşigimizde, Hudaýyň nädip gögi, eri, deňizleri we olardaky ähli zatlary ýaradyşy hakynda öwrenip geçdik. Hudaý ähli zady Öz Sözi arkaly alty günde ýaratdy. Hudaýyň näme üçin dünýäni ýaradandygyny hem öwrendik. Ol dünýäni Öz şöhraty üçin ýaratjak adamlary üçin ýaradypdy. Ynsanyň hakyky gurply ýaşaýyşda ýaşap bilmegi üçin şeýle ajaýyp we owadan eri ýaradan Hudaý nähili gowydyr!

Bu gün biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam etdireris we Hudaýyň nädip ilkinji adamy ýaradandygyny öwreneris. Hudaýyň kömegi bilen, Onuň adamy näme üçin ýaradandygyny hem düşünmeklige çalyşarys. Töwradyň birinji kitaby, Gelip Çykyşyň birinji babynyň ýigrimi altynjy aýadynda, Hudayň Sözi şeýle diýýär,

26Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.” 27Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.” (Gelip Çykyş 1:26,27)

Biziň öňümizde düşünmeli bolan belli we ajaýyp bolan ine şu hakykat bardyr: Hudaý ilkinji adamy we aýaly Öz keşbinde ýaratdy! Bu hakynda oýlan! Hudaý adamy Özine meňzeş edip ýaratdy! Hakykatdan hem, ynsan Hudaýyň ýaradanlarynyň içinde iň wajybydyr. Diňe ynsan Hudaýyň keşbinde ýaradyldy.

Onda Hudaýyň Sözünde aýdylan bular näme aňladýar: 7Reb Hudaý ýeriň1 topragyndan adam2 ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.” (Gelip Çykyş 2:7)

Hudaý ilkinji adamy ýaradanda, Ol ynsany iki sany zatdan ýasady, tenden we jandan emele getirdi. Adam diňe bir tenden durýan däldir.

Ynsan bedenden we jandan durýandyr.

Hudaý adamy iki ädim bilen ýaratdy. Mukaddes Ýazgynyň näme diýýändigine gulak asyň: Birinji: “Hudaý adamy eriň tozundan ýasady” Ikinji: “Hudaý adamyň burnuna ýaşaýyş demini üfledi, we adam janly boldy.”

Mukaddes Ýazgylardan biz Hudaýyň ynsany ýaradanda, ilki bilen onuň bedenini ýasady. Näme üçin Hudaý ilki bilen ynsanyň bedenini ýasady? Hudaý ilki bilen adamyň bedenini ýasady çünki, soňra Hudaý ol taýda adamyň janyny erleşdirjekdi. Seniň bedeniňiň, seniň janyňyň wagtlaýynça bolýan öýidigini sen bilýärmisiň? Bu hakynda Mukaddes Ýazgy şeýle diýip öwredýär, “biziň bu dünewi öýümiz, çadyr ýalydyr.” (2Korintoslar 5:1) Hudaý adamyň bedenini onda onuň janynyň bolmagy üçin ýasady.

Hudaý adamyň bedenini nämeden ýasady? Ýazgy bize, Hudaýyň ony toprakdan ýasandygyny aýdýar. Bu ýaşaýan häzirki zamanymyzda, biz eriň topragynyň düzümi ýigrimi sany dürli himiki maddalardan durýandygyny bilýäris. Alymlar bize şol ýigrimi sany himiki maddalaryň hemmesiniň biziň bedenimizde bardygyny aýdýarlar. Şonuň üçin Hudaýyň pygamberi Dawut Zeburda şeýle diýip ýazýar, “Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda!” (Zebur 103:14) Hawa, adamyň bedeni toprakdan ýasaldy, ýöne bu diýdigi ol bahasyz diýildigi däldir! Adam bedeninde, etmiş trilion bölekler bar, biz olara öýjükler diýýäris. Olaryň hemmesi bilelikde örülen we kämil ylalaşykda işlemek üçin döredilen. Ynsan bedeni gudratdyr! Biziň bedenimizde, Hudaý beýni, ýüregi, aşgazany, bagry, böwregi, suňkleri, derini, gözleri, gulaklary, burny, agyzy we köp sany başgada ajaýyp bölekleri erleşdirdi. Her bir bölek özüniň erine etirmeli zadyny “bilýär”. Diňe Hudaý şeýle edip ýaradyp bilýär! Şonuň üçin Dawut pygamber şeýle diýip hem ýazypdyr, “Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär!” (Zebur 139:14)

Hawa, adamyň bedeni ajaýypdyr! Ýöne, bu beden Hudaýyň keşbinde ýaradylypdymy? Ýok! Bu beýle bolup bilmez, çünki Hudaý ruhdyr. Hudaý adamyň fiziki bedenini Öz keşbinde ýaratmady. Onda Ýazgy, “Hudaý adamy Öz keşbinde ýaratdy dieýende nämäni gözünde tutýar? Bu, Hudaý adamyň janyny Öz keşbinde ýaratdy diýmegi aňladýar.

Hudaýyň ilki bilen adamy eriň topragyndan ýasanda, onuň jansyzdygyny gördük. Ol diňe bir bedendi. Jany içine goýmazdan öň näme üçin Hudaý bedeni ýasady? Näme üçin hemme zady başarýan Hudaý adamy ýönekeý bir ädimde, başga ýaradylanlary ýaradyşy dek ýaratmady? Belki, Hudaý munuň üsti bilen adamyň özüniň ýaşaýşyň üstünden güýjüniň ýokdygyny bize öwretmek üçin şeýle edendir. Adam özüne ýaşaýyş berip bilmeýär we adam ýaşaýan hiç bir zady ýasap bilmeýär. Hudaý Ýaşaýşyň Rebbidir we diňe Onda ýaşaýyş tapylýar. Ýaşýaýyş adamdan gelmeýär; ol Hudaýyň sowgadydyr! Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “Reb Hudaý…onuň burnuna dirilik demini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.” Hudaýyň ýasan bedeni ýaşap başlady. Näme üçin ol diri boldy? Çünki Hudaý, Ýaşaýşyň Rebbi, oňa jan berdi! Hudaý Özüniň ýaşaýşyny bedene üfledi. Hudaýda bar bolan ýaşaýayş, indi ynsanda hem boldy. Şeýlelikde, adam ýaşaýan barlyk boldy.

Şeýdip, Hudaýyň Öz keşbinde ýaradany nämedi? Jandy. Hudaý adamyň janyny Öz keşbinde ýaratdy. Hudaýyň Ruhynda bar bolan birnäçe belli häsýetleriň adamda hem bardygyny siz bilýärsiňizmi? Bu günki sapagymyzy jemlemezden öň, Hudaýda bar bolan we  adamda hem tapylýan häsýetleriň üçüsiniň üstünde durup geçmek  isleýäris. Hudaýdaky ýaly bizde bolan bu üç häsýetler hakynda öwrenmek bilen, Mukaddes Ýazgynyň, “ Hudaý adamy Öz keşbinde ýaratdy” diýenlerine hem gowy düşüneris. Hudaýyň adamyň janynda erleşdiren bu üç häsiýeti ine bulardyr:

Birinji:onuň Hudaýy tanap bilmegi üçin  Hudaý adama aň (ruh) berdi.

Ikinji: onuň Hudaýy söýüp bilmegi üçin, Ol adama ýürek (duýgular) berdi.

Üçünji: adamyň Hudaýa boýun bolup bilmegi üçin, Hudaý adama erk (saýlamaga azatlygy) berdi.

Hudaýda aň, duýgy we erk bolandygy üçin, Ol adamyň janynda hem aň, duýgy we erk goýdy. Geliň bu hakynda oýlanyp geçeliň.

1)   Birinji, adamyň Hudaýy tanamagy üçin we Hudaý ýaly oýlanyp bilmegi üçin oňa berdi. Özi bilen gaty ýakyn gatnaşykda bolmagy üçin, Hudaý adamda şeýle bir güyçli aň ýaratdy. Hudaýyň pygamberi Ybraýym hakynda biz öwrenenimizde, biz Ybraýyma Hudaýyň dosty diýilendigini görýäris. Ybraýym Hudaýy tanaýardy we ol bilen ýakyn gatnaşykda bolupdy. Ýöne, Hudaýyň dosty bolmak mümkinçiligi diňe bir Ybraýyma berilmändi. Biz hem “Hudaýyň dosty” bolup bilýäris. Hudaý biz bilen hem ýakyn gatnaşykda bolmagy isleýär. Şonuň üçin, Özüniň ruhy bilen sazlaşykly gatnaşykda bolup bilmegi üçin Hudaý ynsanyň janynda aň (başgaça aýdanda ruh) erleşdirdi.

Belki, bu aýdýanlarymyzy ine bu sorag bilen anyklaşdyryp bileris. Haýwandan ynsany näme tapawutlandyrýar? Aň ýada ruh. Adamyň aňy we ruhy haýwanyň aňyndan tapawutlydyr. Näme üçin haýwanlar bu radio gepleşigimize düşünip bilmeýär? Çünki olarda bizdäki bar bolan aň ýok. Gadyrly dostlar, näme üçin siz biziň aýdýan sözlerimize düşünip bilýärsiňiz? Sebäbi sizde-de, şol bir aň düşünje bar. Şonuň üçin, müňa meňzeşlikde, adamyň ruhyda Hudaýyň Ruhy bilen sazlaşykly gatnaşyk edip bilmegi üçin ýaradylan.

Elbetde, beýle diýdigimiz, Hudaýyň aňy bilen adamyň aňy akyldarlykda we bilimde deň diýip bolmaz. Hiç haçan! Hudaýyň akyly çüňňürdyr we onuň bilimi adamyň  biliminden has ýokarydyr. Biziň düşünmeli zadymyz ine şudur: Diri Hudaý bilen manyly gatnaşykda şatlanyp bilmegi üçin Ol adama ruh berdi. Hudaý seniň Hudaýy tanap bilmeýän haýwan ýaly bolmagyňy islemeýär! Haýwanda beýni bar, emma Hudaý hakynda pikirlenip bilmeýär. Haýwanda-da agzy bar, emma iýmit üçin Hudaýa şükür aýdyp bilmeýär. Onuň gulagy bar, ýöne Hudaýyň Sözüni diňläp bilmeýär. Emma welin, Hudaýyň keşbinde ýaradylan adam, Reb Hudaýy tanap bilýär. Hawa, bizi diňleýän dost, sen Hudaýy bilip bilersiň! Onuň döreden gutuluşyň dogrulyk ýolyny kabul etseň, Ýaradyjyň bilen ajaýyp gatnaşykda bolup bilersiň. Hudaýyň gutulyş ýoly hakynda biz indiki gepleşiklerimizde has anyk düşündireris, ýöne biziň şu gün bilmeli zadymyz Hudaýyň adama Özüni tanamaga ukyply bolmak üçin ruh berendigidir.

2) Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradanda onuň janynda başga-da zat ýaratdy. Ýürek. Ynsanyň Ony söýmegi üçin Hudaý oňa ýürek berdi. Biz gan pürkýän ýürek hakynda gürrüň edemizok. Biziň gürrüň edýänimiz seniň janyňdaky duýýan zatlaryň, duýgylaryň we seniň pikirleriň hakyndadyr. Biz seniň ýüregiňiň islegleri hakynda gürrüň edýäs. Hudaý ilkinji adama Özüniň duýýan duýgularyny duýmaga duýgy beripdi. Hudaý söýüp, ýigrenip, begenip, gyýylyp we rehmi gelip bilýär. Şonuň üçin, söýgi we ýigrenmek duýgusyna ukyply boljak ýüregi ynsanyň janynda ýaratdy. Hudaý adamyň Hudaýyň söýýän zadyny söýmegini we Hudaýyň ýigrenýän zadyny ýigrenmegini isleýär. Hudaý biziň Ony bütin ýüregimiz bilen söýmegimizi isleýär. Şonuň üçin Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy we oňa kalb (ýürek) berdi.

3) Öz keşbinde ýaradan ynsanyna Hudaý mundan başgada bir zat berdi. Hudaý adamyň janynda erk erleşdirdi. Hudaý her bir ynsana öz ýoluny saýlamaga rugsat berýär. Hudaýyň özi hem bir zat etmekde Özi saýlaýar. Hudaýyň Özi hem erklidir. Hudaý ynsany Onuň islegini hemişe bir robot ýaly erine etirer ýaly erksiz hem ýaradyp bilerdi. Ýöne welin, adamyň Hudaýa boýun bolmalydygyny saýlap seçip bilmegi üçin Hudaý ony erkli edip ýaratdy.  Hudaý adamy, her gün bellenen wagtynda ertir irden çykýan, emma hiç hili erki bolmadyk Güne meňzedip hem ýaradyp bilerdi. Bilşiňiz ýaly Gün Hudaýyň erkine laýyklykda hereket edýär. Ýöne adam bilen beýle däldir. Adam aýratyn bir ýaradylyşdyr. Hudaý bizi özi üçin ýaratdy. Biziň Oňa boýun bolmagy we Ony söýmegi saýlamagymyzy Hudaý isleýär. Hudaý adama uly jogapkärçilik ynanýar! Adamyň özi Şeýtanyň ýada Hudaýyň yzyna eýermegi, Hudaýyň Sözüni hormatlamagy ýada ony ret etmegi özi üçin saýlamalydyr. Hudaý Öz Sözüne hiç kimi zorluk bilen ynandyrmaýar. Özüni söýmäge we boýun bolmagada Hudaý bizi güýç bilen mejbur etmeýär. Zorluk bilen söýdirilen söýgi – söýgi däldir. Hudaý biziň her birimize haýsy ýoldan gitmegi saýlamaga rugsat berýär. Emma, Onuň Patyşalygyny ret edenleriň ählisini Hudaý höküm eder, çünki Hudaý adamy Özi üçin ýaratdy. Munuň şeýledigini Mukaddes Ýazgy aýdýar.

Biz er ýüzünde Hudaý üçindiris. Biz bu dünýäde özümiz ýada pul üçin, ýada başga bir zat ýada kimdir biri üçin däldiris. Hudaý bizi Özi üçin ýaratdy; Öz şöhraty üçin ýaratdy. Hudaý bizi Ony tanap bilmek, Ony baky söýüp we boýun bolup bilmek ukyby bilen ýaratdy! Ebedi Hudaý biziň her birimize ebedi jan berdi. Hudaý bilen bü gün, ertir hem we bütin bakyýetde çüňňür we ajaýyp gatnaşykda bolup bilmegimiz Hudaýyň erk-islegidir. Biz şu aşakdaky Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň erk islegi hakynda aýdýan sözler bilen siziň bilen hoşlaşmakçy:”Hudaýymyz Reb eke-täk Rebdir. Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý! (Markus 12:29,30)

Diňläniňiz üçin köp sag boluň. Nesip bolsa, indiki gepleşigimizde ilkinji ynsan bolanlar Adam ata we How ene hakynda öwreneris…

Aýdylan iň beýik tabşyryk hakynda Hudaý size düşünje bersin we sizi bereketlesin: “Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý! (Markus 12:30)



1ýer  — Bu ýewreýçe «adama».

2adam  — Bu ýewreýçe «adam».

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *