Isa Geler —Belki, Şu Gun Geler

ISA GELER – BELKI, ŞU GÜN GELER

Gadymy mesihi resminamalarynyň biri-de, resul Pawlusyň häzirki Gresiýanyň çäginde ýerleşýän ýygnaga ýazan hatydyr. Bu hatda Pawlus şeýle diýýär: “Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys. Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler” (1 Sel. 4:15-16).

Tolgundyryjy beýannama! Ölen adam şeýle beýannamany nädip edip biler? Bu sözlere üns beriň: “Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys…”. Bulary aýtmak bilen, Pawlus öz pikirini aýan etmedi-de, eýsem ol, bulary Hudaýyň Özüniň gönüden-göni ruhlandyrmasy bilen ýazdy.

Mesihiler, eýýäm iki müň ýyla golaý özleriniň Rebbi we Halasgäri bolan Isa Mesihe garaşyp ýaşap ýörler. Olar Oňa, diňe bir Mukaddes Ýazgyda bu barada ýazylandygy üçin däl-de, eýsem Isa Mesih açykdan-açyk hyzmat eden döwründe, Özüniň ikinji gezek geljegini aýdanlygyny bilýändigi üçin garaşýarlar. Mysal üçin, Isa Mesih özüniň ýerdäki durmuşyny ahyrynda, Öz şägirtleriniň uly bolmadyk toparyna ýüzlenip: “Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler. Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar” (Mark. 13:26-27).

Hawa, Isanyň geljek güni mukaddesler üçin şöhratly gündür, emma, oňa taýyn däller üçin bolsa, bu – höküm bolar. “Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin” (2 Tim. 4:1).

Bu makalany ine şu ere basmak bilen dolylygyna okap bilersiňiz: ISA GELER

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *